23:30 Ogluma ýazan hatlarym / 27-nji hat | |
27. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Meni seniň hatyňdaky: «Siz meni edil ertiriň özünde öýlenäýjek, bir ýyldanam çaga terbiýeläýjek edip ýazýarsyňyz...» diýen sözler haýran galdyrdy. Adama ähli zady öňünden öwredip goýmaly. Adam on sekiz ýaşlaryndan başlap, zähmet çekip başlaýar, zähmet çekmegi bolsa oňa ilkinji ädim ädip ugranyndan öwredip ugraýarlar. Ynsan neslini dowam etdirmäge taýýarlamakda-da şeýle. Öz çagalaryňy terbiýelemegi öwretmek – adamkärçiligi öwretmekdir. Bir ýyldan bolmasa-da, bäş ýyldan seniň maşgalaň bolar, çagalaryň bolar. Meni haýran galdyrýan zat, ynha şu: ýetginjege, ýigide köp zady – ýer işlemegi we galla ösdürip ýetişdirmegi, traktora erk etmegi we tokar stanogynda işlemegi öwredýärler, emma çaga terbiýelemegi bolsa oňa öwretjek bolýan adam ýok. Käte muny oňa çagalary bolanyndan soň öwredýärler... Aslynda bu iň esasy zatdyr. Her gün meniň üçin çaga şatlygy bilen başlanýar. Men şadyýan çaga gözlerinde bägülüň açylyp gelýän guljagazyna haýran galmagy, adatdan daşary täze bir zada – mawy asmandaky buludyň geň formasyna, ýapraklaryň arasyndaky ala-mula kebelege gözi düşen çaganyň täsin hem haýran galmasyny görýärin... Çagalar ejeleriniň we kakalarynyň beren sowgatlaryny görkezýärler. Jemgyýetiň hem, ata-enäniň hem çagalara köp-köp şatlyk eçilýändigi ne gowy zat! Ýöne şadyýan, ünjüsiz çaga keşplerini görenimde, meniň ýüregime howsala aralaşýar. Kiçijik Andreýko ýada düşýär – ol hem hemişe şadyýan eken, ol hiç haçan hötjet bolmandyr, sebäbi söýýän ene ýüregi onuň diýenine däl diýmän, hötjetligiň öňüni alypdyr. Meni her bir atanyň pikir etmeli bir meselesi howsala salýar, ol barada senem pikir et. Biziň çaga bolan söýgimiziň uly, hakykatdanam, öçmejek fakeli onuň ýüreginde minnetdarlygyň jogap uçgunyny oýararmyka? Öz ýaşaýşynyň şatlyklarynyň we elpe-şelpelikleriniň ata-enäniň çeken zähmeti, döken deridigini, köp-köp «garyndaş däl», ýöne onuň üçin gymmatly adamlaryň aladasydygyny çaga duýýarmyka – gymmatly diýýänimiň sebäbi, bu zatlar köplenç kellä gelmese-de, ol şol adamlar bolmasa, ýaşap bilmezdi? Öz-özüňi dowam etdirmek, özüňi öz çagasynda gaýtalamak ata-enäniň iň beýik bagtydyr. Sen öz çagaňa ajaýyp, gaýtalap bolmajak gudrata seredýän ýaly seredersiň. Sen ogluň üçin gowy bolsa bolýar diýip, ähli zadyny bermäge taýýar bolarsyň. Ýöne sen onuň ilki bilen adam bolmalydygyny unutma. Adamda bolsa esasy zat, özüňe ýagşylyk edýän adamyň öňünde borç duýgusy, hoşallyk hem minnetdarlyk duýgusy bolmalydyr. Seniň çaga eçiljek ýagşylygyň üçin ol hoşallyk hem minnetdarlyk duýgusyny dine onuň saňa – öz atasyna, öz ejesine, umuman, ýaşuly nesliň adamlaryna özüniň ýagşylyk eden halatynda başdan geçirer. Çaga ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap bermelidir – munuň özi ata-enäniň berýän terbiýesiniň iň möhüm kanunydyr. Çaga şatlygynyň öz tebigaty boýunça egoist bolýandygyny bilip goýgun, ulularyň çaga üçin döreden ýagşylyklaryny, elpe-şelpeliklerini ol öz-özi bolaýmaly zat hökmünde kabul edýär. Şahsy şatlygynyň çeşmesiniň ulularyň çeken zähmeti bilen döken deridigini öz tejribesinde duýýança, başdan geçirýänçä (tejribäniň bolsa hiç haçan öz-özi ýanyna gelmez) ol ejesi bilen kakasynyň diňe özüne şatlykdyr bagt eçilmek üçin ýaşaýandygyna ynanar ýörer. Birbada göräýmäge, bu paradoksal zat ýalydyr: ata-enäniň öz ýürekleriniň bütin mährini siňdirip, çagalaryny jan-dil bilen söýýän ak ýürekli zähmetsöýer maşgalasynda çagalar käte doňýürek bolup ýetişýärler. Ýöne bu ýerde hiç hili paradokslyk ýokdur: çaga diňe şatlyklardan peýdalanýan adam bolup ulalýar, bu bolsa terbiýede bolup biläýjek iň howply zatdyr, sebäbi ýagşylygyň beýikligini we gözelligini diňe iň belent ynsan şatlygyny –adamlar üçin ýagşylyk etmek şatlygyny bilýän adam başdan geçirýändir. Diňe hiç hili bähbit aramaýan, şol sebäpli hem hakyky ynsan şatlygy bolan bu şatlyk ýaş ýüregi asyllaşdyrýan güýçdür. Enedir atanyň öz ogullaryna, gyzlaryna eçilýän altyn zerrejikleriniň beýleki adamlar üçin, ata-ene üçin altyn dänelerine öwrülmegini nädip gazanmaly? Iň esasy zat özüniň adamlaryň arasynda ýaşaýandygyny, onuň şatlygynyň we elpe-şelpeliginiň her bir uçgunjygy üçin kimiňdir biriniň öz güýjüni, öz akyl-paýhasyny sarp edýändigini, onuň ünjüsiz, aladasyz çagalygynyň her güni üçin başga biriniň aladasynyň, saçynyň agynyň artýandygyny görmegi we duýmagy, düşünmegi we bütin ýüregi bilen syzmagy çaga öwretmeli. Ogluň bolanynda sen oňa adamlary görmegi we duýmagy öwretgin. Munuň özi, megerem, adamy terbiýelemegiň, ogulda, gyzda özüňi gaýtalamagyň kyn işinde iň çylşyrymly zat bolsa gerek. Irki çagalygyň – bäbegiň öz-özüni bilip başlan pursadynyň mähremlik mekdebidigini bilip goý. Adamlar üçin ýagşylyk döretmek çaganyň gözellik baradaky, owadan zat baradaky aladasyndan başlanýar. Adama estetiki lezzet, şatlyk berýän zatlaryň barynyň iňňän täsir ediji terbiýeleýjilik güýji bardyr. Ýaş ata-ene adamy proýektirlemelidir, mähremlik mekdebiniň her bir sapagynyň mazmuny barada oýlanmalydyr: öz ýüregi gurşap alan dünýäsine eserdeň bolmagy, özüniň adamlaryň arasynda ýaşaýanyny ýüregi bilen syzmagy üçin çaga näme etmeli? Goý, seniň maşgalaň öz maşgala baýramçylygy bolsun, goý, şol gün çaga ata-enesi üçin şatlyk döretsin. Biziň maşgalalarymyzyň köpüsi üçin ol Bägülleriň Güýz Baýramçylygydyr. Çagalyk ýyllarynda Olýa bilen bägül nahalyny oturdyşyň, elbetde, seniň ýadyňdadyr. Oňa seredişiň, ony suwaryşyň hem ýadyňdadyr. Çagalar bu ýeňil işe çalt döwtalap bolýarlar, ýöne şonuň ýaly, çaltam sowaşýarlar. Suwar, sowukdan gora, ýeri ýumşat diýip, çaga zol-zol ýatlatmaly bolýar. Bu bir meňzeş zähmet ony onçakly höweslendirmeýär. Zähmetiň netijesi hoşboý ysly gül – onuň düşünişinde örän giç peýda bolýar. Oňa sabyrlylyk öwretmek gerek. Ynha agaçda ilkinji gök ýaprajyklar peýda bolýar – çaga gözlerinde şatlyk uçgunlary oýnaklaýar. Täze bir meňzeş zähmet ýene uzaga çekip ugraýar. Çaga ýeri birsyhly suwarýar, ýumşadýar, dökünleýär. Ahyrsoňy çaga üçin oslagsyz ýerden ilkinji güljagaz, soň ikinji, üçünji... gül peýda bolýar. Şol günler çaga gözlerinde uçganaklaýan şatlyk uçgunlaryny hiç zat bilen deňeşdirer ýaly däl. Munuň özi ata-eneden nämedir bir sowgat alan çaganyň başdan geçirýän şatlygy däldir. Ol boş wagtyňy geçirmegiň, dynç almagyň, ekskursiýa gitmek hezilligini duýmagyň şatlygam däldir. Munuň özi iň gymmatly adamlaryň üçin – ejeň, kakaň, mamaň, babaň üçin ýagşylyk eçilmegiň şatlygydyr. Onsoň ol ýagşylyk hut gözellik bolany üçin, çaga ýüregini tolgundyrýar, begendirýär. Çaga bägül ýaprajyklarynyň açylaryna garaşyp, sabyr-takatdan düşýär. Ol indi sabyr edip bilýär. Eger onuň ejesine oslagsyz sowgat bermek üçin niýetläp ýören şol güljagazyny biri ýolaýsa, bu çaga üçin duran bir hasrada öwrülýär. Ömründe şeýle hasraty başdan geçirmedik adam hakyky adam hem däldir. Ýaş ata-ene üçin çaga gözlerindäki şol güli ýolup, ejesine alyp barýan pursadyndaky ýylpyldyny görmekden uly bagt ýokdur. Şol pursatda çaganyň gözleri ynsanyýetçiligiň tämiz öwüşgini bilen ruhlanandyr. Olar ýürekden çykýan şatlyk – adamlar üçin ýagşylyk döretmek şatlygy bilen nurlanandyr. Bu tämiz öwüşgin, bu ynsanyýetçilikli nurlanma dünýä – adamlara, olaryň şatlyklaryna we aladalaryna, howsaladyr gaýgylaryna çaganyň gözüni açýar. Ynha, çaga ejesine ter gül getirip berdi we ilkinji gezek ene nazarynda geň galmakdyr şatlyk gördi. Şol pursatda ýürek çaga: şatlykly geňirgenmäni ene gün- de başdan geçirip duran däldir, onuň hasratly minutlaram köpdür diýip aýdýar. Iň mähriban adama ýürek awama duýgusy, enä şatlykly geňirgenme pursatlaryny ýene we ýene bir gezek eçilmek islegi – çaga ýüregi şol pursatda, ine şeýle altyn däneleri bilen baýlaşýar. Çaganyň öz kowum-garyndaşlary üçin, ejesi üçin, kakasy üçin yzly-yzyna gözellik döredesi gelýär. Adamy hakyky, kommunistik ruhda terbiýelemegiň başlangyjy, ine, şudur. Adamlar üçin gözellik, ýagşylyk döretmegiň ilkinji duýgusyny başdan geçiren çaga dünýä täzeden düşünip ugraýar. Almanyň gülläp oturan şahalarynda üzümiň ýetişip gelýän hoşalarynda, hrizantemanyň ünjüli güllerinde ol zähmetiň, aladalaryň, howsalalaryň beýanyny görýär. Şahany döwmäge, işsizlikden güli ýolmaga onuň bogny ysanok. Bir ýyl, iki ýyl... geçer we maşgalada enäniň, atanyň, mamanyň, babanyň doglan gününde olara gül gowşurmak däbi ornaşar. Eger doglan gün gyşa gabat gelse, goý, çaga güli teplisada ýa-da öýde, pejiň ýanynda ýetişdirsin... Çaga, gör, näçe howsalany başdan geçirýär, bu howsalalaryň onuň ýüregini gozgalaňa salýandygy bolsa gowy zat. Goý, seniň kiçijik çagaň durmuşy janly hem owadan zatlar baradaky, gülleýän we gül açýan zatlar baradaky aladadan, howsaladan doly bolsun. Goý, çaga güýzüň sowuk şemalyna üşeýän alma nahaly barada pikir etsin, gije alma agajynyň ýanyna çal towşan gelip, onuň gabyklaryny kertýän-ä däldir-dä diýen howsala aralaşsyn. Goý, çaga daň bilen baga gitsin, alma agajynyň baldagyny elleşdirip görsün, onuň daşyna sypal orasyn. Goý, çaganyň ýüregi bahar doňaklygynyň şetdaly agajynyň gülüni kakandygyna we apy-tupan turanda guş çagajygynyň höwürtgeden gaçandygyna gyýylsyn. Goý, çaganyň bagda, bakjada öz gözellik burçy bolsun. Ol burç gyş otagda, ýyljajyk, oňaýly bir ýerde bolsun. Mekdepde okap başlanyna birki ýyl geçeninden soň, çaga, goý, minnetdarlyk bagynyň düýbüni tutsun. Goý, ejesiniň, kakasynyň, mamasynyň, babasynyň her haýsy üçin aýratyn alma agajyny eksin, ejesiniň, kasynyň, mamasynyň, babasynyň her haýsynyň üzüm agajy bolsun. Munuň özi ata-ene barada çaga aladasynyň beýanynyň biri bolar. Çagalary güle seretdiren ýaly edip miweli agaçlara seretmäge imrindirmek aňsat däl. Bu ýerde hemme zat ata-enäniň parasatlylygyna we tutanýerliligine baglydyr. Çaganyň kimiň hatyrasyna zähmet çekýändigini, öz zähmeti bilen onuň kime şatlyk eçilýändigini birsyhly aňyna ornaşdyryp durmaly. Iki-uç ýyl geçer, çaganyň göwnüne bireýýäm oturdylan agaçlar ilkinji gezek miwe görkezip ugrar. Çaga muny öz çagalygynyň iň şatlykly güni hasap edýär. Indi oňa işlemegi, agaçlary suwarmagy, olara dökün bermegi ýatlatmaly däl, muny onuň özem unutmaz. Ol almalary, üzümleri ýolup, ejesine eltip berer ýaly, onuň gözlerindäki şatlykly geňirgenmäni synlar ýaly, olaryň bişerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp ugrar. Bu pursat çaganyň kalbynda öçmejek yz galdyrar. Ol öz ömrüniň ahlak ösüşiniň ilkinji belentligine çykan ýaly bolar. Mähriban adamy üçin çeken zähmetine sarp eden ruhy hem fiziki güýçleri hysyrdydyr duýgularyň tutuş bir dünýäsidir. Adamlar üçin ýagşylyk etmek onuň islegine öwrüler. Ol ýoldaşyna, dostuna, golaýynda ýaşaýan her bir adama kömek etmelidigini ýüregi bilen duýar. Ýagşylyk etmek islegi bolan çaga özüni gurşap alan dünýä, adamlara, işlere, wakalara, adamlar arasyndaky gatnaşyga gaty duýgur, görgür, eserdeň bolýar. Ol ejesiniň we kakasynyň haçan hallarynyň teňdigini, haçan olara kömek bermelidigini duýýar. Ýagşylyk etmek şatlygyny başdan geçiren eserdeň çaga ejesiniň we kakasynyň dertdir aladalaryna, gör, nähili duýgur bolýar. Mährem, rehimdar çaga birbada göräýmäge erbet etmişi ýok ýaly bolup duýulýan ýerde hem ýamanlygy duýýar. «Men hemme sapaklarymdan gowy okamaly, sebäbi ejemiň ýüregi agyrýar» diýip, golaýda maňa 4-nji klasyň okuwçysy Kolýa B. aýtdy... Çaga tabelde erbet baha bolaýsa, ene ýüreginiň awajakdygyny bilýär. Ol ejesiniň özünden arkaýyn bolmagyny isleýär... Çagalaryň gowy okamak yhlaslarynyň çeşmesi ejelerine we kakalaryna şatlyk getirmekdedir, bu isleg bolsa çaga ýüreginde onuň ejesi we kakasy üçin ýagşylyk etmek şatlygyny başdan geçiren, duýan halatynda oýanýar. Çagany ata-ene üçin asylly etmişlere atarmak arkaly gowy okamaga mejbur etmek boljakdygyna meniň gözüm ýetik. Ahlak terbiýesiniň, ilki bilen, paýhasly, parasatly çäklendirmedigini ýatda saklagyn. Çaga öz aňly-düşünjeli durmuşynyň ilkinji ädimlerinden başlap, bolýar, bolanok, gerek diýen üç sany zadyň bardygyna düşünmelidir. Bolýar, bolanok we gerek diýen bu üç nahary dogry gezekleşdirmegi oňarmaýan terbiýeleýjiler uly, elhenç ýalňyşlyk goýberýärler. Çagany 12 ýaşa, käte 13–14, käteler bolsa 15–16 ýaşa çenli bolýar diýen nahar bilen naharlaýarlar. Çaga, soň bolsa ýetginjege ähli zat bolýar, ähli zat rugsat edilýär. Onuň beýnisi- ne ol tas älemiň merkezi ýaly, ähli zatlar hem onuň daşyndan aýlanýan ýaly pikiri ornaşdyrýarlar. Soň çaganyň ata-enäniň boýnuna jaýlaşyşy bilnip galanda çaganyň ejesi bilen kakasy nahary howulhalat çalşyrmak bilen bolýarlar, ony bolanok diýen nahar bilen naharlap ugraýarlar. Birden kiçijik adamyň öňünde gurşap alan dünýäniň düýpden täze, şu çaka çenli belli bolmadyk tarapy açylýar: oňa o zat gadagan edilýär, bu zat rugsat edilenok... Kiçijik adam özüni eli-aýagy baglanan ýaly, göwnüne deglen ýaly duýýar. Onuň ýagşylyk we ýamanlyk barada, adalatlylyk we adalatsyzlyk barada düşünjesi keçje. Ol şu çaka çenli bütin durky bilen ata-enä diňe şatlyk eçilýändirin diýip düşünýärdi; ol näme etse etsin–ejesi bilen kakasy ony diňe öwýärdi (hatda mamasyna kiçijik ýumrugyny çenäninde hem ony öwýärdiler – gör, biziň oglumyzyň nähilidigini, ol uly adam bolupdyr diýýärdiler). Ynha, birdenem, görlüp oturylsa, ol ata-enä şatlyk getirmän, diňe dertdir hasrat getirýän eken, indi ol «altyn zerem» däl, «görmäge göz gerek oglam», diňe «hudaý beren bir musallatdy». Mylaýym taryplamalaryň ýerine şapbat, käte bolsa kemer peýda bolýar. Çaganyň göwni ynjap ugraýar. Ata-enäniň her bir teýeneli sözi onuň ynjan göwnüniň ýarasyna basylan duza öwrülýär. Onuň öz-özüne haýpy gelýär – bu ruhy ýagdaýy men, ulaltmazdan, egoizmiň egsilmez çeşmesi diýip atlandyryp biljek. Çagalaryňda beýle ýagdaýyň döremegine ýol berme, ol gazap oduny döreder. Goý, adam beýlekiler üçin mylakatly, rehimdar bolşy ýaly, öz-özüne haýpy gelmäni hem oňarsyn. Nebsiň agyrmany we söýmäni oňar. Ata söýgüsi instinktiw däl-de, parasatly bolmalydyr. Goý, bu nesihatlar seniň üçin ýaşuly nesliň ýaş kiçi nesle öwredýän tejribesiniň dänejikleri bolsun. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakaň. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |