10:58 Rim teatry | |
RIM TEATRY
Teatr we kino sungaty
Rim teatry. Rim teatry dogrusynda gürrüň edilende, teatryň döreýşini şeýle böleklere bölmek bolýar. 1. Rim teatrynyň döreýiş çeşmeleri; 2. "Ralliata” baradaky häsiýetnama. Plawt; 3. "Togy” komediýalary; 4. Terensiý; 5. Teatr görkezmekligiň guramaçylary; 6. B.e.öňki III-II asyrlarda Rim komediýalarynyň aktýorlary. • Rim teatrynyň döreýiş çeşmeleri Gadymy Italiýda ýaşan halklaryň, tire-taýpalaryň iň köp bölegi latynlar bolupdyrlar. Olar Tibra derýasynyň aşak akymlaryndaky Lasium welaýatynda ýaşapdyrlar. Olaryň merkezi gadym ýazgylarda görkezilişi b.e. öň 53 ýyllarda düýbi tutulan Rim şäheri bo-lupdyr. Gadym döwürlerde Italiýanyň ösmeginde esasy ýer Etrusklara we Greklere degişli bolupdyr.Grekler gadym döwürlerden başlap, Günorta Italiýada, Sisiliýada öz koloniýalaryny /tabynlyklary/ döredip bilipdirler. Etrusklaryň döreýşi dogrusynda şu günlere çenli anyk maglumat ýok. Diňe, Italiýada geçirilýän gazuw işlerinden ugur alsaň, Etrusklaryň ösen medeniýetli halk bolandygyndan habar berýär. B.e.oň VI asyryň başlaryna çenli italýan tire-taýpalary, şol bir wagtyň özünde, latynlaram Etrusklaryň gol astynda bolupdyrlar. Diňe, b.e.öňki VI asyryň başlarynda Rimliler Etruskleriň hökmürowanlygyndan boşap, Antik e ýýamynyň ýagdýayna ga-bat gelýän Respublika /Döwlet/ döredip bilipdirler. Rimde Respublika döremegi bilen tutuş Italiýany basyp almak hereketi başlanýar. Italiýanyň amatly bolan geografik ýerleşişi italýan halkla-rynyň, tire-taýpalarynyň birleşip uly Federasiýa öwrülmegine alyp gelýär. ,,B.e. öň IV asyryň ortalarynda Orta Italiýany özlerine tabyn edenlerinden soň, Rimliler Günorta tarap gitdigiçe daşa süýşüp, b.e.öň III asyryň başlarynda Grekleriň koloniýasy bolan Günorta Italiýany basyp alýar-lar. Bu wakadan soň, Rimliler özlerinu bütin Apennin ýarym adasynyň ýe-ketäk eýesi hasaplap başlaýarlar. Grek döwletiniň şäherlerinde bolşy ýa- ly, Rimliler umumy tire-taýpa gurluşyndan gul eýeçilikli gurluşa geçip baş-laýarlar. Rimlileriň sosial-ykdysady ösüşem edil Grekleriň ösüş derejesini gaýtalaýarlar. Diňe, Grek Döwletiniň ýönekeý graždanlarynyňky /raýatlaryñky/ ýaly, Rimli ýönekeý graždanlar hiç-hili syýasy hukukdan peýdalanyp bilmändirler. B.e. öň VI asyryň aýaklarynda Rim ýurdynyň belli gurply, baý adamlaryndan durýan senatyň başda durmagynda aristokratik Respublika öwrülýär. Şeýlelik-de, gul eýeçilik ösüp, ownuk ýer eýeleri, ownuk senetkärler tozup başlaýarlar. Bu ýagdaý Rimde synpy göreşiň ýitileşmegine alyp barýar. Synpy göreşleriň ýitileşmegi b.e. öňki I asyrda Rimde ilki harby dikta-turanyň, soňra bolsa, Imperiýanyň emele gelmegine alyp barýar. Rimlileriň medeni taýdan ösüş derejesi Etrusklerden we Greklerden has pesde bolupdyrlar. Muňa garamazdan Rimliler Etruskleriň üsti bilen grek elipbiýini öwrenýärler. Greklerden bolsa, grek mifologiýasy bilen ta-nyş bolýarlar. B.e. öň III asyrda Rimliler Grek Hudaýlarynyň ählisinden habarly bo-lupdyrlar. Ýöne, olar Grek Hudaýlaryna Rim atlaryny beripdirler. Grek se-netkärçiligi, sungaty, arhitekturasy, dini gatnaşyklary, mifologiýasy Rimli latynlaryň medeniýetine öz çäksiz täsirini ýetiripdir. Edebiýatda we teatr sungatynda Rimliler köplenç ýagdaýda Grekleriň taýyn görnüşlerinden täsirlenip özleriçe eser döredipdirler, işläpdirler. Beýle diýildigi, olar ähli zat babatda şeýle edipdirler diýsek hakykatdan daş dü-şeris. Rimlilerde-de gadymyýetden gelýän asyl nusgalyk zatlar azlyk etmän- dir. B.e. öň III asyra çenli Rim ýapyk aristokratik Respublika bolmak bilen öz köneçilligi, gylyk-häsiýetleri, garaýyşlary (konserwatiw-patriarhal), urp-adatlary boýunça ýaşapdyr. Muňa garamazdan yzygiderli alnyp barlan uruşlar rimlilerde agyr harby häsiýetleri emele getiripdir. Ýagdaý şeýle bolansoň, Rimde medeniýetiň, teatryň gülläp ösen döwri hasap edilse-de, ol Gresiýa- dan has pesde bolupdyr. Rim teatrlarynyň we dramalarynyň gözbaşlaram edil Gresiýada bolan baýramçylyklar ýaly oba ýerlerindäki hasyl ýygnalmagy bilen baglanyşykly. Şol döwürde teatrlaşdyrylan tomaşalar ilata görkezilipdir. Şeýle baýramçy-lyklar Rimlileriň uzak geçmişinde Tibra derýasynyň aşak akymlarynda ýa-şan Lasiuma welaýatynyň oba adamlary hasyl doly ýygnalanyndan soň,ge-çirilýän şagalaňdyr-toýlary halk tarapyndan döredilýän teatra meňzeş to-maşalar bilenem bezäpdirler.Şeýle baýramçylyklarda şadyýan gödek sesli aýdymla ýerine ýetirilipdir. Ol aýdymlar ,,Fessenniny” /Bu söz Etrusk sözi bolup degişme we paýyş sögünçleri aňladýar/ atlandyrylypdyr. ,,Fessenniny” ýerine ýetirilende iki sany ýarym hor topary gatnaşyp olar gezekli-gezegine biri-birine ýüzlenip, degişme we paýyş, ýiti dilli sözleri ulanypdyr-lar. Gadymy tire-taýpa gurluşynda dörän, ,,Fessenniny” soňky asyrlardada dowam edipdir. Şol döwrüň ýazyjysy Awgusta Gorasinyň ýazmagyna görä bu iki sosial gatlagyň, ,,Plebeý” /Ýerden peýdalanmaga hukugy bolmadyk topar/ we ,,Patrisiýa” /Bu topar gurply we baý adamlardan: Uly söwdegärlerden, karzyna pul beriji-maýadarlardan, ýer eýeleri-mülkdarlardan ybarat bolupdyrlar/gatlaklarynyň arasynda bolýan dartgynlylygy ,,Fessenninumda” beýan edipdirler. Awgusta Gorasinyň ýazgylarynda "Fessenninyniň” üsti bilen tankyt astyna alynýan gurply topar, degişme, dili duzly äheňlerde çykyş edýänlere temmi-jeza bermekdenem gaýtmandyrlar. Tomaşanyň başga-da bir gowşagrak görnüşi bolupdyr. Ol, ,,Satura” /Sungatyň birnäçe görnüşiniň garym-gatym edilip ýerine ýetirilişi/ atlandyrylypdyr. Bu Etrusklerden gelip ýeten özboluşly bir drama. ,,Satura” dogrusynda b.e. öň I asyrda ýaşap geçen Rim taryhçysy Tit Liwiý şu günlere ýetip gelen ýazgy galdyrypdyr. B.e. öň 364 ýyllarda Rimde bolup geçýän gyrgynçylyklaryň juda köplügi sebäpli Hudaýlaryň özlerine bolan rehimdarlygyny artdyrmak maksady bilen Hudaýlaryň mähremligini, rehim-şepagatyny döretmek üçin täzeçe oýunlara, tomaşalara ýüz urupdyrlar. Sebäbi, söweşiji halk bolan rimlileriň öň iň esasy tomaşasy at çapyşygy /at ýaryşy/ bolupdyr. Täzeçe oýunlary döretmekçi bolan Rimliler etrusklardan aktýorlary çagyryp başlaýarlar. Çagyrylyp getirilen aktýorlar esasan tansçylar bolup, olar fleýtänyň /tüýdügiň/ ugrykdyrmagynda tomaşaçylaryň öňünde çykyş edipdirler. Etrusk aktýorlarynyň çykyşlaryndan täsirlenen ýaş rimliler öz çykyşlarynda, tansda degişme goşgularyny gepleşik žanrynda ulanmak bilen to-maşaça düşnükli bolan dürli hereketleri hem ýerine ýetiripdirler. Rimlileriň ,,Saturasy” durmuşy we gülküli häsiýete eýe bolmak bilen tomaşaça gepleşigiň, aýdymyň, tansyň, sazyň üsti bilen beýan edilipdir. Etrusk aktýorlarynyň Rim teatrlarynyň döremeginde uly täsirini ýetipdir. Rimde tomaşaça hezil berýän, tomaşaçyny öz çykyşlary bilen güýmäp bilýän adamlara ,,gistrion” diýlipdir. ,,Gistrion” sözi Etruskleriň sözi bolup, aktýor manysyny aňladypdyr. Aktýorlara /gistrion/ diýmeklik Rim teatrla-rynda Orta asyrlarda-da saklanyp galypdyr. Rimde irki drama tomaşalary we gülküli /komiki/ häsiýetli çykyşlar ,,ATELLANY” /Gadymy Rimde halk tarapyndan döredilen toslama eserler. Şeýle toslama eserler ,,Del arte” komediýalary ýaly perdeli, nikaply oýnal- ýan oýunlar/ atlandyrylypdyr. ,,ATELLANY” sözü rimlileriň b.e. öň 300 ýyllarda Günorta Italiýa bilen uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran urşy döwründe ,,OSKOW” tireleri bilen gatnaşykda bolan wagtlary geçen söz. Uruş döwründe ,,OSKOW” tireleriniň ýaşan şäheri ATELLA diýlip, atlandyrylypdyr. Rimlileriň çagalary /ogullary/ şeýle oýunlar bilen baýramçylyk günleri çykyş edipdirler. Haçan-da, rimlileriň özleriniň edebi drama eserleriniň we aktýorlarynyň döräp başlamagy bilen ,,Atellan” oýunlary masgaraçylyk hasap edilip ugrapdyr. ,,Atellan” oýunlarynda esasan dört sany gülkünç gahryman hereket edipdir. Olar Makk, Bukkon, Papp, Dossen. Olar tomaşa mahaly özlerini iň samsyk adam hökmünde görkezmäge çalşypdyrlar. Islendik adam olaryň samsyklygyndan peýdalanyp olary aldamakdanam, urmakdanam gaýtmandyr. Tomaşada hereket edýän Makk özüni samsyk, ynanjaň juda köp iýýän, şol bir wagtda-da aýalbaz, gören zenan maşgalasyna söýgi bildirip ýören, takyr kelleli, jaýty burun, gysga egin-eşikli, eşek gulak gahryman bolup to-maşada hereket edipdir. ,,Atellanda” çykyş edýän Bukkon çekgeleri örän pökgi dodaklary sallanyp guran, salpydodak bolup çykyş edipdir.Onuň dodaklary Bukkonyň köp iýýänliginden däl-de, köp gürleýänliginden salparyp giden hasap edilýär.Ol hem juda iýermen bolsa-da, Makk ýaly juda samsyk däl hasaplanylýar. ,,Atellanda” çykyş edýän üçünji bir gahryman Papp baý, gysganç şeýle hem samsyk garry hökmünde görkezilýär.Dördünji gahryman Dossen-hi- legär bükgi, ýaňra we ýalançy. Ol özünde jemlenen şeýle gylyklar bilen düş- ünjesiz, sowatsyz adamlarda özüne bolan hormaty gazanmagy başaryp bi-lipdir. Nikaply çykyş edýän şu dört personaž ,,Atellanda” baş gahryman bo- lupdyr. Olaryň tomaşaça ýetirýän sözleri, hereketleri belli drama ýazgysyndan ugur alynmansoň, olara uly toslama sözleri, hereketleri ulanmaklaryna ýol açylypdyr. Bu dört gahrymanyň ,,Atellandaky”çykyşlary b.e. öň I asyrda galdyrylan edebi ýazgylarda öwrenilen häsiýetnamalarda ýokardaky aýdy-lanlaryň dogrydygyna güwä geçýär. Şol döwürlerdäki halk dramalarynda mim /sözsüz eliň, aýagyň, ýüzüň-gözüň hereketleri bilen tomaşaçynyň öňünde çykyş edýän aktýor/ çykyşlaryny tomaşaçylar has ýokary derejede garşylapdyrlar. Rimli mim aktýorlary hem Grek aktýorlary ýaly öz çykyşlaryny halk dur-muşyndan alypdyrlar. Olar öz käbir çykyşlarynda Hudaýlaryň we gahrymanlaryň üstünden oýun etmänem başarypdyrlar. Dürli tomaşalar Gresiýadaky ýaly Rimde-de bolupdyr. Emma, rimlileriň gowşak dramalary olaryň Greklerden kabul eden irki ,,Atellan” drama we mim tanslary başga ugurlar boýunça ösmekligini şol döwürde dowam etdirip bilmändir. Sebäbi, rimlileriň durmuşynda bu ugurdan ösmäge dini ruhanylaryň garşylygy uly bolupdyr. Rimlilerde baý poeziýanyň, güýçli mifiki keşpleriň ösüşi Greklerden has pesde bolupdyr. Bu ýagdaý sungatda-da, dramada-da Greklerden köp ba-batda yza galypdyr. • "Ralliata” barada häsiýetnama. Plawt /Tit Maksiý b.e. öň 251-184- ýý/ Rimiň Gündogara tarap alyp barýan basybalyjylykly uruşlary dünýä ta-ryhynda uly yz galdyran uruşlaryň biri boldy. B.e. öňki III asyryň ikinji ýarymynda bu uruş Rimde medeniýetiň ýokary derejede ösmegine alyp gelýär. B.e. öň II asyryň birinji ýarymynyň başky on bäş ýyly dramaturg Plawtyň döredijiligini öz içine alýar. Haçan-da, irinji Puniçesk urşy tamamlananda Plawtyň bary-ýogy on ýaşy bolupdyr. Ol çagalygyna garamazdan şol urşa gatnaşanlardan we özünden ýaşy ulylardan uruş dogrusynda köp zady diňlemegi başarypdyr. Ony esasanam rimlileriň ganym duşmany hasapla- nan Karfagenler bilen gury ýerde we deňizde bolan gazaply uruşlary gyzyk-landyrypdyr. Ikinji Puniçesk urşy tamamlananda Plawt eýýäm elli ýaşynda- ky ulalyşan adam bolupdyr. Gresiýanyň özbaşdaklygyny almak ugrundaky Makedoniýa bilen bolan urşuň zamandaşy bolan Plawt, Makedoniýanyň ýeňlişiniň gözli şaýady bolýar. Onuň durmuşynda Siriýa şasy Antioha III-njiniň ýeňlişe sezewar bolmagy hem ýaşan döwri bilen gabat gelýär. Plawtyň ýaşan döwründe bolup geçen baý wakalaryň, dürli syýasy ýagdaýlaryň bolandygyna garamazdan onuň döredijiliginde hiç hili yz galdyrmandyr. Plawtyň dramaturgiýasy durmuşy wakalary, olary dürli tarapdan su-ratladyrmaga ýugrulan bolypdyr. Ol öz pýesalaryny esasan Grek dramatur-giýasyndan susup almak, täsirlenmek arkaly döredipdir. Plawtyň zamanda- şy Gneý Newiýniň /B.e. öňki 270-201ýý. ýaşan Rim dramaturgy, şahyry, ko-mediýaçysy. ,,Punçesk urşy hakyndaky aýdym” atly milli eposyň awtory/ ýazmagyna görä ol täze Grek komediýalaryny nusgalyk edinip, olary öziçe işläp, olara öýkünip döretmegini dowam etdiripdir.Bu şeýle-de, bolaýmaly. Sebäbi, taze komediýalar we Ellin teatr zamana-sy Plawta has golaý bolup, Grekleriň medeni durmuşyndan täsirlenmesini dowam etdirýär. Rimiň Orta ýer deňziniň dünýä merkezine öwrülmegi bilen Ellin zama-nasynyň Grek şäherlerini ýada salýan döwür başlanýar. Bu ýagdaýlar Plawtyň durmuşynda belli bir yz galdyrýar. Plawt özüne Aristofany nusga edinip alyp bilmeýär, sebäbi Rimiň aris-tokratyk senaty syýasy komediýalary döretmäge hiç-hili mümkinçilik ber-meýär. Aristofanyň syýasy komediýalarynyň esasy baýlygy, ideýa-mazmuny taýdan orta gürpdäki rimliler üçin düşnükli bolupdyr. Newiý, Plawt we beýleki komediýagraflar öz pýesalarynda häkimýet-lere, umumy halk köpçüligi üçin has düşnükli boýlan durmuşy wakalary açyp görkezip bilýän täze ,,Attik” komediýalaryny özlerine nusgalyk edinýärler. Plawtyň doglan ýeri Umbirniň Sarsiny şäheri bolupdyr. B.e. öň I asyrda ýaşap geçen görnükli Rim filologн we ýazyjysy Warronyň /B.e. öňki 116-127ýý. Ýaşap geçen Rim ýazyjysy, alymy köpüsi biziň günlerimize ge- lip ýetmedik 74-işiň awtory. Ol taryhçy, edebiýatçy, filosof, matematik. Onuň ,,Oba hojalygy” işi dolulygyna biziň günlerimize gelip ýeten. Rimde açylan ilkinji okalganyň-kitaphananyň guramaçysy/ýazmagyna görä, Plawt ýaşlygynda sergezdançylyk edip ýören truppanyň aktýorlarynyň biri bolup-dyr.Ol birneme pul /maýa/ toplansoň, söwda bilen meşgullanýar. Söwdasy başa barman tozýar. Soň, ol bir degirmende kilwançylyk edip başlaýar. Ol, şol ýerde iş arasynda üç sany komediýany ýazýar. Komediýalaryň üçüsem durmuşy açyp görkezip bilýän gowy pýesalar bolup çykýar. Plawt degirmende kilwançylyk etmegini taşlap edebiýat işi bilen meşgullanyp başlaýar. B.e. öň I asyrda Plawtyň ady bilen bir ýüz otuz sany ko-mediýa döredilipdir. Warron şol bir ýüz otuz komediýanyň diňe ýigrimi birini hakykatdanan Plawta degişlidigini ýazýar. Warron tarapyndan saýlanan komediýalaryň on ýedisi doly, üçüsiniň käbir sahypalary ýiten, zaýalanan görnüşde, şeýle hem bir çemodan/sandyk/komediýa ýazgylary bölek-bölek bolup biziň günlerimize gelip ýeten. Plawt öz döwründe, ,,Grekleriň ýapynjaly komediýalary” atly edebi žanr bilen belli bolan dramaturgiýa wekili hasap edilýär. Beýle žanra ,,Palliaty” /bu Grek sözi bolmak bilen plaş-ýapynja manysyny aňladýar/ hen di-ýilýär. Plawtyň eselerindäki ähli gahrymanlar-personažlar Grek atlaryny gö-teripdirler we Grek eşiklerini geýipdirler. Pýesada bolup geçýän hadysala- ram haýsydyr bir Grek şäherinde edilip görkezilipdir. Plawtyň komediýalaryndaky döreden gahrymanlarydyr-personažlary hem täze ,, Attik” komediýalaryny döredýän dramaturg-Menandra we şol žanrda pýesa ýazýan beýleki dramaturglara çalym edip, pýesada çykyş edýän gahrymanlar meňzeş bolupdyrlar. Plawtyň täze ,,Attik” komediýalarynyň esasy gahrymanlary öwüňjeň ofisser/serkerde/, hilegär gul, biri-birini ýitirip, soň tapyşýan ekizler, erkekleri aýallar bilen duşuşdyrýan aragezerler, özlerini ýeňles alyp barýan ze-nanlar, baý garrylar, öz çagalaryna zeýrenip ýören ata-eneler bolupdyrlar. Kähalatlarda onuň pýesalarynda syýasy kakdyrmalaram /yşaratlar/ hem gabat gelipdir. Şeýle ýagdaýda halypasy Newiniň ykbaly göz öňünde peýda bolup, syýasatdan daşda bolanyny kem görmändir. Döwleti dolan-dyrjylar öz alyp barýan syýasatlarynyň üstünden gülünmegini islemändirler, gülýänlere we güljek bolýanlara berk darapdyrlar. Plawtyň elinden çykan ,,Palliata” komediýalary Menandranyň komedi-ýalaryndan gurluşy, şeýle hem käbir häsiýetleri boýunçada üýtgeşiklik du- ýulypdyr. Täze ,,Attik” komediýalary arassa gepleşik žanrynda ýazylan pýesalar bolup, şu günüň operasyna golaý tomaşa eserleri bolupdyr. Ol eserler ýerine ýetirilende birnäçe bölümden ybarat bolup, aralygynda sazyň ugruk-dyrmagy bilen aktýorlaryň gepleşik žanrynda çykyşlary berilipdir. Tomaşanyň dowamynda şeýle edilmegine, ,,Kantiki” diýlipdir. /,,Kantiki”-Grek sözi bolyp, aýdym aýdýaryn diýen manyny aňladypdyr. Sözlüge seret/ Eseriň tomaşaça ýetirilişi dürli ýagdaýlarda bolup, "Kantiki” kä ýagdaýlarda sazyň ugrukdyrmagynda deklemasiýa /çeper okaýyş/ görnü- şinde, kä halatlarda bolsa, hakyky opera ariýalary ýaly ýerine ýetirilipdir. Rim komediýalarynda hor ulanylmandyr. Arakesmeler fleýta sazynyň ýerine ýetirilmegi arkaly berilipdir. ,,Palliata” komediýalary köp ýagdaýlarda bäş bölümden /aktdan/ yba- rat bolupdyr.Tomaşa başlanda ilki bilen giriş /prolog/berilipdir.Girişde pýe-sanyň mazmuny dolulygyna ýa-da, bölekleýin tomaşaça ýetirilýär. Girişi okaýan /ýerine ýetirýän/ pýesanyň baş gahrymany, ýa-da, esasy keşpleriň birini ýeirne ýetirýän aktýor okamaly bolupdyr. Rim ,,Palliata” komediýalaryndaky pýesalar dört, alty aktýora niýetlenen bolupdyr. Plawtyň döwründe aktýorlar keşpleri nikapsyz /perdesiz/ ýerine ýetiripdirler. Aýal keşpleri erkek kişiler tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Plawtyň ýaşan döwründe teatryň özbaşdak jaýy bolmandyr. Plawtyň ýaşan döwründen soňam, Rimde b.e. öňki I asyryň ortalaryna çenli ýagdaý şol durşuna galypdyr. Tomaşalar görkezilende beýikligi adamyň biline çenli bolan agaç sekiler ýasalyp, dört-bäş basgançakdan ybarat insiz merdiwan goýlupdyr. Sekiniň üstünde agaç diwar bolup, penjiräniň we gapynyň ýeri goýlupdyr. Ýönekeýje sahna bezegi şäher köçesini we köçäniň ugrundaky iki-üç sany jaýyň şekilini aňladypdyr. Tomaşa mahaly edilýän hereketler, özara gürrüňler, gizlin gatnaşyklar şol jaýlaryň öňünde bolup geçipdir. • "Togy” komediýalary "Palliata” komediýalary öz mazmuny, gurluşy boýunça Grekleriň durmuşyndan alynandygy ýokarda bellenip geçilýär. Takmynan b.e. öňki II asyryň ortalarynda rimlileriň özleriniň milli komediýalary döräp başlaýar. Rimlileriň täze peýda bolan komediýalary ,,Togy” diýlip atlandyrylýar. Komediýalaryň şeýle atlandyrylmaklygy rimlileriň ,,Toga-toý” /Ähli egin-eşikleriň ustünden geýilýän ýapynjany ýa-da ýokarky, daş eşigi aňladýar/ sözünden gelip çykýar. Täze dörän ,,Togy” komediýalary rimlileriň durmu-şynda öňki bolup geçen jemgyýeçilik-syýasy ýagdaýda dörän komediýala-ryndan birjigem kem bolmandyr. B.e. öňki II asyryň ortalarynda Rim bütin Ortaýer dezini özüne tabyn edenden soň, b.e. öňki III asyryň başlarynda uly ýereýeçilikli jemgyýet bol-magyndan uly döwlete öwrülýär. Öz tabynlygyndaky ýerlerden gelýän salgydyň möçberi juda köpelip, ýerlerden gelýän salgytlaryň köp bölegi rimli ýeňiji serkerdeleriň, süýthorlaryň, salgyt ýygnaýjylaryň ellerine düşüp ola- ryň juda baýamaklaryna ýol açýar. Şeýlelikde,döwletde gullaryň sany kö- pelip, gulçulyk zähmeti ösüp ýetjek derejesine ýetýär. Gullar esasanam oba hojalygynda uly güýç bolup durýar.Gurply adam-larda uly mülk eýeçiligi emele gelip, ownuk ýer eýeleriniň dargamagyna alyp gelýär. B.e. öňki II asyrda ownuk ýer eýeleri düýpli dargansoň, olar şäherlere siňmeli bolýarlar. Şäherlere siňen ownuk ýer eýeleri, hiç ýerde işlemän gul-laryň zähmetiniň hasabyna jemgyýetde ýaşamaly bolýarlar.Şeýlelik-de,Rim- de ,,Antik proletariýasy” emele gelýär. Rimde bolup geçýän ykdysady özgerişlikler sosial çykyşlaryň, göreşleriň emele gelmegine alyp barýar. B.e. öňki II asyryň başlarynda gullaryň tu-ruzýan ulyly-kiçili gozgalaňlary köpelip başlaýar. Şeýle gozgalaňlaryň käbir- leri özüniň ulylygy bilen has-da tapawutlanypdyr. B.e. öňki II asyryň ikinji ýarymynda we b.e. öňki I asyrda barlylaryň arasyndada oňuşysyzlyklar başlanýar. ,,Nobilýamlaryň”/Aristokratlaryň/we ,,Wsadnikleriň”/Maliýe işinde esasy derejä degişli Ikinji gatlak bolan ,,Atly-laryň”/ arasynda ýerlerden ekspluatasiýa /ezmeklik/ etmek arkaly gelýän serişdäni bölüşmekde başlanan dawa ýurda uly howp salyp başlaýar. Olaryň arasyndaky başlanan gapma-garşylyklar ýerleri ellerinden giden aşaky gat- lak wekilleriniňem olara garşy aýaga galmaklaryna alyp gelýär. Rimde başlanan bu jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý edebiýata we teatra öz täsirini ýetirýär. Ownuk ýer eýeleriniň, proletar elementleriň /proletariat synpynyň başlangyçlary/ yzygiderli alyp barýan sosial-syýasy göreşleri teatrlaryň-jemgyýetiň aşaky gatlagyna degişli durmuş bilen gyzyklanyp ug-ramagyna getirýär. Teatr tomaşasynda çykyş edýän esasy gahrymanlar ädikçilerden, dokmaçylardan, degirmençilerden /kilwanlardan/, mawut, begres keçe basýanlardan ybarat bolupdyrlar. Teatrlarda gyrnak, özlerini ýeňil alyp barýan zenanlar bolman, haýsydyr bir senetçiniň gyzy, aýaly, gyzlygy bolup çykyş edýärler. Teatrlaryň kömegi bilen gyz-gelinlere bolan garaýyşlar düýpgöter üýtgäp başlaýar. B.e. öňki II asyrda öýden daşary çykyp bilmän diňe adamsynyň /äriniň/ guly hökmünde garalyp, diňe öýüň işinden başga zady bilmeýän, biljegem bolmaýan zenanlara teatr tomaşalary täsirini ýetirip, azatlyga çagyrýar. ,,Togaty” komediýalarynyň görnükli wekilleri dramaturglar: Titiniý, Af-raniý, Atta bolupdyrlar. Titiniý dramaturg Terensiýniň döwürdeşi bolupdyr. Atta b.e. öňki 66-nji ýyda aradan çykypdyr.Afraniý b.e. öňki takmynan 100- nji ýyla çenli ýaşapdyr. Olardan biziň günlerimize çenli ýetmiş komediýanyň atlary we dört ýüz elli töweregi gysgajyk bölekler gelip ýetipdir. Olaryň dramaturgiýa eserleri öz zamandaşlary tarapyndanam, şol döwürlerden soňam, ýokary baha mynasyp bolupdyrlar. Alym Gorasiý Afra- niniň esarlerini Plawtyň we Terensiýniň dramaturgiýasydan ýokarda go-ýupdyr. Afraniniň komediýalaryndan biziň günlerimize kyrkdan gowrak pýesalaryň atlary gelip ýetipdir. Onuň ,,Awgur” /Gadymy Gresiýada ruha- nylar birleşmesi ,,Kollegiýasy”, Hudaý tarapyndan bolýan zatlary öňe sürü-jiler/ komediýasynda din wekilleriniň üstünden hilegärlik bilen gülmänem başarypdyr. Onuň saklanyp galan ,,Awgur” komadiýasyndan galan iki setir goşguda: "...Biziň Awgurimizi kakynly jynlar ele salaýsalar, bilýäňizmi? As-man, Deňiz, Gök titiräp we ähli zatlar çym pytrak bolar”- diýip, olary öwgi astyna alan bolup üstlerinden gülmäni ussatlarça başarypdyr. Afraniniň ,,Ekizler” komediýasyndan galan goşgy setirlerinde durmuşy tema degişli, är-aýal gatnaşyklary, äriniň üstünden höküm etmäni halaýan zenanyň dilinden: "...Men adamyma kä gulak asýaryn, käte näz edýän, şol bir wagtda-da bilgeşleýin dawa tapmaga çalyşýan, kä wagtlaram masgara- laýjy sögünçler aýdyp onuň degnasyna degýärin”-diýip, zenan mekirligini ýüze çykarýar. Zenanlaryň adamsyna bolan şeýle gatnaşyklaryň täze Ýewropa komediýalarynda-da Afranydan täsirlenendigi belli bolýar. Afranynyň ,,Ekizler” pýesasyndan bize ýeten beýleki bir goşgy setirlerinde: "...Eger zenanlar gözleri bilen erkekleri ýesir edip bilýän bolsadylar, on-da sandan galan, wagty geçen garry zenanlaram özlerine oýnaş tapynardylar. Ýaşlyk, zenan endamynyň näzikligi, olardan bark urýan gülleriň ysy, ynha, erkekleri şeýle zatlar özüne tabyn edýär. Ýaşlykdan uzaklaşyp giden ýyllaryň hiç wagtam özüne çekijiligi galmaz”-diýip, ýaşlygyň waspyny ýetirýär. ,,Togi” komediýalarynyň başga bir wekilleriniň biri, Attanyň drama eserleri özüniň meşhurlygy bilen Awguгstyň /b.e. öňki 63-14 ýyllarda Rim imperatory, Sezaryň ýegeninden bolan agtygy/ eýýamyndan bäri belli bol- ýar. Alym Gorasiý öz hatlarynyň biride: ,,Eger Attanyň komedilarynyň öw- gä mynasyplygyna kimdir biri şübhe döredýän bolsa, onda, onuň eserindäki baş gahrymanyň keşbini öz döwrüniň uly ussat aktýory Rossiniň oýnandygyna garamazdan,Rimiň ähli senatorlarynyň bir agyzdan ,,masgaraçylyk” diýmekleriniň özem komediýanyň jüpüne düşendiginden habar berýär”-diýip, ýazypdyr. Attanyň öz komediýalarynda ýurdy dolandyryjy gatlak bolan ruhanylaryň, senatyň üstünden gülüp bilmegem, özüni otda ýakarlaryndanam çekinmezligem onuň öz döwrüniň beýik dramaturgy bolandygyna güwä geçýär. Attanyň başga bir "Gyzgyn suwlar” komediýasynda ýeňles zenanlaryň durmuşlary suratlandyrylýar.Durmuşa çykan ärli aýallaryň kurortlarda özlerini päk ahlakly, abraýly aýal maşgalalar boljak bolmalaryna garamazdan olaryň töwerekdäki erkek kişileri özlerine göz gyzdyrtmak,özlerine çekmek üçin gyzyklandyryjy, aldap biläýjek eşikleri geýýändikleriniň üstünden gülýär. Attanyň eserleriniň biziň döwrümize gelip ýeten käbirleriniň şaýatlyk etmeklerine görä onuň komediýalarynda aşaky garyp gatlagyň durmuşyny açyp görkezmeklige uly üns berilipdir. Olaryň özara gepleşiklerem, gündelik durmuşdan alynan sözleriň hasabyna berlipdir. Umuman, aşaky gatlagyň durmuşyny beýan edýän kome-diýanyň gahrymanlary gündelik ýaşaýşa gatnaşýan ownuk dükançylar, na-harhanaçylar, senetkärler bolupdyrlar. Şeýle komediýalar ,,iýmit-gazanç” komediýalary diýlip, atlandyrylypdyr. Attanyň komediýalaryny doly göz öňüne getirmek mümkinçiligi onuň Rim teatrlarynda demokratiýanyň öňe tarap täze ädimidigini aýtmak bolýar. Biziň günlerimize gelip ýeten ,,TOGATY” komediýalary teatr žanryna umumy häsiýetnama berlende, onuň esasy ýeri Rim teatr sungatyny uly ösüşe itekländigini ykrar etmek örboýuna galýar. Gadymdan gelýän ,,Ýa-pynjaly komediýalardan” birjigem kem bolmagyk ,,Togaty” komediýalary hakyky durmuşy suratlandyrmakda has özünden ozalky komediýa žanyrla-ryndan öňe gidendigini bellemek mümkinçiligi döreýär. • Terensiý /takmynan b.e. öňki 185-159ýý/ "Palliata” komediýalarynyň uly ussady Plawtanyň yzyny dowam etdiriji Publiý Terensiý Afrikanly /Asly Afrikaly. Ol demirgazyk Afrikada doglan/. Heniz çaga wagtynda Rim senatory Terensiý Lukanyň öýünde gul bolup, bilim alandan soň erkinlige goýberilýär. Terensiý Rimli belli edebiýatçylar bilen golaý dostlukly aragatnaşykda bolupdyr. Esasanam, Sipion Afrikanly /kiçisi/, Gaý Leli bilen golaýdan gatnaşyk saklapdyr. Olaryň ikisem Grek medeniýetine we bilimine ýykgyn eden edebiýatçylar bolupdyr. Terensiniň şeýle edebiýatçylar bilen gatnaşany sebäpli gybat-gürrüňlerem ýaýrapdyr.Özleriniň jemgyýetdäki tutýan orunlary sebäpli çykyş etmeden daşda durýan Terensiýniň edebiýatçy dostlary oňa ýazyp berýärler di- ýen gürrüňleri ýaýratmakdanam onuň garşydaşlary gaýtmandyrlar. Ol özüniň alty komediýasyny tomaşaça ýetirenden soň,bilimini artdyrmak maksady bilen Gresiýa syýahata ugraýar. Yzyna dolanyp gelýärkä gämi heläkçiligine sezewar bolup aradan çykýar. Şol wagt onuň bary-ýogy ýigrimi alty ýaşy bolupdyr. Başga çeşmelerde ol Gresiýanyň özünde aradan çykan edilip görkezilýär. Terensiden galan alty komediýanyň hemmesem biziň günlerimize ge- lip ýeten. Hat-da, pýesalaryň goýulan ýyllaram belli. ,,Androsly gyz” b.e. öň- ki 166ý., ,,Öz-özüňi gynamak” b.e. öňki 163ý., ,,Agta” we ,,Formion” b.e.öň- ki 161ý., ,,Doganlar” b.e. öňki 160ý., ,,Gaýyn ata” b.e. öňki 160ý. sahna çy-karylyp, tomaşaça ýetirilen. Terensiniň ähli komediýalary dramaturg Menandranyň eserleriniň täsirini özüne siňdiren komediýalar. Komediýalaryň hemmesem Grek koloriti /özboluşlylygy/ bilen tapawutlanan. Onuň komediýalarynda maşgala gapma-garşylyklary açylyp görkezilýär. Maşgaladaky gapma-garşylygy açyp görkezýän ,,Doganlar” komediýa-synda iki sany garran doganlaryň arasynda bolup geçýän çaga terbiýesi baradaky bir-birine çapraz gelýän häsiýetler orta atylýar. Garran doganlaryň biriniň öz ogluna berýän yzgytsyz terbiýesi öýden gaçyp, hakyna tutma işe gitmäge ony mejbur edýär. Terensiniň komediýalaryndaky gahrymanlar edil Plawtyň eserlerindäki gahrymanlar ýaly durmuş ýagdaýlary pese düşen alyp-ýolup barýan gullar, ýeňles zenanlar, mugthorlar, aragezerler bolupdyrlar. Onuň ýeňles zenan gahrymanlary öň bir abraýly maşgalanyň gyzy bolup, ýaş wagty kimdir biri tarapyndan ogurlanyp ýeňleslige ugrukdyrylan bolup çykýar. Terensiniň eserlerinde Plawtdaky ýaly hilegärçilik ösdürilmän,onuň deregine gahrymanlarynda sungatyň psihologik häsiýetlerini ösdürmeklik, arkaly durmşyň has özüne çekiji taraplaryny açyp görkezmeklik öňe sürülýär. Onuň ,,Agta” komediýasynyň gahrymany ýeňles zenan Faida özüniň dogany hökmünde görýän gyzynyň, öz durmuşynda bolup geçen ýagdaýlaryň onuň durmuşynda gaýtalanmazlygy, şol ýola baş goşmazlygyny dürli hä-siýetleriň üsti bilen goramakçy bolşy, ýokarda bellenilenlere doly güwä geçýär. Terensiniň talantynda /zehininde/ esasy zat komiki güýjiň, duýgynyň köp babatlarda gowşak gelýänligi Rimliler tarapyndan örän ýerlikli belleni- len. Terensini ýarym-Menandra hasaplap imperator Sezar:,,Eger seniň goş-gylaryňa ýenede bir neme güýç goşulaýan bolsa, onda seniň goşgylaryňam edil Grekleriňki ýaly ýokary komiki duýgyly bolardy” -diýip, belläpdir. Terensiniň komediýalary Grek medeniýetine ýykgyn edýän aristokratlara ýarap, uly abraýdan pýeýdalanypdyr. Bu barada Terensiniň özem ,,Gaýyn ata” komediýasynyň girişinde belläp geçýär. ,,Gaýyn ata” pesasy ilkinji gezek görkezilende, bu tomaşa hiç kim barman, tomaşaçylar ýüpüň üstünde gezýän tansçylara tomaşa edýärler. Pýesa ikinji gezek görkezilende ýenede tomaşaçy barmansoň, ikinji bolümiň öň ýanynda gladiatrlaryň çykyşy boljak diýen gürrüň ýaýradylýar. Şeýle gürrüňi eşiden tomaşaçylar teatra tarap eňýärler. Aldaw bilen pýesa tomaşa etdirilen tomaşaça komediýa örän ýaransoň, üçünji gezek görkezilende pýesa üstünlik gazanýar. Terensiý diňe Grek medeniýetini halaýanlar üçin ýazýar diýen gürrüňem ýaýraýar. Ol tomaşaçylar bilen bilelikde,öz tankytçylaryna garşy çykyş-laram guraýar. Onuň ,,Agta” komediýasy bir günde iki gezek görkezilmäge başlaýar. Oňa tölenýän galam haky şol döwürde dramaturglara tölenýän tölegiň iň ýokary derejesine ýetýär. ,,Androsly gyz” komediýasy Terensiý aradan çykandan soňam birnäçe gezek tomaşaça ýetirilipdir. Alym M.M.Pokrowskiniň bellemegine görä, Grek medeniýetiniň Rimde ýokary gatlak aristokratlarda täsiriniň ýokarydygyna garamazdan, aşaky gatlakdan bolan adamlaryň Grek medeniýetine bolan garaýyşlary üýtgäp ugraýar. Beýle bolmaklygy şeýle düşündirmek haky-kata laýyk bolsa gerek. Haçan-da, Rim imperiýasy Makedoniýany doly basyp alandan soň, Gresiýanyň bilimli adamlarynyň uly topary Rime tarap süýşüp ugraýarlar. Makedoniýa doly basylyp alynandan iki ýyldan soň, Terensiý teatr üçin öz komediýalaryny ýazyp başlaýar. Terensiý öz komediýalaryny prolog /giriş/ bilen başlaýar. Onuň pýesalarynyň prologlary Plawtyňka garaňda başga häsiýete eýe bolupdyr. Plawtyň pýesalarynyň prologlary pýesada bolup geçmeli wakalary, gapma-garşylyklary, gelip çykýan netijesini tomaşaça ýetirmeklik göz öňünde tutulypdyr.Terensiniň prologlary kiçi aktýor ýa-da aktýorlar truppasynyň /toparynyň/ ýolbaşçysy /hojaýyny/ tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Onuň prologlarynda tomaşaça pýesanyň ady habar berlenden soň, edebi çekişme başlanýar. Öz edebi garşydaşlaryna /tankytçylaryna/ bolýan bu çykyşy, çekişmäni alyp baryjy öz adyndan ýa-da awtoryň adyndan tomaşaça ýetirýär. Şeýle çykyşlar /göreşler/ b.e. öňki II asyryň birinji ýarymynda Rim edebiýatynda, teatrynda örän ýörgünli bolupdyr. Terensiniň edebiýat we teatr babatdaky garşydaşlary esasanam Lusiý Lanuwin onuň eserlerinde iki wakanyň garyşdyrylmagynda /kontaminasiýa- da-garyşdyrmak, galtamak manyny aňladýar.Sözlüge seret./ ony tankyt as-tyna alsa, beýleki garşydaşlary edebiýat ogurlygynda aýyplap onuň pýesalarynyň dramaturglar Plawtyň, Newiniň eserlerinden ogurlykdygyny tassyk-lap, onuň eser döretmeginde käbir ýokarky gatlak wekilleriniň arka durýan-dygyny belläpdirler. Şeýle-de, onda şular ýaly uly eserleri döretmäge zehiniň ýokdygyny aýdypdyrlar. Terensiý bolsa, özüni gorap çykyş edipdir. Käha-latlarda hüjüme geçip, olaryň öz pýesalaryny berk tankyt edipdir we olary ýaňralykda aýyplapdyr. Rimde dörän edebiýat we teatr babatdaky garşylyklaýyn çykyşlaryň, jedelleriň, birek-birege edilen tankydy zarbalaryň bize doly düşnükli däldigine garamazdan, edebiýat we teatr tankydynyň dörändigini bellemek zerurdyr. Şol döwrüň tomaşaçylarynda Rim pýesalaryny Grek pýesalarynyň asyl nusgalaryna bolan gatnaşygyny nähili tapawutlandyryp bolýandygy dogrusynda-da gyzyklanma döräp başlapdyr. Olary Latynlaryň asyl nusgasyndan nähili ýagdaýda täzeden işlenip başlanandygam gyzyklandyrypdyr. Terensiniň komediýalarynyň öwüt berijilikli /didaktikasy/saklanyp galypdyr.Bu ýag-daýy onuň ähli komediýalarynda oýnan, şol döwrüň belli antrepreneri /hususy teatryň eýesi/we aktýory Lusiý Ambiwiý Turpionyň ýazgylaryndan belli bolýar. Lusiý Ambiwiý Turpiony ýaşuly adam bolanlygyna garamazdan ak-týorçylykda özüne düşýän agrama dözüp oýnamaklygy başarypdyr. Komediýalaryň sazyny Flank we Klawdiýa /gul/ ýazypdyr. Terensiniň ähli pýesalaryndaky goşgularyň beýan edilşi we olaryň mazmuny biziň döwrümize gelip ýetipdir. Pýesalaryň idea-mazmunyna b.e. öňki II asyrda ýaşap geçen Rim gramatigi /dilçisi/ Gaý Sulpisiý Appolinariý tarapyndan ýazylan düşündirişde doly beýanyny tapypdyr. Terensiniň ,,Öz-özüňi gynamak” komediýasyndan başga galan bäş komediýasyna b.e. öňki IV asyrda ýaşap geçen Rim gramatigi /dilçisi/ Donata düşündiriş ýazypdyr. Bu düşündiriş häzir edebiýat we teatr gatnaşygynda bahasyna ýetip bolmajak çeşme hasaplanýar. Onuň düşündirişi aktýorlaryň oýnaýyşlaryna berilýän az bolmadyk görkezijilerem öz içine alýar. • Teatr görkezmekligiň guramaçylary Rimde-de, Gresiýada-da teatr görkezmeklik, teatra tomaşa etmeklik Döwlet baýramçylyklary bilen bagly bolupdyr. Rimde teatr Gresiýadaky ýaly güýçli dini aragatnaşykda bolmandyr. Şol döwrüň Rim teatrlary biziň bilşimiz ýaly dünýewi /Swetskiý/ teatrlar hasaplansada, daşyndan dini baýramçylyklar bilen arabaglanyşykly bolupdyr. Teatr tomaşalary diňe bir umumy Döwlet baýramçylyklarynda görkezilmän, ýurduň tanymal, belli adamlarynyň başyny /inisiatiwasy/ başlamagy bilenem görkezilipdir. Pýesalar haýsydyr bir goşun serkerdesiniň ýeňi- şine, jemgyýetçilik wezipeleri eýelemek dogrysyndaky dalaşa, ýurtda tanymal adamlaryň ölümi bilen baglanyşykly merhumyň jaýlanmagy, buthana- larda geçirilýän käbir dini gulluklary dabaralandyrmak üçinem görkezilipdir. Drama çykyşlar Gadymy Rim baýamçylyklarynyň biri hasaplanýan "Kapitoliý” Hudaýlara /Gadymy Rim Hudaýlary-Ýupiter, Ýunona, Minerwa ba-gyşlanan baýramçylyk, ýedi belentligiň biriniň üstünde gurlan Rim buthana- sy bolup, şol ýerde dini we senatyň ýygnaklary geçirilipdir/ bagyşlanan baý-ramçylykda bolupdyr.Bu baýramçylyk ,,Rim oýunlary” ady bilen geçirilipdir. Baýramçylyk elmydama sentýabr aýynyň belli bir gününde bellenilipdir. B.e.öňki 240 ýylda Rim dramaturgy Liwii Andronik özüniň iki pýesasy bilen çykyş edýär. B.e. öňki 214 ýyldan soň, drama eserleri bilen bolýan çy-kyşlar dört günläp dowam etdirilip başlanýar.Dört günläp dowam edýän çy-kyşlara esasan ýolbaşçylyk edýänler şäherlerde bolup geçýän şagalaňlara, toý baýramçylyklara ýörüte bellenen adamlar bolupdyrlar. B.e.öňki 220 ýylda ,,Plebeý”oýunlary /Hiç zada hukugy bolmadyk, asyl gelip çykyşy dworýan maşgaladan däl adamlar üçin niýetlenen/ hem ýola goýulýar. Bu oýunlar ýylyň noýabr aýynda geçirilip, beýle oýunlara ,,Plebeý-ler” tarapyndan bellenen ýörite adamlar kethudalyk edipdirler. B.e.öňki 200 ýylda bu oýunda Plawtyň ,,Stih” /Bu söz Grek sözi bolup, örän ussatlyk bilen gysgaldylan sözlerden, sözlemlerden ýasalan çeper okaýyşa meňzeş şu günleriň gepleşik žanryna golaý çykyşlar/ komediýasyna tomaşa edipdirler. B.e.öňki 212 ýylda Rimde ,,Apollon oýunlary” girizilýär. /,,Apollon” Gadymy Grek mifologiýasynda Zewsiň ogly hasaplanylýar. Ol lukmansyly- gyň hem sungatyň Hudaýy. ,,Apollon” eli ok-ýaýly ýaş ýigit edilip suratlan-dyrylýar.Onuň heýkeli ilki b.e. öňki 370 ýylda heýkeltaraş Praksitel tarapyn-dan ýasalýar. Soň, b.e. öňki IV asyrda döwrüň meşhur heýkeltaraşy Leohar tarapyndan ,,Apollon Berwederskiý” ady bilen heýkel döredilýär. /Bu oýun- lar her ýylyň iýul aýynda geçirilip başlanýar. ,,Apollon oýunlaram” şäherde bolup geçýän zatlara jogap berýän ýörüte adamlar tarapyndan guralýar. B.e. öňki 204 ýyldan başlap her ýylyň aprel aýynda ,,Frigeý” Hudaýlary- ryň Beýik enesi Rei-Kibela bagyşlanylan sahna oýunlary görkezilip başlanýar. /B.e. öňki 10-8 asyrlarda Gadymy ,,Frigeý” döwleti bolupdyr. Döwletiň mer- kezi Gardion şäheri hasaplanypdyr/ ,,Frigeý” Hudaýlaryna bagyşlanan bu baýramçylyk diňe Rimde däl-de, Kiç i Aziýada, Gresiýada baýramçylyk hök-münde geçirilipdir. Bu baýramçylyga ,,Patrisleriň” /,,Patris”- bu söz Gadymy Rimde tire-taýpa toparlara bölünişip ýaşan düýp, esasy halkyna aýdylýar/ baýramçylygy hökmünde garalýar. Öz asyllaryny ,,Frigeýlerdendigini” hasap-laýan din hyzmatkärleri Rim şäheriniň köçelerinden ,,Frigeý” sazynyň astyn- da uly şowhun turuzyp geçipdirler. Taryhçy Tita Liwiýniň şaýatlyk etmegine görä sahna oýunlary diňe, b.e. öňki 194 ýylda görkezilip başlapdyr. Baýram-çylykda din hyzmatkärleriniň gatnaşmagynda öz-özüňi gynamak /Şaýy mu-sulmanlarynyň ,,şahseý-wahseý” atly matamçylygyndaky özlerini zynjyr bi- len urup gynamaklaryna golaý/, mal öldürip ganyny üstleriňe çalmak ýaly işlerem edipdirler.Bu baýramçylygada ýörite bellenilen wekiller baştutanlyk edipdirler. B.e.öňki 173 ýylyň aprel aýynyň aýaklarynda maý aýynyň başlarynda Rimde ,,Floraliý” baýramçylygy geçirilip başlanýar. Bu ,,floryň /gülleriň/ we ,,ýazyň” Hudaýynyň hormatyna geçirilýän baýramçylykda öýleriň gapylary, köçeleriň ugurlary güller bilen bezelipdir. Aýal-gyzlara başga günler geýilme- gi berk gadagan edilýän owadan gülli köýnekleri geýmeklik rugsat edilipdir. Bu baýramçylykda diňe Mim aktýorlary çykyş edipdirler. ,,Floraliý” tomaşa-larynada, ýörite jogapkär adamlar baştutanlyk edipdirler. Ýokarda atlary agzalan baýramçylyklaryň ählisine ýörite bellenilen çärelere jogapkär adamlar baştutanlyk edensoňlar, geçiriljek oýunlaryň, teatr tomaşalaryny goýmakda,olar aktýor truppalary bilen gepleşikler alyp barypdyrlar. Oýunlarda, teatr tomaşalarynda geýilmeli egin-eşiklere, sahna bezeglerine, tertip-düzgüne şol bellenen adamlar doly jogap bermeli bolupdyrlar. Baýramçylyklarda çykyş edýän aktýorlar gullardan, gulçylykdan erkinlige çykarylan gullar bolupdyrlar.Aktýorlar toparlarynyň esasy hojaýyny olary truppalara bölüpdir. Her truppanyňam öz baştutany bellenipdir. Gresiýaly aktýorlara garanyňda Rimli aktýorlaryň jemgyýetde tutýan orny juda pes ýagdaýda bolupdyr. Pýesada çykyş edýän gul-aktýor öz döredýän keşbini gowşak ýerine ýetireni üçin jeza çekmeli hem edilipdir.Diňe, b.e. öňki I asyrdan soň, käbir aktýorlara jemgyýetde hormatly ýerleri eýelemek başardypdyr. Rimde b.e. öňki I asyryň ortalaryna çenli belli bir teatr jaýy bolman-dyr. Teatryň ýörite jaýynyň bolmagyna ýurdyň senaty rugsat bermekden çetde durupdyr. Teatr tomaşasy geçiriljek ýerde adamyň bilinden bolaýjak seki ýasalyp, sekiniň üstüne çykmak üçin insizje, dört-bäş basgançakly mer-diwanjyk bolupdyr. Tomaşa elmydama sahnada suratlandyrylan köşgüň öňünde geçirilipdir. Şeýle hem,sahnada şäher köçesi suratlandyrylyp, köçä- niň ugrunda iki-üç jaýyň şekili peýda bolupdyr.Tomaşaçylar sahnanyň öňün- de ýörite ýasalan oturgyçlarda oturyp, teatra tomaşa edipdirler. Tomaşaçylaryň şol oturgyçlarda oturmaklaryna senatdakylaryň tomaşaçyny läliksiret-mek, aýnatmak diýmekleri bilen, tomaşaçylaryň şol oturgyçlarda oturmaklarynyň gadagan edilen wagtlaram az bolmandyr. Teatr tomaşasy üçin gurnalan seki we oturgyçlar tomaşa gutaran dessine sökülip aýrylypdyr. B.e. öňki III-II asyrlarda tragediýalarda çykyş edýän professional-aktýorlar ýüzleri nikapsyz keşpleri ýerine ýetiripdirler. Tragediýa žanrynda nikaply çykyş etmeklik kör wagt geçenden soň, b.e. öňki 130 ýyllarda peýda bolup başlapdyr. Şonuň üçinem Rim aktýorlarynyň Grek aktýorlaryndan aýratynlygy çykyş edýän aktýoryň ýüzüniň mimikasyny /ýüz-gözüň we ümlemek arka- ly hereketi aňlatmak/ görüp bolupdyr.Nikap meňzeş personažlar çykyş eden-lerinde ýa-da ýokary gatlaga degişli gahrymanlaryň üstünden gülünýän de-gişmelerde özüňi goramak üçin gerek bolupdyr. Rim teatrlarynyň durmuşynda iň uly wakalaryň biri ilkinji ýörite teatr jaýynyň peýda bolmagy. Daşdan bina edilen bu teatr jaýy b.e. öňki 55 ýylda Gnem Pompeý Beýik tarapyndan döwletiň hasabyna bina edilen.Teatra 40-müňe çenli tomaşaçy ýerleşip bilipdir. B.e. öňki I asyryň aýaklarynda Rimde ýene-de iki sany daşdan salnan teatr jaýy peýda bolupdyr. Şol teatr binalarynyň biri ,,Balba” teatry, beýlekisi ,,Marsella” teatry atlandyrylypdyr. ,,Marsella” teatryndan biziň günlerimi- ze çenli ýeteni üç gatdan ybarat daşky diwary we içinde üç sany tomaşaçy üçin oturmaga niýetlen ýerler bar. • B.e. öňki III-II asyrlarda Rim komediýalarynyň aktýorlary Biziň günle-rimize şol döwrüň eserleriniň ýazgylaryň gelip ýetmändigi sebäpli b.e. öňki III-II asyrlarda çykyş eden Rim aktýorlary dogrusynda söhbet açmak kynçylygyny döredýär. Şeýlelik-de, Rim aktýorlary dogrusynda gürrüň etmekde esasy tutalga Plawtyň we Terensiýniň komediýalarynda oýnan aktýorlar bolup galýar. Plawtyň we Terensiýniň pýesalarynyň prologlarynda /girişinde/ aktýorlaryň çykyşynyň nähili ýagdaýda bolýandygyny ýokarda belläp geçipdik. Ýö- ne, tomaşanyň çeperliklerine sahnada goýulýan heýkelleri we heýkeljikleri, barelefleri hem goşmak zerurlygy çykýar.Çeperçilik sungatyna degişli sahna bezeginiň teatr üçin ýörite ýazylmadyk käbir ýazgylarynda çeperçilik sungatynyňam sahnada aktýorlarça gerek bolandygy bellenilip geçilýär. Rim aktýorlary pýesadaky aýdylýan her bir sözi manysyna görä hereketler /eliň, aýagyň, ýüzüň, gözüň/ bilen alyp barypdyrlar. Olar käbir ýagdaýlarda alypbaryjynyň aýdýan sözleriniň manysyna görä, sahna ylgaşlap çykyp, jedelleşipdirler, biri-biri bilen urşypdyrlar ýa-da, onuň tersine birek-biregi gujaklap, öz hoşallyklaryny aňladypdyrlar. Birek-biregiň aýagyna ýykylyp gü-nälerniň ötülmegini haýyş edipdirler. Pýesa gatnaşýan beýleki bir gahryma- ny çagyrmak üçin ýumruklap gapyny kakypdyrlar. Kimdir birini gözleýän görnüşe geçip sahnada iki-baka diň salyp, gezmeläpdirler. Şu hereketleriň ählisi diýen ýaly pýesanyň ýazgysynda berilipdir. Plawtyň ,,Öwünjeň ofiserindäki”/serkerdesindäki/ gahrymany Periplektomen Palestriona serkerdäniň hereketlerini özüçe gaýtalaýar. Terensiýniň ,,Ekizlerinde” aktýoryň oýnaýşynyň tebigylygy öňe sürülýär. Bu ýerde sahna çykarylan Sirakuzli Menehma Matrony gorkuzmak maksady bilen ,,Apollonyň” /Lukmançylygyň we sungatyň Hudaýy/ adyndan gürläp: ,,Sen düşün-ýäňmi? Şeýle güýçler bar. Men siziň ýüzüňizi persala edip bilerin. Eger siz şu wagtyň özünde meniň gözümiň öňünden ýok bolup, gümüňizi çekmeseňiz, ,,Apollonyň” buýrugyny ýerine ýetirmeli bolaryn”-diýip, haýbat atýar. Pýesada hereket edýän akmak gahryman Menehma bu sözleri aýdanda sözleriň manysyny diňe dil bilen düşündirmän eýsem,ol göwresiniň, el-aýagynyň, ýüz-gözüniň hereketi bilenem düşündirpidir. Beýle sözleri eşiden Matron aýak aldygyna gaçmaga başlaýar. Bu wakadan soň, akmak Menehma Matronyň garry kakasyny gorkuzmak maksady bilen oňa howp salyp başlaýar. Hamala ,,Apollon”: ,,Ýabany atlar goşulan arabany /Bu ýerde söweşde ulanylýan iki tekerli ýeňil araba dogrusynda/ göni garrynyň üstünden sür”- diýip, maňa buýruk berýär diýýär. Ol bu buýrugy dürli mimiki hereketler bilen düşündirýär we şol bir wagtyň özünde: ,,Araba münip, atlaryň jylawynam şonuň üstüňe öwür, goý, atlar aýak aldygyna çapsyn, diňe olaryň toýnaklarynyň ýere urýan batly sesi eşi-dilsin”-diýýär. Muny eşiden garry: "Depegenden daşyrak”-diýip, däliden daş-laşmaly bolýar. Terensiýniň ,,Formion” komediýasynda başarjaň gul Geta atasyndan rugsatsyz öýlenen ýaş hojaýynyna atasy bilen duşuşanda, özüni nähili alyp barmalydygy, onuň bilen nähili düşünişmelidigi dogrusynda öwüt berýär. Ýaş hojaýyn atasy bilen duşuşanda onuň ýüz keşbi üç gezek üýtgeýär. Geta ýaş hojaýynyň bolşuny göwne laýyk bilmeýär. Ahyry gul Geta ýaş hojaýynyna atasy bilen deň derejede özüni alyp barmalydygyny hereketiň üsti bilen ýetirýär. Bu uly bolmadyk sahna çykyşyndaky herekete b.e.öňki IV asyrda ýaşap geçen Rimli alym Donat komediýa galdyran öz düşündirşinde: ,,Bu ýerde ähli zat aktýoryň keşbi ýerine ýetirşine bagly bolup galýar. Esasanam, pýesanyň şujagaz ýerinde çekinjeň, gowşajyk adamyň özüni batyr,edermen edip görkezjek bolmagy sahnada gülkünç ýagdaýyň emele gelmegine getirýär” -diýip, belleýär. Teatrda aktýoryň edýän hereketleriniň käbiri berk sahna hereketine öwrülip şol hereket pýesalaryň köpüsinde ýerine ýetirilýär. Esasanam öz hojaýynyndan gaçmakçy bolýan gul ýapynjasyny egnine taşlap, taýýarlan- ýan görnüşe geçýär. Şeýle ýagdaý gul bilen baglanyşykly ähli pýesalara de- gişli bolupdyr. Terensiniň ,,Agtasynda” Faidanyň öýüne girmäge taýýarlyk görýän harbylara päsgel bermekçi bolup, ylgap barýan Hremetiň yzyndan dogany Pamfiliniň: ,,Ýapynjaňa eýelik et!”-diýip, gygyrmagy we onuň göwre hereketi olaryň jemgyýetdäki tutýan ornunam kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Pýesadaky gullar, hyzmatçy zenanlar, umuman pes gatlagyň keşplerini ýerine ýetirýän gahrymanlar örän çalt hereket etmeli bolupdyrlar. Komediýada olaryň ýüzleri tiz agaryp, gyzaryp bilipdir. Olaryň ýüz-göz hereketleriniň üsti bilen begenji, gaýgyny tomaşaçy aňyp bilipdir. Plawtyň we Terensiniň döwründe teatr aktýorlary ýüzlerine nikap /perde/ geýmänsoň tomaşaça sahnadaky gahrymanyň edýän hereketi pýesanyň düýp manysyna-maz- munyna düşünmäge mümkinçilik döredipdir. Şeýle hem, sahnada çykyş edýän gahrymanyň jemgyýetde tutýan ornuny geýýän egin-eşiginiň üsti bilen bermekligede uly üns berlipdir. Rim aktýorlaram edil Grek aktýorlary ýaly öz sesleriniň üstünde köp işlemeli bolupdyrlar. Rim tomaşaçysynyň oratorlara /dilewarlara/ garandan ses meselesinde aktýorlardan edýän talaby has ýokary bolupdyr. Olar akt-ýorlardan arassa we güýçli sesi talap edipdirler. Sahnada gürleýän aktýora aýdylýan sözüň soňuny ýuwutmazylygy, sesiňi gataldanda sesiňe gabat gelmeýän ýüz-gözüň, bütin durkuň hereketine, esasanam agzyňy giňden açmaklyga, kelläňi haýsydyr bir gapdala gyşartmaklyga ýol berilmändir. Aktýorlara zenanyň, sandyrap çykýan garrynyň, içgili serhoşyň sesleriniň üstünde köp işlemeklik talap edilipdir. Alym Donat Terensiniň ,,Agta” komediýasynda eden belliginde Fedriýanyň öz söýgülisine: ,,Ynha, men oba giderin we şol ýerde-de iki günläp öz-özümi horlaryn” diýmegi tomaşaça ,,iki ýyl” bolup eşidilmegi aktýoryň ses meselesindäki ussatlygyna güwä geçýär diýip, ýazýar. Plawtyň we Terensiniň pýesalarynda çykyş edýän aktýorlar üçin sahnada gahrymanlaryň durmaly ýerleriniň, eýläk-beýläk geçmekdäki hereketleriniň doly ýazylandygy sahna tomaşasyny goýujy truppanyň ýolbaşçysy üçin köp zady ýeňilleşdiripdir. Plawtyň "Stih” /hrek sözi bolup, örän gysga setirlerlerden ussatlyk bilen düzülen göşgy. Çeperçilik taýdan gepleşik žanryna golaý/ komediýasynda iki sani ýaş zenan-uýalar öz başlaryna düşen ykballaryndan zeýrenýärler. Olaryň ýan ýoldaşlary /adamlary/ söwdä işi bilen uzak ýüzüşe gidenlerinden üç ýyla golaý wagt geçsede, hiç-hili habar bolmaýar. Ýaş zenanlaryň garry atasy wagtal-wagtal gelip öz gyzlarynyň adamsyna indiden beýläk ga-raşyp, özlerini horlap ýörmän ikinji sapar haýsydyr bir baý adama durmuşa çykmaklaryny maslahat berýär. Atalary gelen wagty uýalar ony hormatlap, güler ýüz bilen garşylaýarlar. Oňa oturmaga törden ýer görkezýärler. Ol bolsa: ,,Maňa, şu ýeri hem besdir”- diýýärde, işikden aňry geçmeýär. Şu sahna-jykda-da, ähli hereketler gysga göşgy setirleri bilen goşulyşyp tomaşaça us-satlyk bilen ýetirilýär. Terensini ,,Agtasyndaky” Faidanyň öýüni basyp almakçy bolýan harby esger jaýa çozmak üçin öz tabynlygyndaky adamlaryny ,,hatara” düzüp, bir guluň eline lomy/demir çişi/ tutdurýarda çozuljak jaýyň merkezinde goýýar, beýlekisini jaýyň gapysyna barýan basgançakda, üçünjisini jaýyň çep burçun- da ýerleşdirýär. Aşpez Sango bolsa, Rim goşunyndaky ýüz esgeriň komandiri /baştutany/ wezipesini ýerine ýetirýänden bolup, merkezde durmaly. Bu hereketleiň ählisine baştutanlyk edýän harbynyň özi bolsa, ilkinji setirde durup, çozmaga buýruk bermäge taýynlyk görýär. Komediýadaky bu görnüşiň sessiz mimikanyň /hereketiň/ üsti bilen tomaşaça ýetirilmeginde uly zähmetiň, taýýarlygyň, ussatlygyň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Plawtyň we Terensiniň komediýalaryndaky sahna bezegi /butofor/ Gadymy Rim teatryndaky ýaly köplenç dramaturgyň öz pýesasyndaky görkezi- lişi ýaly sahna serişdeleri bilen bezelipdir. Plawtyň ,,Öwünjeň ofiserindäki” /serkerdesindäki/ pýesada sahna bezegine /butafor/ gylyç, galkan, şeýle hem serkerdäniň haýsy söweşlere gatnaşyp gazanan ýeňişleriniň sanawy asylyp goýulmagy. Bulardan başga-da, halka, pyçak we söweşde gerek bolaýjak beýleki enjamlar sahnada ýerleşdiriýär. Terensiniň ,,Gaýyn ata”, ,,Agta” komediýalarynda hem halka, lom /demir çiş/, palta, kätmen ýaly hojalykda ullanylýan gurallar sahnany bezeýän /butafor/ hökmünde ulanylypdyr. Jemleme. Antik döwrüniň dramaturgiýasynda we teatrynda bolup ge- çen Beýik ýokary göterilişden bäri biziň döwrümize çenli iki ýarym müň ýyldan gowrak wagt geçen. Bu geçen uzak döwrüň içinde adamzat durmuşynda bolup geçen taryhy wakalaryň köpüsi adam aňyndan ýitip giden. Olardan bize ýetenleriniň köpüsem biziň häzirki zaman adamlarymyzyň aňyna, ýüregine sygardan ýat zatlara öwrülen. Şol döwürler häzir Gadymyýeti öwreniji taryhçylary, arheologlary gyzyklandyryp gelýär. Beýle diýdigimiz Antik eýýamynyň medeniýetiniň ägirtlerini ýatdan çykardyk diýilmegi aňlatmaýar. Biz olary ýatdan çykaramzok,olary ýatdan çykarmaklyk asla mümkinem däl. Häzirki zaman adamzat jemgyýeti öz genetiki köklerini şol döwürlerden alyp gaýdýandygyny unutmaly däldiris.Antik eýýamynyň hudožnikleriniň /nakgaşlary/, heýkeltaraşlarynyň sungatyň taryhynda iň görnükli ýerleri eýeländiginiň we eýeleýändiginiň şu günlerem gözli şaýady bolmagynda galýarys. Antik eýýamynyň awtorlarynyň eserleriniň şu günlerem ýaşap gelýändigini aýtmalydyrys. Biziň zamandaşlarymyzyň aňrybaş eserlerinden birjigem kem däldigini, ol eserleriň şu günlerem bize uly täsirini ýetirip, nusgalyk bolup durýandygyny boýun almalydyrys. Antik eýýamynyň medeniýetiniň ähli adamzat jemgyýetinde öz ajaýyp ornuny eýeländiginem aýtman geçmek bolmaz. Idea-çeperçilik taýdan uly belentliklere ýeten Antik teatry ähli Ýewropada, ähli Gündogarda teatr sungatynyň emele gelmeginde, ösmeginde uly mekdep bolup hyzmat edendigini aýtmalydyrys. Gadymy Grek, Gadymy Rim teatr sungatynyň häzirki DÜNÝÄ teatr sungatynyň döremeginiň, ösmeginiň gözbaşydygyny geljekgi nesle ýetirmelidiris. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||