18:49 Oguz ýyldyzlary | |
Oguz ýyldyzlary
Goşgular
Oguz ýyldyzlary ýaşan badyna Argyşa ugraýar oguz kerweni. Her kendiñ duşundan kerwen goşulýar, Kerweni goraýan begler goşulýar, Kerwen barýar açyp täze ýerleri. Kerwen barýar guşlañ ýolun yzarlap, Yzlap barýar durnalaryñ ýoluny. Düýeleriñ ýüki mata hem marlak, Kişdedi, kişmişdi, palas halydy. Alty aýlap ýol ýöreýär ol kerwen, Ýük ýazdyrýar Enesaýda, Altaýda. Garşyla kerweni Sowur hem Taýga, Haly, palas, mata-marlagy bilen, Begendirip buz ýurdunyñ halkyny, Tümenden alýar ol lagyl-altyny. Gyzyldan alýar ol gyzyl-kümüşi, Ýakutdan alýar ol ýakut-merjeni, Bürünm alyp, kümüş alyp, mis alyp, Iller bilen dogan bolup, dost bolup, Yzyna dolanýar oguz kerweni. Açyp entek barylmadyk ýerleri, Baýlyk basyp düýeleriñ üstüne, Kerwen gelýär dünýäñ baýlygyn alyp, Oguz ýyldyzlary dogan destine. ___________________ 1-Ülker ýyldyzlar toplumyna Öküz, ýagny Oguz ýyldyzlar toplumy diýip at beripdirler. 2-Sowur soñra Sibir bolýar. 3-Tümen - gadymy dilde altyn diýmek. 4-Gyzyl, Ýakut şäherleri häzir hem bar. Saparmyrat TÜRKMENBAŞY | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |