21:32 Puşkin we Türkmenistan | |
PUŞKIN WE TÜRKMENISTAN
Taryhy makalalar
Iki kem kyrk ýaşap, adamzat nesline on tomluk edebi ýadygärlik galdyran, “rus poeziýasynyň atasy”, “rus poeziýasynyň güneşi”, “rus poeziýasynyň güneşi”, “ru poeziýasynyň şamçyragy” bolan Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň döredijiligine, ömür ýoluna bagyşlanylyp ýazylan monografiýalar, kitaplar her diýen ýaly neşir edilýär. Halkyň deňsizlik zerarly çekýän ahy-nalasyny gözi bilen gören, gynanjyny-begenjini deň bölüşen, döwrüň sosial ýagdaýyndan, halk köpçüliginiň oý-pikirlerinden ylham alan, adalatsyzlygy, deňsizligi ýek ýigrenýän, adamkärçilikli, belent ahlakly bolmasgy, ejize eglişik edip, ezijilere dözümli daramagy, Watanyň abraýy, ar-namysy ugrunda göreşmegi ynsan kalbyna, aňyna inçeden yzarlap ündemegiň ussatlyk bilen hötdesinden gelen beýik akyldaryň döredijilik laboratoriýasyna soňky döwürlerde alymlar, edebiýat tankytçylary has-da çuňňur aralaşýarlar. Şahyryň eserleriniň ideýa-mazmunyna, çeperçilik tärlerine okyjylar köpçüliginiň obýektiw düşünmeklerine ýardam etmek maksady bilen, olaryň ýazan ylmy-populýar kitaplarynyň sahypalaryny agdaryşdyryp, ugranyňda, öň eşidilmedik faktlara, taryhy maglumatlara gabat gelýärsiň. Rus klassyk poeziýasynyň täjiniň gözýetiminiň älem dek giň, aň-düşünjesiniň okean kimin çuň, zehininiň almaz ýaly ýiti hem ötgür bolandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň. Puşkiniň şahsy kitaphanasynda arap, hytaý, hindi hem-de Gündogar halklarynyň edebiýatlarynyň köpüsiniň fransuzça neşirleri, italýan, nemes, ispan ýazyjylarynyň kitaplary hem ep-esli tekjeleri eýeläpdir. Şahyryň şahsy kitaphanasynda on müňe golaý kitap bolupdyr. Şeýle bir mysala ýüzleneliň. Şahyr on alty ýaşyndaka “Şäherjik” diýen goşgyny ýazýar. Şol döwrüň görnükli ýazyjylarynyň döredijiligine azda-kände belet bolmasaň, goşgyny üns berip okanň bilen, şahyryň ündeýän pikirine düşünmek kyn. Bu goşguda ol öýünde üýşüp duran kitaplary şäherjige, onuň awtorlaryny, eseriň gahrymanlarynyşol şäherde ýaşaýan tanyşlaryna, eý görýän dostlaryna meňzedýär. Wolteriň, Žukowskiniň, Krylowyň, Batýuşkowyň eserleriniň adyny gönümel tutman ýa-da ýaňzytman, olardan özüne ýaran gahrymanlarynyň atlaryny agzaýar. Puşkinde Gündogar halklarynyň edebiýaty uly höwes döredýär. Ol Gündogar edebiýatyny ynsanperwerligiň, adam ahlagynyň güýçli, parasatly pikirleriň şahyrana beýan edilýänligi, eserleriň çeperçilik mazmunynyň juda çuňlugy üçin halaýar. Dünýäniň ruhy baýlygyny özleşdirmäge jany-teni birlen şahyr Gündogaryň parasatly poeziýasyny “keseki” hasaplamaýar. Owazly, çuň mazmunly poeziýanyň diňe şony döreden halka däl-de, eýsem-de bolsa bütin adamzat nesline degişlidigine dogry düşünýän şahyr Gündogar stiline öýkünip, “Kitap satyjysy bilen şahyryň gürrüňi”, “Gurhana öýkünme” (ol M.Werewskiniň terjime eden “Gurhanyny” okapdyr. H.A.), “Pygamber” goşgularyny ýazýar. Gündogar halklarynyň poeziýasynyň akgynlylygy, diliniň halkylygy, öwüt-ündewleriň şahyrana suratlandyrylýanlygy, milli kolorite baýlygy, onda Gündogar stilinde ýazmaga höwes döredýär. Onuň “Gündogar stili meniň üçin görelde alarlyk nusgadyr” diýip ýazmagy-da muňa güwä geçýär. Gepiň gerdişine