08:26 Osmanly döwleti meý-şeraby we konýagy bilenem tanalypdyr | |
OSMANLY DÖWLETI MEÝ-ŞERABY we KONÝAGY BILENEM TANALYPDYR
Taryhy makalalar
Osmanly döwrüniñ Stambulynda müñden gowrak meýhana bar eken. "Ajaýyp asyr" (“Muhteşem Yüzyıl”) teleserialynda Kanuny Soltan Süleýmanyñ şerap içýän epizodlaryna-da ýer berilmegi Osmanlyny dine güýçli üns beren döwletdir öýdýänleri geñ galdyrdy, muña nägilelik bildirenlerem köp boldy. Ýogsam bolmasa, Osmanlyda meý-şerap hiç haçanam ýaman görülmändir. Gaýtam köp içilipdir. Osmanly meý-şeraplary, konýaklary bilen meşhurdy... "Ajaýyp asyr" teleserialyndaky Kanunynyñ obrazy "Patyşany şeraphon we keýpi-sapanyñ ýesiri ýaly edip görkezip, ata-babalarymyza sylamazçylyk edýärler" jedelini döretdi. Bu boýunça edilen jedelleri ýerinde çözmek üçin ýene "ajaýyp asyryñ" öz edebiýatyna salgylansak gowy bolar... • Osmanlyda öndürilen konýaklar Parižde ýörite medala mynasyp bolupdy Osmanlynyñ muşdaklygyny edýän käbir toparlar şol döwri berk, diýdimzor, gadagançylygyñ güýçli bolan döwürleri hökmünd görkezmäge çytraşsa-da, hakykatlar beýle däl. Osmanly meý-şerap medeniýetiniñ baý bolan, her dürli içginiñ öndürilen we belli döwürlerde daşary ýurtlara satan jemhyýet bolupdyr. Meýhanalaryñ sany çakdanaşa köpelip we içginiñ ýörgünleşip başlamagy bilen aram-aram berk gadagançylyklar girizilip durlanam bolsa, kän wagt geçmänkä gowşap, ýene öñki ýagdaýyna gelipdir. Serialda jedeli edilen Kanuny soltanlygynyñ soñky ýyllarynda içgä berk gadagançylyklary girizipdir, ýöne Baky we Newi ýaly şahyrlaram mundan nägile bolup şygyrlar ýazypdyr. Patyşalar aç-açan içmedigem bolsa, käbirleri içgini juda gowy görüpdir we hemişe içip gezipdir. Soltan Selim II / Wikipediýa Selim II "Ajaýyp asyr" teleserialynda / Engin Öztürk Meselem Selim II-niñ bir lakamynyñ "Serhoş Selim" ("Alkaş Selim") bolmagy ýöne ýere däl, ol Kipriñ kehribar reñkli şeraplarynyñ ölemen aşygy eken. Fatih Soltan Mämmediñ Awny tahallusy bilen ýazan şygyrlarynda şeraby öwýän setirlere duş gelip bolýar. Şerap içýänleriñ we kalýan çekýänleriñ yzyna adam salan Myrat IV-niñ özüniñem şeraphon bolandygyny taryhy çeşmeler habar berýär. Mahmyt II hem ölemen şeraphon bolupdyr. Fransiýadan ady sebäpli "mineral suwdyr" öýdülsin diýip, çeleklerde “Carbonnieux” şerabyny getirden patyşanyñ ady näçe gynansak-da belli däl, ýöne Bordodaky mülküñ ýazgylarynda "Soltan üçin Konstantinopola gitmeli" ýazgysy bar.... Osmanlynyñ şerap medeniýeti çeper edebiýatyna-da täsirini ýetiripdir. 1838-nji ýylda aradan çykan we gubury "Galata" gonamçylygynda ýerleşen şahyr Aýyntaply (Antepli) Awny ependiniñ şu setirleri muña mysal bolup biler: - Gije-gündiz içip Erdek şeraby. - Ola Nukly mezem ördek kebaby. - Baryp sopy içer popyñ garasy. - Bolar meýhanada ýüzler garasy. - Sygyr dili, gowurma, guş kebaby, Söwüş bürýan birle nuş it şeraby. • Piwohanalara Wenadan otly bilen täze piwo getirilerdi Osmanly döwleti şeraby özüniñ esasy girdeji çeşmeleriniñ biri hasaplapdhr. "Hamr" diýlen şerabyñ getirilen her çeleginden 15 akçe (kümüş teññe) salgyt alnypdyr, "Hamr amanady" ady bilen salgyt gullugy-da açylypdyr. Şerap söwdasy şerabyñ nireden birä getirilip, nähili satyljakdygy hakdaky permanlar bilen düzgünleşdirilipdir. Şerap durmuşa özboluşly röwüş çaýypdyr, kämahal şahyrana setirleri, kämahalam miniatýuralary bezäpdir. "Läle döwründe" Nedim şahyr: “Doýamok küýzede, käsede synlap, Eý göwheri-şeffaf seniñ ammaryñ olsam" - diýen ýaly joşgunly setirleri ýazypdyr. Imperiýanyñ soñky ýyllary bolsa, aýratynam Stambulda içgi giñden ýaýrap, aç-açan içilýän döwür bolupdyr. Tradision meýhanalaryñ ýanyna "Pera Palas", "Tokatliýan" ýaly bäşýyldyzly otelleriñ ýewropalaşan restoranlary we otly bilen Wenadan täzeje piwonyñ gelýän kaşañ piwohanalary goşulypdyr. "Bomonti" piwo zawody gurlupdyr. Ýurduñ dürli ýerlerinde raki (türk aragy) öndürilipdir. "Boğaziçi", "Ruh", "Âlem", "Deñiz gyzy" ýaly rakiler biri-birleri bilen bäsleşipdir. Osmanly gazetlerinde şeraplaryñ bildirişleri çykmaga başlapdyr. "Martell" konýaklarynyñ bildirişleri Stambulyñ birnäçe ýerini bezäpdir. Erdekli Kotroni ependiniñ öndüren osmanly konýaklary bolsa Pariždenem ýörite medallara mynasyp bolupdyr. Meniñ bu aýdýanlarym "Ajaýyp asyr" teleserialynyñ döredijilik toparynyñ üstüne hüjüm eden gatlaklary gaharlandyryp biler... Emma bularyñ barsy anyk dokumentler bilen delilleşdirilen faktlardyr. Medeniýet ministrliginiñ öz neşirlerinde, käbiri osmanly arhiwlerinde, käbiri-de sagçy awtorlaryñ kitaplarynda... Käbirleri üçin (nämüçindir) boýun almak kyn hem bolsa... • Romçylaryñ garşysyna topalañ turzan meýhanaçylar Ýetmiş iki milletiñ üýşen ýeri bolan Osmanly Stambulynyñ port we söwda zonasy bolan Galata we Karaköý raýonlarynda rakidir şerap satýan meýhanaçylar bilen rom satýan “punççylaryñ” garpyşygy bolup geçipdir. Şol wagtlar "panç" diýip okalýan bu kokteýle halkyñ arasynda "punç", bu içgini satýanlara-da "punççy" diýlipdir. Şeýle ownuk içgiçileriñ sany barha artypdyr, hatda şeker satýan dükanlaram panç satmaga başlapdyr. 1850-nji ýylda söwdasy azalan meýhanaçylar sadrazama (baş wezire) arz edip: "On ýylda sany müñden aşan şeker we punççy dükanlary açyldy. Üstesine salgyt hem tölänoklar" diýýärler. Çaknyşygyñ ýeñijisi meýhanaçylar bolupdyr... • Osmanlyda meýhanalary kategoriýalara bölüpdirler Öwlüýä Çelebiniñ ýazmagyna görä XVII asyryñ ortalarynda Stambulda müñden gowrak meýhana bar eken. Şol meýhanalar wagtyñ geçmegi bilen häzirki wagtyñ meşhur restoranlary ýaly "markalaşyp": "Hanjarly", "Garagöz", "Ormanos", "Görogly", "Sakyzly", "Karanfil", "Sünbülli" ýaly her dürli atlar bilen tanalypdyr. Häzir spirtli içgiler satylan ýerler bistro, pub, bar, kafe, restoran ýaly atlara bölünýän bolsa, Osmanlydaky meýhanalaram öz aralarynda kategoriýalara bölünipdir: - "Gädikli" hem diýilýän oturgyçly meýhanalar hemmeleriñ baryp, tirsegini bir tezgähe diräp içgi içip biljek ýeri bolupdyr. - "Selatin" meýhanalar bolsa salyhatly adamlar toparynyñ barýan ýeri bolupdyr. - "Küpli" meýhanalarda bolsa, uly küplerden (hum küýzelerden) maşrapalara (kürüşgelere) guýlup berlipdir. • Ýewropadaky üzümçilikler keselländen soñ Osmanly Fransiýa şerap satypdyr Wagtal-wagtal girizilen berk gadagançylykly döwürler bolaýmasa, umuman hoşniýetli düzgün-tertibi ýola goýan Osmanly imperiýasy musulman däl üzümçilik bilen meşgullanmagyna we şerap öndürmegine sesini çykarmandyr, gaýtam şeraplara salgyt salyp, bu önümi kanunylaşdyrypdyr. Şerabyñ görnüşleri-de juda köpdürli bolupdyr. Stambul meýhanalarynda şeraplaryñ gelen ýeri çelekleriñ ýüzüne mel bilen ýazylypdyr. "Maña krit şerabyny bersene" diýen müşderä, meýhanaçy "Üstünden näçe ýyl geçeni bolsun" diýip sorapdyr. Olaryñ arasynda Ankara, Erdek, Gelibolu, Krit, Kipr, Sisam, Marmara adasy, Tokat, Trabzon şeraplary örän meşhur bolupdyr. XIX asyrda transport mümkinçiliginiñ gowulanyp başlamagy bilen osmanly şeraplary dünýäde-de tanalyp başlapdyr. Asyryñ ahyrlarynda filloksera keseli Ýewropanyñ üzüm baglaryny gyran-jyran edensoñ, Fransiýa ýaly birnäçe ýewropa ýurdy şeraby Osmanlydan satyn alypdyr. 1904-nji ýylda imperiýanyñ şerap satuwy tegelek 340 million litre ýetipdir! • Erenköyiñ gara üzümi... Şol ýyllarda günbatarlylaşma meýilleriniñ güýçlenmegi bilen sany artan Osmanlydaky kese ýerliler üzüm ösdürip ýetişsirme işlerine girişipdir. Meşhur fransuz ýazyjysy Lamaryiniñ 1839-njy ýylda Fransiýadan getiren üzüm çybyklary bilen Egeýde ýetişdiren uly plantasiýalaryndan ýarym asyr gevenden soñ Stambulda, aýratynam Erenköýde meýdany 700 gektar bolan "Cabernet Sauvignon" (каберне́-совиньо́н - gara üzümiñ bir sorty) üzümçiliginiñ düýbi tutulypdyr. Şol ýyllarda Erenköý kabernesiniñ bir çelegi 150-160 franka müşderisini tapýan eken. Şeýle-de Erenköýde ýene bir nemes uç-gyraksyz "Riesling" üzümçiligini ösdürip ýetişdiripdir. Şol wagtlar diñe Marmara we Trakýa sebitleri däl, Egeý sebiti-de şerap öndürmekde örän işjeñ ýer eken. Häzir iñ uly eksport önümlerimizden bolan çigitsiz kişmişlerimiziñ alynýan Egeýiñ "soltaniýe" üzüminiñ baglary şol döwür şeraplyk üzým ýetişdirýän baglar eken we Egeý sebiti häzirkisi ýaly bäş-üç teññä üzüm satmagyñ ýerine şol ýyllarda Ýewropa şerap satypdyr. Diñe 1901-nji ýylda satylan şerabyñ mukdary 6.5 million litre barabar bolupdyr. Mehmet ÝALÇYN. "Milliyet" gazeti, 16.01.2011 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |