16:55 Pent | |
PENT
Goşgular
Ulangyn ukybyň, toplap jem güýjüň, Dogluşdan dowama öz adatyňda, Gaýgyrma, bar wagty, tapsaň alajyn, Bähbitli ýardam et, halk babatynda. Ykballa bagt ýardyr, hezillik bärde, Ýagşy bol, sarpaň bor, hormat bar törde, Synagdyr bu ömrüň, görgüsi görde, Ilhalar şahslar taryh gatynda. Kişiden gözleme özüňde bardyr, Zeýrenme igenç hem degna azardyr, Diýleni: «Bikärden Hudaý bizardyr», Şu günden hasap al, agşam ýataňda. Mydama şadyýan, baharda-ýazla, Hereket et, ylgaw ýodada tozla, Işdäňi jylawla, ukyňy sazla, Derman gözlemersiň lukman hatynda. Maşk bolsun her günde endigen käriň, Türgenler tapýandyr, saglygyň tärin, Maksada gönükseň, bolmaz entäriň, Saýlaw seçgisi bar, tebigatyňda. Ylymdan, bilimden, berk tutsaň ýüküň, Başaryp hünäre edersiň höküm, Müzzerme, özüňsiň özüňe hekim, Nalyş ýok, nalara ata Watanda. Söýülersiň, ilki söýmäni başar, Hulky söýülenler günde müň ýaşar, Il-günden güýç alan ummandan aşar, Bürgüdiň buýsanjy göz-ganatynda. Ýalňyşyň ýadyňa düşende birden, Ahmyryň sapak et, öten ömürden, Äheňiň hörpüni, aýp etme kerden, Owazyň lezzeti saz sungatynda. Tanalýandyr özün, mälim edenler, Gör-bak, nämä duçar boldy gidenler, Boljakdyr ahyry, geler «O günler», Hernä, her kim gaýtsyn, öz nobatynda. Ep-esli ýaşansyň, özüňde görmän, Belki, gezen ýaly ölmüň äsgermän, Ilmämmet, bäş wagt namazyň yrman, Diläwer, «Ýalka» diý, ybadatyňda. | |
|
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ "Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..." / Goşgular - 03.12.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |