21:22 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Her ynsan balasy asaldyr öýtme, Hersin öz atasy ýasandyr öýtme. Öz alasy öz içinde ynsanyň, Her bir göreniňi Hasandyr öýtme. 15.10.2015. *** Ýol ýöräňki, ýelli güni ýortdum men, Ýagmyrly gün ýorganymy örtdüm men. Şeýde—şeýde garrylygyň ýoluny Öz aýagym bilen özüm kertdim men. 17.10.2015. *** Owadan gül. Oňa söz ýok—şekildir! Bakdygyňça gözleriňi dokundyr. Ýöne weli ysgap, melul bolmarsyň, Diýdi biri:-- Kagyz güle ýakyndyr... 19.10.2o15. *** Soraň halyn olaň—dertleri agyr, Bir—birekden gorkup, bolupdyr ýagyr. Onuň sebäbini söýläp bilmedi— Ne ýürek, ne böwrek, ne göz, ne bagyr... *** Bir kişini bilýän—gorkudan dörän, Haýran galaýmaly, gorkak ol örän. Hezil edip gülüşdiler arada, Gorkuzypdyr ony agtygy büräň... *** Ylham joşdy, ýazdym bir goşgy—beýit, Ýada saljak boldum, soň, boldy haýp. Öz—özüme diýdim:--Garrama şahyr, Garramak şahyra ullakan aýp... 21.10.2015. *** Baş egmeseň, başyň alar, Ülpetleri daşyň alar. Bi nä hatar, bi nä howp, Agzyňdaky aşyň alar. *** Bidöwletler gara şaýa lazymdyr, Gündiz –Güne, gije –Aýa lazymdyr. Deňzi synlap, diýme --Asuda eken. Mahal—mahal tupan, gaýa lazymdyr. 23.10.2015. *** Ýetik diwanasy, ýetik alasy, Hany atalaryň polat galasy. Gepi telek, sepi ýelek piriniň Eşidilmez Şahymerdan nalasy... 25.10.2015. *** Birew diňlemese birewiň sözün, Agarar başlaryň, agarar gözüň. Şelaýyn ýylgyryp, halyňy sorar, Al-arwah, jyn, şeýtan ýelpeýär ýüzüň. *** “Binowa ötenim gowy” diýdirer, Nan ýerine zakgun—awy iýdirer. Atasyny diri ýakan nadanyň “Öýi goh-galmagal, dawa” diýdiler. 25.10.2015. *** Aglasaň agla sen, eňre sen, eňre, Bir sözüm bar saňa, eý, göwün diňle: Artyp barýar dost—ýarlaryň tümmegi, Piňine däl dünýäň, boluşy geň-le!.. 27.10.2015. *** Pöwhelikde, walla, ussat kemiň ýok, Bu babatda jelegaýda deňiň ýok. Ile gezek berýän dälsiň-le weli, Ýeňňemiziň ýanynda -ha demiň ýok. *** Paňkyldama gowsy, geplemän otur, Ýalana çyn diýip, seplemän otur. “Bir okda kyrk towşan aldym” diýseň-de, Neçün tazyň awun çöplemän otyr. 14.11.2015. *** Ýaşap bilmez adam, belki, hatasyz, Bir atanyň algyr guşy, gotan siz. “Dost däl” diýip, kine etme gardaşdan, Gardaş bile bir garynda ýatan siz. *** Mäläp gelen mäläp gider, Molap gelen molap gider. Bu dünýäniň işi täsin, Aglap gelen aglap gider. 29.11.2015. *** Tänip ýere gaçan birje almany Synlap diýdim:-- Bu ahwal däl bimany! Eýelik etse-de dünýäň zadyna Adam ogly öz öýüniň myhmany. 05.12.2015. *** Bilip öw öwýäniň, bilmeseň öwme, Bilip döw döwýäniň, bilmeseň döwme. Ýöne weli bir zat aýdyp biljek däl: --Bilip köw köwýäniň, bilmeseň köwme!.. *** Men saňa süwümsiz, suwjuk, pis—diýjek, Dişleriňi ownadana dost! –diýjek. Sen hakda pikiriň aýt diýseler, ---Sen-ä, walla, barypýatan küs—diýjek. 12.12.2015 *** Adam bolup üaşamagyň şertimi? Tanamaly namardyny, merdini! „Garry ýaşa ýetsem“ diýip ýörenler, Garrap biler garrylygyň derdini. *** Garrylyk bir dertdir, emi tapylmaz, Agaýunus periň demi tapylmaz. Ýaşan ömrüň garranyňa degmese, Nireden? Nämeden? Kimi? tapylmaz. *** Gep sakalda däl-de, akyldadyr, dost, (Geçiňem sakaly nakylda bar, dost). Bolup ýörşüň görüp, diýdim biragyz: -- Ile gülküligiň ýakynda-la, dost... 13.12.2015. *** Dost bolup bilmedim ol biri bilen, Durmuşda birhili, birhili bilen. Çünki ol ýelmeşip bilýär birbada, Haramhor, başga-da köp „hory“ bilen. 14.12.2015. *** Çykyp uly märekäniň öňüne, Akyl satmyş danasyna, güňüne. Diýýärler däliniň bilýäni bir zat, Möjek ol çolaşan goýun ýüňüne. *** Tanyşlygym öňden. Ýyllara haýp! Danyşanym öňden. Dillere haýp! „Kümsükligim iller bilmez“ diýse-de, Iller görüp diýýär: „Allara haýp!“ *** Öz-özünden birden „bat“ alyp bilýär, Zat ýok dükandanam zat alyp bilýär. --Çykmaz—diýip –indi bilbil owazy, Eşek aňňyrşyna at alyp bilýär. *** Çyramyz ýanmady gündizem, şamam, Ojak yşygyna bişirdim şamym. Ozal neden gadyryny bilmedim? Tümlükde dökülmiş aş doly jamym. *** Gazapda ol. Söz ýok pyçaga derek, Şo mahal öňüne gerekdir Erek. Gaýraty ýokmuşyn gahary ýoguň, Dogry, ýöne ilki pähimdar gerek. 19.12.2015. *** Öň şaglap inen aryklar, Içinde ýüzmüş balyklar. Garadym her ýan delmuryp, Hany, ol gadym şalyklar?!. 22.12.2015. *** Seň arkaňdan adam bolar , at alar, Soň pozular o „dostana“ kadalar. Sen ýerde, ol arşdaky kürsüde, Ýele gitdi arzuw-hyýal, wadalar... 23.12.2015. *** Bu ozalam şeýle, häzirem şeýle, Aňk bolup oturma, bolupdyr öýle. Her kim edaradan bir zat göterýär, Sen bolsa barýarsyn eli boş öýňe? *** Lekizledi, aňňyrmadym dilinde, Haýwany köp gezip ýören çölünde. Baglaryna çykdym seýrana diýip, Gara garga otyr elwan gülünde. 02.01.2016. *** „Ölmen!“ diýme, bilmeň bir dem - öleniň, Galar bu dünýäde oýnap-gülenin. Ýygnadygyň dünýä maly ezýetdir, Haýry degmez weşeň-weşeň tümeniň... 03.01.2016. *** Ak tegmil-diýýäris, gara-diýýäris, Tegmiller taryhda gala – diýýäris. Gadymýete siňip gidip, soňundan --Hany, öz ataňy tana –diýýäris. *** Gurup şu gün bilen geçmiş köprüsin, Biziň garry öýerdi öz körpesin. „Bi nä boluş?“ diýdik ýakamyz tutup, Gelin gelen güni zyňdy kürtesin... *** Gelinler zor.Hor bolýandyr zor däli, Geň görmerin baglasalar derýany. Oglanlykda „käbäm“ diýip ýörenler, Käsi, walla, ene görse zyr däli. *** Heran-haçan duş etmegeý azgyna, Ýoluň ýele, öýüň salar tozguna. Ondan ýaňa goňşulary dat-bidat, Küşt berildi „küş“ diýende towguna. 09.01.2016. Oňa bil baglana merdem diýmeli, „Ýüňsakgal etjekdir her dem“ diýmeli. Ogly ady belli Sapar tilkiniň, „Har dogarmyş dogsa hardan“ diýmeli. 16.01.2016. *** Jezalandyrmaly däl aklamaly Tersotury haýsy söze dakmaly? Öz ýanymdan özüm çykardym höküm, „Jezalandyrmaly däl, aklamaly!“ 17.01.2016. *** „Ata münmez –diýme—atdan ýykylan, Ata münmek üçin gerek akylam. Ýada salyň Göroglynyň Gyratyn, Gördüňizmi, Göroglyny ýykanyn?! *** Goja ýaşa ýeten bir dilçi alym, Nädip alym bolan, bize däl mälim. Okan ýeri uly okuw bolsa-da, Sowatsyz atadan alypdyr tälim. 20.01.2017. *** Bardyr maňa düşünýänler, Bardyr menden üýşenýänler. Nämüçindir aýtman olar Muny menden ýaşyrýarlar. 22.01.2016. *** „Galsyn“ diýip, hemişelik aňynda, Samsyk görsem , samsyklaýan ýanynda. Atam diýdi:--Arrygyňy gynama, Samsyk gürrüň galmaz samsyk ýadynda... 26.01.2016. *** Gözüň gidýär gürläninde owadan, Akyl sözler gulagyňy çawadan. Ýöne welin eşidenim o hakda— Habary bar eken zakgun „awydan“. 31.01.2016. *** Ýalňyşyp jaň etdi, ir säher biri, Aglaýar, göwnüne degipdir „şiri“. Bagtym eken aglap maňa jaň eden, Bagtymy iberdi ol bagt piri! *** Öwgi ýok ýerinde „öw-hä—öw” boldy, Bi nä boluş, nadan bary döw boldy. Bir topary asly köle bolsa-da, Howandary Adam ata, How boldy. ** * Başlygyma „kaka“ diýjek, Aýdanyna gulak goýjak. Atam bolsa bolubersin, Başlygymy ilki söýjek. *** Biri eşitmez birisiniň agyny, Çalşar biri garasyny, agyny. Birisi bar atasyny tanamaz, Bulaşdyrar gardaş bilen ýagyny. *** Ýatdan çykyp giden sözler gaty kän, Bu babatda özümizde hata kän. Ýöne welin nadan bilen bahyly Sözleýişden goýjak kişi öte kän... *** Oýnamaýan eken maýmyn erkine, Muny etmek başartmaýar her kime. Pälwan diýip ýörenimiz tans etdi--- Tutanynda hojaýnymyz berkine. *** Diýýän mydam: „Beterinden saklasyn, Kerwen ýolda hataryndan saklasyn!“ Öz obamdan akyp duran arygym, Ak sen boýlap, bezäp kenar ýakasyn. *** Bir-birinden ýonmak kada bolupdyr, Ýonup bilmedikler sada bolupdyr. Diýseler-de :--Şeýtan işi ýalandyr, Şeýtan bolmak indi moda bolupdyr... *** „Gorar!“ diýip , giden agyr sürini, Hormat bilen baş etdiler Börini. Böri bolsa şeýle perman çykarmyş— Çäklendirmek hakda agyl—örini... *** Il içinde ady Sapar tilkidi, Eden işi hemmelere gülküdi. Oýun gurdy beýik bilen, pes bilen, Bir gün ajal ýakasyndan jyklady... 03.02.2016. *** Köp gün ýatdy düşeginde hassanyň, Goja ýatyr girdabynda gussanyň. Goňşy-golam bary daşyn alypdyr, Ol intizar, gözi ýolda „hossaryň“. *** Her döwür—bir döwür, ýokdur alajyň, Öňki ganhor dälmiş indi ajalyň. Nämäniň bu alamaty, eýsem-de, Kelle döwdüm, ugur tapmadym, hanym... *** „Köp aglan bir güler“—diýleni hakdyr, Garyp-gasar haky iýleni hakdyr. „Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen!“ Pyragyň jan ýakyp, söýläni hakdyr. *** Dünýäde üç güýje boýun men boýun, Üç güýjüň öňünde etmedim oýun. Sözüň güýji, gözüň güýji hem duzuň, Boýun bolmadyga diýerin „Haýyn“. *** Her kimiň öz ýary özüne laýyk, Muňa boýun bolsun gerek halaýyk. Ýüregiňden söýen ýaryňy taşlap, Eh-heý-ý-ý, ýigit, nirä barýarsyň gaýyp? 04.02.2016. Öwünişi ilde ýoga meňzeýär, Garagumda altyn çägä meňzeýär. Keýpe keýp däl, keýpe sogan dograýar, Boluşy bihepbe çaga meňzeýär. *** Döwür diýlen niçeleri pully etdi, Niçeleriň ojagyny külli etdi. Geň galmaly, öňki „guldy“ diýleni, Talabanly, hyzmatkärli, gully etdi. *** Ýakyp „öz-özünden ýandy“ diýdiler, Çakyp „öz-özünden öldi“ diýdiler. Bizehinler ar aldylar zehinden, Ýykyp „öz-özünden söndi“ diýdiler. *** Il gözüne akylly ol, adyl ol, Öz öýünde hemme zatdan nadyi ol. Görmejegi sensiň weli, şonda-da, Görse seni durşy bilen „gadyr“ ol. 05.02.2016. *** Başda Adam ataň döli bolsa-da, Omar, Osman, Hezret Aly bolsa-da, Itiň gany damarynda adamyň- Rehim –şepagatly ýaly bolsa-da... *** Adam pahyr ýaşap näme görmedi? Diýme sen:--Çyn dowzah, tamy görmedi! Dünýäni sil suwy gaplap alanda, Diýip bilmeň:--Nuhly gämi görmedi!.. *** Peselmesin badyň, ýaşasyn adyň, Kütelmesin jöwher akyl-huş, ýadyň. „Gyzylbaşlar gelip weýran eýledi...“ Diwanyňy har etmesin zürýadyň... 07.02.2016. *** „Gitdim, „geldim“, „ýitdim“—işlik bolýandyr, Doňuz eti gowja çişlik bolýandyr. Diýdi işden kowlup ýöreniň biri: - Adamyň ýamany başlyk bolýandyr... *** Wiruslar köpelýär her sekunt saýyn, Adam ählin, walla, gyrmaga taýyn. Ol wirusyň kümsük diýen ady bar, Ol ähli ýerde bar-tozadýar öýüň. *** Gördüm melgun garrysynda, ýaşynda, Datma tagamyndan—awy aşyňda. Ak sakgally zandy gara adamyň Köýnegi ak, ak sellesi başynda. *** Däldir gözýaş ajysyndan soganyň— Kümsük gezýär arasynda doganyň. Özüňizi oýnatmaň-a, oglanlar, Bilmän galarsyňyz süýdüň çoganyn... 09.02.2016. *** Men özüme özüm başlyk, Höküm sürýär wagty hoşluk. Ýol almaýar edaramda Ýaranjaňlyk, garyndaşlyk. 11.02.2016. *** Herki zadyň bardyr içki düzgüni, Eýermeseň muňa borsuň gözgyny. Ýöne weli bolýar käte tersine— „Halal!“ diýip, baş etdiler azgyny. *** Şeýtan ýatyr damarynda—ganynda, Il içinde gezýär itiň sanynda. Hiç zat kär etmänsoň „Alar“ diýdiler, Şol kümsügi goýup zoruň ýanynda. *** Okeana derek çöl beren bolsa, Garaguma derek köl beren bolsa, Bilemok men göz öňüne getirip, Tebigat gaplaňa el beren bolsa... 13.02.2016. *** Iki zadym bolsa birin bereýdim, „Sen bar!“ diýip, munda ömür süreýdim. Hoş bolsaň göwnüm hoş, gaşyň çytylsa, Misli ýetim oglan—boýnum buraýdym. *** Saýýadyň men, dagda keýik bolup sen, Ýaraly synama seýik bolup sen. Şirin şeker şerbetiňden ganmasam, Beýewan çöllerde şehit bolup men. *** Isteseň men saňa daglary berem, Seniňkidir, janym, ol bagy Erem. Jahyllyk ýelgini gitmez köňülden, Gurban bolsun saňa çal sepen serim. *** Gurban bolsun saňa çal sepen serim, Diýdiň:“Ne derkary, bolmasa zeriň“. Şahyryň kalbyny talaňa salan Sen hakda her sözüm zer dälmi, perim?! *** Garasyny aýyrmasaň gazanyň, Garasy ýokuşar, meger, hazanyň. Tozan sorujyny görüp, oýlandym, Süpürmändir hiç kim onuň tozanyn. 17.02.2016. *** Adamyň ýüzünde nury bolmaly, Gözleri çeşme deý dury bolmaly. Ýykylana söýeg gerek elmydam, Muň üçin Allaýar Çüri bolmaly. *** Mundanam beterin görüpdim, hanym, Depäme urupdy damarda ganym. Adamdan däl, jebir çekdim şeýtandan, Gülme diýsem: “Gezýän pyçakly ýanym“. 18.02.2016. *** Jahana indim men , ulaldym, ösdüm, Bolandyr duşmanym, bolandyr dostum. „Ne işler gaýyrdyň?“—Soraga jogap: „Ýüz ýyllap aýdyljak bir aýdym ýazdym!“. 20.02.2016. *** "Ömrüňi azaldar şerap“ diýdiler, "Kimler haýyr tapdy döräp“ diýdiler. Ýöne biri ýatyr şerap datmadyk, "Neressäniň haly harap“ diýdiler. 23.02.2016. *** Palçy peşgeş bermiş togsan bir ýaşy, Togsan bir bahary, togsan bir gyşy. "Soňky habarlaryň” maglumatynda Ezraýylam çarhlap duranmyş dişi. 25.02.2016. *** Sen meniň ynsabym, ygrarym, janym, Rowgadym, owkadym, roýum, mejalym. Öňki-soňky pygamberleň jany sen, Belki-de, açary sende ajalyň... 26.02.2016. *** Ynanmaýan gözüňe-de, Ynanmaýan sözüň-de. Gepi uzaldyp nädeli, Belki, şeýle özüňe-de. 02.03.2016. *** - Şahyryň şygyry Hakdan!—diýdiler, - Ol birniň ýazany halkdan—diýdiler. Betdi at gazanan, döşünde nyşan, - Betdiň sanawajy bokdan—diýdiler. 04.03.2016. *** Men özüme asla akylly diýmen, Bu babatda atam hakynda diýmen. Galdy bize atam guran döwleti, Bir şpana üçin ýykyldy diýmen. 05.03.2016. *** Dünýäniň nazary sende ýalydyr, Dünýäniň azary tende ýalydyr. Ýaşlyk gider, hoşluk gider, huş gider, Dünýäniň mazasy jinde ýalydyr. 06.03.2016. *** Aldanan gyz, aldan oglan, Bu babatda az däl aglan. Aldaýançy betbagtdyr, Betbagt bendesi Allaň... 07.03. 2016. *** - Maşyn äberdiňmi? Okatdyňmy ýa?.. Ogly atasyna gygyny pürkýär. Ogluna dünýäni bagş eden ata, Göýä lal, söz tapman saçyny ütýär... 10.03.2016. *** Ogluny atadan bizar eýlediň, Mekansyz mekany güzer eýlediň. Çohdur keramatyň, çohdur keremiň, Ölüm tagtyn tümmek mazar eýlediň. 11.03.2016. *** Öwünenmiş Üzümgülüň gyzy, bir gün Çakyrgül: - Arassalyk babatynda adym hemme dahanda. Zordan saklap gülküsini Kenepgül hem diýenmiş: - Hawa-la, gyz, tagamyňdan datmadyk ýok jahanda... 14-15.03.2016. • BENT Ukusyny alyp bilmese gije, Ertesi adamyň haly teň bolar. Äri ýüz bermedik hatyn mysaly, Şo gün onuň eden işi teň bolar. 15.03.2016. *** Çekem zary, yşky zaryň arasynda galaýyn, Tahyr kimin goşa ýaryň arasynda galaýyn Gaşlary ýaý, saçlary mar, gözleri Aý , maralym, Gizle meni, goşa naryň arasynda galaýyn. 15.03.2016. *** O döwürem bize bir döwür boldy, Saňa-da, maňa-da çoh höwür boldy. Indi ondan ýatlamalar galypdyr, Saňa-da, maňa-da soň howur boldy. 17.03.2016. *** Tentek adyn alsa-da ol, tentek däl, Görkezjek görgüsi bize entek kän. Bugdaý unun satyp gymmat bahadan, Nan ýapjakmyş tamdyryna tötekden. 20.03.2016. *** Yz-yzyna çykmasa-da tomlugyň, Köşeş dostum, däldir seniň kemligiň. Wagt tümlügini böwsüp aýdymlaň Nesillere aýan eder kimligiň. *** Bir döwüm çörege zar, indi tüçjar, Iller görüp, diýýär oňa harteçjal. Maly-mülki sygmasa-da bu dünýä Keselbent atasy elinde neçjar. *** - Kanun hemmelere deň –diýdi biri. - Munyň-a birhili geň—diýdi biri. - Edenin edip ýör Betdi obada, Kanunam çalana heň- diýdi biri. *** Daşyndan synlasaň görünýär gowy Kimleriň dostlugy, kimleriň towy. Ýadymdan çykmaýar atam pahyryň Elmydama üfläp içende suwy. 27.03.2016. *** Başlygyňa baş egmeseň, hoş bolmaz, Işiň bilen hoşlaşmaga daş bolmaz. Hatynyňy iňirdiden doýursaň, Ojagyňda gaýnap duran aş bolmaz. *** Dat günüňe suwjuk bolsa aýalyň, Uçup gider jähenneme hyýalyň. Ärsumak ol, ýöne weli aýaly Nusgasy diýdirýär utanç-haýanyň. *** "Kimmişin?“ diýdirýär Hapyz ýa Saady, Andalyp, Magrupy, molla Azady... Özi weli olaň gazallaryndan Alyp "täze goşgularyn“ ýazady. *** Geçeniňde öýümiziň ýanyndan, Habar alaý birje gezek halymdan. Nalasy bu ýanyn ýere bereniň, Ýadyňdamy, söýüpdim-ä janymdan... 28.03.2016. *** Bäý-bä, adamlaryň jüwlükligine, Neneň ynanmajak düwnükdigine. Göräýmäge epeý-epeý kişiler. Haýran galaýmaly ownuklygyna. *** Her geçeňde garap galýan, Her gezegem halap galýan. Lak atmaga ejap edip, Öz-özümi tanap galýan... 29.03.2016. Möjegine möjek diýdim, güjügine güjük diýdim, Ulugyna uluk diýdim, kiçigine kiçik diýdim. Şeýtan diýdim,baýtal diýdim,diýdim, diýdim ýene kän zat, Ýöne muny öz ýanymdan, ýanlaryndan gaçyp diýdim... 30.03.2016. *** Goja ýaşda ýitirensoň ýadyny, Öňýetenden soraýar öz adyny. Şeýdip Taňry gendesinden ar alýar, Peçan edip ile hyýanatyny. 03-05.04.2016. *** Ýalňyşyma düşünip, soň ökündim, Munuň üçin adamlardan çekindim. Gorkaklykda aýplamaň bizleri, "Assa gaçan namart“ diýip çekildim. 04.04.2016. | |
|
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Ýaşlyk / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |