11:14 Ogluma ýazan hatlarym / 30-njy hat | |
30. SALAM, EZIZ PERZENDIM!
Pedagogika we edep-terbiýe
Sen üç sowala jogap bermegimi haýyş edýärsiň: 1. Adam kommunizm döwründe nähili bolar? Geljekki adamyň haýsy sypatyny men iň möhüm sypat hasap edýärin? 2. Häzir haýsy moral nogsany iň howply, iň çydamsyz nogsan hasap edýärin? 3. Meniň pikirimçe, ýaş nesliň terbiýesinde nähili has düýpli kemçilik goýberilýär? Ilkinji sowal. Kommunizm döwründe boljak adam eýýäm biziň aramyzda ýaşap ýör. Ýagdaýy dabaraly bir pursat gelip, täze adamyň peýda bolanyny jaňlaryň sesi habar berer diýip göz öňüne getirmek bolmaz. Saňa gürrüň beren Semýon Lawrentewiçim eýýam geljegiň alamy. Obywateller beýle adamlara telbe adamlar diýýärler. Men şeýle adamlaryň otuzdan gowragyny tanaýaryn (ýogsa-da meniň olar barada “Telbeler dünýäsi” diýen kitap ýazmak arzuwym bar). Biziň obamyzda, mekdebiň golaýynda şeýle adamlaryň biri ýaşaýar, sen gürrüňiň Iwan Prokofewiç barada gidýändigini aňýansyň. Onuň adamlar üçin niýetlenen bagy bar. Ol öz köçelerinde ýaşaýan on bäş çaganyň terbiýeleýjisidir. Ol arly tomus olar bilen bagdan çykanok: çagalar radiopriýomnikleri konstruktirleýärler, oýnaýarlar, aýdym aýdýarlar, skripka çalmany öwrenýärler... Şeýle adam goňşy obada-da bar, ol otstawka çykan ofiser. Özem ep-esli pensiýa alýar. Ol arkaýyn dynç alyp ýörmeli ýaly. Emma ertirden agşama çenli adamlar üçin işläp geçirýär. Ol kommunizm ideýalarynyň propagandistidir. Ol her gün ekin meýdanyna, brigadalaryň, fermalaryň üstüne, maldarlaryň we gallaçylaryň arasyna gidýär. Ol olara dünýädäki bolup geçýän zatlary gürrüň berýär. Çeper edebiýaty okaýar. Iki-üç günläp adamlar bilen gös-göni önümçilikde işleýär, soň beýleki brigada ýa beýleki ferma gidýär. Kommunizm döwründäki adam, ilki bilen, mährem bolar. Adamy duýmak, başga adam ruhy isleg-meniň pikirimçe, geljegiň adamsynyň iň esasy sypaty, ine, şu bolmaly. Her bir adamyň, her bir ildeşiň ruhy taýdan baý, moral taýdan owadan, akylly, zähmetsöýer bolmagy üçin çuň şahsy gyzyklanmaklyk gerek. Durmuşymyzdaky iň gymmatly zadyň adamyň gadyryny bilmegi, sylamagy, söýmegi oňarmak gerek. Bularyň baryny men mähremlik, adamkärçilik hasaplaýaryn. Hakykatdan mährem, adamkärçilikli adam çuňňur ýigrenmegi – ýamanlygy, duşmanlarymyzy – uruş oduny tutaşdyryjylary ýaş nesli ahlak taýdan azdyryjylary ýigrenmegi oňarýar. Biz ýagşylygy öwredişimiz ýaly, ýigrenmekligi hem öwretmelidiris. W.Kožewnikowyň «Tanyş boluň, Baluýew!» diýen romanynda şunuň ýaly ajaýyp sözler bar: «Meniň göwnüme, eger adam öz zähmetinden iňňän güýçli lezzet alyp, keýp edip işlemäni başarýan bolsa, onda ony bir aýagy bilen kommunizmde dur diýip hasaplamak bolar». Zähmeti söýmeklik, adamyň özüni zähmetde görkezmegi biziň gündelik durmuşymyzyň kommunistik ideallarynyň janly subutnamasydyr. Biz adam kalbynda kommunizmi ýurdumyzda zähmeti diňe ölmez- ödi gazanmagyň serişdesi hasaplap, oňa biperwaý seredýän ýeke adamyň hem galmadyk halatynda berkarar ederis. «Eger dünýäde hudaý bar bolsa, ol zähmetdir we onuň gudratydyr» (I. Selwinskiý). Men bu sözlerden şeýle many çykarýaryn: zähmet adamyň öňünde öz-özüňi terbiýelemegiň, öz-özüňe akyl ýetirmegiň öz-özüňi kämilleşdirmegiň uçsuz-gyraksyz meýdanyny açyp goýýar. Zähmetiň egsilmezligi arkaly adamyň özi hem egsilmez bolar, onuň kämilliginiň belli bir çägi bolmaz. Ikinji sowal. Iň howply, iň çydamsyz nogsan diýip, men doňýürekliligi, adam ykbalyna perwaýsyzlygy, zalymlygy hasap edýärin. Biziň jemgyýetimizde beýle «elpe-şelpelik» kemlik eder ýaly däl. Golaýda şaýady bolan bir hadysamy gürrüň bereýin. Dnepriň ýokarsyndaky uly obanyň birinde dört çaganyň ejesi, on bir agtygyň, ýigrimi iki çowlugyň enesi – 92 ýaşly aýal ýogaldy. Onuň durmuşy diýseň agyr boldy. Gündogar Prussiýada, mazur batgalygynda, Karpatlarda, Berliniň eteginde ýatan alty mazarda onuň gany bar, alty sany esger ýadygärliginde onuň familiýasy bar, her bir harpda onuň ukusyz geçiren gijeleri, şatlykdyr umytlary bar. Onuň 50 ýaşly körpe ogly derdidir aladalaryny bölüşmek üçin adamlaryň üstüne gidipdir: «ejemi iň soňky ýoluna ugratmaga kömek ediň» diýipdir. Agaç skladynda tabyt ýasar ýaly taýyn tagtalar tapylmandyr, emma telpeklerini çykaryp, bir minutlap dymyp duran, soňam uly sosna pürsüni kesişdiren adamlar tapylypdyr. "Al, ogul, ejeň iň soňky jaýyny sal" diýipdirler. Tagtalary äkitmek gerek bolupdyr. Maşyn gerek bolupdyr. Emma ähli maşyn işde eken. Bu meselede-de ýüregi ýuka adam tapylypdyr. Ogul ilki duş gelen maşyny saklap derdini gürrüň beripdir. Şofýor oz işini ýarym sagatlap bir ýanda goýup, tagtany maşynlara ýükleşipdir, şeýdibem, olar agaç skladynyň howlusyndan çykypdyrlar. Onýança geň hem wagşyýana bir waka bolup geçipdir. Awtokolonnanyň naçalnigi üsti tagtaly maşyny görüp, howlynyň daşynda tagtalary ýüp bilen saraşdyryp kömekleşip duran sürüjä gözi düşüp, onuň üstüne gygyryp ugrapdyr: – Bu näme boldugy? Näme üçin, sen işiňe gideňok? Sürüji bilen ýogalan kempiriň ogly naçalnige: «Gygyrma, özüňe gel, adam öldi» diýipdirler. Naçal-emele getirýän sebäpler nämekä? diýip, öz-özüňden öňküsinden hem beter dergazap bolupdyr, bir depen ýerini depip, ýumrugyny reňk-peti gaçan sürüjiniň edil gözüniň ýanyna eltip salgapdyr, awtomaşynyň üstüne münüp, agaçlary zyňyşdyrypdyr... Şofýor maşynyny alyp gidipdir, ogul tagtalaryň ýanynda galyp, aglamaga durupdyr. Aglap durşuna arabaly bir nätanyş adamyň ýanyna gelip, saklananlygyny hem duýmandyr, ol adam ýag zawodyndan gaýdyp gelýän eken, paýyş sözleri eşidip, aýak çekipdir we nämäň nämedigine derrew düşünipdir... Tagtalary arabanyň üstüne örüp ugrapdyr, gaýgydan ýaňa sülleren, göwnüne deglen ogluň-egnine elini degrip: «Niräk eltmeli?» diýip ýuwaşja sorapdyr. Ynha, bu şol iň ýowuz, iň çydamsyz moral nogsandyr... Özlerini adam diýip hasaplamak kyn bolan şeýle adamlar nirede ösüp ulalýarka? Doňýürekliligi emele getirýän sebäpler nämekä? diýip, öz-özüňden öwran-öwran soraýarsyň. Bizde gazaplylygy, adam ýigrenmekligi döredýän sosial şertler ýok. Onda, diýmek, başga sebäpler bar-da? Munuň özi kommunizmiň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylan döwründe durmuşyň biziň öňümizde keserdip goýýan iň ýiti, iň derwaýys meselesidir. Biziň jemgyýetimizde awtokolonnanyň naçalnigi tetelli adamlar barka kommunizm hakda diňe arzuw edip bolar, gurmasyny bolsa biz ony beýle ýagdaýda gurup bilmeris. Beýle adamlary täzeden terbiýelemek örän kyn bolýar. Çagany çagalyk hem ýetginjeklik ýyllarynda dogry terbiýelemek bilen, bu külpetiň öňüni almak gerek. Men awtokolonnanyň naçalnigini kiçijikliginden bäri tanaýaryn. Iwanko hem edil beýleki müňlerçe çaga ýaly çagady, mekdebe gatnardy, tomus ýagşyndan soň, aýakýalaňaç palçygyň içinde gezmäni gowy görerdi; haýatdan aşyp, goňşularynyň bagyna girerdi – bukdaklap ýolan almasy öz baglaryndaky almadan süýji ýaly bolup görnerdi. Ýöne başga zatlaram bardy. Ol zatlar barada goňşulary jibrinip-jibrinip gürrüň ederdiler. Iwankonyň kakasy, ejesi bilen birlikde enesi hem bardy. Emma näme üçindir Iwankonyň ejesi ony halamaýar eken. Onsoň kempir ammarjyga göçüp baryp, öz iýjek naharyny özi bişirip ugrapdyr. Çaga ejesinden: «Eneň yzgytsyz, oňat däl» diýen sözleri ýygy-ýygydan eşidipdir... Bir gezek Iwankonyň ejesi baýramçylyga sowuk nahar taýýarlapdyr. «Balam, eneňe-de hol gemiren süňklerimizi taşlaýan jamjagazymyza salyp eltip ber» diýip, ol ogluna aýdypdyr. Ol ogluny peje salar ýaly çybyk getirmäge iberipdir: «Iwanko, gururak çybyklary saýlaşdyrawer», ölüni eneňe goýsaňam bor, ol jaýy ýyly bolsa halanok» diýipdir. Şeýde-şeýde çaga enesiniň harlanan adam hasaplanýandygyna düşünipdir. Tomus enesi Iwankodan: agtyjagym, bar meýdandan borş bişirer ýaly turşuja ýygyp gel diýip, haýyş edýär. Oglanyň çemenlige gidesi gelenok, ol bakja tarap ylgap gidýär-de, şugundyryň ýapragyny ýygyp, enesine getirip berýär. Enäniň gözi gowy saýgarmansoň, ýapraklary dograşdyryp, borş bişirinýär. Iwanko bolsa enesini aldaýşyny ýoldaşlaryna gürrüň berýär. Oglanlar «Iwankonyň gürrüňini diňläp, biz şeýdäýen bolsak, kakamyz, ejemiz näme diýerdiler» diýip, geň galýarlar. Öýlerine barybam atalaryna-enelerine muny gürrüň berýärler, yzgytsyz gelin bilen birehim agtyk baradaky gürrüň basym oba ýaýraýar... Ýyllar geçdi. Iwanko ulalyp, goşunçylyga gitdi. Maňlaýyna ýazylany gowy eken: ol urşuň agyr ýyllarynyň içinden geçip, ýaralanman-zat etmän, sag-aman geldi. Ýöne ol ata-enesiniň öýüne dolanyp gelmedi. Obanyň golaýynda uly elektrik stansiýasynyň gurluşygy başlanypdy. Iwanko bir kontorda işe ýerleşdi –hemişe maşynly gezdi, gurluşyk materiallaryny daşady. Çalt ösdi – dispetçer boldy, soň awtokolonnanyň naçalnigi etdiler. Kimedir birine ýaran bolarly: başlyklaryň isleýän zatlaryny aýdyp aýtmankalar aňýar, ýer gazyp tapýar welin tapýar. Kakasy öldi, enesi öldi, diňe garry ejesi galdy. Ogly ony ullakan kerpiç jaýynyň kiçijik ammarjygyna göçürip eltdi we öz iýjek naharyňy özüň bişir, päsgel bermän, öz ugruňa ýaşaber, eje, diýen terzde oňa peç oturdyp berdi. Megerem, onuň ejesi şol wagt enesine sowuk nahar ibereninde Iwanko sargan zatlaryny ýadyna salandyr... Belki, ol halkyň adamyň kalby barada çaga krowatda uzynlygyna däl-de, keseligine ýatyrka alada et diýip öwredýän parasatly sözlerini hem ýatlandyr. Awtokalonnanyň naçalnigi ýaly adamlary halk näletkerde hasap edýär. Geljek olaryňky däldir. Geljek eýýam kommunistik adamkärçiligiň ýokary basgançagyna çykan adamlaryňkydyr. Uzakdaky Özbegistanda kolhozyň demirçi ussasy Şamahmyt Şaahmedow ýaşaýar. Ol we onuň aýaly urşuň kyn ýyllarynda on alty sany ýetim çagany ogullyga alyp, terbiýeläp ýetişdirdiler. Biziň Ukrainamyzda Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Nadežda Zaglada ýaşaýar. Kyn, açlyk ýyllarynda ol ýigrimi iki sany ýetimi ogullyga alyp, terbiýeläp ýetişdirdi. Ynha, hakyky gahrymançylyk, hakyky adamkärçilik. Üçünji sowal. Ýaşlary terbiýelemegiň iň düýpli kemçiligi, meniň pikirimçe, şu günki çaganyň ertir uly adam boljagyny unutmakdyr. Birentek ata-ene, hatda mugallymlar hem çagalara, edil olar mydama çaga bolup galaýjak ýaly, garaýarlar. Soň bolsa kellelerini tutup galýarlar. Olar çaganyň ýetginjek bolup ýigit bolup, çykyşyny duýman galypmyşlar, ýigit bolsa oslaman ýörkäler öýlenjek diýip, ata-enäni aňk-taňk edýär... Kiçijik çagada ertirki uly adamy görmek atanyň, enäniň, mugallymyň, asyl çagalary terbiýeleýän ähli adamyň durmuş parasatlylygy, meniň pikirimçe, ine, şundan ybaratdyr. Başga sözler bilen aýdanyňda, çagalary söýmegi başarmak gerek. «Çagalar mukaddes hem päkdirler – diýip, A.P.Çehow ýazypdy. Hatda garakçylar bilen krokodiller hem olary perişde hasap edýärler. Biziň özümiz her hili çukura sümüp bileris, ýöne olary welin öz çinlerine laýyk gelýän ýagdaýa salmak gerek... Kä bagryňa basyp, käte aýagyňy tarpyldadyp, olary keýpiň oýunjagy edip taşlaýmaly däl. Zulumkärlik bilen söýenden söýmezlik has gowudyr.» Zulumkär söýgi – munuň özi çagany müçükdirýän elhenç güýçdür. Ata-ene söýgüsiniň zalymlygy «söýgi paýynyň» keýpe görä berilýändiginden ybaratdyr: eger atanyň keýpi gowy bolsa, maşgalada geçirimlilik höküm sürýär, çaga näme etse, rugsat edilýär, oňa hemme zat, hatda ýumrujagy bilen enesini urmak, oňa dodagyny çöwrüp görkezmek hem rugsat edilýär. Mekdeplerde terbiýeçilik işiniň iň esasy kemçiligi bolsa, göwnüme bolmasa, graždanlyk elementiniň, terbiýäniň graždanlyk ugrunyň gowşaklygy ýa-da düýbünden ýoklugydyr. Ilkinji orunda graždanini terbiýeläp durmalydyr – bu hakda köp gürrüň edip, köp ýazmak gerek. Janyň tut ýaly sag, wagtyň hoş bolsun. Seni bagryma basyp ogşaýaryn. Kakaň. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |