13:26 Ogluma ýazan hatlarym / 25-nji hat | |
25. Salam, eziz perzendim!
Pedagogika we edep-terbiýe
Berekella, oglanlar, siziň ynamyňyzyň salgy berşi ýaly edişiňize men şat. Meni ýaş agronomyň mekgejöwençiligiň içinde (gaçan tohumdan) tötänden gögerip ýetişen birgeňsi günebakarlary, mekgejöwen ýygýan kombaýnyň işine päsgel bermez ýaly, ýatyryp, debisgelemeli diýip samsyk we zyýanly görkezme bermäge neneňsi diliniň barandygy haýran galdyrýar. Siziň wyždanyňyz bu–diňe bir manysyz däl, eýsem zyýanly– bähbit araýjy bolan bolmaklyga garşy aýaga galypdyr. Munuň özi komsomol wyždanydyr, hakyky ynamdyr. Samsyk tabşyrygy ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmak, normadan daşary birnäçe sagat artyk işlemek, günebakaryň ähli ýetişen kellelerini ýygnamak bilen, siz örän ajaýyp iş edipsiňiz – sebäbi siz dänäniň ençeme onlarça sebtinerini halas edipsiňiz, indi olary tohum üçin hem ulanyp boljak. Siz (...) arasynyň ýeke ädimdigini bilip goý. «Ynam biziňki bolany üçin däl-de, diňe hakyky bolany üçin gymmatlydyr». Ynamyňda özüňi görkezmäni başar. Ilkinji gören zatlaryň hemmesi hakykat däldir. Hakykat köplenç zatlaryň we hadysalaryň jümmüşinde ýatyr. Biziň kolhozlarymyzda maldarçylykda zähmetiň medeniýetiniň örän ýokary derejede durýandygyna şaýatlyk edýän bir topar mysal getirse boljak. Ýöne maldarçylykdaky zähmetiň örän ýönekeýligi hem-de feodal hojalygyň derejesinde durýandygy barada netije çykarýan faktlary hem näçe diýseň getirip oturmaly... Bu ýagdaýlaryň ikisini-de subut etmek bolar, ýöne olaryň ikisi-de hakykat bolmaz, dogry bolmaz. Hakykat örän çylşyrymlydyr, käte bolsa öz-özüňe gapma-garşydyr, eger sen muňa düşünmeseň, durmuş seniň öňüňde ýygy-ýygydan düşündirip bolmajak tapmaça bilen geçip bolmajak kynçylyklar goýar. Faktlary analizlemek bilen, olardaky ösüş dialektikasyny, ösüş tendensiýasyny görmegi başar – şonda ähli zat saňa düşnükli bolup galar. Eger maldarçylyk fermalaryndaky zähmetiň medeniýetini seljerseň, onda gol zähmeti höküm sürýän fermalaryň sanynyň ýylsaýyn azalýandygy aýdyň bolar, ýöne bu proses kimiňdir biriniň elini galgadany bilen amala aşyp duruberenok – ösüş dialektikasy, hakykat, ynha, şundadyr. Käte bizde jenaýatçylyk ösýär, nätjek, huliganlar juda kän... diýen tassyklamalary eşitmek bolýar. Bu nädogrudyr, ýöne bizde ähli zat gowy, jenaýatçylygyň sany birsyhly azalýar diýip, hemme zady gülala-güllük etmek hem nädogrudyr, hakykat biziň halkymyzyň jemgyýetçilik tertibini bozujylar, jenaýatçylar, bihepbeler bilen mundan beýläk ylalaşmak islemeýänligindedir. Eger huliganlar, arakhorlar, jenaýatçylar barada ýygy-ýygydan gürrüň edilýän bolsa, onda munuň özi biziň jemgyýetimizdäki gözel zatlaryň fonunda şol zibiliň çydarlyk derejeden geçendiginiň alamatydyr. Kolhozdan gaýdyp gelen badyňa kitap magazinlerine aýlanyp görmegiňi haýyş edýärin. Eýnşteýniň «Saýlanan eserleriniň» 1-nji tomy ýokmuka? Eger tapsaň, satyn alyp, iber. Janyň sag, wagtyň hoş bolsun, okuwyňda üstünlik gazan. Seni bagryma basyp, ogşaýaryn. Kakañ. Wasiiý SUHOMLINSKIÝ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |