21:58 Peleñzaw oýlanmasy | |
PELEŇZAW OÝLANMASY
Goşgular
![]() Alym dostum Hojamuhammet Meläýewiň ýagty ýadygärligine Ak kagyza ýazylan dek, Ak gaýanyň ýüzünde, Ýazylypdyr gadym döwrüň hatlary, Belki-de, ol Awestanyň harplary? Taryhydyr, belki, gadym Sumbaryň? Ýörüşi hakdamy ýa bir keýseriň? Hiç kim bilip bilmez onuň ýaşyny, Geçiripdir eýýamlaryň gyşyny. Bu ýazgynyň taryhy, Oýlandyrýar alymy, Oýlandyrýar şahyry, Hem zergäri, daýhany... Taryh dymýar, Näme hakda bu ýazgy? Pikir edip, muňa ýetmeýär demiň. Ýöne bir günden bir gün. Ýakarlar taryhyň gadymy şemin! Owadan Peleňzaw, Genji obamyň. Ol mesgeni käbämiň, Ol mesgeni kyblamyň. Nohur daglarynyň bulagy sende, Sözle Peleňzawym, sözle, dymma sen. Sen diýip jan çeken bir sada ogluň, Gulagy sende! Ak kagyza ýazylan dek, Ak gaýanyň ýüzünde, Ýazylypdyr gadym döwrüň hatlary, Belki-de, ol Awestanyň harplary?!. 21.12.2021. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |