11:01 Hakyky adamy nähili terbiýelemeli? -3/ dowamy | |
2. Biziň durmuşymyzda ölçäp bolýan we ölçäp bolmaýan baýlyklar bar. Nämäniň gowudygy hakynda – maşgalanyňmy ýa-da ýekeligiň, saýlap alan idealyňa wepalylygyňmy ýa-da parhsyzlygyň – oýlanmak bolar... emma hiç zat bilen deňeşdirmek, ýanaşdyrmak mümkin bolmadyk mukaddes zatlar bar.
Pedagogika we edep-terbiýe
MUNUŇ ÖZI WATANDYR, doglan we özüňi bilen ýeriňe, seni iýdiren we ösdüren halka ogullyk wepalylygydyr, söýgüsidir. Şahsyýetiň, zähmetkeşiň, hakykatyň dabaralanmagy we bagt ugrunda göreşijiniň, hojalykçyňyň asylly ideýalary bilen ruhlanan, oýlanýan graždan hökmünde seniň hakyky dünýä inmegiň seniň halkyň ogludygyň netijesinde bolup geçýär; onuň köp asyrlyk taryhy, onuň belentligi we şöhraty, onuň söýgüsi we umytlary, onuň biziň ýüreklerimize şeýle eziz bolan, biziň durmuşymyza ebedilik, ýok edilmesiz, sönmez zat bolup giren künjekler bilen bölünmez bütewiligi sende bir damja suwa düşen gün şöhlesi ýaly suratlanýar. Eneň seniň bedeniňi dogurýar, Watan seniň adam, graždan ýüregiňi dogurýar. Watandan ileri hiç zat ýokdur. Watanyň bagtynyň, şan-şöhratynyň, garaşsyzlygynyň hatyrasyna hakyky adam ikirjiňlenmezden janyny gurban edýär, sebäbi Watanyň bagty, şan-şöhraty, garaşsyzlygy bolmazdan ýaşaýyş – munuň özi diňe bir gaýgy-hasrat bolmak bilen çäklenmän, eýsem masgaraçylykdyr hem. «Russiýa mensiz ýaşap biler, men welin Russiýasyz hiç zatdyryn» (I.S.TURGENEW). Biziň Watanymyz – munuň özi beýikdir we aňyrsyna-bärsine göz ýetmezdir, ol biziň atalarymyz we babalarymyz tarapyndan döredilen Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzydyr. Sen dünýäde ilkinji sosialistik ýurduň graždanydygyň üçin guwan. Sen şeýle topragyň oglusyň, ol toprakda bütin dünýäniň zähmetkeşleriniň serdary we mugallymy Wladimir Iliç Lenin doguldy, Wladimir Iliç Lenin biziň Kommunistik partiýamyzy döredijidir, biziň sowet döwletimizi esaslandyryjydyr, beýik akyldardyr, dünýäde iň adamkärçilikli adamdyr. Sen Wladimir Iliç Lenin bilen watandaşdygyňa guwan hem-de onuň gadyryny bil. Biziň Watanymyzyň giňişlikleri uçsuz-gyraksyzdyr. Biziň topragymyz Arktikanyň gazaply buzluklaryndan Aziýanyň jokrama yssy çöllüklerine çenli, Karpat daglaryndan Ýuwaş okeanyň adalaryna çenli ýaýlyp ýatandyr. Emma seniň dünýä inen ýeriň, dogduk mekanyň, öz Watanyň howasyny demiňe dartan, gözüňi açyp, dünýäni gören, dil biten, ilkinji ädim äden, öz topragyňa galtaşan, ilkinji şatlygy we ilkinji şowsuzlygy başdan geçiren ýeriň bar. Biziň her birimiz üçin Watan göýä göze ilmeýän we ähmiýetsiz bir kiçijik zatdan başlanýar; ak süýt beren enäniň göwsi dek, onuň mähirli sypalaýşy dek, mähriban sözi dek ýeke-täk hem-de çalşyryp bolmajak bir zat biziň iň soňky demimize çenli her birimiziň durmuşymyza müdümilik ornaşýar. Ol özünde biziň Watanymyzyň janly obrazyny jemleýän her birimiziň dogduk mekanymyzdyr. Biziň watançy hökmünde kemala gelmegimiziň manysy şol dogduk mekanyň biziň kalbymyza ömürlik girýänliginden, ilkinji janlandyryjy çeşme hökmünde bizi tolgundyrýanlygyndan ybaratdyr, biziň her birimiz bolsa şol janlandyryjy çeşmeden başladyk. Öz ganat baglap uçup çykan gyzgyn hem-de mähirli sallançagyňy hiç haçan ýadyňdan çykarma, eger şol bolmadyk bolsa, onda sen hiç zat hem bolmazdyň, seniň öňüňde Watanyň ägirt giň dünýäsiniň gapysy açylmazdy. Аdamyň öz Watanyna akyl ýetirmegi, ona düşünmegi, biziň ýüregimizde watançy maňzynyň emele gelmegi, çagalyk, ýetginjeklik we irki ýaşlyk ýyllaryndaky watançylyk terbiýe; watançynyň ruhy taýdan baý, işjeň, janaýamazakly durmuşy – munuň özi ideýalaryň, hereketleriň, ynançlaryň, pikirleriň, meýilleriň watançylyk terbiýe diýlip atlandyrylýan şol uç-gyraksyz çylşyrymly çyrmaşygyndaky iň inçe iň çylşyrymly proseslerdir. Mekdepde berilýän watançylyk terbiýesi – munuň özi mümkin bolan gazaply synaglar üçin ruhuň hem-de bedeniň taplanmasydyr. Biziň belent missiýamyz bolsa kommunistik ideala ahyryna çenli berlen, köp milletli Sowet Watanynyň bagty, garaşsyzlygy, şan-şöhraty, namysy, mertebesi üçin söweş meýdanynda janyny gurban etmäge taýýar ruhy taýdan güýçli, edermen adamlary terbiýelemekden ybaratdyr. Watançylyk terbiýäniň köp taraplary bardyr. Olaryň ilkinjisi dünýäni görmekdir. Adamyň düşünjeli durmuşynyň ilkinji ädimlerinden – onuň oýlanan we başdan geçiren pursadyndan başlap özüniň öňünde açylýan zady ol diňe bir görmek hem-de oňa düşünmek bilen çäklenmän, eýsem ony söýmelidir, onuň gadyryny bilmelidir, ony özüniňki hasaplamalydyr, özüni doglan dünýäsiniň bir bölejigi ýaly duýmalydyr. Şahsyýeti Watan bilen inçejik sapaklaryň müňlerçesiniň baglanyşdyrmagy barada aladalanyň – munuň özi ata, enä we pedagoga ilkinji maslahatdyr. Biz mähriban tebigatyň maýdaja detallarynyň, adam üçin gymmatly bolan dünýäniň kem-kemden emele gelýän şol ýatdan çykmajak künjekleriniň çagalaryň aňynda, emosional ýadyň-da ebedilik galmagy hakynda aladalanýarys. Gürrüň ýürek ýatkeşligi diýilýän hakynda barýar. Terbiýeçiler bolan biziň ýarpy-ýalta ýatdan çykarylan çaga ýatlamalaryna aýawly, aladaly çemeleşmegimiz, çagalaryň olary ýatlaryna salmaklaryna, mähriban Dünýäniň täze obrazlary üçin olaryň gözüni açmaga kömek bermegimiz gerek. Terbiýelenýän her bir çaganyň ýüreginde mähriban, hiç haçan ýatdan çykmajak obrazlaryň saklanýandygy meniň üçin gymmatlydyr. Munuň özi ýüregi öz mähriban topragyňa ebedilik baglaýan müňlerçe sapakdyr. Meniň uçurymlarym mekdebi gutaranlaryndan 25–30 ýyl geçenden soňra maňa, ine, şeýle gürrüň berdiler: «Meniň çagalygymda ilkinji täsir galdyran zat garlawaç höwürtgesi boldy. Bu enaýyja hem-de mähirlije guşjagaz ony öňünde meniň krowadym duran penjiräniň ýokarsynda palçykdan ördi. Meniň sallançagymyň hem ozal şol ýerde durandygyny ejem aýtdy. Her gün ir bilen gözümi açanymda ony, aladaly garlawaçjygy görýärin; ol zol uçup gidýär we gelýär, özüniň çagajyklaryny naharlaýar. Men nirä gitsem-de, nirede ýaşasam we işlesem-de garlawaçjygyň öz sallançagymyň ýokarsyndaky höwürtgesini hiç haçan ýadymdap çykarmaryn. Ony ýatlan badyma ýüregim çalt urup başlaýar, ejem, kakam gözümiň öňüne gelýär; ejemiň pessaýja aýdýan aýdymyny äşgär eşidýärin, ýaşyp barýan güni, onuň şöhleleri ýagty saçan gök ýaýlany, ýolun gyrasyndaky syrdam deregi, dury gök asmany... görýärin. Ejemiň mähirli dulugyna, mähriban derege ýüzümi oýkasym gelýär." "Kepbämiziň gapdalynda garry ülje agajynyň osup oturanyny özümi bilelim bäri bilýärin. Onuň şahalarynyň hemmesi diýen ýaly gurapdy, diňe bir uly şahasynda ýazda gök ýapraklar bolýardy, ol şahany örten akja güller topbajyk akja bulut ýaly bolup görünýärdi... Kakam ony kesjek bolup we ýerine ýaşajyk ülje agajyny oturtjak bolup telim gezek synanyşdy, emma: «Kesme. Ony atam pahyr oturdypdy. Goý, ýene ýaşasyn...» diýip, ejem haýyş etdi. Kakam Atamyň üljesinden bir pyntygy alyp, kiçijik agajyna sapdy welin, garry ülje agajynyň gapdalynda şahalaryny giňden ýaýradyp, owazly ýaş ülje agajy ösüp ýetişdi. Ol – Atamyň Üljesi häzir hem ýaşaýar. Ol biziň hemmämiz üçin eziz. Men Watan sözüni eşidenimde Atamyň garry Üljesi ýadyma düşýär. Şol pursatda nirede bolsam-da onuň her bir ýaprajygy gözümiň öňünde peýda bolýar; göýä edil häziriň özünde agajynyň ýyljajyk gabygyna eliň degäýjek ýaly duýgy döreýär, üljäniň turşy ysyny duýýarsyň..." Taras Şewçenkonyň «Kobzarynyň» sahabyndaky surat: eli çagaly ene göz öňüne getirmek örän çetin çagalygymdan meniň ýadymda galdy. Çagajyk şadyýan gözleri bilen seredýär, ene-de ýylgyrýar: eýsem onuň üçin öz mähriban çagasynyň şatlygyndan uly şatlyk bolup bilermi? Men Watan sözüni eşidenimde ýa-da okanymda şol gün, ejemiň ýüzi bagtly ene ýylgyrýan çaga suratly «Kobzory» elime beren güni meniň ýadyma düşýär. Stanogyň başyndaky işçi hem, meýdandaky kolhozçy hem, şahtaçy hem, gyzgyn peçiň ýanynda işleýän metallurg hem – biziň hemmämiz körpeje çaganyň şadyýan ýylgyrmagynyň hatyrasyna işleýäris diýen pikir kelläme gelýär. Biziň eýmendiriji ýaragymyz hem çaga şatlygynyň hiç haçan öçmezligi üçin taýýarlanandyr...» «Bu meniň uzakda galan çagalyk ýyllarymda bolupdy. Men irden ejem bilen ekin meýdanyna gitdim; ol işleýärdi, menem meýdanda oýnap ýörün, çekirtgejigiň aýdymyny diňleýärin, mawy asmandaky durnalary synlaýaryn. Bir gezek ejem meni öýmüze alyp gelýärdi. Tokaýyň içi bilen gelýärkäk, biz bir açyklykda saklandyk. – Üç sany dub agajyny görýärmiň? Graždanlyk urşunda aklar bu ýerde gyzyl partizanlaryň üçüsini atdylar. Men şol açyklygy hiç haçan ýadymdan çykarmaryn. Ol ýeriň otunyň nähili ysy bardygy we daşdeşeniň nähili tyrkyldadýandygy ömürlik ýadymda galdy. Meniň üçin Watanyň mukaddes zady şol açyklykdadyr». Eneleriň we atalaryň, biziň ozalky terbiýelänlerimiziň bu sözleri biziň Watanymyz hakyndaky kämil oýlanmalardyr. Watana bolan söýgi ideýasy inçelik hem-de çylşyrymlylyk bilen kemala gelýär. Ol adamda haýsydyr bir gymmatly zat bar mahalynda, diňe şeýle şertlerde pikirleriňi we duýgularyňy eýeleýär, ruhy güýje öwrülýär. Watançylyk pikirler, başdan geçirmeler, meýiller kalbyňy eýeleýär, şahsy ruhy dünýäniň ahlak baýlygy bolmak netijesinde çuňňur şahsy zada öwrülýär. Mähriban topragyň gözelligi hakyndaky pikir, öz öňünde açylan hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak gymmatly zadyň öňünde haýran galmak, töwerekdäki dünýäniň ömürlik ýadyňda galan we watançylyk düşünjäniň ilkinji çeşmesine öwrülen iňňän inçe aýratynlyklary - hususy öz kalbyňda gözelligiň oduny tutaşdyrýan bu ähli uçgunjyklar ýokarda getirilen mysallaryň hemmesiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Çaganyň öňünde onuň kalbynda yz galdyrýan gymmatly zat näçe aýdyň açylsa, ol özüniň hususy mertebesini şonça hem çuňňur başdan geçirýär. Obrazly aýdanyňda, wagtyň hamala birnäçe pursat saklanýan, töwerekdäki dünýäniň şekilleriniň aňyňa ebedilik ornaşyp galýan, durmuş ýoluňda ömürlik yşyjagyň galýan günleriniň terbiýeleýän çagalarymyň her biriniň ruhy durmuşynda bolmagyny men örän inçe terbiýeçilik wezipe hasaplaýaryn. Gadyrly, mähriban, hiç bir zat bilen deňeşdirip we hiç bir zat bilen çalşyryp bolmajak zadyň aňda hem-de duýgularda tassyklanmagy adamyň gözellikden passiw lezzet almagy üçin gerek däldir. Hakykatdan-da gadyryny bilmek – munuň özi mähriban zady saklamak, goramak, onuň ykbaly bilen şahsy gyzyklanmak diýmekdir. Mähriban, eziz hem-de el degrilmesiz dünýä kimdir biriniň kast edip bilmekdigi hakynda pikir etmek hem körpeje graždany gahar-gazaba mündürmelidir. Uruş ýyllarynda Dnepriň kenaryndaky kiçiräk bir obada şeýle waka boldy. Obany eýeläp, faşist ofiserleri mekdebiň howlusyna geldiler. Owadan georgin gülleri olaryň ünsüni çekdi. Ofiserler ertir özleriniňkide agşam boljakdygy, zal şu georgin gülleri bilen bezelse, gowy boljakdygy hakynda gürrüň edip başladylar. 5-nji klasyň okuwçysy Wolodýa olaryň gürrüňini eşitdi. Gülleri ol idedýärdi; edil düýn agşam hem olary suwarypdy. Faşistleriň gürrüňi oglanda gahar-gazap duýgusyny oýardy. Ol gijäniň bir mahaly mekdebe geldi, gülleri ýolup, olardan çemen baglady we ony Wladimir Iliç Leniniň klasdaky portretiniň aşagynda goýdy. Bu waka hakynda gürrüň bermek bilen, men netijeler çykarmaýaryn we umumylaşdyrmalar etmeýärin. Olary çagalaryň özleri edýärler. Biziň mukaddes topragymyza kast eden duşmana bolan ýigrençden ýaňa olaryň ýumruklary berk düwülýär. Watanyň duşmanlaryna bolan ýigrenç - munuň özi bir belentlikdir, kiçijik adam şol belentlige çykyp, dünýäni görýär; şol duýgy netijesinde hiç bir zat bilen deňeşdirip we hiç bir zat bilen çalşyryp bolmajak zat hökmünde onuň önünde Watan açylýar. Diňe Watanyň duşmanlaryna bolan güýçli ýigrenç, barlyşyksyzlyk ýaş graždanyň öňünde gymmatlyklaryň hakyky ölçegini açýar: Watanyň ykbaly janyňdan hem ileri we eziz bolýar; ýigrenç netijesinde ýaşlyk ýyllaryndan: duşman bilen ylalaşmak, onuň öňünde dyza çökmek, onuň maksatlaryna we meýillerine perwaýsyz garamak – munuň özi meniň üçin, meniň tohumym-tijim, meniň ata Watanym üçin ömürbaky masgaraçylykdyr diýen pikir gaplap alýar. Çagalar mekdebe gatnap ugran ilkinji günlerinden beýläk men olar bilen biziň Watanymyzyň belentliginiň, namysynyň, şöhratynyň, garaşsyzlygynyň hatyrasyna edermenlikleriň dünýäsine, gahrymançylykly, kynçylykly göreş hem-de janyňy gurban etmek dünýäsine syýahat edip başlaýaryn. Men biziň Watanymyzy ýok etmegi we biziň halkymyzy dyza çökermegi arzuw edýän zalymlara we basybalyjylara zähmetkeş halkyň synpy ýigrenjiniň çagalaryň ýüreklerinde ebedilik ýaşamagyna çalyşýaryn. Synpy düşünjesiniň bardygy we ýüreginiň akdygy netijesinde meniň terbiýeleýän her bir çagam mähriban topragynyň geljekki eýesi eýýäm häzir, çagalygynda graždan durmuşy bilen ýaşap başlaýar; ol zähmetkeş halkyň bir bölejigine öwrülýär, Watanyň şatlygyny we hasratyny ýürekden kabul’ edip, onuň ykbaly bilen ýaşaýar. Men Watanymyzyň gahrymançylykly taryhynyň, halkyň edermenlikleriniň ýyl ýazgysynyň öz terbiýelän çagalarymyň durmuş ýoluny hemişe ýagtylandyrmagyna çalyşýaryn. Biz ýaş graždanlaryň öňünde mähriban topragyň her gysymyna, her bir daşa göreşijileriň-watançylaryň ganynyň siňendigini; bagtly çagalygyň, eneleriň we atalaryň parahatçylykly zähmet çekmek bagtynyň, geljek hakda arzuw etmek bagtynyň örän kynlyk bilen ýeňip gazanylandygyny açyp görkezmek bilen, olarda Watan düşünjesini we duýgusyny döredýäris. Çagalaryň Watanyň namysynyň, şöhratynyň, belentliginiň, garaşsyzlygynyň hatyrasyna edermenlikler dünýäsine syýahaty olaryň beýik, ajaýyp dünýädäki durmuşynyň başlangyjydyr. Ýaş graždanlary syýasy taýdan pikirdeşler – kommunistik ideal ugrunda göreşijiler edip terbiýelemek – munuň özi olaryň durmuşynyň maşgalanyň, mähriban ojagyň, mähriban obanyň bähbitleriniň çäginden kem-kemden çykmagyny gazanmak diýmekdir. Jemgyýetiň, biziň beýik Watanymyzyň – SSSR-iň, bütin adamzadyň bähbitleriniň çagalaryň aňyna we ýüregine mümkingadar has ir girmegi örän möhümdir. Çagada töwerekdäki dünýäniň wakalaryna graždanlyk nukdaýnazar bolmalydyr. Ýaş ýürek çagalykdan göräýmäge şahsyýetiň durmuşyna gös-göni gatnaşygy bolmadyk hasratyň hem-de howsalalaryň derdini çekmelidir. Emma hut şonuň üçin hem dünýä akyl ýetirmegi iň ýakyn zatdan – maşgaladan, mähriban ojakdan, ata-babaň ykballaryndan, olaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşandyklary üçin alan ordenlerinden we medallaryndan, wagt geçmegi bilen saralyşan hatlaryndan we sagbolsunlaryndan başlamak gerek. Töwerekdäki dünýäni watançylyk nukdaýnazaryndan görmek bilen ýaş graždanyň hut öz maşgalasynyň, birnäçe ýüz ýyl mundan ozal ýaşan ýa-da özleriniň göreşen azatlygynyň we bagtynyň hatyrasyna !!!!!!! gara ýere giren öz watandaşlarynyň janly taryhyna akyl ýetirýänliginden ybaratdyr. Ýaş graždan dünýäni diňe şeýle gören mahalynda hakyky watançy bolmagyň–munuň özüniň galla ekin meýdanynda bugdaý sümmülini ýetişdirmegi, mähriban topragyň baýlygy üçin zähmet çekmekden ýaňa eliň aýasynyň gabarçaklaryny duýmagy aňladýandygyny duýýar. Men mähriban künjegiň gözelligini synlamak we oňa akyl ýetirmek, eziz, ýeke-täk zada müňlerçe sapak arkaly baglanmak bilen, körpe graždanyň özüniň bu gözelligi synlamak hem-de ona akyl ýetirmek bagtynyň örän kynlyk bilen gazanylandygyna – atalarymyzyň we babalarymyzyň deri, gany, gözýaşy, betbagtçylyklary, horluklary bilen gazanylandygyna düşünmegi hem-de muny duýmagy barada çalyşýaryn. Men çagalara mähriban topragyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gahrymanlaryň söweşen hem-de gurban bolan künjeklerini görkezýärin. Podlesnoýe obasy meniň terbiýeleýän çagalarymyň mähriban ojaklaryndan uzakda däl. Biz mekdebiň bosagasyndan ätlän körpeleriň her nesli bilen bu obanyň çetine, tokaýa gidýäris. Uruşdan öň bu ýerde iki pioner – Fedýa Şepel bilen Ýaşa Matwiýenko ýaşady. Faşistler geldiler. Sowet topragy gaýgy- hasratdan hem-de gahar-gazapdan dem alýardy. Gijelerine tüpeň sesleri ýaňlanýardy – biziň partizanlarymyz tokaýdan çykyp, faşistleriň üstüne çozýardylar, olary ýok edýärdiler. Fedýa bilen Ýaşa partizanlaryň aragatnaşykçylary boldular. Agşam, oglanlar tokaýdan gelýärkäler, olary nemesler tutupdyrlar, faşistler pionerlere partizanlar hakynda aýtdyrjak bolup, olary gynapdyrlar. Her hili gynamalar-da ýaş leninçileri dönüklik etmäge mejbur edip bilmändir. Şonda faşistler elhenç jenaýata ýüz urdular. Olar Fedýa bilen Ýaşany dub agajynyň aşagyndan çukur gazmaga mejbur etdiler. Faşistler pionerleri şol çukura diri gömdüler. Biz kiçiräk çemenligiň öňünde durus: olaryň elhenç mazary bu ýerde bolupdy (gahrymanlaryň gubury häzir oba geçirildi). Ýaşajyk dost, gulagyňy goýup, bu topragy diňle, şonda sen ýeriň nähili ah çekişini eşidersiň. Goý, duşmana bolan ýigrenç seniň ýüregiňde ebedilik ýaşasyn. Biz faşistleriň hem, basybalyjylara gulluk eden dönükleriň hem elhenç jenaýatçylyklaryny bagyşlap bilmeris. Biz çagalaryň özümizde terbiýelenýän her nesli bilen mekdebiň golaýyndaky depäniň üstüne çykýarys. Bu ýerde 1941-nji ýylyň kynçylykly günlerinde, dişine çenli ýaraglanan duşmanyň zor salmagy astynda biziň goşunlarymyzyň yza çekilýän mahalynda artilleriýa pozisiýasy bolupdy. Gazaply söweşde topçular gurban boldular, diňe ýekeje gahryman diri galdy. Ol tanklaryň birnäçesiniň we awtomatçylar rotasynyň garşysyna ýarym günläp söweşdi. Onuň bedeninden ençeme ýola ok geçdi, gan gahrymanyň gözüne indi, emma ol duşmany ýok etmegini dowam etdirdi. Gahrymany jaýlamaga gelen kolhozçylar onuň bedeninden kyrk üç ýara tapdylar. Brona atylýan ok göni degip, soldatyň kükregini kül-owram edipdir, soldatyň ýüregi kükreginden sogrulyp alnypdyr. Kolhozçylar soldatyň jesedini gyrmyzy baýdaga dolap, şu ýerde jaýladylar. Onuň kükreginden sogrulyp alnan we böleklenen ýüregini baýdagyň aýratyn bölejigine dolap jaýladylar. Ol, ine, şu ýerde çüýräp gitdi; ýaşajyk dostlar, bu mähriban topragyň bir gysymynyň nämedigini biliň. Gahrymanlar hakyndaky gürrüňler çagalara dünýäni watançylaryň gözi bilen görmegi öwredýär. Gahrymançylykly iş diňe bir gözýetimi giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem ähli sowet graždanlarynyň durmuşynda – durmuşdan gidenleriň hem, häzirki diri gezip ýörenleriň hem durmuşynda haýsydyr bir umumy zadyň – beýik; mukaddes, iň bir eziz we hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak zadyň – Watanyň bardygyny duýmaga hem kömek edýär. Men çagalygyň Watana wepalylygyň öňünde haýran galmak bilen ýagtylandyrylmagyny aýratyn möhüm hasaplaýaryn. Ýaşajyk adam ahlak edermenligiň çür başyna çykan adam özüni haýran galdyran mahalynda, diňe şonda hakyky terbiýe alýar. Ýaşajyk adam çukanak-sakanaklardan we batgalyklardan seresap bolup, başyny aşak salyp gitmän, eýsem adamzadyň röwşen belentliklerini görmelidir. Goý, ýaş graždanyň başy asylly ideýalar bilen ýagtylandyrylan belentliklere tarap hemişe göterilen bolsun. Diňe şeýle şertde ol Watana minnetdarlyk duýgusyny, onuň önünde borçlulyk duýgusyny başdan geçirer.Ýaş graždana adamzat belentliklerini görkezmegi başarmak – munuň özi pedagogik ussatlygyň inçe taraplarynyň biridir. Biziň Lenin otagymyzda bir depder bar. Ona gazetlerlerden we žurnallardan gyrkylyp alnan makalalar ýelmenilgi. Olar ýok edilen rus, belorus, ukrain... obalary hakyndaky gahrymançylykly we şol bir wagtyň özünde hem tragiki gürrüňlerdir. Bu depderi okap, ýaşajyk graždan haýran galmak duýgusyny başyndan geçirýär. Munuň özi adamyň iň aýdyň belentlikleridir – özleriniň ölüminiň öň ýanyndaky pursatda el-ele berip, dyza çökmedik ýüzlerçe adamlaryň gahrymançylygydyr; olaryň dillerinde bolsa barlyşyksyzlyk we ýigrenç sözleri doňup galdy. Munuň özi Watana wepaly Sowet adamynyň gözelligidir. Biziň obalarymyzyň atylan, ýakylan, ýere diriligine gömlen adamlary hakyndaky gürrüňler hakyky gahrymançylykly poemalardyr. Dyza çöküp ýaşandan, başyňy dik tutup öleniň gowy. Adamyň jany çäksiz gymmatdyr, emma meniň hem, seniň hem janyňdan ölçäp bolmajak has ýokary gymmatlyk bar – ol biziň Watanymyzyň janydyr. Watanyň namysynyň, mertebesiniň hatyrasyna gahrymanlaryň millionlarçasynyň ölüme gidendikleri sebäpli biziň Watanymyz ýaşaýar we ebedilik ýaşar. Watan üçin agyr synaglar abanan mahalynda dönüklik edip, öz janyňy halas etmek, howpdan gaça durmak masgaraçylykdyr we namartlykdyr. Dilleriň hemmesinde dönük sözünde halkdan daşlaşan adama gazaply ýigrenç ýaňlanýar. Söweş meýdanynda ölümiň öňünde mertlerçe durmaga ruhy taýdan taýýar bol. Watana wepalylyk bilen ruhlanan edermenlik seniň iň güýçli ýaragyňdyr. Söweş meýdanynda seniň ölümiň hem ýeňiş bolar ýaly ölmegi başar. Ölümiň öňünde seniň duşmany ýigrenmegiň hem, eýýäm şonuň özi hem seniň ýeňşiňdir. Eger adamyň takdyrynda diňe bir zat – bedeniň bilen ok saklamak bar bolsady, onda şonuň üçin hem dünýä inmek bolardy (L.Lеonow). Mertlerçe ölmegi başarmak – munuň özi urşuň öň ýanynda ölüme taýýar bolmagy aňlatmaýar. Munuň özi ölümi ýigrenip, ýeňşe taýýar bolmagy aňladýar. Men geljekki graždanlarda ýaşlykdan dönüklige we satylmaklyga bolan ýigrenji terbiýeleýärin. Men hakyky adam durmuşynyň bardygyna we dönüklik etmek, ideallary depelemek arkaly satyn alnan, ýagny hyzmatkär, gul bolup güzeran görmegiň bardygyna ýaşajyk graždanyň düşünmegi hem-de ony duýmagy barada çalyşýaryn. Gul bolup güzeran görmäge bolan gazaply ýigrenç – munuň özi ruhy taýdan belentligiň ahlak esasydyr. Men oz terbiýeleýän çagalarymyň çagalyk we ýetginjeklik ýyllarynda ölmez-ödi güzeran görmegi ýigrenýän, hakyky durmuşa bolan söýginiň hatyrasyna mertlerçe ölüme barýan gahrymanlara guwanmaklaryny gazanýaryn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |