05:34 Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! | |
OWNAMAŇ ADAMLAR, MERT BOLUP ÝAŞAŇ!
Goşgular
Durmuş agyr bolsa, akdyrmaň ýaşy, Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Bahar geler ötürseň aňzak gyşy, Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Hökümi zor bolsa, çözüler buýruk, Bähbidi bar diýip, bolmagyn guýruk, Wyždanyň päk sakla, bolmasyn çüýrük, Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Zähmeti halal bor, derden geçenler, Niýeti kemal bor, şerden geçenler, Kaýda namys üçin serden geçenler? Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Götermäň sarpasyn serpaý-halatlyň, Itermäň sarpasyn bir paý guratlyň, Çalyşmasyn orny köýnek-balaklyň, Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Garyp dogulsaň, baý bolup ötse bor, Halallyk bilen arabaň itse bor, Sogapda ýaryş! Jennete gitse bor, Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Lukma bolmaz hiç, minnetli azykdan, Akar bolmaz hapa akan arykdan, Şükür ediň maňlaýdaky ýazykdan, Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Geljek bilinmez, el berme gurbata, Ölçer ilki, höküm sürme haýbata, Erkekmiň-erkek. Ýanaşma gybata, Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Maksat tutup myradyňa ýetmeli, Başarsaň Hak parzyn berjaý etmeli, Baky däldir hiç kim, bir gün gitmeli, Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Ylham GURBANALYÝEW. 2021. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||