10:06 Palta | |
• Nikolaý Poliwin hakda
Goşgular
Nikolaý Georgiýewiç Poliwin 1925-nji ýylda Astrahanda eneden boldy. Urşuň başlanan ýyly N.Poliwin flota gidip, koçegarlyk etdi. 1954-nji ýylda pedagogik institutyň dil-edebiýat fakultetini tamamlady. Goşgy ýazmaga mekdep ýyllarynda başlady. 1955-nji ýylda onuň ilkinji goşgular ýygyndysy "Mähriban kenarlar" ady bilen çap edildi. 1955-nji ýyldan 1962-nji ýyla çenli N.Poliwin Orta Aziýada işledi. Soňky ýyllarda şahyryň "Meniň adym - Adam", "Seni çagyrýan", "Deňiz galagoply wagtynda" (powest) we başga-da birtopar kitaby çap edildi. Garagalpagystanda N.Poliwiniň "Açylan syr" atly pýesasy goýulýar. • PALTA Diýersiň, ýaraly gaplaňa dönüp, Görseňizle edip duran zadyny. Ýykylan sosnanyň gerşinden inip, Ony çeýnäp, aýdýar şeýle aýdymy: "Her kim meniň ýaly öňünde ýowuň Gorkyny, ürkini salmasa ýada, Çapsa, parçalasa, ýatyrsa howun, Diňe şolar mynasypdyr şöhrata". Gaýtalap dur, gaýtalap dur, utanman, öz-özüni öwüp, düzüen aýdymyn. Bilenok ol, adam eli bolmasa, Ýokdugyny edip biljek zadynyň. • GÖK ÇAÝ Şabazda men. Brigadiriň öýünde. Garagaçlar büräp otyr bu jaýy. Eýýäm gözýetimde gizlendi gün-de, Halynyň üstünde içýäs gök çaýy. Agşamdy, garaňky gatlyşdy ýaňy, Aýam meňzäp durdy atyň nalyna. Howa diýseň şirin, ýok tozan-çaňy, gaýra dur diýýärdi düýäň çalyna. Yssy welin demiň tutup barýardy, Oýun-oýunjak däl, agyrdy bijaý. Ondan goranmagyň öz ýoly bardy, Olam diňe gök çaý, hoştap ysly çaý. Çopanlar öýlerniň serpigin açyp, Ýeňmek üçin ot öwüsýän şemaly. Otyr olar yzyn üzmän, çaý içip, Gadymkylaň nektar içişi ýaly. * * * Irkiljiräp, deňiz üwreýär saly, Gözýetim yşyga-nura batyp dur. Asmandaky aýam hum çäýnek ýaly, Ak öýüň dulunda hallan atyp dur. Palubanyň üstündäki sekiden Seredýäs kä saga, kämähal sola Sekiz minut işläninde ikiden, Ýüki kabul edip, düşmeli ýola. Asuda howany goýman ugruna, "Aldyk, göter!" Sesler şowhun döredýär. Gözýetimiň ýanyp duran nuruna Ýyldyzlaryň gözi gidip seredýär. Terjime eden Mämmet SEÝIDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.12.1965 ý. | |
|
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Kimsi dosta barar... / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Ýar / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Sendedir sende / Goşgular - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||