19:14 Pil çagasy | |
PIL ÇAGASY
Jemgyýetçilik tankydy
Hindistanda bir alym ýolda kynçylyga duçar bolan kerwene duşupdyr. Kerweniñ iýjek azyk önümleri gutaranmyş. Adamlar hem açlyga çydaman ýykylyşyp ýatanmyş. Bularyñ ýagdaýyny gören alym: - Eý, gardaşlar, men siziñ açdygyñyza düşünýärin. Açlygyñ nähili ezýetlidigini hem bilýärin. Emma Allanyñ haky üçin ujyz gutulmak isläp, ýoldaky pilleriñ çagalaryny awlaýmañ! Nebsiñize haý diýmän, açlygyñyzdan ýaña şol pil çagalaryny awlasyñyz geler, ýöne unudaýmañ, olaryñ eneleri bardyr. Eneleri sizi hazan ýeli bolup dalar we edeñize puşman etdirer. Otlary we başga zatlary iýiñ-de, beladan gaça duruñ, diýip, olara berk nygtapdyr. Ýolagçylar açlykdan ýaña zaryn-zaryn aglaşyp gelýän ekenler. Olar birden ýolda semiz pil çagasyny görüp, özlerine erk edip bilmän, ony awlapdyrlar. Pil çagasynyñ etini iýip, günlerini gowy geçiripdirler. Ýöne ýolagçylardan biri şol alymyñ aýdanlaryny boýnunda tumar edinip dakynypdyr-da, pil çagasynyñ etini asla iýmändir. Hatda dostlaryna hem ençeme gezekler şol alymyñ aýdanlaryny ýatladypdyr. Pil çagasynyñ etini iýip mazaly garynlaryny doýran ýolagçylar, uklamak bilen bolupdyrlar. Şol etden iýmedik hälki adamyñ gözüne uky gelmändir. Şeýlelikde, ol kerweniñ gijeki sakçtsy bolupdyr. Birdenkä, ene pil peýda bolupdyr. Sakçynyñ ýanyna baryp ysyrganypdyr. Onda çagasynyñ ysy ýokdugyna doly göz ýetirip, ýatan ýolagçylaryñ ýanyna barypdyr. Ýolagçylardan öz çagasynyñ ysyny alan ene pil gazap donunu geýip, olaryñ hemmesini mynjyradypdyr. Eý, para alan biçäre, sen ene piliñ çagasyny iýýänsiñ, şuny berk belle! Duşmanyñ bolan şol ene pil, hökman bir gün köküñi düýbünden sogrup, seni ýok eder. Terjime eden: Eziz AKAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |