18:38 Okaýarsyñ, oýlanýarsyñ... | |
OKAÝARSYŇ, OÝLANÝARSYŇ…
Edebi tankyt
(Goşgulara syn) Şygyrýet! Akyl paýhasdan doly şygyrýet! Seniň belentligiň daglara, çuňlugyň deňze meňzeýär. Sen obýektiw dünýäniň we adamzat paýhasynyň çeper beýany. Näzik ynsan duýgularyndan boglan al- elwan öwüsýän hoşboý ysly bir desse çemene meňzeýärsiň.Sen ynsany agladyp – da, güldiripde bilýärsiň, ýekelikde sen oňa höwür bolýaň. Onuň gussasyny ýeňledýäň. Sen ynsana dosty, il-ýurdy söýmekligi, duşmany ýigrenmegi öwredýärsiň.Sen elmydama haýyr işiň tarapynda bolup, şer işlere garşy göreşip gelýärsiň. Seniň näzikleriň bahar şemalyna deňiz deý tolkunyp ýatan maýsany ýatlatsa, seniň mazmunyň oruma gelen we doklugyndan sümmülleri egrelşip duran, tomsuň reňki siňen bugdaýly atyzlara meňzeýärsiň. Elbetde, men hakyky şagyr hakynda aýdýaryn. Köpler seniň öňüňde tagzym edýär. Seniň bilen oýun edip bolmaýar. Sebäbi, süňňüň çynlakaýlyga ýugrulan. Käbir adamlar şygyr sungatyna gep oýnatma diýip, düşünýärler. Emma mem munuň düýbünden ylalaşmaýaryn. Şonuň üçinem, şygyr ýazmazdan öň, öz öňüňdäki borjuňa, näme bilen iş salyşýandygyňa oňat düşünmek gerek. Goşgy düzmek diýmek bir adamyň intim duýgularyny, içki oý – pikirlerini forma salmak diýmek däl. Seniň ýazan zadyň uly il üçin bolmaly. Okan adam ondan estetiki lezzet almaly, ondan birzatlar öwrenmeli. Eger şeýle bolmasa, ol goşgy däl. Goşgy diýen zat örän gözel bolmaly. Asla goşgy diýmekligiň özem goşuklygy (sazlaşyklygy) aňladýar. Ol düzgün dutaryň tarlary ýaly goşuk bolmaly, owazly bolmaly, adamlaryň kalbyny heýjana getirmeli. Elbetde, bu aýdylanlar bir adamyň pikiri däl. Munuň şeýledigini hemmeler ykrar edýär. Redaksiýa gelip gowşan goşgularyň köpüsi umumy häsiýetde. Aslynda umumylyk näme? Umumy diýilýän şygyrlar çeperçilik we mazmun tarapdan çeperçilik we mazmun tarapdan beýleki şygyrlardan hiç bir babatda tapawutlanmaýan goşgulardyr. Olarda originallyk kemterlik edýär. Beýle goşgular hiç bir adamy tolgundyryp bilmez. Sebäbi onda öwrenerlik hiç bir zat bolmaýar, gaýtam okyjynyň wagtyny alyp, badyny keç edýär. Men bu zatlary çeper döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlar üçin aýdýaryn. Men gazet sahypalarynda çykýan Italmaz Akmyradowyň, Artyk Bäşimowyň, Jumageldi Mülkiýewiň goşgularyny höwes bilen okaýaryn. Şeýle hem oňat goşgular ýazýan N.Sapbyýew, A.Jumahanow, S.Allagulyýewa dagy ýaly awtorlar bar. Ine, meniň öňümde redaksiýa gelen goşguly bukjalar. Bukjalar açylanda raýonymyzyň dürli ýerlerinde ýaşap zähmet çekýän, okaýan ýaşlaryň ýürek seslerini eşidýärsiň. Olaryň birnäçesi ilkinji goşgusyny redaksiýa ýollapdyr. Käbirleri bolsa, birnäçe wagtdan bäri redaksiýa bilen aragatnaşyk saklap gelýän ýaşlar. Okaýarsyň, oýlanýarsyň we ýaşlaryň poeziýanyň hakyky aşyklarydygyna begenýärsiň. Emma, aşyklyk bir başga, ýazmak bir başga. E.Muhammetgulyýewanyň “Gahrymana”, “Enäniň nalasy”, A.Gylyjowanyň “Obam”, M.Atanazarowanyň “Ýürek umydy”, M.Kulyýewanyň “Saňa”, R.Kulyýewiň atsyz goşgusy şol umumy diýilýän goşgulardan diýsem ýalňyşmasam gerek. G.Berdiýewanyň “Mekdep ýyllary”, J.Gulnazarowyň “Halkymyň” atly goşgulary bolsa entek goşgy derejesine ýetmändir. D.Murykowyň arakhor hakynda ýazan “Bihepbe”, O.Durdyýewanyň “Baharyň zer damjalary”, J.Ýunusowyň “Tapmaça”, M.Durdyýewanyň “Joramyň haty”, “Ýalta Jahan” atly şygyrlaryny okanyňda, bärden gaýtmalar bardygyna seretmezden, köpräk zähmet çekseler, basalykly oturyp işleseler, gelejekde oňat goşgular ýazmagy mümkin diýip umyt edýärsiň. Ýene iki awtor barada. Olaryň biri A.Sammyýew. Ol redaksiýa “Bagyň aýdymy”, “Meni alada goýan sowal”, “Älemgoşar”, “Şemal” diýen şygyrlary iberipdir. Şygyrlarda oňat zatlar aýdylýar. Emma, olaryň entek çeperçilik derejesi pes. O.Gurbandurdyýewanyň goşgulary barada hem şony aýtmak mümkin. Bu awtorlar ýürek bilen zähmet çekseler yhlasynyň hasyl bolaýmagy – da mümkin. Okyja çig-çarsy goşgy gerek däldigine ýaşlaryň özleri hem gowy düşünýärler. M.Durdyýewa özüniň “Goşgy hakynda” atly şygyrynda: — Goşgy öz-özünden döränok eken. Zähmet, yhlas gerek ýazyp-bozmaga — - diýip, dogry belleýär. Ýöne, ol hem ýeterlik däl.Onuň üstesine şahyrana talant hem gerek. Okyja talantly ýazylan şygyrlar gerek. Ýaşlar muňa oňat düşünip, redaksiýa oňat goşgular ýollar diýip, umyt edýäris. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. # “Täze durmuş” raýon gazeti, 29.08.1985 ýyl. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |