22:30 Puşkiniñ monology | |
PUŞKINIÑ MONOLOGY
Goşgular
I. Terjimeçilerim, Salawmaleýkim! Meniñ adym Puşkin, Bilemok siz kim? "Öldürildi şahyr ~ Namys ýesiri" Diýseler-de heniz, Ölemok - diri. Dünýäde ýaşasa, Ýekeje şahyr, Men entek-entekler Ölmerin ahyr! II. Men namys ýesiri, Siz pul ýesiri. Öldürjek bolýañyz ~ Men bolsa diri! Meniñ öz öýüm bar, Hem-de öz sesim. Ýoýmaga haky ýok Ony hiç kesiñ! III. Betgelşigem bolsa Öñki durşum bes. Siz Puşkini ~ Musin Edipsiñiz tas. Bu neneñ ryswalyk, Hem bihaýalyk, Näme diýer muny Gören halaýyk? Ykbalymy size Ynanan gör kim? Men buýsançly Puşkin, Bilemok siz kim? IV. Men çydap bilmerin Hiç beýle hala. Häziriñ özünde Çykyñ duele! Sebäbi, şeýtmäge Bar meniñ hakym. Men ~ buýra saç Puşkin, Çýort bilsin, siz kim?.. Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |