OGRY
Bu gije Annaly aga rahat ýatyp bilmedi. Gijäniň ýarynda başyny galdyryp, diwardan asylgy sagada daşardan düşýän çyranyň ýagtysyna seredip, ýassygyny aşagrak çekip, ýene-de ymyzgandy. Irkilip ýatan ýaly hem bolsa başynda harasat kändi. Ol harasat irkilip barýan adamyň ukusy bilen garyşyp, has-da alasarmyk ýagdaýa salýardy. Daň saz berip başlanda, Annaly aga ozalky endigi bilen düşeginden turup, «Ýa, Alla, edeniñe şükür» diýip gapa tarap yöneldi. Ol daşaryň tämiz howasyndan dem alyp, howlynyň içine göz aýlady. Alagaraňkyda gowy görünmeýän goýun ýatagyna has golaý baryp dowarlaryny gördi. Howanyň tämizligine, agaçlaryň janlanyp, pyntyk ýarjak bolýandygyna syn edip, oýlanyp durup, özi bilen gürleşýän ýaly "nädip beýle bolýarka?" diýenini duýman galdy. Uludan demini alyp, ýene-de ozalky endigi bilen «Ýa, Alla, edeniñe şükür» diýip, ertir namazynyň parzyny berjaý etmegiñ ugruna çykdy.
Çaýyny öňüne alan Annaly aga òý-pikire batyp oturyşyna, bir zat ýadyna düşen ýaly ýetginjekliginde bolan bir wakany göz önüne getirdi.
Şol gün howa şeýle bir sowukdy. Ýaplardaky suw doňupdy. Birnäçe gün mundan ozal ýagan gar baslygyp, az-kem saralan ýalydy. Ýoluň gyrasynda önden oturymly ýaşalýan jaýlaryň gutaran ýerinde, şol wagtky harby gullukçylaryň ýaşayan bir gatly beýigräk edilip salnan jaýlarynyň daşynyň pessejik agaç germewi başlanýardy. Agaç germewleriň arasyndan jaýlara tarap geçelgeler bardy. Ýoluň gyrasyndaky ikinji jaýyň arka ýüzünde özbaşyna gögeren ýaly bolup oturan tikenli beýik agaçlaryň arasyndan sim çekilip, ondan harby gullukçynyň ýuwlan köýnek-balagy serlerdi. Birden onuň gözi serilgi eşikleriň arasynda ak-gara çyzmykly, ýakasy tegelenip açylan, denizde gulluk edýänleriň geýýän köýnegine düşdi. Özi ýaly oglanlar bilen kino görenlerinde deñizde gulluk edýänlerin egninde görýän şol ala köýnegini geýmäge höwes eder yörerdi. Han-ha-da, şol köýnek asylgy dur. Özem seretseñ, känbir geýilmedik ýaly. Birhili öz egnine deñese laýyk bolaýjak ýaly. Ýoluň gyrasynda az-kem durup daş-töweregine seredende hiç kimiñ yokdugyny gördi. Añyrrakdan baryan iki-üç sany adam hem howanyň sowuklygyndan ýaňa hiç zada üns bermän, öz ýoly bilen barýardy. Jaýyň penjiresiniñ biline çenli tutulan ak mata sebäpli, jaýyň içinden seretseň eşikleriň asylgy ýeri görünmejek ýalydy. Näme etmeli? Hol-ha, ömür höwes edip ýören köýnegi. Özem alyp gitseň, hiç kim görjek hem däl. Ol agaç germewiň açyk ýerinden nähili girenini hem bilmedi. Ynha-da köýnegiň edil ýanynda dur. Köýnegi simden alyp gidiberse hiç kim görjegem dal. Ol şeýle hem etdi. Ýöne köýnegi simden aýranda, howanyň sowuklygyndan ýaňa gatap giden köýnek onuň düýrläp goltugyna salaýmak niýetini başa bardyrmady. Nätmeli, köýnek elinde. Bu ýagdaýda dursa gowulygyň üstünden barmajakdygyny bilip, köýnegi bir gezek epläp, egnindäki paltosynyň arasyna ýarpy-ýalta salyp yöräp ugrady. Haýdaşlap gelşine öyleriniň deňesine yetenini duyman galdy. Howla girende birhili, "muny nireden aldyň?" diýläýjek ýaly hem bolsa, hiç kim oňa üns bermedi. Ol oljasyny kümede duran köne geýim-gejimli şkafyň içine oklady. Aradan üç-dört gün geçenden soň, öylänler bir zatlar ýadyna düşen ýaly bolup, kümä girip, köýnegi goýan ýerinden alyp, kakyşdyryp öýe alyp bardy. Köýnegi egnine geýip gördi. Ýeñi az-kem uzyn bolany üçin kesip, içine ýabşyryp tikdi. Soň ýene-de geýip, aýnanyň öňüne baryp özüni synlady. Köýnek gelişse-de, onuň amanat zatdygy görünýän ýaly bolup durdy. Egninden çykaryp, egin-eşikleriniň arasynda goýdy.
Annaly aga oý-pikire batyp oturyşyna, şol köýnegi egnine geýip gezenini känbir ýadyna düşürip bilmedi. Emma şol eden işi hamala düýn bolup geçen ýaly, egin-başyna seredenini duýman galdy. Birden hem "bäh, sol eden ogurlygym endik bolup, neslime geçäýdimikä?" diýip, bir zadyň çözgüdini tapan ýaly uludan demini aldy.
Özüm günäkär, özüm...
Körpe ogly Maksadyň dükandan ep-esli egin-eşik ogurlamagy sebäpli saklanmagynyň düýp sebäpkäriniň özüdigini bilen Annaly aga namaz okamakdan ozal ilki bilen öz etmişini ile yaýmagy, şeýdip kalbyny päklemegi ýüregine düwdi.
Allamyrat BERDIÝEW.
Hekaýalar