12:08 Päk söýgüniň we bagtly durmuşyň buşlukçysy | |
PÄK SÖÝGÜNIÑ WE BAGTLY DURMUŞYÑ BUŞLUKÇYSY
Publisistika
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, şahyr Myrat Ömüriň ýagty ýadygärligine. “Pylankesim” ýok meniň, Meň arkamda Taňrym bar. Ýamanlyga—ýagşylyk, Ýagşylara tagzym bar. (Myrat Ömüriň “Özüme” goşgusyndan.) 2012-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi, görnükli hytaý ýazyjysy Mo Ýanyň, Şwesiýanyň Patyşasynyň Ylymlar Akademiýasynyň beýik münberine çykyp okan nobel leksiýasynyň içinden eriş-agaç bolup öz ejesiniň keşbi geçýär. Ol ýazyjy özüniň şu günlere ýetmeginiň esasy sebäpkäriniň öz söýgüli käbesidigini öwran–öwran gaýtalaýar. Iň gyzykly ýerem: ol indiden beýlägem diňe öz durmuşy barada gürrüň bejegini aýdýar. Isle hytaý bol, isle türkmen bol, isle rus bol, biziň hemmämiz, beyik halkymyzy, ata Watanymyzy ilki bilen enemiziň süýdini emip, onuň hüwdilerini diňläp, söýüp başlaýarys. Meşhur şahyr Kerim Gurbannepesowyň “Tamdyr eneň bolsa, tamdyra ataňdyr” aýdyşy ýaly, enemiziň süýdüni emip gananymyzdan soň, biz hemmemiz ýene käbämiziň mele myssyk nanyny iýip ulaldyk. Enemiziň hüwdüsinden soň, ata-babalarymyzyň dutarynyň owazyny kalbymyza siňditip,watansöýüji—patriot bolup ýetişdik. Eneler bir-birinden boýy-syraty bilen tapawutlanýan bolaýmasalar, hatda olaryň ýüz keşpleri hem bir-birine meňzeş ýaly—mähirli ýüzlerinden elmydama nur ýagyp durandyr. Meniň ýadyma düşýär: 1968-nji ýylda obamyza ilkinji telewizor gelipdi. Oňa seretmek üçin agşamara köçäň oglanlary bilen gijäň ýaryna çenli kesekiň öýünde oturardyk, arasynda uklap-turýanymyz hem bardy. Çaga halky örän duýgur bolýar, eger dostumyzyň ejesi bir gezek ýüzüni çytan bolsady, onda biz ol öýe ikinji gezek barmaga çekinerdik. Hemme eneler birmeňzeş bolýarlar. “Gara öý görsem, bili kendir guşakly Ejem jany ýatlaýan” diýip Myrat aga “Gara öý” goşgusynda käbesini ýada salýar. Şahyr şygyrlarynyň ençemesinde ejesine bolan mährini, söýgüsini öwran-öwran gaýtalaýar. Ýyllar boýy käbesiniň mährine ýugrulan şahyryň kalby ömrüniň ahyryna çenli diňe söýgi aýdymyny aýdyp geçdi. Şahyr “Mähribanym küýseýän” goşgusyny Daşkent şaherinde, kämilleşdiriş okuwynda okap ýörkä ejesini göresi gelip ýazandygyny gürrüň berip otyrka, gözlerinden ýaş akyp dur, akyp dur... Ol ejesinden ötünç soraýan ýaly, gözýaşlaryny gizlejek hem bolmady: Hiç zat alman göwnüňe, Ýor bar zady gowulyga, Men bir şahyr ogluň-a, Meni bagyşla, eje! (“Meni bagyşla, eje!”) Şahyr “Bu ýerler” atly goşgusynda ýene ejesini ýatlaýar: Bu ýerler ümsümlik, bu ýerler asuda, Otyryn oýlanyp, ýatlap, geçeni. Ak guşlar erkana ýaýnap ýör suwda, Ýatladyp meň ak gyňaçly ejemi. Şahyr üçin elmydama ýaş ejesi onuň gözleriniň öňüne ak saçly däl-de, ak gyňaçly, ak ýzli, ak ýürekli görünýär we ejesi üçin dileg edýär: Besdir daglaň garrany, Besdir baglaň garrany, Garrasak biz garraly, Sen garrama eje jan! Beýik Enäniň mähirli söýgisini yrýa etmän on iki süňňüne siňdiren we mähriban Eneden durmuş tejribesini öwrenen şahyr, bütin ömrüne päkize söýgüni wasp edip geçýär. Onuň söýgi hakda düzen köp sanly goşgulary “Seň dünýäňde galaýyn”, “Söýgi haty”, “Sözleşäli”, “Söýgimiziň kenarynda”, “Elwan güller içinde”, “Gözleriňde galaýyn”, “Ýüregimiň söýeni”, “Saňa duşalym”, “Aýly gije”, “Bilmedim ýar”, “Söýgime ynan”, “Ýüregimiň söýeni” we başga-da birnäçeleri şahyryň duýgylarynyň aýdyňdygyny, ýüreginiň tegmilsiz arassadygyny we kalbynyň şadyýan tolkunlarynyň üznüksiligini anyk beýan edýär: Geçer aýlar, geçer ýyllar Men seni unudyp bilmen. Ýüregim seň bilen ýylnar Men seni unudyp bilmen. (“Unudyp bilmen”) Sen aman bol dünýede, Çytma janym gaşlaryň. Senden ýeke haýyşym: Käte menem ýatlagyn. (“Ýatlagyn”) Men bir gün Myrat agadan, öýüniň diwarynda asylgy türkmen halynyň ýüzüne dakylan, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen salamlaşyp duran iki sany haşamlanan fotosuratlary synlap: —Myrat aga, bu suratlar bir-birine meňzeş ýaly-la—diýip, sorapdym. Şonda Myrat aga: —Ýok, meňzeş däldir inim. Ynha bu surat Bütindünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşmesiniň ýygnagynda, a bu bolsa Gahryman Arkadagym maňa “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen ady berende düşürilen ýadygärlik suratym—diýip, ýylgyryp jogap beripdi. Kerim Gurbannepesow “Şahyr” goşgusynda, şahyrlaryň ykbaly barada rast aýdypdyr: Şahyr ulaldygyça öz halkyny ulaldar, Halkyny ulaldýarmy—dünýäni ulaldýandyr. Özi-de bilýän däldir özüniň şeýledigin: Öz ömrüni gysgaldyp, Il ömrün uzaldýandyr. Myrat aga ömrüniň paýawlap barýanyny aňan ýaly: “Bitirmeli işlem bar, düşlemäge wagt ber!” diýip, Biribara sygynýar... Ýigitligem geçer gider, eglenmez. Ine, onsoň orta ýaşa ädersiň. Aňyrda garrylyk derdem ýamandyr, Öz ömrüňden özüň kem-kem gädersiň. Men bolsa bir zatlar goýasym gelýär, Ýogsam borun dünýä gelmedik ýaly. Ýaşajak, ýeke zat galdyryp bilsem, Ölsemem, bolaryn ölmedik ýaly. (“Özüme”) Uly ýürekli, kiçi göwünli Myrat aga bütin ömrüne gije-gündiz diňe halal zähmet çekip geçen şahyrlaryň biridi: Ar-namysym galam bolsa, Iýýän nanym halal bolsa, Ilim-günüm aman bolsa— Meniň üçin uly bagt. (“Uly bagt”) Ula-kiçä goýup sarpa, Sygyndygym ýedi arka, Ýürek ýarylsa-da, darka, Ýüzüm berin galňamasyn. (“Ýüzüm berin galňamasyn”) Çyn şahyrlar il-güniniň aladasyny edip, ömrini diňe azap bilen geçirýärler. Myrat Ömür hem soňky demine çenli “sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp giden”, “gara ýere çümüp, çykyp, çümüp giden”, ynsanlyk ýazgydy çuň bolan şahyrlardandy: Şahyryňky diňe azap. Diş-dyrnakdyr, ýazyp ýaşar. Şahyr özün bilmez aýap, Soňky deme ýanyp ýaşar. Galamyňy ýöret şahyr! Tämiz kalbyň owaz etsin. Ýaz, ýene-de döret şahyr! Ömür soňam dowam etsin. (“Şahyryňky diňe azap”) Ýatan ýeriň ýagty bolsun dost! Sen indi biziň aramyzda ýok hem bolsaň, seniň çagaňky ýaly päkize ýüregiň biziň ýüreklerimizde müdimilik urar durar. Dostlarynyň we ýoldaşlarynyň adyndan Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |