20:08 Ogurlañ! | |
Ogurlañ!
Goşgular
(Ýaş şahyrlara degişme) Leýis kylyp ozaldanam bol zady Ejiz şygyrlary asla dogurmañ! Meñzetme gerekmi ýa düýpsüz many? - Hanha, Pyragynyñ gazna-diwany Garşy däl ol, - halta-halta ogurlañ! Pyragyny az görseñiz Puşkin bar. Aleksandr Sergeýewiç pent kylan, Walla, onuñ dil hatam bar:"Kimde-kim Eýgerip bilmese poeziýañ ýükün Meñkiden aparsyn lükgesi bilen!" Puşkinem az! Onda ine Nowaýy, Şewçenko, Şekspir ýa Mollanepes! (Onsoñam näme kän? Dessan-u-epos!) Hersinden bolmanda bir bent goparyñ Aparyñ, how, aparyñ! Eýgerdenok? Alyñ onda meñkiden! Hawa, hawa, oñlasañyz, ogurlañ, Meniñ şygyrlarym şygyrlañ pesi, Ogurlansa göge ýeter depesi!.. Ýöne has köpeldip öñem bol zady, Şondan ejiz şygry welin dogurmañ! Annaberdi Agabaýew. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||