21:58 Perişde bilen söhbet | |
Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA
Goşgular
▶ PERIŞDE BILEN SÖHBET Tilime bagladym sena, Men ýalançy:ň saparkeşi. Asmandan serýedin sen-ä Eski-şal geýinen kişi. Kimler agtarar hemrasyn. Kimselere hemdem bolup, Gör, ne işlere gümra sen? Birmahal pessejik tamyň Ynan men namys-arydym. Hossarsyz garyp atamyň, Dünýede herne barydym. Ulaldym, indi ilime, Namys-ar bolasym geldi. Meni söýmedik äleme, Hernebar bolasym geldi. Kän zatlar küýsedi ýürek. Gowusy alnyma geçdäm, Arzymy diňle, perişdäm! Kän zatlar küýsýedi ýürek, Umyt bilen atyrdym daň. Mele gulpaklyja bala Eje bolasym geldi meň. Soňam ähli ýazanymy, Peje salasym geldi meň, Günäm üçin Mekgä gidip, Hajy bolasym geldi meň. Haýp, otyryn bir gysym. Ökünip dünýä inenme. Sen meň tilime hiç kesiň, Düşmeýänine gynanma! Munda şeýle boldy ykbal, Ömri sowurdym pul deýin. Şu çaka çenli ham hyýal, Aldapdyr meni nädeýin. Şükür ykbalymyz keç däl. Gözüň ýumup mundan artyk, Meni diňleme, perişdäm! Meni diňleme, perişdäm, Haýyşym, Arşa baryp gaýt! Çarhyň içinde hamyny, Süýräp ýören ýellere aýt! Meniň perişan halymy, Haky söýen gullara aýt! Bula:ň gökden How enäniň, Jennede taşlan hüllesin. Goý, ol biçäre gelip meň, Sowan jesedim ellesin. Soňam göteriň asmana, Janly-jemende bilmesin. Gitsem bagt geti:r gözlegim. Ölçäp eden her ädimmi, Dünýe, dogryňy sözlegin, Zowky-sapaňa sygdymmy?! Gör-ä, diwana-däli men. Bu şat mekana tötänden, Ýalňyşyp düşen ýaly men. Dar kalbymda ýer edýärsiň, Iki arada perişdäm. Sen asmandan seredýärsiň, A, men nirede, perişdäm?! | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||