21:38 Orazgeldi Ylýasowyň aýdan “Ak ýüzli maralymy” diňlän gojanyñ aýdany | |
ORAZGELDI YLÝASOWYÑ AÝDAN "AK ÝÜZLI MARALYMY" DIÑLÄN GOJANYÑ AÝDANY
Goşgular
![]() Elhepus, gördüňmi, ediberşini, Aýdymy gysyp hem gowrup barşyny. Sigan ady bilen sylanan oglan, Sen Ylahy bagşy bolup dogulan! Aýdym bolup munuň düşme eline, Ýumrup barýar, meňzäp dagyň siline. Sünnäläp, keşdeläp hem joşup aýdýar, Iň aşak perde hem bäriden gaýdýar. Nädip bu geň owaz sygdy gursaga, Eýgerdenok asla, dutar, gyjaga. Geňsi bir öwüşgin aýdyma çaýýar, Nagyş çekip, ondan çemen ýasaýar. Asyl, özüm aýdýana döndüm öýdýän, Bir galyp, çygjaryp, bir aşak gaýdýan. Heý, bolarmy diňleýäniň ga:ndymy, Beýle güýçli, diýseň süýji aýdymy. Jedel ýok, eý, gardaş, “maral-a” seňki, Yhlas baryn siňdiripsiň sen, çünki. 2015 ý. “Ahal durmuşy” gazeti, 10.08.2022 ý. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |