11:34 Pyragynyň poeziýasynda manzara lirikasy | |
PYRAGYNYÑ POEZIÝASYNDA MANZARA LIRIKASY
Magtymgulyny öwreniş
Türki dünýäsiniň beýik şahyry, nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, gündogaryň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň çuňňur aň-paýhasa bulagyndan gözbaş alýan şygryýeti ajaýyp duýgulara ýugrulandyr. Şonuň bilen baglylykda şahyryň şygyrlarynda manzara (peýzaž) lirikasy özüniň aýratynlygy bilen adaty okyjylary-da, şahyryň ömri-döredijiligini giňişleýin öwrenýän alymlary hem haýrana goýýar. Şahyryň goşgularynyň hronologik sanawyny düzmäge synanyşýan alymlaryň çaklamalaryna görä, onuň: - Eý söwdügim Soňudagy, Dagdanlydyr biliň seniň - diýip başlanýan goşgusynda hem türkmen tebigatynyň ajaýyp manzarasynyň sünnälenip çekilen nusgasyny görmek bolýar. Goşgynyň çeperçiliginiň ýene bir bellemeli tarapy tebigatyň manzarasy şol döwrüň galagoply wakalary bilen utgaşdyrylyp berlipdir. «Ýeli Gürgeniň» goşgusynda göz açyp gören ýerleri, dogduk mekanynyň waspy ýaňlansa, «Hasar dagy» goşgusynda göbek gany daman ýerleriň daş-töweregini gurşap alan keremli daglaryň manzarasy taryp edilýär. Şahyryň Nowruz günlerindäki ýaz-bahar paslyndaky tebigatyň gaýtadan janlanyşyny suratlandyrýan, şonuň bilen birlikde Kyýamat, Arasat günleri bilen baglanyşykly pikirleri beýan edilýän «Jahan peýda» goşgusynyň çeperçilik derejesini aýratyn belläp geçmek lazym. «Bu gün», «Näler görüner», «Ýaýlahlary bar» ýaly goşgularynda hem şahyr syýahat eden ýurtlarynyň tebigatynyň manzarasyny ezberlik bilen çekýär. Ussat Pyragynyň goşgularynda tebigat manzarasynyň çekilişiniň ýene bir gymmatly aýratynlygy tebigatyň gözel keşbi il-halkyň duýgy-düşünjeleri hal-ahwaly durmuş ýagdaýlarynyň üsti bilen açylyp görkezilýänligindedir. Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn, Ýurt binamyz gaýyp bolsun goýulsyn, Çillemest nerlerimiz barça aýylsyn, Bir suprada eda bolsun aşymyz- ýaly goşgy setirlerini okanyňda hem tebigatyň hem ýurduň ykbaly hakynda pikirler bir-birleri bilen utgaşyp gidýär. Türkmen köňlüniň ruhy senasyna öwrülen «Türkmeniň» goşgusy bolsa ilkinji setirlerinden tebigatymyzyň ajaýyp senasy bolup ýaňlanýar. Jeýhun bilen Bahry Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň. Gül-gunçasy gara gözmiň garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. «Ýeller galabilmän ýerden süýrendi» ýaly setirleri okanyňda aýratyn bir şahsyň ýürek hasratyna tebigatyň gynanyşynyň hyýaly suratyny çekýär. Elbetde gam-hasrata duş bolan ynsan ruhunyň keşbini ýel-şemal ýaly tebygy hadysanyň üsti bilen şekillendirmek şahyryň kämilliginden bir nurana nyşandyr. Hakykatdan hem, beýik Pyragy haýsydyr bir mowzukdan söz açanda, bir bentde ýa-da iki setirde beýan edilýän wakanyň manzarasyny çekip bilýär. - Müňkürler jem bolup ýyksa käbäni, Ýezit geler agaçlaryn satmaga. (Aý-günüňiz batmaga). Bu mowzukda Pyragynyň Sürdi-de bardy goşgusy pelek düşünjesiniň we onuň garşysynda ynsanyň biçäreligini iň aýdyň suratlandyrylýan eseridir. - Pelek golun serdi dünýä malyna, Eýesiz eýledi, sürdi-de bardy. Ýagşy-ýaman düşer bolsa ýoluna, Soňun sanman, baryn urdy-da bardy. Daga azy salyp, daşyn goparyp, Derýany guradyp, suwun aparyp, Ata çykyp ynsy-jynsy ýapyryp, Bir ujundan baryn gyrdy-da bardy. Goşgy setirlerinde pelek «äjit-mäjitlik» sypatynda ýa-da bolmasa, hristiýan dini ynançlaryndaky apokalipsisiň dört atlysy diýilýän mifdäki magşar gününiň ýowuz çaparlary mysaly aýylganç keşpde şekillendirilýär. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |