11:16 Öz-özüme berlen sowallar | |
ÖZ-ÖZÜME BERLEN SOWALLAR
Oýlanmalar
(Zenan gündeliginden) Onuñ gowy adamdygy hakda kän eşitdim, emma özi bilen bir gezegem sataşmandym. Ýok, aslynda ony uzakdan-ýakyndan synlama kemi galan däldir. Bile bir edarada işleýäris herhalda. Özüni märekeden gaçarak tutýan ýaly, şol bir wagtda köpçülige goşulasy gelýän ýaly görünýän bu adam hakda oýlanyp ýören wagtym çözülmesi çetin bir mesele ýüz berdi. Hukuk-kanun bilen bagly. Kime ýüz tutmaly, kimden ýardam soramaly?! Men-ä ugrumy ýitirdim. Öñ beýle bolanokdy. Başagaý bolup ýörkäm, köne joram sataşaýmazmy, ýagdaýymy ýüzümden añyp, derrew hemme zady jikme-jik öwrenjek boldy. Menem baryny aýtdym. Joram biraz oýlanyp durdy-da, iş ýeriñizde saña kömek edip biljek biri bar diýdi. Ynha, men şol gowy adamyñ ýanynda, men onuñ garşysynda. Derdimi aýdýan. Ol meni üns bilen diñläp, oýa batýar. Aram-aram mähirli garaýşy bilen meñ ýüzüme seredip alýar. Başga wagt bolsa, onuñ beýle seredişinden näme menden hantama bolýamyka diýip garapikir ederdim. Yöne häzir derdim özüme ýetikdi. Ol meseläniñ çözgüdi bilen bagly söze başlanda, men oña golaý süýşmeli boldum. Sebäbi pessaý gepleýärdi. Bilgeşleýin edýän ýaly. Ondan arzan, yöne ýakymly bir atyryñ ysy gelýärdi. Kakamyñ sakgalyny alandan soñ ýüzüne goşawuçlap sepýän odekolony ýaly täsin. Onuñ sözlerini diñläp, meselämiñ eýýäm çözülenini añdym. Özüñ günakär bolmasañ, Kanunam senlik bolsa, nähili gowy. Meñ maslahatçymyñ eşiklerinden gelýän atyr ysyna başym humar, ýeñiljek serhoş ýaly bolup oturşyma, ahyr oña tañryýalkasynam aýtman çykyp gaýdypdyryn. Kanun bilen bagly meseläm çözüldi. Gülala güllük. Yöne ol adam tizara biziñ işden başga işe geçirildi. Meñ ýadymda arzan ýöne örän ýakymly ysy bilen galan gowy adam. Juda seýrek şeyle arzan atyr sepinýän adamlar deñimden geçip gidenlerinde aýaklarym kişenlenen ýaly durup galýan. Kalbymda, içimde bir zatlar bulam-bujar bolýar. Bu näme duýgumy, mähirmi, küýsegmi?! Sylapberdi MUHAMOW. 28.07.2023. Moskwa. | |
|