17:19 Ruhuny şeýtana satanlar | |
RUHUNY ŞEÝTANA SATANLAR
Aýdym-saz sungaty
Ilýuminatiý Renessans döwründe 1776-njy ýylda gurulan jemgyýetiñ adydyr. Häzirki wagtyñ ilýuminatiý jemgyýetiniñ agzalary añ gözegçiligini amala aşyryp, hökümetleri we guramalary ele salyp, Täze gurluşly dünýäni bina etmek maksady bilen hereket edýär. Elbetde, bu gizlin maksatnamany ýykgynçylyksyz amala aşyrmak mümkin däl. Şonuñ üçin olaryñ guramasy döwlet gurluşlaryny ýykmagy, dini ynançlary we milli däp-dessurlary ýok etmegi, özbaşdak döwletleri we watansöýüjigi berbat etmegi, sosial kada-kanunlary bibat etmegi meýilleşdirýär. Hawa, bu ýykgynçylykly işler toply-tüpeñli ýa-da gylyç-galkanly amala aşyrlanok. Çeper edebiýat, aýdym-saz, şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty, kinomatografiýa, multifilmler, arhitektura eserleri olaryñ iñ işjeñ ulanýan ugurlarydyr. Dürli ugurlarda aýdymçy, ýazyjy, suratkeş, artist donuna bürenen "aýakçylar" guramanyñ gizlin siwmollaryny çar tarapa ýaýmaga çalyşýar. Aýratynam klipler, kinofilmler, multifilmler, mahabat tagtalarydyr rolikler arkaly gizlin simwollar bilen adamlaryñ añynda Ilýuminatiniñ siwmollaryna ymtylmany döretmäge çalşylýar. 2000-nji ýyllaryñ başynda rep dünýäsiniñ parlak ýyldyzyna öwrülen Eminemiñ baýdagy duýdansyz ýyrtyldy. Ýogsa-da, onuñ 2010-njy ýylda çykaran "Recovery" atly albomy diñlärliginiñ ýoklugy üçin metbugatda ýer almadymy? Ýa-da kimdir biri onuñ ýyldyzynyñ parlamagyny islemedimi? Eminemiñ bir klibinde onuñ liseýdeş dosty Prufyñ barda çykyş edip durka öldürilen sahnasyny janlandyrypdy. Bu sahna soñra hakykata öwrüldi. Eminiñ iñ ýakyn dosty repçi Pruf 2006-njy ýylda bardan çykyp barýarka öldürildi. Bu terakt Emineme aç-açan berlen duýduryşdan başga zat däldi. Ýokarda ady agzalan albomda bolsa bu ganhorçylykly wakadan söz açylyp, şeýle diýilýärdi: "Ruhumy şeýtana satdym, Yzyna alyp bilmeýän. Indi başga zat islämok, Ýok bolup gitmek isleýän". Başga bir aýdymynda bolsa: "Git, görünme maña, Özgä äre bar. Özgäniñ ruhuny Öz göwräñe sal!" - diýen setirler bardy. Rep muşdaklary bu setirleri Eminemiñ aýrylyşan aýalyna bagyşlanandyr öýdüpdiler. Emma şol albomda şeýtanyñ sesi gönüden-göni eşdilip durdy: "Iñ gowy dostuñy eliñden aldym, Heleýiñem gañryp aldym eliñden. Şan-şöhrat ne beýle süýji ekeni, Indin neçüýn soz çykanok diliñden?" • Ruhuñy şeýtana satmak "Ruhuñy şeýtana satma" metaforasynda öz berýän göçme manysyndan has köp zatlar bar. Ol ABŞ-nyñ 1960-njy ýyllardan başlap "MK Ultra" añ gözegçilik maksatnamasy esasynda birnäçe meşhur artistdir aýdymçyny añ gözegçiliginde saklamak üçin döreden usulyna berlen atdyr. Iñlis rok topary "Museniñ" hem bir aýdymyna at hökmünde goýlan bu jümle adamyñ añynyñ elektroşok arkaly birnäçe bölege bölünmegi we dürli kişilikler goşulyp islän ugruña gönükdirip bolar ýagdaýa getirilmegidir. "MK Ultra" maksatnamasy esasynda gurlan "Monarch" meýilnamasynyñ çäginde Golliwudyñ we MTV-niñ birnäçe parlak ýyldyzynyñ kişilik bölünmesine uçrandygy we bölünen kişiliklerden birine şeýtana çokunýan masoniki añasty añ ýerleşdirilýär. Bu usul näçe kişi ýaşda ulanylsa, şonça-da täsiri uly bolýar. "Monarch"-yñ iñ agyr pidalaryna öwrülenleriñ arasynda Kristina Agilera, Britni Spirs, Jastin Timberlaýk ýaly ýaly ýygy-ýygydan ruhy sarsgynlary geçirýänikleri sebäpli metbugatyñ üns merkezinden düşmeýän belli aýdymçylar hem bar. • Ilýuminatä hyzmat eden belli aýdymçylar Ilýuminatiý medeniýeti öz gysajyna alyp, özüne hyzmat eden "aýakçylaryny" dünýä derejesinde meşhurlyk gazanmagyna ýol açýar. Gizlin guramanyñ agzalary aýdýan aýdymlarynda we kliplerinde Ilýuminatä yşarat edýän hereketleri edýärler. Rihanna, Leýdi Gaga, Jaý Z, Keti Perri, Beýons bu guramanuñ iñ işjeñ agzalaryndandyr. • Keti Perri Keti Perri eden çykyşlarynyñ birinde "On alty ýaşymda aýdym-saz dünýäsine girenimde işim oñuna bolmady. Onsoñ menem ruhumy şeýtana satdym" diýip, öz "aýakçylygyny" aç-açan mälim edipdi. • Jaý-Z Jaý-Z hem konsertleriniñ birinde barmaklaryny birikdirip, Ilýuminatiniñ üçburçluk (piramida şekilli) simwolyna meñzedipdi. Bu hereket aýratynam Kanýe West, Jaý-Z we Rihannanyñ "Run This Town" aýdymynyñ çykyşlarynda "barmaklaryñy üçburç şekile getirmek" hereketi birnäçe gezek gaýtalanypdy. • Beýons we gürji pitnesi Eýsem, Beýonsyñ "Tbilisi" premýerasyndan we üstüne "Rewolýusiýa" ýazgysy ýazylan awtoulagynda düşürilen klibinden bary-ýogy bir hepde geçensoñ Gruziýada başlanan halk gozgalañyna kim tötänlik diýip bilerkä? "Oprah Winfreý" gepleşigine gatnaşan Beýons Ilýuminatiýa ordeniniñ agzasydygyny öz dili bilenem aýdyp, "Ilýuminatiniñ goldawy bilen şan-şöhrat gazandym" diýipdi. Şonda Beýons "Siziñ pikiriñizçe Ilýuminatiý ähli hökümetleriñ we ykdysadyýetleriñ weýran bolmagyny üpjün edip bilermi?" diýen soraga "Garaşalyñ we göreliñ" diýen jogaby beripdi. • Rihanna Rihannanyñ birnäçe klibinde masonluga we satanizme degişli birnäçe añasty yşaratlaryñ bardygy mälim. "S&M" atly aýdymyñ klibinde Rihannanyñ arka tarapynda görünýän ýazgyda "Princess Of İllimunati" ("Ilýuminatiniñ melikesi") diýen ýazgy bar. • Leýdi Gaga Leýdi Gaganyñ konsertleri we suratlary durşuna gizlin yşaratlardan doly. Ol "Sizi kim goldaýar?" diýen soraga "Maşgalam we dost-ýarlarym" diýip jogap berende, saçyna timar berensirän bolup, eli bilen bir gözüni ýumup, "bir göz" (Ýekegöz - Ilýuminatä yşarat edýän simwol) yşaratyny edipdi. Ol "Rolling Stones" žurnalyna beren reportažynda şeýle diýýärdi: "Käte gaýtalanyp duran şu düýşi görýän: Öýümde göze görünmeýän bir güýç bar we ol meni otagyñ çüñküne çekýär. Ol ýerde aýaklary ýüp bilen dañylan sary saçly gyz bar. Ol gyz meniñ Gremmidäki köwşümi geýipdir. Göze görünmeýän güýç maña "Eger onuñ gynalmagyny islemeýän bolsañ, maşgalañ gowy bolmagyny isleýän bolsañ goşarlaryñy kes!" diýýär". • Madonna Madonnanyñ "Ilýuminatiý" aýdymyñ sözleri: Ilýuminatiý - Beýons ýa Jaý-Z däl, Nikki (Minaý) ýa Lil Weýn däl, Oprah (Winfreý) ýa Obama däl, Pop ýa-da Rihanna däl, Korolewa Ýelizaweta ýa Kanýe West däl. Penstagram (☆ - bäşburçly ýyldyz) ýa jadygöýlük däl, Üçburçlyk ýa pul ýagmasy däl, Gara jady ýa(Leýdi) Gaga däl, Altyn pişigiñ sürýän Guççi ýa-da Pradasy däl. Hemme zady görýän göz bu gije synlaýar Ynha, bar bolany: Hakykat we ýagtylyk. Hemme zady görýän göz bu gije synlaýar Gizlär ýaly hiç zat ýok, Syrlar aýan bolýar. Bu her kesiñ bilýän-görýän zatlary, Ýalpyldaýar Ilýuminatiý deý. Bu her kesiñ bilýän-görýän zatlary, Ýalpyldaýar Ilýuminatiý deý. Aýdyñlanyş hemme zada ýol açdy Hem metbugatam indi bizi aldaýar Dogry ýa-da nädogry ýagdaýda. Häzir bolsa tans et we bu tümlügi başga zada öwür, Hany bol onda ot ýak, bu saz sarsdyrar älemi. Ebedilik ýaşarys, söýgi baky ýaşar, Bu gije başlaýar... • Ilýuminatiniñ öldürendigi güman edilýän tanymallar Eminem, Maýk Jekson, Bob Merli ýaly meşhur aýdymçylar nämäniñ nämedigine gowy düşünýärdiler we olar bu howpa garşy göreşmäge çalyşdylar. Netijede, olardan Maýkl Jekson we Bob Merli nämälim ýagdaýda öldüler. Olardan diñe Eminem diri galdy. • Jon Lennon Jon Lennon "Bitlz" aýdym-saz toparynyñ solistidi. Ol 1980-nji ýylyñ 8-nji dekabrynda Mark Dawid Çapman atly biri tarapyndan öldürildi. Lennonyñ gandary "Bitlziñ" ölemen muşdagydy we ony öldürmezden öñ oña albomyna gol çekdiripdi. Lennonyñ parahatçylygy gorap saklamagyñ tarapdarydygy we onuñ hemişe parahatçylygy ündeýän aýdymlary aýtmagy halk köpçüligine ýiti täsir edýärdi. Bu bolsa elbetde, Ilýuminatä ýaramaýardy. Onuñ ölümi Ilýuminatiý guramasynyñ görkezmesi bilen amala aşyrlandygy güman edilýär. • Filip Seýmur Kinoaktýor Filip Seýmur Hoffman öz öýünde narkotiki doza zäherlenmesi sebäpli öli tapyldy. Ol "Açlyk oýunlary" kinofilmler tapgyrynda "Kapitola" garşy gozgalañyñ ýolbaşçysy bolup oýnapdy. Onuñ oýnan epizodlarynda Ilýuminatä garşy birnäçe yşaratlaryñ bardygy aýdylýardy. • Maýkl Jekson Maýkl Jekson Ilýuminatä garşy çykyş edip başlan ilkinji batyrgaý tanymallaryñ biridi. Ol bu howply guramanyñ aýdym-saz industriýany nädip gözegçilik astynda saklaýyşlaryny paş etmäge başlapdy. Hatda ol Ilýuminatä garşy gidýän bir aýdym hem ýazypdy. 2009-njy ýylyñ iýun aýynda Jekson hem öz öýünde narkotiki doza zäherlenmesi sebäpli öli tapyldy. Maýkl Jeksonyñ “Black Or White” klibiniñ başynda dört minuda golaý dowam eden tans sahnasy aslynda onuñ tans edijilik ukybyny tomaşaçylara görkezmek üçin düşürilmändi. “Music Industry Exposed” atly dokumental gepleşikde bu klibiñ seljermesi geçirilende, Jeksonyñ görnetin arassalanyş dessuryny ýerine ýetirýändigi we şeýtanlary kowýandygy anyklandy. Ýagny ol tans sahnasynda ýerine ýetirýän hereketleri bilen aýdym-saz dünýäsini gysajynda saklaýan ketdelere barmak çommaldýardy. • Kurt Kobeýn "Nirwananyñ" solisti Kurt Donald Kobeýniñ hem añ gözegçilik synaglary üçin Ilýuminatiý tarapyndan ulanylýandygy aýdylýar. Kobeýn guramanyñ tabşyryklaryny ýerine ýetirmän başlansoñ, ol Ilýuminatiý üçin ýok edilmäge degişli howpa öwrüldi. Kobeýn 1994-nji ýylda öz janyna kast etdi. • Emi Waýnhaus Emi Waýnhaus tanymallyga ýetensoñ narkotiki serişdelerini ulanmaga başlapdyr. Muña garamazdan ol ölmezinden öñ çykyş etmäge hiç hili mejaly bolmasa-da, zor bilen sahna çykarylyp, konsert bermegi talap edilipdir. Waýnhaus 2011-nji ýylda narkotiki doza we alkogol zäherlenmesinden öldi. • Tupak Şakur Tupak Şakur geçen asyryñ 90-njy ýyllarynda millionlarça ýaş oglan-gyzlaryñ iñ bir söýüp diñlenýän repçileriniñ biridi. Birdenem onuñ ýyldyzy sowady. Tupak ilki gyz zorlamakda aýyplandy, emma waka boýunça ýekeje-de subutnama tapylmady. 1996-njy ýylyñ 7-nji sentýabrynda Newadada awtoulagynyñ içinde urulup öldürildi. Jenaýaty eden ýa-da edenleriñ kimligi bolsa häzirem nämälimligine galýar. Öldürilmeginden ýigrimi minut öñ awtoulagy swetofor gyzyl yşyk ýanyp säginen wagtynda, ýoldan geçip barýanyñ biri Tupagyñ suratyny alypdyr. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||