18:14 Robinzon, Görogly we başgalar | |
ROBINZON, GÖROGLY WE BAŞGALAR
Goşgular
(edebi ýañsylama) "Ajal syrtmagyny zyñar ýakyndan Maña şeýle bolar ölmüñ öñünde. Men ölerin Martynowyñ okundan, Radişewiñ içen ajy meýinden. ...Men Çardagly Çandybiliñ Röwşeni, Men gamgyn adanyñ Robinzony. ...Men özüme gaýdyp geldim ahyry Ýuwnuksyz öwgüleñ berip talagyn..." Gurbandurdy Orazow, "Söhbet". "Ýaş kommunist" gazeti, 1986-njy ýyl. * * * Öläýerçe Martynowyñ okundan "Görogly agamyz" ejizläp ýörmi?! Ugrun üýtgedip ýör haçandan bäri, Ajy meýde onuñ ýa ary barmy? Ölüm hakda nädürs oýlanmalary Kowup, batmaly däl gamgyn hyýala. Sen Röwşen-ä, sen Görogly at alan, Ýaşap öten ýetip 120 sala. Gaty hapa bolduk deñ-duşlar bolup, Bu ajy habara ýürek elendi. Diýeris biz Martynowa: "Gowja bol". Diýseñ bor: "Oglanlar sözüm ýalandy!" Seriñ dury bolsa gowy ýazarsyñ, El çek Radişewiñ ajy meýinden. Sen özüñe gaýdyp geldiñ ahyry, Talagyny berip ölmüñ öýünden. Gijelerine söz yşkyndan agladyñ, Ýatmady derdiñden goñşy-golamyñ. Ýalbaryp gördüler, diýip gördüler: - Dynjyñ alaý, bir pursat goý galamyñ! Sen Robinzon. Gerek bolsa Röwşensiñ! Rüstem Zal sen - Ýow günleri döwşensiñ. Nowjuwan sen. Ýöne däl sen Don Žuan. Aý, garaz senligiñe güwä geçjek zat Gaty kän, kän, kän... Otello bol, bol isleseñ Don Žuan, Garşylyk ýok, boluber sen isläniñ. Ýöne güplemäñem çeni ýagşydyr, Başynda oturyp meýli käsäniñ. Hiç babatda çyn şahyra ölüm ýok, Döşüne kakmandyr Şandor Petefi. Goşguçy bolmaklyk erbedem däl-le, Ýöne ilki öwrenmeli edebi... Allaýar ÇÜRIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |