13:31 Poeziýa per ýassyk däl | |
POEZIÝA PER ÝASSYK DÄL
Edebi tankyt
Şahyrçylyk sungatynyň daşyndaky gürrüň hiç haçan kiparlamaýar. Poeziýa elmydama öňdebaryjy žanr hökmünde, döwrüň pulsyny kesgitleýän žanr hökmünde ýaşap gelýär. Poeziýa diýilýän gudrat umuman bütewi bir zat hem bolsa, oňa döredilen döwrüniň ruhy siňmese, ony döredýän, ýüreginden syzdyryp,bagryndan bölüp, beýnisiniň çuň gatlaklaryndan köwläp alýan şahyryň öz şahsyýetiniň duýgulary, akyl-paýhasy, mertligi hem ejizligi siňmese ol hakyky sungat eserine eýerip bilmeýär. Hakyky sungat derejesine göterilip bilmedik goşgy setirleri bolsa, sazlaşdyrylan sözler toplumy bolup, agyr kerwenden galan gerekmejek goş ýaly asyrlaryň tozanyna garylyp galyberýär. Muny şygryýetiň müň asyrlyk taryhy subut edip gelýär. Ine, şonuň üçinem öz döwründe öwülip, arşa çykarylan, beýik şu diýilen şahyrlar däl-de, iliň, ýurduň, watanyň, galyberse-de, özüniň agysyny aglan, il hasratyny öz hasraty , halk şatlygyny öz şatlygy hasaplan, öz hasratyny, öz şatlygyny, öz agysyny halkyňkydan üzňe göz öňüne getirmedik şahyrlar dünýä edebiýatynda öz mynasyp orunlaryny eýelediler. Häzirkizaman türkmen poeziýasy hakynda söz açylanda, onuň Magtymguly ýaly halypadan has aňyrdan, gadymy Oguznamadan gözbaş alyp gaýdýan çuň kökleriniň bardygyny, türkmen poeziýasynyň ajaýyp däpleriniň şu günki poeziýada hem özboluşly ösdürilýändigini bellemek hökmandyr. Poeziýa diýen uly ülňüden çen tutsaň, şu gün döşüne kakyp,”men-men”-diýip ýören, bir setir çyrşandan bäri diňe öwülip, öz dost-ýarlaryna özüni öwdürip, indem şol öwgülere güp ynanyp, özüni tüýs şahyrdyr öýdüp ýören şahyrlaryň ömrüniň jyzlanyňky ýaly boljakdygyna göz ýetirmek kyn däl. Eýle şahyrlar goşgularynda ili arka tutunup gürleýärler, ynsap, çörek, halallyk ýaly sözleri ýüzlerine perde deregine tutup, uly gürläp, sada adamlary ynandyrýarlar. Ýöne inçe sözüň, pähimli sözüň çuňlugyna düşünýän adamlar beýle şahyrlaryň pöwhe sözlerine ynanmaýarlar. Magtymgulynyň dili bilen aýtsaň, ”ýüzi gülýän, kalby bozuk” goşguçylaryň kalbynyň kiri ýazan setirlerine awtoryna bildirmän girip gidýär. Poeziýa arassa zat, ol özüne ikilik edýänlere ýowuz daraýar, ony il öňünde paş edýär. Gözüň bilen diliň bir zat diýmese, synçy halk derrew duýýar... Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |