07:09 "Ömür kyssasy" baýraga mynasyp | |
«ÖMÜR KYSSASY» BAÝRAGA MYNASYP
Edebi makalalar
Men mundan ozal ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri barada özümde galan täsirleri kagyza geçirip, gazete hödürlän adam däl. Ýazyjy-şahyrlarymyzyň hemme eserlerini sypdyrman okaýan diýsem öte geçdigim bolar. Ýöne olaryň birenteginiň ýazýan eserlerini yzygider okaýaryn. Olar maňa işde we durmuşda ýakyn goldaw berýär. Meniň hormat goýýan ýazyjylarymyň biri hem Allaýar Çüriýew. Onuň aýdyma öwrülen goşgulary oglan döwrümizden bäri biziň hemramyz. Altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda ilkinji gezek ýaňlanan «Gel, obamyň lälesi» aýdymynyň özi nämä degmeýär. Ondan bäri 25 ýyla golaý wagt geçipdir weli, ol aýdym biziň kalbymyzda ýaşamagyny dowam etdirýär. Meni bu gezek Allaýar Çüriýewiň goşgudyr aýdym döredijiligi däl-de, onuň taryhy-publisistikasy galama ýapyşmaga mejbur etdi. Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» («Türkmenistan» neşirýaty) kitabyny birdemde okap çykdym. Kitapda ýerleşdirilen oçerkleriň iki-ýekesi diýäýmeseň, tutuşlygyna diýen ýaly ol otuzynjy, kyrkynjy, ellinji ýyllarda adam hukuklarynyň we onuň mertebesiniň nädip basgylanyşy hakda hasratly söhbet açýar. Ýeri gelende aýtsak, Allaýar Çüriýew, meniň bilşime görä, türkmen edebiýatynda ilkinji bolup şol temany özüne ýörelge edinen ýazyjy. Dogrusyndan gelinse, hut Allaýar Çüriýewiň arhiwlerde oturyp, gerek bolsa ýekeje fakt üçin ülkämiziň iň bir çet etraplaryna gidip gelip, gözüniň köküni gyryp ýazan taryhy oçerkleri arkaly, ozal bize näbelli ykballar bilen golaýdan tanyşdyk. Şol nähak köýdürilen ykballar birimiziň atamyz, birimiziň agamyz. Birimiziň daýymyz bolsa, başga birimiziň perzendimizdi. Olar halkyň hakyky ogullarydy. Emma otuzynjy ýyllarda olar nähak töhmetiň pidasy bolup, «halk duşmanlaryna» öwrülipdiler. Ýarym asyrlap diýen ýaly olaryň köpüsi barada ne metbugatda, ne-de radiodyr telewideniýede açykdan-açyk ýazyldy. Setanda-seýranda ýazylaýsa-da, ol adam hakda «37-iň pidasy boldy» diýen jümleden aňry geçmeýärdi. Ol adamyň nähili süteme, zorluga sezewar edilişi, gören horluklary hakda ýazylman oňulýardy. Bu dymyşlygy ilki bilen Allaýar Çüriýew boldy. Biz «halk duşmanlaryna» öwrülen adamlaryň soňky gören jebir-jepalary hakda ilkinji gezek Allaýar Çüriýewiň taryhy-publisistik oçerklerinden okap bildik. (Elbetde, bu hakda onda-munda eşitsegem, metbugatda weli ýazylmaýardy ahyryn). Hatda birwagtlar aklanan Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow hakda-da şeýledi. Ýogsam, olar hakda romanlardyr çeper telefilm hem döredilipdi. Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasyny» okap, men çuňňur oýa batdym. Bigünä giden adamlaryň keç ykballaryna gynanjymyň çägi bolmady. Saý-sebäp bilen diri galan adamlaryň söhbetlerini okap, depe saçyň üýşýär. Olaryň hasratlaryny deň paýlaşasyň gelýär. Her şeýle ykbal hakynda ýazanda Allaýar Çüriýewe nähili agyr düşendigini göz öňüne getirip görýärin. Belki-de, munuň üçin zehinden daşgary, graždan batyrgaýlygy, edermenligi hem gerekdir. Allaýar Çüriýewde bolsa şolaryň jemlenendigine okyjy hökmünde guwanýaryn. Otuzynjy ýyllarda halk komissary bolup işlän Hajy Atabaýewiň (ýeri gelende aýtsak, H. Atabaýew ýigriminji ýyllaryň ortalarynda Amerika, Forduň zawodyna iberilen ilkinji türkmen. Muny biz owal Allaýar Çüriýewiň taryhy oçerkinden okap bilipdik – awt.) otuz ýedinji ýylyň oktýabrynda öýi dökülýär. Bu hakda onuň gyzy Ogulsoltan daýza kitapda şeýle gürrüň berýär: «Kakam gowy ýadyma düşenok. Ýöne onuň gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, bizi gujagyna basyp, herimiziň ýüzümizden ogşap durany ýadymda galypdyr. Biz ony şeýle ýagdaýda hiç haçan görmändik. Ýöne şondan salym geçip-geçmän bize ähli zat aýan boldy. Nätanyş adamlar öýümize döküldi. Gözümiziň alnynda öýüň içindäki ähli zady agdar-düňder etdiler. Soňam kakamyzy äkitdiler. Öýümizem şo durşuna gulplap, bizem köçä zyňdylar. Şeýdip dört dogan aglap-eňräp ýörkäk, geçse bir-bir ýarym aý geçendir-dä. «Sizi Gazagystana iberýäris» diýdiler. Alajyň näme? Aglaý-aglaý otla mündük». Soň olaryň gören görgüleri agyr. Heniz agy-garany saýgarmaýan çagalar «duşman» hökmünde tussaglykda saklanylýar. Ýa bolmasa, ýazyjy Hojanepes Çaryýewiň aýaly Abadan ejäniň gürrüňlerini alyp göreliň. Onuň otuz ýedinji ýylda gören görgüleri seni biparh goýmaýar: « – Wah, görülmedik görde diýleni-dä. Bir gözümden gan akýar, bir gözümden ýaş. «Seň haýryňdan geçäýmeli weli, çagajyklar bar-da» diýýärin, öz-özüme «Sopbaş bir özüm bolan bolsam, etmeli zady bilýän» diýýärin. Çagalar bolmasa, öz janyma kast etjek. Ynanyň şuňa...». Şahyr Oraz Täçnazarowyň aýaly Ýelizaweta Ýefimownanyň gürrüňini tolgunman okamak mümkin däl. O. Täçnazarowy ýygnanlaryndan soň ony türmä dykýarlar. Ol hem şol wagt göwreli eken. Hyryn-dykyn kamerada çagasy bolýar. Şol çaga soň türmede-de ýogalýar: «... Bir sapar menden ýowuz sorag edildi. Oglum üç aýlykdy. Onuň täk özüni kamerada goýdular. Meni soraga çagyrdylar. Şol wagşynyň familiýasy ýadyma düşenok. Agzyndan gelenini porsaýardy. Göwsümden süýt akýardy. Birnäçe sagatlap, burça dykylyp durdum. Çagamy emdirmelidim. «Ganjyk...» diýip, zalym üstüme düwleýärdi. Men oňa: «Siziň aýalyňyzam meň ýaly görgülidir-ä. Meň adamym bar. Ýöne siz ony elimden aldyňyz» diýdim. Şol wagt duşumdan gülle şuwlap geçdi. Çekgäm gyzyp gitdi...». Biziň bilip, tanap ýören Jemile Paltaýewamyz hem otuz ýediň ähli dowzahyny başdan geçiren eken. Beýlekileri bilemok welin, özüm-ä muny ýazyjy Allaýar Çüriýewiň ady agzalan kitabyndan bilip galdym. Kitapda onuň ýatlamasy şeýle beýan edilýär: « – 100-den gowrak aýal. 30 kwadrat metrden sähel ulurak jaýda bolmaly bolduk. Bu ýerde men partiýa we döwlet işgärleriniň aýallarynyň köpüsi bilen bile boldum. Halmyrat Sähetmyradowyň aýaly Anna Markowna göwrelidi. Ýaňy dünýä inen çagajyk türmede ýogaldy. Gurban Sähedowyň aýaly Katýa Çernuha. Onuňam çagasy türmede ýogaldy. Oraz Täçnazarowyň aýaly Ýelizaweta Ýefimowna. Çagasy türmede ýogaldy. Hajy Atabaýyň aýaly bilen uly gyzy. Döwlet Mämmedowyň aýal dogany Gözel... Sanasaň sanap oturmaly. Çynmy ýa ýalanmy, bilemok, Gurban Sähedow ýeke adamlyk kameradaka öz damaryny özi kesipdir diýip eşitdik...». Kitapda köp-köp ykballar bilen tanyşýarsyň: özüni türkmen topragynyň ogly saýan Nikolaý Paskuskiý, Anna Muhammedow, Batyr Ataýew, Oraz Täçnazarow, Georgiý Weselkow, Hajymyrat, Ata Nyýazow, Nury Hudaýberdiýew, Hojanepes Çaryýew, Monton Janmyradow, Anna Muhadow... Golaýda metbugatda Magtymguly adyndaky halkara baýragyna hödürlenen edebiýat we sungat eserleriniň spisogy çap edildi. Şonda Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy atly kitaby hem şol baýraga hödürlenipdir. Men muňa çäksiz begendim. Bu kitabyň şol abraýly baýraga mynasypdygy hakda men okyjy hökmünde ikirjiňlenmän aýdyp biljek. Taryhymyzyň «ak tegmillerini» doldurmakda ummasyz we sogap iş bitirýän ýazyjy Allaýar Çüriýewe müň kerem sag bolsun aýdýaryn. Orazguly ORAZGULYÝEW. «Ýaş kommunist» gazeti, 24.04.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||