23:27 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Uçurýaň maşyny, eý, ýaman kişi, Deger öýtmediňmi, heý, keman, kişi, “Maşyna gelen bir ýagy” diýdiler, Işe gezek gelse, eý, çaman kişi... 20-24.10.2020. *** Sen kim baha keser ýaly illere, Il-ä saňa diýýär: “Meňzeş killere” Sen şagaldan bolan şagal çagasy, Pitjiň atan bolýaň ýene pillere. 20.20.2020. *** “Howp-hatardan gora” diýdiň, eý, tilki, Howp-hatar diýýäniň özüňsiň, belki, Ýadyňdamy aýdan zady atamyň, Özüň aýtmasaň, il aýdar ilki. 22.10.2020. Sereninde ýokdy çaga eşigi, Geýimleri bezeýärdi işigi. Ýöne gözüme has yssy göründi, Bir goňşymyň seren çaga düşegi. 10.05.2023. *** Hakdan gaýdýandyr şa, soltan emri, Ereder biguman eremez demri. “Halkym!” diýip, ursa ýürek elmydam, Gerekmi? Bererdim, belki, bu ömri. 10.05.2023. *** Şu gün gördüm tüweleýin ykbalyň, Göz öňüme geldi, atam, ahwalyň! Ýeke özüň gelse, eger Ezraýyl, Nirelere uçup gider hyýalyň?! 10.05.2023. *** “Ömrüm bolsun illeňkiden zyýada!” Diýip, biri gezim edýär pyýada. Iki ömür berilmändir hiç kime, Bir ömür berlipdir garyp, baýa-da. 10.05. 2023. *** Hak gürlegen adam Hakyň ogludyr, Ýalançysy göwne talaň, ogrudyr. “Ganybir gardaşa ynanma” diýmen, Gardaş bar görgüdir, etse bergidir. 11.05.2023. *** Her kişi özüni adyl saýadyr, Gürletseň gardaşy nadyl saýadyr. Men milýondan milýon birini bilýän, Sünt Hasarda, Manamanda gaýadyr. 11.05.2023. *** Menem bilýän seniň bilýän zadyňy, Ýel alma-da, peseldewer badyňy. Indi adyň ýagynda däl mähelläň, Bizden görme pakyrdawuk adyňy. 11.05.2023. *** Ýeke özüň kim sen? Howandar gerek, Ömrüňe barabar söwer ýar gerek. Haly haram çyksaň dagyň başyna, Munuň üçin göwni hoş bolmaz Erek. 12.05.2023. *** Dyza çökdüň, ejir çekdiň töhmetden, Soň aman dilediň baryp Ahmetden. AHMET SENI HALAS ETDI AJALDAN, Sen han bolduň, Ahmet dyndy rehnetden, 12. 05.2023. *** Bigünäni oklamaňlar zyndana, Zyndan ganym üçin ýasalan hana. Men şu gün bir agyr gussada boldum, Ýyl kesmändir kazy ol Gully hana. 12.05.2023. *** “Bilýän” diýip, galdyrmawer temegiň, Pagta bilen çalyp gider damagyň. Men saňa gaty köp aýtdym owal, Bilseň ol gardaşy Garaçomagyň. 13.05.2023. *** Adam pisi bilmez herne gadyryň, Sözi budur Adam ata – pederiň. Özi adam bolsa adam ýaly men, Ýetmişimde adam boldy hederim. 13.05.2023. *** Meý içeniň bilen ýeňlemez derdiň, Neşebazlyk ýoly ýoly däl merdiň. Ýaradanyň mugt beren janyny, Neçün juwan ýaşda läşini serdiň. 13.05.2023. *** Bir gardaş döredi --“däli” diýejek, “Öz başyny iýdi päli” diýejek. Görse iki elin ýüzüne tutup, “Aglar atam Çary Baly” diýejek. 13.05.2023. *** Dert ýolukdy. Gelip okady hoja, Derdi beterledi, sagalmak küje? --Şanazarlyk däl ekeni peläket, Gelsin Şeýtan hoja – diýdi bir goja. 13.05.2023. *** Bary-ýogy bir otagdy tünegi, Şonda-da az däldi öýüň gonagy. Bereketli desterhanyň başynda, Göwün göterýärdi dostlar henegi. 13.05. 2023. *** Goşgy ýazdym, sünnäledim, ýatmadym, Ýöne diňlemäge adam tapmadym. Ýa-ha men körzehin, ýa –da diňleýji, Üç asyr öň Pyragyny ýatladym. 13.05.2023. | |
|
√ Hamd ede / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |