01:52 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
"Men watançy“ diýmez watan aşygy, Bile gylyç dakar, dakmaz kaşygy. Ýene bir zat, selpäp ýörmez köçede Iliň alabaýy, iliň pişigi. 16.09.206. *** Adam diýlen seň çakyňdan galadyr, Sähel gowşak bolsaň, tora saladyr. Tilsimi köp, biljek bolsaň adamy, Bir gowy zat, ýalan peçan boladyr. 16-21.09.2016. *** Hiç kim bilebilmez, geçmez kepili, Her bendäň öňünden biçik kepini. Il-beýik, il gara ýere duwlansaň, Kim bolsaňam saklap, açmaz sepiňi. 20.09.206. *** Gün-günden basmarlap ýekelik derdim, Ahyr bir gün ýadap, ýere ýan berdim. Şo pille perişde bolup geldiň-de, Ýyly demiň bilen ýene jan berdiň. 21.09.2016. *** Dünýä giňdir, dünýä geňdir, dünýäni tutan bolmaz, Dünýä giňdir, dünýä geňdir, dünýäni utan bolmaz. Doýdumy ýok, doldumy ýok,doýmaz-dolmaz bu dünýä, Bir gün agyňy aglajak käbäň eneň, ataň ýokdur. 22.09.206. *** Her kim özüňkini dogry bilýändir, Özi ogry, ili ogry bilýändir. Suw içer mal eýesiniň gözünden, Eýesini, meger, sygry bilýändir. 23.09.206. *** Tora düşdi, tutdum altyn balygy, Jem boldy gaşymda dünýäň şalygy. Munuň düýşde bolanlygam bir gowy, Hyltym diýip, tas undupdym halygy. 23.09.206. *** Geň-ow, kim bagtyny zerden gözleýär, Kimler ony gara derden gözleýär. Bagtym diýip, harsydünýä kişiler Ýygnan malyn öz-özüne dözmeýär. 25.09.2016. *** Ner dogulmyş, asly onuň maýypdandyr, Diýerler: "Neriň döli bolmazmyş“, haýpdandyr. Muňa akyl çatmaz hiç, haýranyň galar, Sorasaňyz diýerler: "Bu gaýypdandyr...“ 26-27.10.2016. *** Bäş barmagyň deň däldir, Aňňyrsalar heň däldir. Görenime ýaka tutdum, Indikisi geň däldir. 29.10.2016. *** Bir-birege sataşmadyk Lowlap duran ataşmydyk? Ýa közmüdik ojakdaky, Howry entek ýatyşmadyk... *** Enäniň perzende kasty bolmazmyş, Melgunyň jahanda rasty bolmazmyş. Öz ilinde barça zada erk eden Özi bir soltanyň dosty bolmazmyş. 15.11.2016. *** Iren ýaly adam biri-birinden, Gep çekmez bolupdyr sopy pirinden. Piline söýenip diýdi bir daýhan: --Bularyň söýesi, möhüri „bi“-den... 13.11.2016. *** Arpamyşyn bugdaý diýip ekeniň, Ölmeseň herki zat görjek ekeniň. Gomparýarsyň il içinde nämäňe? Işiň düşse, lola gurjak ekeniň... 17.11.2016. *** Mahal-mahal öwüt berdim inime, Inim düşünmedi meniň dilime. Wah, men oňa nädip akyl bereýin, Sözüme däl, garap dursa elime. 27.11.2016. *** Ol obanyň begenji ýok hiç zada, Ýa-da şol obada şeýlemi kada? Birinden sorasam, diýdi pyşyrdap: - Ýaşaýar obada bir haramzada... 28.11.2016. *** Ogrynyň içinden ogry tapyldy, Oňa jeza bermek dogry tapyldy. Berjaý etmek üçin agyr jezany Içinde bir eli egri tapyldy. 29.12.2016. *** Oz-ozüme gaýym bolup ýaşadym, Durmuşyma kaýyl bolup ýaşadym. Ýöne baryp azgyndanam sorasaň, Diýmez asla: „Haýyn bolup ýaşadym“. 31.12.2016. *** Almak hakda haçan seni, Bir gün synlar ajal seni. Gören barmy, heý, biriniň, Sypyp ondan gaçanyny?!. 02.01.2017. *** Täsindir bu tebigatyň owazy, Jan berer jansyza birdem howasy. Gije-gündiz, Aý-Gün, parlak ýyldyzlar, Asman-Zemin... bary munuň güwäsi. 07.01.2017. *** Golaý durjak bolsamam men, Golaýlatmadyň meni sen. Garrap müflisiň çykansoň, Meni arka tutmagyň geň. 07.01.2017. *** Olaram oýnady, bizem oýnadyk, Gyşyna oýnadyk, ýazam oýnadyk. Hezil zat ekeni oýun diýilýän, Jüýje sanaşylan güýzem oýnadyk... 21.01.2017. *** Köp dert galmyş şirin janda, bu tende, "Dertlerim dep boldy“ diýmez hiç bende. Kim gözden, kim dilden, kimler ýürekden... Derdiň asany ýok, barysy gende. *** Gardaş bilen gardaş dilbagly ermiş, Gäbiňi azdyran bir şeýtan ermiş. Birisi Şiraly, biri Gulaly, Birisi-hä körmüş, birisem kermiş. *** Niçe ýaşasaň-da ahyr ötmeli, Bilbilgöýe dana, şahyr ötmeli. Zöhre diýip kebelek deý perwana Barybir, barybir Tahyr ötmeli... 28.01.2017. *** Tüýkürerler ajy bolsaň, Ýuwudarlar süýji bolsaň. Näme diýip, näme goýjak, Ogurlykdan hajy bolsaň. 17.02.2017. *** Çopan goýsaňyz çolagy, Budur möjekler dilegi. - Suw goýbermez- diýmäň hernä, Takyr goýsaňyz çelegi. 28.02.2017. *** Durmuş akyp barýan derýa—diýdiler, Çyrpynyp kenara urýar—diýdiler. Möýüň kerebine meňzeýänler bar, Çolaşsaň işiňi görýär- diýdiler. 02.03.2017. *** Oba-gyşlagyňy tozdurýan şolar, "Ýüwrük“ diýip, çaman ozdurýan şolar. "Şolaryň“ kimligin bilýän-le weli, Gepleseň biliňi ýazdyrýan şolar. 03.03.2017. *** Eý, Alla, eý, Alla, eý, Alla, Alla, Galpa tagzym kylmak boldy hyllalla. Neşekeşi näletleýär münberden Neşekeşiň biri perişde ylla... 04.03.2017. *** Haýpym gelýär keýpin bilmeýänlere, Haýpym gelýär aýbyn bilmeýänlere. Bir-birege haýpyň gelmeli wagty, Haýpym gelýär haýpy gelmeýänlere. 04.03.2017. *** Enemiň aýdany çyn boldy gerek, Ýarym çynam bolsa, diýmedim „telek“. - Bolmarsyň-diýipdi- sen ketde başlyk, Enemiň sözüni eşitmiş pelek... 11-12.03.2017. *** "Durmuşda sarpaly-diýip-edaly“, Gowşurdylar oňa uly medaly. Ýöne bir zadyny aýtsam onuň, Öz gününe öň goýmandy hudany. *** Çapmandym hiç haçan haýyrma, Hudaý. Elimden, aýakdan... aýyrma, Hudaý, Aç goýsaň goý ajy görerim ýaly, Dilegim—gerk-gäbe doýurma, Hudaý!.. 27.03.2017. *** Atamyň dostuna menem ýat bolman, Duşmanyndan sapak alsam, dost bolman. Gulagyňa guýup durkam , han ogul, Nämeden-how, bir kümsüge dost bolmaň?! 03.05.2017. *** Jöwzalarda gyzgyn, ýele bakmady, Aňzakda apalap, ýyly saklady. Ýigit ösdi suwda biten ak derek, Garranda atasyn öli saklady. 15.05.2017. *** Sany-sajagy ýok bilermenleriň, Sany-sajagy ýok gülermenleriň. Ýöne weli hataryny az gördüm, Gysym toprak üçin ölermenleriň. 16.05.2017. | |
|
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||