12:19 Omar Muhtar bilen General Grasiýanyň arasyndaky gürrüňler | |
Generalyň otagyna gojany salanlarynda ýüzünede seretmän kagyzlara gol çeken bolup şeýle diýýär:
Taryhy makalalar
- Sizi görmek üçin men köp garaşdym, indi siz maňa garaşyň- diýip, gol çekip bolup gojaň ýüzüne seredip doňup galýar. Omar Muhtary onuňam ilkinji görşüdi. Munuň ýaly gojadyr öýdüp pikirem edenokdy we sözüne şeýle dowam etdi: - Sizden bir zat soramak isleýän. Näme üçin şunuň ýaly uzak garşylyk görkezdiňiz. Şu garşylyk görkezşiňiz bilen bizi Liwiýadan kowarys diýip pikir etdiňizmi? Omar Muhtar: - Siz bilen söweşdik, bize şolam bolýar. General: - Ýöne ülkäňizde köp gyrgynçylygyň boljagyny göz öňüne tutmadyňmy? Omar Muhtar: - Ülkede gyrgynçylyk eden sizdiňiz. Eger siziň ýurduňyzy basyp aljak bolsalar näme ederdiňiz? General: - Garşylyk görkezmegiňiziň bize nähili täsir edenini bilýäňizmi? Gijeki çozuşlaryňyz, ýaraglary ogurlamagyňyz... Omar Muhtar: - Biziň topragymyzy basalaýaňyz. Liwiýa siziň watanyňyz däl. Bu ýerde siziň hiç hili hakyňyz ýok, bir garyş ýerde-de. Size şony düşündürmek üçin garşylyk görkezdim. General: - Italiýanyňam şu ýerde hemmeler ýaly haky bar. Angliýaň Müsürde haky bar, Fransiýanyň Tunisda we Alžirde, Ispaniýaňam Fasda haky bar. Italiýa bulardan tapawutlydyr. Biziň bu ýerde 100-lerçe ýyllyk hakymyz bar. Omar Muhtar: - Ýakynda hemme zadymy alarsyňyz. Ýene-de ogurlygyňyzy hakly görkezjek bolýaňyz. Hiç bir ýurduň beýleki bir ülkäni basyp almaga haky ýokdur. General: - Biz bu ýere diňe yzymyza döndük. Hiç kim bizi inkär etmez-diýip Grasiýany çekmesinden köne teňňäni çykaryp şeýle diýdi: - Şu teňňäniň ýüzündäki ýazgyny oka. Sezar döwründen galan. Liwiýada basdyrylypdyr. Omar Muhtar: - Grekleň, Osmanlyň teňňelerini hem tapyp bilersiňiz. Liwiýaň hemme ýerinde bar bular. Çölde guma gömülip galandyr. General Grasiýany şu ýerde gojaň öňräk ele salnan äýnegini berýär we 73 ýaşly goja oturmaga ýer görkezýär. Omar Muhtar aýnegi dakynyp teňňäni synlap şeýle diýýär: - Bu gün bize bu teňňäni görkezip ülkämi aljak bolmaň. Teňňäňizem şan-şöhradyňyz ýaly ebedi däldir. Emma men siziň geçmişiňize hormat goýýan we sizem biziňkä hormat goýmaly. Biziňem lukmançylykda, matimatikada we beýleki ylymlarda geçmişimiz bar. Siziň garaňky döwrüňiz ylymda biz dünýä ýol görkezdik General: - Seniň goşunuň boýun egmegi näçe gün alar? Omar Muhtar: - Biz asla boýun bolmarys. Ýa gazanarys ýa-da öleris. Bu iş bu ýerde tamamlanar diýip pikir etmäň. Bizden soňky nesilem söweşer, olardan soňkylaram. Özüm hakda aýtsam nesilimden uzak ýaşaryn. General: - Sizi asdyrsam men gahryman bolýan. Omar Muhtar: - Siz diňe Allahyň beren kararyny ýerine ýetirersiňiz. General: - Ýogsa-da zynjyr sizi birahat edýändir. Omar Muhtar: - Ýok meni Hakykat birahat edýär. General Grasiýany mundan soň Omar Muhtary öz tarabyna geçirmäge yrjak bolýar. Emma ölümiň gözüne göni seredýän goja garşy çykýar. Şeýlelik bilen 1931-nji ýylda Omar Muhtar italýan basybalyjylary tarapyndan asylyp öldürilýär. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |