ÖÝ
Toý-meýlisem edilenok,
Çilim dagam çekilenok,
Çekseñem çekmeli eýwana çykyp.
Myhman gelse, gülüp garşy alnanok,
Gapyny açýarlar ýüz-gözün çytyp.
Gymmatbaha zatdan doly içeri,
Ellemek bolanok,
Görmek bolanok.
Şeýle bir parahat bu öýüñ içi,
Işiñ çykaýsa-da,
barmak bolanok.
Kitaplar dur açylman,
Okalman,
idelmän tekjede durlar.
Ellense,
okalsa, köneljek olar.
Okamak hökman däl,
Otaga görk berip dursalar bolar...
Ýatmak üçin ýaradylan diwanyñ
Üstüniñ örtüsin serpmek bolanok.
Bu öýe bir özüñ barmak bolanok,
Ýanyñ bilen adam eltmek bolanok.
Oturgyç dur oturdylman,
Haly dur orta ýazylman.
Çyralaryñ diñe biri ýanyp dur.
Galany dur ýakylman,
Gazany dur saralman,
Çemçeler dur lowurdaşyp.
Bu öýdäki bäş adam
Bu öýe garawul gezek-gezegne.
Bu öýe hiç kime garaşylmaýar,
Garaşylýar bir-biregiñ gelerne,
Ýa-da aýlyk,
ýa-da baýlyk gelerne!
Tötänleýin jyññyrdaýsa telefon:
"Kakam ýok,
Ejem ýok!.." diýýär çagalar.
...Dogrudanam,
bu dünýäde ýok olar.
Atamyrat ATABAÝEW.
Goşgular