14:07 Çapar ýollandy... | |
ÇAPAR ÝOLLANDY...
Edebi makalalar
«Sowet Türkmenistany» gazetiniň şu ýylyň 20-nji noýabrynda çykan sanynda ýazyjy Allaýar Çüriýewiň «Geçilen ýol» diýen sözbaşyly makalasy çap edilipdi. Onda TSSR Ministrler Sowetiniň Başlygy we TKP MK-nyň birinji sekretary bolup ençeme ýyl işlän, 50 ýaşynyň içinde aramyzdan giden, köpe özüni tanadan Balyş Öwezowyň ömür ýoly barada gürrüň berilýärdi. Ýazyjy makalasynyň ahyrynda obadaşlary onuň adyny ebedileşdirmek maksady bilen, öz kolhozlaryna B.Öwezowyň adynyň dakylmagyny haýyş edip degişli guramalara ýüz tutanlaryny hem ýaňzydypdy. Makala çap edilenden soň, halk deputatlarynyň Daşhowuz oblast Sowetiniň sessiýasynda obadaşlarynyň islegleri nazara alnyp, Tagta raýonynyň Telman adyndaky kolhozyna Balyş Öwezowyň adyny dakmak barada karar kabul edildi. Daşhowuz oblastynyň günortasynda Garagumy goltuklap oturan bedirkentlileriň arzuwy hasyl boldy. Kolhozyň başlygy, respublikamyzyň halk deputaty, köp ýyllardan bäri şu hojalyga ýolbaşçylyk edip gelýän Çoşy Arazgylyjow obadaşlarynyň adyndan «Sowet Türkmenistany» gazetiniň döredijilik kollektiwine uly minnetdarlyk bildirmegi şu setirleriň awtoryndan haýyş etdi. TSSR-iň Prezidenti S.A.Nyýazowyň her ýylyň 12-nji ýanwarynda Hatyra gününi geçirmek barada kabul eden Permanynda agzalýan 1873-nji ýylda bolan Gazawat türkmenleriniň başdan geçiren gyrgynçylygynyň hem pidasyny çeken, geçmişdäki pajygaly wakalaryň ençemesine döz gelen bu oba häzir diňe Tagta raýonynda däl, eýsem-de bolsa oblastda-da iň öňdebaryjy hojalyklaryň biri. Özboluşly, häzirki zaman şäher tipli posýolga çalym edýän bu kolhozyň territoriýasyna aýak basan badyňa onuň gurply hojalykdygyny aňmak bolýar. Kaşaň salnan medeniýet köşgi, oklaw ýaly asfalt köçeler, gupba dek owadan, kerpiç jaýlar... obanyň içiniň tämizligi sende ýakymly täsir galdyrýar. Kolhozda 770-e golaý maşgala bolup, ilatynyň sany 4400-den gowrakdyr. Balyş Öwezowyň adyny dakynýan kolhoz 1990-njy ýylda 1900 gektar meýdana gowaça ekip, 6800 tonnadan köpräk pagta satyp, plany aňryýany bilen berjaý etdi. Ýerden köp hasyl almakda, hojalygyň ähli pudaklary boýunça plany wagtynda dolmakda, düşewüntli işlemekde beýleki hojalyklardan at gaýtarym öňe saýlanýar. Geçen ýyl umumy girdeji 7 million 543 müň manat boldy. Kolhozçynyň ortaça aýlyk haky 260–270 manatdyr. Bu san respublikamyz boýunça alanyňda ep-esli tapawutlydyr. Obada 4 sany orta mekdep, 4 sany çagalar bagy bar. 30 sany hem at saklanylýar, şolaryň 15-si at çapyşyklaryna gatnaşyp, baýraksyz gelen wagty ýok. At türkmeniň guwanjy, toý-tomgynyň bezegi. Ýaş çatynjalar toý tutanlarynda ýörite paýtunlara mündürilip, atly getirilýändigini ömrüniň köpüsini ýaş talantlary ýüze çykaryp, olara tälim beren, obada halk teatryny esaslandyran, häzirem gurbatynyň çatdygyndan drama sungatynyň rowaçlanmagyna ýardam edýän, TSSR-iň at gazanan medeniýet işgäri, zähmet weterany Petjik Gurbannyýazow maňa gürrüň berdi. Öňdebaryjylyk, gowy netije öz-özünden gazanylmaýar. Köpe görelde görkezýän, nusga alarlyk işleýän adamlar bolýar. Olar beýlekileri-de yzlaryna eýerdýär. Tüýli Aşyrmädowyň, Garrybaý Işangulyýewiň, Hally Nazarowyň, Tagandurdy Şajanowyň baştutanlyk edýän brigadalarynyň çlenleri her gektaryň hasyllylygyny 36-38 sentnerden geçirdiler. Potratçylardan Ogulbeg Gurbannazarowanyň, Nazar Arazgylyjowyň, mehanizatorlardan Bekmuhammet Amanmyradowyň, Hezretguly Geldigurbanowyň, Çary Nazarowyň, Hojamät Söýünowyň işleýişleri köplere görelde boldy. Ýylyň-ýylyna oňat netijeler gazanylansoň, oba adamlarynyň elleri uzadan ýerine ýetýär. Awtomaşyn edinmäge-de, halydyr gymmat bahaly mebeller satyn almaga-da gurbatlary çatýar. Ýöne näme, beýle diýseň, obada çözülmedik mesele, müşgil iş ýok diýsek, hakykatdan daşlaşdygymyz bolar. Zähmet çekip gazananyň bilen islän harydyňy tapmagyň uly hyllalladygy, kösençlik döredýänligi bu ýerde-de duýulýar. Emma bu ýetmezçilikleriň düzeljekdigine bedirkentlileriň umydy bar. «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýipdirler. Üstümizdäki ýylyň tamamlanmagyna birki gün galanda bu kolhozyň adamlary uly toý tutarlar. Toýuň häzirden tutumy uly. Ülkämiziň dumly-duşuna toý çakylygyny ýaýratmak üçin çapar ýollandy. Toý güni bagşylar, aýdymçylar dabaranyň şowhunyny artdyrsa, at çapyşygyna gatnaşyjylar bedewleriň ýyndamlygyny synlarlar. Halk teatrynyň artistleri bolsa obadaşlarynyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap taýýarlan teatrlaşdyrylan programmada Balyş Öwezowyň ömür ýolundan käbir pursatlary sahnada janlandyrarlar... Hojabaý ATABERDIÝEW. «Sowet Türkmenistany» gazeti, 26.XII.1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |