10:43 Özüme öwüt | |
ÖZÜME ÖWÜT
Goşgular
Her "jöw-jöwlän" güjüjege Daş atyp ýörmerin men. Goý, jabjynyp üýrse üýrsün, Ähmiýet bermerin men. Güjük güjükligin eder, "Jöw-jöwläp" üýrer-de gider. Eger köpek üýrse welin, Şondan heder etmek gerek. ■ GRIP WE GÖRIP Işe barýarka görip, Sataşdy oñ grip. Başlady ol dessine Asgyryp hem üsgürip. Göterilip gyzgyny, Boldy haly gözgyny. Gaýtmady ol yzyna, Diýdi özi-özüne: - Grip ýoluganyny Işe baryp aýdaýyn. Halamaýan adamma Ýokaşdyryp gaýdaýyn! - Iş ýerine baransoñ, Asgyrdy ol: "Äpişä!" Şeýdip görip Gribin Ýokaşdyrdy köp kişä. Hezil edinip grip, Diýdi: - Ýaşasyn, görip! ■ HER KIM ÖZÜÇE... Eşik dannap ýörenok, Tapanjasyny geýýär. "Egnim bitinmi bitin Şol maña besdir!" diýýär. Nahar dannap duranok, Rysga çykanyn iýýär. "Garnym aç dälmi, aç däl, Şol maña besdir!" diýýär. Obanyñ gyzlarynyñ Görmeksizjesin söýýär. "Bu görgülem kimedir Çykmaly ahyr!" diýýär. Işe ilden ir başlap, Iliñ soñundan goýýar. Kim oña: "Sada ýigit!", Kimem "Kemakyl!" diýýär. * * * Bie erkegiñ göwnün awlap bilmejek aýala, Gülse, gülüp, aglasa, aglap bilmejek aýala, Pikrini gözlerinden añlap bilmejek aýala, Aýal diýmäñler! Bir aýalyñ göwnüni tapyp bilmejek erkege, Lebi däl, ýüreginden öpüp bilmejek erkege, Pikrini gözlerine bakyp bilmejek erkege, Erkek diýmäñler! ■ HOWA MAGLUMATY Diñläñ, ynha, ertir üçin Anyk howa maglumaty: Gün çykmasa, yssy bolmaz, Çyksa, yssa bolar gaty. Belki, biraz bulut gelip, Ýagyş ýagar aram-aram. Tebigatda oýun kändir, Ýagaýmagy mümkin garam! Belki, dymyk howa bolar, Belki, howa bolar ýelli. Aý garaz, şu diýlenlerden Biriniñ boljag-a belli! ■ AŞPEZ Aşpez ýigit bardy Ýuwaş - ýer ýaly. Nahar taýynlardy Iýer ýaly. Şeýlebir hordy ol, Durşuna burun. Kem-kemden Kem-kemden Edindi garyn. Bir gün bolsa Gowy häsiýetini, Hakyt gowurşy deý Towuk etini, Gowurdy-da, Hezil edinip iýdi. "Men indi ol öñki Aşpez däl!" diýdi. Indi oña ýuwaş Diýer ýaly däl. Naharlaryny-da Iýer ýaly däl! ■ EÝ, TOBA! Gördüm, gördüm, gara şaýa, Gazyny satany gördüm! Dökün berip, ýoýa-ýoýa, "Duzuny" satany gördüm! Hannaslanyp toýdan-toýa, Sazyny satany gördüm! Perzendin bagryndan önen - Gyzyny satany gördüm! Aýaldan haryda dönen - Özüni satany gördüm! Jygyllyk bazarynda Ne gözel şaý-sepleri, Türkmeniñ geçmişini - Yzyny satany gördüm! Şu söwdalañ añyrsynda Ownadyp-uşadylyp, Satylan Watany gördüm! Hemra ŞIROW. | |
|
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |