08:30 Renessans | |
RENESSANS (GALKYNYŞ EÝÝAMY)
Teatr we kino sungaty
Günbatar we Merkezi Ýewropada (XIV-XVI asyrlarda Italiýada, beýleki ýurtlarda XV asyryň başlarynda, XVII asyryň aýaklarynda) Orta asyr medeniýetinden täze ösen medeniýete geçilip başlanýar. Galkynyş eýýamynyň öňki medeniýetden esasy aýratynlygy feodal gatnaşyklara garşy çykyşlar örboýuna galyp, dünýewi, adamkärçilikli (gumanizm-ynsanperwer) dünýägaraýyşly häsiýetler peýda bolup ugraýar. Antik eýýamynyň medeni-mirasyna täzeçe garalyp başlanmagy bilen Galkynyş eýýämyna, täzeçe pikirleriň döremegine aýak basylyp başlanýar. XIII-XIV asyrlarda bu ýagdaý Italiýada has-da duýulypdyr. Täze eýýamyň buşlukçylary bolup şahyr Dante, hudožnik (nakgaş) Džotto we beýleki birnäçe döredijilik wekilleri öz döredijiliklerinde adam aňynyň çäksizdigini öňe sürmäge başlaýarlar. Katolik sholastikadan we asketizmden (ähli zady durmuşdan üzňe kabul etmekden, terkidünýälikden, terkidünýälik taglymatyndan, aýşy-eşretden el çekmeklikden) adamlaryň daşlaşmagyny öňe sürýän, dün-ýewi, adamkärçilikli pikirlere ýykgyn edýän Italiýaly Lorenso Wallynyň, Piko della Mirandollyny we beýlekileriň döredijiliginde has-da öňe sürülipdir. Adamlaryň aňynda öňden gelýän krepostnoýçylykdan çykmakdan, olaryň erkin bolmagyny ündeýän taglymatlar sungatda, edebiýatda, ylymda peýda bolup jemgyýete öz täsirini giňden ýaýradyp ugraýar. Umuman ähli babatda erkin pikirleriň ösüşi başlanýar. Erkin pikirlenmeler ilki bilen arhitektura sungatynda öňe gidip başlaýar. Galkynyş eýýamynyň gupbaly ymaratlarynyň (jaýlarynyň), köşkleriň, jemgyýetçilik desgalarynyň, owadan geçelgeleriň (arkalaryň/) sütünli tomaşa jaýlarynyň, seýil baglarynyň peýda bolmaklary dünýä akyl ýetirmekligiň ümzüginiň öňediginden habar berýär. Bu ugurdan italiýaly arhitektorlar Brunelleskiý, Albeti, Bramante, Palladio, fransuz arhitektorlary Lesko, Delerom öz döreden binalarynda, owadanlygy, sazlaşygy, deňleşigi, düşnükliligi bilen uly hormatdan peýdalanypdyrlar. Italiýaly hudožnikler Donatello, Mazaçço, Pero della Françeska, Manteniýa, Leonarde da Winçi, Rafael, Mikelandželo, Tisian, Weroneze, Tinto-retto, niderlandiýaly hodožnikler Ýan wan Eýk, Rogir wan der Weýden,Breý-gel, germaniýaly hudožnikler-Dýurer, Nithardt, Holbeýn, fransiýaly hudož-nikler-Fuke, Gužon, Kluýe öz çeken suratlarynda adamyň beden owadanly-gyny, baýlygyny, esasanam ýalaňaç beden owadanlygyny, beden sazlaşygyny (figurasynyň), tebigatyň biri-birine baglanyşykly sazlaşygyny (peýzažyny) çeken eserlerinde örän ajaýyplyk bilen berip bilmekleri biziň günlerimizdäki nakgaşlarymyza uly mekdep (klassyka) bolup, ýol görkezijilik täsirini dowam etdirilmegi bahasyna ýetip bolmajak miras. Galkynyş eýýamynyň edebiýatdaky geçiş döwri hem şu günüň edebiýaty üçin nusgalyk mekdep bolmagyny dowam etdirip gelýär. Fransuz ýazyjysy-gumanisti Fransua Rablenyň (1494-1552) "Gargantýua we Pantagruýel” romanynyň 1-4-nji kitaplary 1533-52-ýyllarda peýda bolýar. Şol kitaplaryň 5-njisi 1564-nji ýylda (aradan çykandan soň) okyja ýetirilýär. Bu kitaplar Fransuz medeniýetiniň düşündirişli (ensiklopediýa) sözlügi bolmak bilen Fransiýada döräp başlan Galkynyş eýýamyndan galan bahasyna ýetip bolmajak ýadygärlik hasaplanýar. Kitapda Orta asyrlardan galan terkidünýälik, ikiýüzlilik, ýalan dini düşünjelere uýmaklyk ýaly aňyrsy boş zatlara garşy çykýar. Ol özüniň garşy bolýan zatlaryny eseriň gahrymanlary äpet adamlar bolan Gargantýuanyň, Pantagruýeliň we hakykaty gözleýji Panurgiň üsti bilen berýär. Giçki Galkynyş eýýamynyň uly wekilleriniň biri, iňlis dramaturgy we şahyry U.Şekspiriň (1564-1616) eserleri Angliýada bolup geçýän sosial ýagdaýlara öz täsirini ýetiripdir. Beýik iňlis dramaturgy Giçki Galkynyş eýýa-mynyň uly wekilleriniň biri U.Şekspir öz döwründe Adamzat medeniýetine goşant goşan beýik dramaturg hökmünde öňe çykandygyny şu aşakda agzap geçjek eserlerimiziň özem güwä geçse gerek. "Nadaranyň nogtalanyşy” (1593), "Tomus gijesindäki düýş” (1596), "Hiç zat ýok ýerden turan gowga” (1598), "Romeo-Julletto" (1595) "Riçard-III” (1593), "Genrih-IV” (1601), "Gamlet” (1601), "Otello” (1604), "Ýuliý Sezar” (1599), "Korol Lir” (1605), "Makbet”(1606), "Antoniý we Kleopatra” (1607), "Koriolan” (1607), "Gyş ertekisi” (1611), "Tupan” (1612) eserleri giçki Galkynyş eýýamynyň ajaýyp eserleri bolmagynda galýar. Umuman beýik iňlis dramaturgy dünýäniň ähli ýerlerinde ykrar edilip, tomaşaçy tarapyndan höwes bilen garşylanýan 37 sany drama eserini we ak goşgy bilen ýazylan "Sonetler” (1609) poemasyny goýup gidipdir. Onuň eserleri köp taraply bolmak bilen Galkynyş eýýamynyň medeniýetine degişli bahasyna ýetip bolmajak mirasy galdyrypdyr. Galkynyş eýýamynyň uly wekilleriniň biri Saawedra Migel de Serantesdir (1547-1616). Ispan ýazyjysy Serwantesiň "Galeteýa” (1585ý) pastoral romany (Pastoral-bu söz Latyn sözi bolup, 1-nji XIV-XVII asyrlarda täze Ýewropa edebi žanrynda eseriň many-mazmuny dynçlygy, rahatlygy, dawa-jenjelsiz, uruş-sögünçsiz durmuşy goşgyda, poýemada, dramada berip, dünýäni özüňçe kabul etmeklik. 2-nji Opera we baletde, pantomimoda çopan durmuşyny beýan etmeklik. 3-nji Wokal ýa-da instrumental saz eserlerinde tebigaty, oba durmuşyny berip bilmeklik), "Numansiýa” (1613ý watançylyk tragediýasy), "Nesihat beriji-nowellasy” (1613), "Täze sekiz komediýa we intermediýasy" (1615), "Persilesa we Sihizmundanyň syýahatlary” (1617 ý, söýgi başdan geçirmeleri), "Don Kihot” romany (1-nji bölümi-1605 ý), "Don Kihotyň” (2-nji bölümi-1615ý) dünýä okyjysyny şu günlerem haý-rana galdyrmagyny dowam etdirýär. Onuň "Don Kihoty” Galkynyş eýýamy-nyň iň ajaýyp eseri bolmak bilen dünýä medeniýetine öz täsirini ýetirdi. Ol Ispan durmuşynda bolup geçýän hakyky realistik ýagdaýy "rysarçylylyk romanynyň” üsti bilen ýaňsa alýar.Ýagdaý romanda syýahat edip ýören pähimli, adamkärçilikli risaryňyň we onyň ýarag göterijisi Sanço Pansynyň üsti bilen berilýär. Françesko Petrarka (1304-1374) italýan şahyry Galkynyş eýýämynyň ynsanperwerçilikli medeniýetiniň başlangyç çeşmeleriniň biri hasaplanýar. Onuň "Konsonere” (aýdymlar kitaby, 1327-1374) kitaby sonetlerden, balladalardan, dürli görnüşli aýdym üçin ýazylan goşgulardan ybarat bolup, ondaky aýdymlar Orta asyr aýdymlaryndan üýtgeşik bolup diňleýjini dünýäni täzeçe görmäge çagyrypdyr. "Afrika” (1339-1342) poemasy latyn dilinde ýazylan 2-nji Puniçeskiý urşuna bayşlanypdyr. "Bukoliki” (Çopanlaryň durmuşyny gowulandyryp görkezýän görnüşli poeziýa, 1346-1357) goşgular ýygyndysy. "Meniň gizlin syrym ýa-da, meniň dünýäni ýigrenşim dogrusyndaky söhbet” (1342-1343) bu kitap onuň öz terjimehalyna bagyşlanan. "Geljekki nesillere hat” (1374) goşgular ýygyndysy Ýewropada täzeçe poeziýanyň ösmegine täsirini ýetiripdir. Žowanni Bokkaçço (1313-1375), italýan ýazyjysy, gumanist, Galky-nyş eýýämynň irki wekilleriniň biri. Onuň "Fýammetta” bu kitaby 1343ý. ýazylandygyna garamazdan 1372-nji ýylda kitap görnüşinde peýda bolýar. Poema Antik eýýamynyň mifologiýasy, psihologiýasy bilen garyşdyrylan sýužet- ler görnüşinde ýazylan pastorol. Bokkaççonyň baş eserleriniň biri "Dekameron”1350-1353-nji ýyllarda ýazylyp, 1470-njy ýylda kitap görnüşinde peýda bolýar. Erkin pikire gulluk edýän Bokkaçço bu kitapda Italiýan jemgyýetini doly açyp görkezmek arkaly buthana wekillerini, terkidünýäleri şadyýan ýumoryň üsti bilen paş edýär. Onuň ,,Garga” ("Worona") 1354-1355-nji ýyllarda ýazylan poemasy, kitap görnüşinde 1487-nji ýylda okyja ýetirilýär. "Dante Aligeriň ömri” 1360-njy ýylda ýazylyp 1477-nji ýylda kitap edilip çykarylýar. Bu iki eserem Galkynyş eýýamyndan bize ýeten ýadygärlikleriniň ajaýyplarynyň biri hasaplanýar. Galkynyş eýýamynda Bokkaççonyň nowellalary, Petrarkiniň Ariostonyň gahrymançylykly poemalary, Erazm Rotterdamskiniň "Samsyklyga bolan öwgi” (1511ý, ylmy eser). Bu eser filosofiki gratesk /gratesk-edebiýatda adatdan daşgary ulaltmak manysyny aňladýar/ hasap-lanýar. Montenýanyň eserleri dürli žanrda ýazylyp, öz aýratynlygy we milliligi, düşnükliligi bilen Galkynyş eýýamynda uly öwgä mynasyp ýeri eýeläpdir. Galkynyş eýýamynda aýdym-sazda-da döwrüň talabyna görä adamkärçilikli, dünýewi garaýyşlar başlanýar. Wokal-instrumental polifoniýa (polifoniýa-köp sesli,mazmuny taýyndan çylşyrymly sungat eseri) ýaly eserlerdede, žanrlarda-da dünýewilik duýlyp ugraýar. Italiýada "Frotolla” ("Frotolla”-dünýewi mazmunly köp sesli gadymy Italiýan aýdymlary/, "Willanella” ("Willanella”-XIV-XVI asyrlarda ýerine ýetirilen gadymy durmuşy-satiriki aýdym. Bu aýdym köp sesli bolup oýun görnüşinde, kähalatlarda söýgi-lirikasyny özünde jemläp, tans garyşdyrybam ýerine ýetirilipdir/. Ispaniýa- da "Wilýansiko”, Angliýada "Ballada” sazlar-aýdymlar ýerine ýetirilipdir. Ýokarda bellän aýdym-sazlarymyza "Madrigal” ( Madrigal”-fransuz sözi bolup, 1-njiden XIV-XVI asyrlarda uly bolmadyk söýgi-liriki mazmunly aýdymlar bolupdyr. Bu aýdymlar ilki iki sesli, soňra dört-bäş sesli saz guraly bilen ugrukdyrylypdyr. 2-njiden XVII asyrdan başlap, bu söz uly bolmadyk öwgüli goşgularam aňladypdyr) diýlipdir. Galkynyş eýýamynyň täze žanrlary kanta-talar, oratoriýalar, operalar peýda bolup, "Gomofoniý” ("Gomofoniý”-bir ses bilen aýdymy ýerine ýetirýäniň yzyny alyp göteriji köpçülikleýin sesler) emele gelip ugrapdyr. Galkynyş eýýamynyň özüne mahsus filosofiki idea-mazmunly çykyşlaram peýda bolup buthana wekillerini howsala salyp başlapdyr. Antik döwründen gaýdýan filosofiki pikirleriň ösmegi, Platonyň, Aristoteliň bize gal-dyran ylmy filosofiki eserlerine täzeden garamaklyk, Proklom (filosof) tarapyndan täze mekdebiň /akymyň/ döremegi, şol döwrüň ylmy garaýyşlarynyň düýpgöter üýtgemegine alyp gelýär. Rimli Plotiniň, Porfiriň, siriýaly Ýamwlihiň, pergamly Ýuliýanyň, afinili Proklyň, aleksandriýaly Latyň, Platonyň filosofiýasyna täzeden garaýjylar Mariý Wiktorynyň, Marsian Kapellanyň, Boesiň filosofiýasy bütin Ýewropanyň, Gündogaryň filosofiýasynyň ösmegine giňden ýol açypdyr. Filosofiki ideýalara gulluk eden Fiçinonyň, Patrisiniň, Brunonyň geografiýadaky, Kopernigiň astronomyýadaky, Wazaliniň anatomiýadaky açyşlary dini-feodalizmiň dargamagyna alyp gelipdir. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |