06:04 Öñ aýdanlaryma goşmaça | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ÖŇ AÝDANLARYMA GOŞMAÇA Hudaýa müň şükür, bu döwre ýetdim, Gözümiň öňünde ýetişdiň gitdiň. Akyl bermäge-de ýok welin hetdim, Onda-da dyz epde diňle goç ogul. Ýük göterip bilýän gerdeniň bolsun, Diýeniň diňlensin, aýdanyň bolsun. Buýsanjyň mydama baýdagyň bolsun, Degmedige hergiz degme goç ogul. Öň sargapdym, bu gezegem sargaýan: Mert kişidir öz-özüni derňeýän. Teselli ber gabat gelse eňreýän, El serene bir zat emle goç ogul. Halal ojagyň bar arassa aňryň, Penasynda aman saklasyn taňrym. Mukaddes zat görseň et oňa tagzym, Öňetene başyň egme goç ogul. Azaşmawer azgynlara ulaşyp, Paýyňy gidirme bolsa üleşik, Galmajak bol ýarpy ýolda bulaşyp Bir başlan işiňi soňla goç ogul. Bähbidiňi ara, öz nebsiňi bil, Ýas ýerinde agla, toý ýerinde gül. Herki zatda öz kelläňe sala sal, Diňe şol oňlasa oňla goç ogul. Sabyrly bol, berenine şükür et, Ýöne welin öňe dyza, pikir et. Towussaň el ýetir, kowalasaň ýet Ornuň bolsun herne öňde goç ogul. Mundan öň men saňa diýerdim "Köşek" Bolsaň-da mylaýym, bolsaň-da ýumşak, Bu zabun dünýäde bolmawer gowşak, Ökünmeli bolma ömre goç ogul. Kiçi ogul! 12.02.97 ý. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |