OTUZ ÝAŞDA ÝAZYLAN GOŞGY
"Kim aýdypdyr pany diýip barlyga,
Ýaşanyña juda degýär bu dünýä".
Gurbannazar Ezizow.
Ýaşanyña juda degýän dünýäde,
Sepdim ömrüñ otuz sany dänesin.
(Näçesi galdyka, belli däl maña,
Goý, was-waslar galan ömrün sanasyn).
Arzuwlarym öwrülende ak ýagşa,
Jahyllygym elden çekdi, ýüwürdim.
Alkymyny Aý sypalan gyzlaryñ,
Mar seý saçlaryny goşga öwürdim.
Dostsuz üçin dünýä bolanok bitin,
Atamyñ barynda gazandym dosty.
Gyzlañ ýañagy deý elwan şeraby
Içdim, kä göterip göçgünli tosty.
Näkesleri ýigrenmegi öwrendim,
Ýagşylary söýdüm söýen şekilli.
Kimler üçin samsyk boldum dünýäde,
Kimler üçin tapylgysyz akylly.
Öz injiklerime daýanyp hergiz,
Durmuşyñ ýolundan haýdadym öñe.
Kimler maña söýgi bilen bakdylar,
Kimiñ gözi ýandy ýigrençden ýaña.
Lebzimde durmagy edindim kadaN
Wepala sataşdym hem wepasyza.
Hiç güýjüñ öñünde dyza çökmedim,
Watanyñ öñünde çöksem-de dyza.
Ynam ykbalymyñ baky diregi,
Her bir zada ynam bilen garadym.
Gyzlañ namysyny goraýşy ýaly,
Ynsabymy tegmillerden goradym.
Galan ömrümi-de ynha şulary
gaýtalap biläýsem bolaryn hoşal.
...Dünýäñ bakydygna düşünýär şeýdip,
Dünýäde bolmanda bir otuz ýaşan.
* * *
Özümi hiç kimden tutmadym belent,
Özümi özgeden pesem tutmadym.
Käte asgyn wagtym ýeñiji boldum,
Utmaly wagtymda käte utmadym.
Ýagşylyk edene ýagşylygyny
Bolupdy gaýtaryp bilmedik wagtym.
Yhlas bilen gözläp barýarkam bagty,
Duşundan geçibem gidipdiñ bagtyñ.
Bilmedim söýeniñ arzy-gadyryn,
Söýmäniñ yzynda boldum men saýyl.
Ýersiz ýere ýakdym käte janymy,
Garpyşmaly ýerde bolman men taýyn.
Ýylgyryp bakmadym kişä ýalandan,
Çyndan gaharlanyp bagrymy ezdim.
Kimsäniñ köpügin dözmän zadyna,
Gözsüz batyr bolup, kalbymy dözdüm.
Tebigy durkumy saklajak boldum,
Herne kyn günümde, ýagşy günümde.
Keşbimi üýtgedip bilmerin hergiz,
Ynsap aýnasyny goýup öñümde.
Aşyrguly BAÝRYÝEW.
Goşgular