görä, şu ýerde ýene bir gyzykly fakty agzap geçsek artykmaçlyk etmese gerek. Puşkin hiç haçan yrym-ýoruma ynanmandyr. Dinparaz bolmandyr. Ýöne bir gezek yrymçy dosty “gözden-dilden goraýan” pöwrize gaşly tylla ýüzügi oňa sowgat beripdir. Şahyr bu ýüzügi tä ömrüniň ahyryna çenli elinden aýyrman dakynypdyr. Belki, munuň özi şahyryň Gündogar edebiýatynyň täsirine düşüp, şeýdäýen bolmagy-da mümkin. Golaýda Moskwanyň “Художественная литература” neşirýaty “Puşkiniň alşan hatlarynyň” (“Переписка Пушкина”) iki tomlugyny rus dilinde neşir edip, okyjylara hödürledi. Iki tomlukda Puşkiniň dogan-garyndaşlaryna, görnükli ýazyjylara, dostlaryna ýazan hem-de olaryň şahyra iberen hatlary ýerleşdirilipdir. Hatlary okanyňda, onuň ynsanperwer, dostuna wepaly bolandygyna göz ýetirýärsiň. Her hili ýagdaýlarda-da ürç edip okamaga, ýazmaga nädip wagt tapanlygyna haýran galýarsyň. “Buzly tam” diýen taryhy romanyň awtory, öz döwrüniň öňdebaryjy wekilleriniň biri Iwan Lažeçnikowyň 1835-nji ýylyň 22-nji noýabrynda şahyra ýollan hatyndan görnüşi ýaly, Aleksandr Sergeýewiç türkmenleriň taryhyna bagyşlap “Şejeraýy terakime” kitabyny ýazan hywaly Abulgazy Bahadur hanyň eserlerini hem okapdyr. Abulgazynyň eserlerini heniz Puşkin dünýä inmänkä şahyr, terjimeçi Wasiliý Trediakowskiý rusça geçiripdir. A.S.Puşkin Pýotr I hakynda uly göwrümli eser ýazmagy niýet edinip, uzak wagtlap basa oturyp, taryhy dokumentleri öwrenýär. I.Golikowyň “Beýik Pýotryň işi we ömri” diýen dokuz tomluk işini irmän-arman konspektirleýär. Ol hakda egindeşleriniň, daşary ýurtlularyň ýazan eserlerini, ýatlamalaryny okaýar. Şunlukda ol “Pýotryň taryhy” diýen işini ýazýar. Şahyr bu işini doly gutarmansoň, onuň haýsy žanra girýänligini anyklamak kyn. Ýöne uly göwrümli, anyk maglumatlara, pikire baý bu eseriň ähmiýeti uly. Çünki şahyr patyşanyň şahsyýetini köp taraplaýyn suratlandyrmak üçin Pýotryň çykaran kanunlaryny, onuň Russiýanyň medeniýetini, ykdysadyýetini ösdürmek ugrunda durmuşa geçiren çärelerini, amala aşyran işlerini saldarlap, şol döwürde halkyň aňynda bolup geçen özgerişleri, halkara gatnaşyklary, zamananyň görnükli wekilleriniň bitiren hyzmatlaryny ünsden düşürmän, obýektiw, yzygiderli beýan etmegi başarypdyr. Azap baryny çekip ýazan, heniz gutarylmadyk bu eserini şahyra dirikä çap etdirmek miýýesser bolmandyr. Ol aradan çykandan soň bu eseriň käbir bölegini hasap etmäniňde, onuň asyl nusgasy doly ýitýär. Şahyryň agtygy Grigoriý Aleksandrowiç Puşkin 1917-nji ýylda başga ýere göçjek bolup, öý goşlaryny çugdamlamak üçin käte ýaşşikleri döküşdirip ýörkä, golýazmalaryň üstünden barýar. Ol sahypalary uly formatly 22 sany depderi tapýar. Şol depderler hem “Pýotryň taryhynyň” asyl nusgasy bolup çykýar. Şeýlelikde, ondaky faktlaryň, maglumatlaryň okyjylara düşnükli bolar ýaly köp sanly düşündirişler ýazylansoň, “Pýotryň taryhynyň” doly teksti Puşkiniň soňky neşir edilen eserler ýygyndysynda ýerleşdirilýär. A.S.Puşkiniň eserler ýygyndysynyň dokuzynjy tomunda ýerleşdirilen “Pýotryň taryhy” bilen içgin tanşanyňda onuň Orta Aziýanyň, ylaýta-da türkmenleriň ýaşaýşy bilen gyzyklananlygyny, ýeriň, şäheriň, derýanyň atlaryny dürs ýazanlygyny, bu meselede şahyryň ygtybarly taryhy çeşmelere salgylananlygyny aňmak kyn däl. “Ol hem bu habary tassyklady we Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän uly Buharada şunuň ýaly altyn çägäniň köpdügini aýtdy”. (232-nji sah.). “Pýotryň ýanyna serkerde Çerkes-Bekowiç geldi. Ol Kaspi deňziniň hem-de Amyderýanyň kenarlaryndaky altyn çägäni barlap görmek üçin 1714-nji ýylda Astrahana iberilipdi”. (249-njy sah.). “...Pýotr ony Amyderýanyň Kaspi deňzine öňki guýan akymynyň yzyny anyk takyklamak üçin ugradypdy”. (272-nji sah.). “Onuň (Bekowiç-Çerkasskiniň H.A.) ýanynda türkmen Hojanepes (proýektiň awtory) bilen serkerde Samanow... bardy.” (272-nji sah.). “Soňra Krasnowodsk aýlagynyň ýanynda Amyderýanyň köne akymynyň ugrunda uly berkitmäni gurduryp, onda Krutoýarskiniň we Riderowyň polkuny galdyrýar”. (Bu hem şol ýerde). “Krasnowodskide polkownik fon der Weýdeni goýup, özi Astrahana dolanyp geldi”. (Bu hem şol ýerde). Bu setirleri okan okyjy gürrüňiň Pýotr I-iň öz döwründe Gündogar halklary bilen söwda-ykdysady aragatnaşygy ösdürmek, türkmenleriň wekili Hojanapesiň haýyşy boýunça Amyderýanyň suwuny köne ugry bilen Kaspi deňzine guýdurmak üçin Bekowiç-Çerkasskiniň (hristian dinini kabul etmezden öňki ady Döwlet-Gereý Mürze) ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýasy hakynda gidýänligini aňandyr. “Pýotryň taryhynda” Amyderýanyň ady bäş-alty ýerde, Krasnowodsk bolsa üç-dört ýerde agzalýar. Rus edebiýatynyň dana wekiliniň ömür tanapy duýdansyz üzülmedik bolsady, belki, ol “Pýotryň taryhynda” rus-türkmen gatnaşyklaryny, Hojanepesiň obrazyny göwnejaý suratlandyrardy. Eger-de şeýle niýeti bolmadyk bolsa, Hywa hany Şirgazynyň baştutanlygynda 24 müň goşunyň üç günläp rus esgerleri bilen söweşişini, Bekowiçiň barha öňe hereket edenligini birin-birin beýan etmezdi. Onsoňam, şol adym-berdimli çaknyşyklarda Bekowiçiň aýalynyň iki çagasy bilen Wolga gark bolanlygy hakyndaky şum habary eşidip, akylyndan azaşan dek hereket edip, göwnüçökgünlige uçranlygyny, muny syzan Şirgazynyň amatly pursatdan peýdalanyp, duşmanyny hile gurup, ele salmak üçin gepleşige çagyranlygyny, netijede-de olaryň öldürilişini aýyna-ýylyna çenli anyk görkezip teswirlemezdi. Rus klassykk poeziýasynyň düýbüni tutujy beýik akyldaryň gutarylmadyk eserini okap, 7-10-njy klas okuwçylary üçin ýazylan “Türkmenistan SSR-niň taryhynda” Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýasy hakynda gysgaça gürrüň bilen çäklenilenligi, onda Hojanepesiň adynyň tutulmazlygy böwrüňi dişşirgedýär. Puşkiniň ýazmagyna görä, Bekowiç-Çerkasskiý Hojanepesiň düzen priýekti esasynda, ony ýanyna alyp, Hywa tarap ýola düşýär. Biziň belliklerimiz okuw kitabynyň indiki neşirlerinde, belki, göz öňünde tutular. Her bir akylly adamyň döwrüň çylşyrymly meselelerine poeziýadan jogap gözlemäge, şahyrdan talap etmäge hakly hasap eden Aleksandr Puşkiniň eser döredişi, ynsan gylyk-häsiýetini irginsiz öwrenişi, bir goşgusyny üç-dört gezek ýazyp, ençeme tapgyr gaýtadan göçürişi, onuň ägirt döredijiligi çeper senediň bosagasyndan ýaňy ätlänler üçin, kämilligiň gapysyndan girenler üçin uly mekdepdir. Hojabaý ATABERDIÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 18.03.1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |