OGUZ TOÝY
Oguz han zamanyndan bäri oguzlaryň şeýle bir däbi bar: öýlenjek ýigit obanyň gyrasyna baryp, ýaýlasyna tarap ýaýyň okuny atypdyr. Ýaý okunyň düşen arassa ýerinde öýlenýän ýigide toý gerdegi dikilipdir, soňra şol ýerde öýlenýän ýigit öý-mülk tutunyp ýaşap başlapdyr. Toý giň ýaýlada päkize ýerde tutulypdyr.
Obanyň çetinde,
Ok ýeter ýerde
Dikilýär täzeje oguz gerdegi,
Oguz hanyň kowum-hyşdyn jem edip,
Öý tutýar,
toý tutýar
türkmen gerçegi.
Bagtyna gowuşýar oguz peýkeri,
Dolup-daşyp toýa gelýär begleri.
Daşoguzdan,
Içoguzdan jemende
Deňiz deý owsunyp toýa şaýlanýar,
Külli oguz ýurdy toýa aýlanýar.
Nagralar kakylýar,
kakylýar deprek,
Jahana ýaýraýar owazy tebliň. Ýene toý toýlaýar gadymy toprak,
Şanyna ýaş ýigdiň,
Şanyna gelniň!
Mal soýulýar ýagly etden depe edip,
Deňiz döredilýär şerapdan, meýden,
Gün han ogullary Güni dep edip,
Aý han ogullary Aýy dep edip,
Çyrpynyşyp ýyldyrym deý ogullar,
Raks oýnaýar gara ýeri sarsdyryp.
Raks oýnaýar
gögeleje oguzlaň
Gursagynda ýüregini ersdirip.
Obanyň çetinde,
Ok ýeter ýerde
Dikilýär öýlenýän ýigdiň gerdegi.
Raks oýnaýar ýalyn ýaly çabyrap
Oguzlaryň gerçegi,
Peri-peýkeri.
Bir gulakdan düzlüp ýetmiş iki saz,
Dabara ýaňlanýar oguz ilinde.
Sallanşyp ýörände bölek gelin-gyz,
Jümşüldi döreýär Ýeriň iýninde.
Daşoguzly, içoguzly mähelle, Ýere-ýurda sygman, düwläp hüw berýär.
Tamdyraň sazyna yraşyp kelle,
Kethudalar Gorkut ata how berýär.
Dag han ogullary çykýar göreşe,
Baýragy ner-maýa,
Sylagy öküz.
Daşdan görseň, göz edýän deý görene,
Dünýäň depesinde toý tutýar oguz!
Külli oguz dünýä sygman toý tutýar,
Toýy bilen
basyp duşmanyň howun!
Öý tutýar,
toý tutýar,
mes bolup oguz,
Baýlygyny toý-baýrama sowurýar.
Göýä bu dünýäniň eýesi ýaly,
Göýä bu dünýäde ebedi ýaly,
Aýlaw gurup,
sarç bedewin çapdyryp,
Beglerine altyn gabak atdyrýar.
Şa toýuň şowhuny asmana sygman,
Şagalaňy Ýer ýüregin gopdurýar.
Ýene ýaýyn atýar oguz gerçegi,
Gök ýaýlada dikip täze gerdegi,
Içoguz, Daşoguz deňiz deý daşyp,
Jahanyň ýüzüne toý bile süýşüp,
Aýdym bile süýşüp,
Saz bile süýşüp,
Oguz kowmy döwran sürýär, ýaýnaýar.
Eýýamlar aýlanyp, Oguz han kowmy Ýeriň ähli bölegine ýaýraýar.
Ýedi yklymda döwlet gurup, toý berip, Ýedi yklymda türkmen tugy parlady.
Sebäp ýedi yklymyň eýesidir ol,
Şeýdip türkmen bütin dünýä ýaýrady...
Haýsy ýerde tugun dikmedi türkmen Ýetmiş ýedi derýa aşyp, dag aşyp. Ýetmiş-segsen döwlet dikledi türkmen,
Gitdi türkmen öý tutup hem toý tutup.
Giden gitdi…………...
barmy yza aýlanjak?!
Galyberdi Içoguz hem Daşoguz
Hem gadymy,
Hem müdimi sallançak!
Türkmen gitdi ýakyn-alsa ýol salyp...
...Ogullaryn seçen Garry öý ýaly
Galyberdik bir bölejik il bolup,
Galyberdik bir bölejik il bolup!..
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.
Goşgular