23:11

Ruhı revana sığmaza - Sami Yusuf "Nesimi"

Aýdym-saz sungaty
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 466 | Добавил: Gökböri | Теги: Arzu Baýramowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Aýdym-saz sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
1
1 Hаwеrаn  
245
"Türki dilde ýazmasam TÜRKMENDIGMI" kim biler?" diýip ýazan Nesimini azerileşdirjek bolup azeri gardaşlarymyzam jan edýä. Ýokarky sitata alan setirim azeri gardaşlaryñ "Baku" žurnalynyñ 20-nji ýyllaryndaky sanlarynyñ birinde çap edilen. Bu subutnama Nesiminiñ hem, şol sanda özlerini türkmenleriñ "balajasy" däl-de, türkmenleri özleriniñ balajasy hasap edýän azerileriñ hem aslynyñ türkmendigini subut edýän iñ gysga, iñ anyk, iñ gutarnykly jogap bolsa gerek.

1
2 Hаwеrаn  
245
Nesimi-de türkmen, Fuzuly Baýatly hem türkmen, Nyzamy Genjewi-de türkmen. Bulary azerileşdirjek bolman, gaýtam özleriniñem aslynyñ TÜRKMENDIGINI buýsanç bilen boýun alsalar, has abraýly bolardy.

1
3 Hаwеrаn  
245
Ýeri gelende aýtsak: öz taryhymyza, medeni mirasymyza mynasyp derejede eýe çykyp bilemzok. Biziñ köpümiz häzirem öz-özümize "keçetelpek türkmendiris-dä.." diýen çüýrük pikirde gezip ýörüs. Ýagdaý şeýle bolansoñ, biziñ düýp mirasymyzy öz galyplaryna salyp dünýä ýaymak wezipesi ýene azeri, türk, özbek, gazak.. gardaşlarymyza düşýä... Dogrusy, olardan bu zatlar ü.n gaty görüp durmagyñ geregem ýok.

0
4 Garaýolly  
27
Biziñ Beyik Pyragymyzy hem, eger ol ,, Bilmeyen soranlara aydyñ bu garyp adymyz,
Asly gerkez, yurdy Etrek, ady Magtymgulydyr" diyip, gelip cykyshyny berk mohurlap gitmedik bolanda ony hem awmezek turkmeniñ
,, elinden"kakyp alardylar. Bagtymyza gecmishi añ gozi bilen, oz dowruni gorer gozi bilen, gelejegi kalp gozi bilen Beyik Danamyz oz gamyny ozi iyip gidipdir.
,, Goroglymyz" name!? Ony hak eyesinde saklamak ucin Ata Gowshudow nijeme jan cekipdir. Her nicik olaryñ zahmeti ryya gitmedi.

0
5 Hаwеrаn  
245
Aý, näme, "Siziñ o wagtlar özbaşdak döwletiñiz bamydy? Bolanda näme türkmen? Türkmensähra sebitleri owalda-ahyrda Eýranyñ golastynda bolan ýerler. Magtymgulam şo ýerlerde doglup ýaşap öten adam. Ol biziñ şahyrymyz, biziñ raýatymyz. Siziñki däl!" diýseler, etjek zadymyz barmy, gezer ýöreris-dä...

0
6 Hаwеrаn  
245
Belli alym Nazar Gulla Nesiminiñ türkmenligini azeri gardaşlarymyzyñ garagyna basyp subut eden...
Bizi bizi çetleşdirýän ýene biziñ özümiz. Biziñkiler Nazar Gullaýewe "Goý, bes et indi Nesimili dawañy" diýip alymyñ ýoluny bentlänler... Taryhymyzy dabaralandyrmagy, medeni mirasymyzy galkyndyrmagy we ruhy
terbiýäniñ iñ esasy "iýmiti" bolan bu gymmatlyklarymyzy özümiziñkidigini ylmy ýollaryñ üsti b.n subut edip, dünýä ýaýmagy "dawa" diýip, "dawagärlik" diýip düşünýän käbir ýolbaşçysumak ketdelerimiziñ aýdan-diýeni ýöräp dursa, bu zatlaryñ entek-entekler düzeljegi nägümana...

0
7 Garaýolly  
27
Hak soz

0
8 Hаwеrаn  
245
*Bizi bizden - bolmaly...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]