01:34 Rowaýat | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ ROWAÝAT Öň zamanda bir patyşa oňuşman Baş Wezirin salanmyşyn zyndana. Ol kişi diňe bir wezirem däl-de, Bolupdyr ýurdunda iň uly Dana. Ýöne welin sähel salym geçensoň Baş Wezir Patyşa gerek bolupdyr. Adam ýollapdyrlar onuň yzyndan Emma çakylyk biderek bolupdyr. Elbetde düşnükli, zyndan behişt däl, Bolmaýar ol ýerde hezzetdir hözir. Serediň, şonda-da yzyna gitmän Zyndanda galypdyr buýsançly Wezir. Ony nädip dolamaly yzyna? Şa oýa batypdyr, pikir edipdir. Şol mahalam çokgasakal kethuda Göz ýaşardyp "kikir-kikir" edipdir. Aňka-taňka bolan patyşa garap Öňünde üç gezek egip başyny, Diýipdir: "Sowalyň jogabyn tapdym, Ýöne Siz geňlemäň meniň bolşumy. Ýanyna dört sany samsyk iberiň, Goý bir jaýda bolsun olar bileje".. Hem-de öz-özüne erk edip bilmän Çokgasakal gülenmişin çalaja. Ine indi göz öňüne getiriň: Dört diwar, dört samsyk birem pähimdar. Dörtler aýak aldygyna gürleýär, Gepiň ne-hä duzy, ne-de maňzy bar. Bu ýagdaýa çydamadyk baş wezir Köşge dolanmaga boýun bolupdyr. Diýýäler bu wakaň gahrymanlary Myralydyr Soltansöýün bolupdyr. ▶ ROWAÝAT Haýwanlar içinde kim bolsa uly Ýylbaşy bolmaly diýlipdir weli- Bardygyn bildirip sygyr molapdyr. Ýöne eýýäm onuň şahyna çykan Syçan sypanjyrap murtun towlapdyr. Il içinde gezip ýören gürrüň bu. Bilemok bu waka haçan bolupdyr. Ýöne garaz hile bilen, al bilen Ýylbaşy ýeserje syçan bolupdyr. | |
|
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |