20:32 Öz-özümize hüjüm etmäliñ | |
ÖZ-ÖZÜMIZE HÜJÜM ETMÄLIÑ
Edebi makalalar
Soňky günlerde seljuklaryň türkmenlere eden ýamanlygy, Soltan Sanjaryň owadan oglanlary göwy görüp, olar üçin hiç zadyny gaýgyrmandygy hakynda makala çap edildi. Men makalamyň başynda aýdaýyn. Agzalan makalalarda beýan edilen wakalar düýbünden bolmady diýjek bolamok. Emma seljuklaryň türkmenlere eden zyýany hem Soltan Sanjaryň owadan oglanlary gowy görşi hakyndaky maglumatlar gaty çişirilen. Soltan Sanjar hakyndaky makalada onuň bir “gulamyna” otuz müň nöker beripdir” ýa bolmasa “özüniňkä barabar köşk salmagy buýrupdyr” diýilýäni diňe bir ýalan däl, göz öňüňe getirip bolmajak toslama. Awtoryň ony haýsydyr bir "çeşmede” bardygyny subut etjek bolmagy ýalňyş. Bize akyl hemme ýazylan zatlara ynanmak üçin däl-de, ýazylan zatlary deňeşdirip öwrenmek, seljermek üçin berlipdir. Seljuklaryň türkmenlere eden ýamanlygy hakyndaky makalanyň sözbaşyndan başlap, içi ýalan çişirmeden ybarat. Seljuklaryň özi oguz-türkmenleri. Olaryň ýalňyşy bolandyr. Ýöne olar Masut Gaznawynyň goşunyny derbi-dagyn edip, taryhda döwrüniň iň güýçli seljuklar şalygyny döretdiler. Olaryň pars dilini döwlet hem edebi dili hökmünde kabul etmegi taryhy mejburylykdy, sebäbi şol wagtlar oguz-türki, türkmen dili heniz ýüzlerçe ýyl bäri döwlet hem edebi dil hökmünde ulanylanokdy, gynansagam, şol zamanlar ene dilimzde döwleti ýöretmegiň döredijilik etmegiň tejribesi ýokdy. Seljuklar döwlet dilini birden pars dilinden türki diline geçirseň, nähili uly betbagtçylygyň boljakdygyna akyl ýetiripdirler. Şol sebäpli seljuklar birbada pars dilini döwlet hem edebi dil hökmünde kabul edip, soňra tutuş şalygy ýuwaş-ýuwaşdan türküleşdiripdirler. Bu taryhy fakty gündogarşynas alymlar biragyzdan tassyk edýärler. Seljuklaryň kemçiligi bolandyr. Emma meseläni olaryň türkmenlere eden ýamanlygy diýip goýmak nädogry, sebäbi olaryň özi türkmen. Akylyndan azaşmadyk hiç bir halk, hiç bir adamam öz-özüne ýamanlyk edenok. Seljuk soltanlarynyň uly kemçiligi bolup, Soltan Sanjar töweregine ýaranjaňlary jemläp, hakykatdan üzňeleşendigi üçin seljuk şalygy 1157-nji ýylda Soltan Sanjaryň ölmegi bilen ýykylypdyr. Ýöne seljuk soltanlygy döwrüniň iň uly şalygy bolup, dünýä medeniýetiniň, sungatynyň edebiýatynyň ösmegine çäksiz goşant edipdirler. Gündogarşynas alym Ý.E.Bertels: “Pars edebiýatynyň kämil edebiýat bolmagy üçin seljuklaryň hiç kimiňkiden pes bolmadyk goşandy bar. Seljuklaryň pars edebiýatyny kämilleşdirmek üçin goşandyny bilmezden, bu edebiýaty dogruçyl öwrenmek mümkin däl. Şonuň bilen birlikde seljuklar hökümdarlyk edýän şalygynda kem-kemden türküleşmek prosesini amala aşyrypdyrlar” diýip ýazypdyr. Seljuklary dünýä, aýratynam gündogar edebiýatynyň pajarlap ösmegine çäksiz goşant goşupdyrlar. Gündogarda üç sany pygamber şahyr diýen düşünje bar. Ol sanawa Gündogaryň iň güýçli üç şahyry girizilýär. Gündogarşynas alymlaryň hemmesi seljuklaryň köşk şahyry Enweriniň Gündogardaky üç pyamber şahyryň biridigini biragyzdan ykrar edýärler. Gündogarşynas alymlaryň üçden ikisi Gündogardaky üç pygamber şahyryň ikinjisiniň Muizzidigini ykrar edýärler. (Gündogarda Enweriniň üç pygamber şahyryň biridigi ykrar edilýär. Bu sanaw Enweri, Muizzi, Sagdy ýa Rudaky Enweri Jamy ýa Enweri, Muizzi, Rudaky ýaly düzülýär. D.Ý.). Gündogaryň üç pygamber şahyrynyň tas ikisini beren Seljuk türkmen döwletiniň kemçiliginiň bolandygyna garamazdan, bu türkmen şalygynyň kemçilikleri barada çişirilen internetdäki ýazylan zatlary gaýtalap ýörmän, hakyky taryhymyza göz ýetirjek bolmaly. Ýok, men öwmeli diýjek bolamok. Ýöne çen-çakly ýazylan zatlary esas edinip, makala ýazmakdan saklanmalydygymyz welin hökmany. * * * Halk tarapyndan şahyrlygy bireýýäm ykrar edilen halypamyz Allaýar Çüriýewiň 8-nji awgustda “Agta han” diýen şygry çap edildi. Bu gowy şygyr, ýöne şol şygryň bir ýerinde: Zalymlykda pes däldiň sen Nedirden, Çingiz handan, Napoleondan, Gitlerden... Bu nähili deňeşdirme. Şol ady agzalanlaryň hiç haýsam Gitler bilen deňeşdirer ýaly däl. Onda-da, Nedir şany Gitler bilen deňemek taryha töhmet atmakdan başga zat däl. Nedir şa türkmenlere daýanypdyr. Ol türkmenleri dokuz ýyl salgytdan boşadypdyr. Ol türkmenler üçin şalygynyň paýtagtyny Maşada geçiripdir. Nedir şa Eýrany-Turany birleşdirip bilen iň soňky beýik patyşa. Asuda döwletde ýaşamagyň hözirini Döwletmämmet Azady, Magtymguly ýaly beýik söz ussatlarymyz Nedir şanyň döreden şalygynyň üsti bilen öwrenipdirler, bilipdirler. Mir Gulam Muhammet Gubaryň ýazmagyna görä, Nedir şa 1738-nji ýylda Kandagary basyp alanda, zyndanda oturan adamlary boşadýar. Zyndandan boşanlaryň arasynda on alty ýaşly Ahmet, Nedir şanyň ynamdar nökeri abiwertli (Häzirki Kaka) Ýüzbaşy hanyň hossarlygynda Nedir şa esgerlikden gulluk edip başlapdyr. Düýnki zyndanda oturan Ahmet düşbüligi hem harby zehini bilen üç ýylda müňbaşy bolmagy başarypdyr. Ol Nedir şanyň gullugynda bäş-alty ýyldan has uly derejelere ýetýär. Soňra Ahmet şa bolup, Owgan döwletini esaslandyrýar. Ahmet şa Dürrana türkmen Hasan Ýüzbaşy begi kepil geçendigi üçin, ony Nedir gulluga alyp, beýik derejelere ýetipdir. Nedir duşmanyna ýowuz, dostuna talapkär, ýöne türkmene rehimdar bolup, Eýran-Turany birleşdirip bildi. Özem Nedir şanyň esasy daýanjy türkmenler boldy. Öňki sowetleriň ýalan propagandasyndan el çekip, hakykaty görjek bolalyň. Nedir şanyň Gitler ýaly päliýaman bilen bir taryhy sanawda bolmajakdygy taryhdan çala başy çykýan adam üçin düşnüklidir. Asla “Agta han” diýilýäni hem Gitler bilen bir sanawda goýmak gödek taryhy ýalňyşlyk. Häzir bize mälim bolan Magtymgulynyň 725 töweregi şygry bolup, 16 müň setire-de ýetenok. Emma geçen asyryň başynda şahyryň "Külliýatynyň" bolup, azyndan on müň (200 müň setirden az bolmadyk. D.Ý.) şygrynyň (ýa şoňa barabar eserleriniň bolandygy bellidir. D.Ý.) bolandygy bellidir. Häzir biziň elimizde Magtymgulynyň bar bolan şygyrlarynyň 7-8% biziň elimizde. Magtymgulynyň bar bolan şygyrlarynyň bir böleginiň hem onuňky däldigini sözleri gülkünç ýagdaýda kesä çekmek netijesinde, haýsydyr bir Magtymgulynyň kimdigini bilmeýän awtoryň çen-çaklary esasynda inkär edýäris. Ol çen-çaklar barada öň ýazdym, şonuñ üçin gaýtalap oturmaýyn. Hatda “Bolgusyz bilimler” diýip, makala ýazyp, mugallymlaryň hiç zat “öwretmeýändigini subut etjek” bolýarys. Dünýä tejribesinde orta mekdep 12, hatda 14 ýyllyk. Eger mugallymlar hiç zat öwretmeýän bolsalar dünýä ýurtlarynda uly çykdajy edip, orta mekdebiň okuw möhletini 12-14 ýyl etmezdiler. Mekdebi ýüz ýyl edeniňde hem, hiç kim gelip, kelläňi açyp, bilim guýmaz. Ýöne mekdep bilimi adamyň ömürlik aň-düşünjesiniň gönezligidir. Şonuň üçin orta mekdebiň ýylynyň uzaldylmagyny gutlamak gerek. Biz orta mekdebi dokuz, ýokary okuw mekdebini dört ýyl edip, onuň iki ýylynam praktikada geçirmeli diýip, öz-özümizi aldadyk. Adam praktikada işlemek üçin teýoriýa bilimini almasa, praktikada öz-özünden öwrenip bilmez. Şonuň üçin “Bolgusyz bilimler” diýen ýaly ýalan pelsepeden el çekeliň. Iň esasy zat, öz taryhy geçmişimize hüjüm etmäliň. Biziň pederlerimiziň kemçiligi bolandyr. Pederlerimiz taryhda uly kynçylyklara döz gelip, ata mekanynda tas 800 ýyla golaý öz döwletimizi döredip bilmedik. Emma peder paýhasy ýowuz taryhda halk hökmünde ýitip gitmegimize ýol bermedi. Gaýtam, dünýä edebiýatyna Orta Aziýada ilikinji milli şahyr Magtymgulyny beýik akyldar şahyr edip orta çykardy. SSSR-iň ýüzlerçe halkynyň içinde kiçi halklaryň biri bolandygyna garamazdan, Gaýgysyz Atabaýew ýaly hökümet ýolbaşçysynyň pähim-paýhasy bilen Türkmenistan Respublikasynyň döredilip, 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyz bolmagy biziň dana halkymtyzyň kemçiliginiň bolandygyna seretmezden, halkymyzyň taryhda dogry ýoly saýlap alandygyny görkezýär. Şol sebäpli öz taryhymyza, edebiýatymyza hüjüm etmegimizi goýalyň adamlar. Asla her kim kellesine gelen, çen-çakly pikirleri ýazyp ýörmän, bilýän temasy barada söhbet etse nähili gowy bolardy... P.S. Hemme adam ata watanynda ýaşap işlänok. Jahan Pollyýewa ildeşimizem şolaryň biri. Ýöne ata watanda ýaşamadyk, işlemedik adamlar göni peýda getirmän biler. Emma islendik halkyň wekili başga bir ýurtda halal zähmet çekse, şol ýurtda öz halkynyň mertebesiniň belent bolmagyna uly goşant edip bilýär. Mysal, Jahan Pollyýewa ildeşimiz bilen meniň şahsy tanyşlygym ýok. Emma Orseýetde Jahan Pollyýewany sylaýarlar. Ol agzalan ýurtda türkmen halkyna abraý getirýär, emma ysnat getirenok. Şunyň özi uly zat. Ýöne siziň Jahan Pollyly mysalyňyz ýerine düşmändir. Sebäbi türkmenler Nedir şanyň raýaty boldular, oňa gulluk etdiler. Nedir şada hem kemçilik bolandyr, emma şu günki günem ýaşuly neslimiz Nedir şa barada ýaman gürrüň edenok. Onuň zalymlygy hakynda çişirilen maglumatlar sowet propogandasy. Şuňa düşünmeseňiz, men-ä näme diýjegimi bilemok. Diýmek, her kim öz düşünjesine laýyk netije çykarýar. Ol geňem däl. Ýöne gaýrat ediň, makalany doly okap teswiriň ýazaweriň. Siziň teswiriňizde beren sowalyňyzyň jogaby meniň makalamyň içinde bar ahyry. Döwlemyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|