02:30 Ruhyýet hakynda goşgylar | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ RUHYÝET BARADA GOŞGULAR Muňa köpi gören düne diýerler. Haýran galmaz, hiç bir zady geňlemez. Güleniň, aglanyň parhyna däldir, Etjegi içinde, seni diňlemez. Adam pakyr bolsa şeýle ham-hyýal: Bu gün-ä "dünýäni tutdum" diýip ýör. Ertesi görseňem bu dünýä gargap "Bu oýunda bizi utduň" diýip ýör. Soňam öz-özüne teselli berýär Bu dünýä bilen däl - o dünýä bilen. Ýöne eşdişimçe o dünýä gidip ýokmuşyn yzyna dolanyp gelen. Diýmek berilmedik zada göz dikmän Berlenje zat bilen oňuşmak galýar. Ölçegli ömürde bir-birek bilen Bälçireşmek galýar, degişmek galýar. Diýmek bu dünýäni gysymlamak däl Bize ony diňe ellemek galýar. Biri-birimize badak atyşman Gaýtam bir-biregi goldamak galýar. Süýtreňk daňlary maňlaýa sylyp Şükür etmek galýar, aýňalmak galýar. Bir bendäni ýykyp beýgeljek bolman Ol kişä gop berip beýgelmek galýar. Dokuzyň düzüwkä adam tanaman Ejizlän çagymyz ýatlap Hudaýy, Şundan soňam özümizden hoş bolup Geň galdyryp ýörüs günleri, aýy. Diýmek, pähim-pikir kereplemänkä Olary ukudan oýarmak galýar. Ýalana gol ýapman, salgyma çapman Diňe Çyn zatlara daýanmak galýar. Panyda ýalanyň känligi üçin Ýalançy diýlipdir owadan dünýä. Aga gara diýip, gara ak diýip, Sogap diýip ýören bolmalyň günä? Diýmek özümizi özümiz gynap Humardan açylmak, uýalmak galýar. Bizar eden suwjyklykdan saplanyp Uýan gatyk ýaly goýalmak galýar. Ine şonda ýaşap ýören dünýämiz Has lezzetli hemem göwnejaý bolar. Saplandygmyz saýy köne ýoňlardan Ruhumyz belent bolar, baý bolar. * * * Dagyň eteginde tomsuň gory bar, Depesinde bolsa, gyşyň gary bar. Gudratyň öňünde başym egilgi, Ýalňyzsyň sen, ýeketäksiň Biribar! Haýran galýan dünýä inelim bäri Älemi çoýup dur ak günüň nury. Ýalkar bolsaň ýedi yklym lälezar, Sahawatyň çägi ýokdur Biribar! Ýatamda, turamda tagzym edýärin, Ile-güne çyksam wygzyň edýärin. Bir özüňde dünýäň hak hossary bar, Atlaryňa ** - alkyş ýagsyn Biribar! Bereniňe ýüz-müň şükürim bardyr, Başymda musulman pikirim bardyr. Nazaryňda bütin ýeriň şary bar, Ýeketäksiň, ýalňyzsyň Sen Biribar! Ejizdirin Saňa aklym ýeterden, Bendäňi halas et bela-beterden. Amanat başymyň duw-ak gary bar, Şol baş Saňa gurban bolsun Biribar! ** Allanyň müň bir ady bolmaly * * * Ýylgyr adam, bu günüňe hoş bolup, Ýöräp bilýäň, uçup bilýäň guş bolup. Guwdurama Ýaradandan daş bolup - Gara daglar gagşar zora çydaman. Görüp dursuň, kalbyň welin duýanok, Sen akmysyň, garamysyň diýenok. Ýuwdup ýatyr, ýuwdup ýatyr - doýanok, Ýer çaýkanýar ahy-zara çydaman. Seret: külli adamzady durşuna Bugdaý başy göterip dur gerşine. Tüp yssyda meňzäp erän gurşuna Ak çäge garalýar gora çydaman. Bagt diýilýän ynjyk närse ýatanda Burnuň ganar agzyň aşa ýetende, Keç ykballar gazabyna tutanda Bende eňrär Biribara çydaman. Düne porhan bolýar alaýazlarda, Gudrat gördüm ýönekeýje näzlerde. Göz, dokunan bereketli güýzlerde Şaha synar gyzyl nara çydaman. Gursagymda dyňzap dur bir monolog Pese beýik diýjek bolýan - bolanok. Çyn şahyrlar ajalyna ölenok, Ölýär olar namys-ara çydaman. ▶ SANJARA SEREDIP ÝAZYLAN GOŞGULAR 1 Bu gün ýigit çykdyň on ýedi ýaşap, Ýylgyrýan sähelçe dodagy dişläp, Hernä bagtyň çüwüp, ykbalyň işläp, Ýörejek ýoluňda ýaran tapylsyn. Bereketli gelsin ýaşyl ýazlaryň, Düýşüne gir gözel-gözel gyzlaryň. Möhür bolup galsyn basan yzlaryň, Aklyňa, şekliňe haýran tapylsyn. Gök ýaýlada ak bedewiň kişňesin, Ak ýyldyzyň ýanyp dursun, ýaşmasyn. Owal-ahyr başyňa iş düşmesin. Düşäýse beladan goran tapylsyn. Çykan çeşmäň halal, arassa aslyň, Ala meýdanlarda bolma sen asgyn. Hak sylasyn, kem bolmasyn rysgyň, Mydam maňlaýyňdan dirän tapylsyn. Bu dünýäni tutup bolmaz harsuryp, Ýöne ykbal galawersin gobsunyp. Mele gelin gujagyňda owsunyp, Gapdalyňda ganat gerýän tapylsyn. Pikir etmek gerek, oýlanmak gerek, Dünýäni saklap dur bir döwüm çörek Hernä çep gursagyň bolmasyn gurak, Göwni gülletmäge seýran tapylsyn. Men arzuw etsemem edemok aşa, Bagtyýar bol oglum, är kimin ýaşa. Zabun zamanalar öwrülsin düýşe, Sür, köşek, sürmäge döwran tapylsyn! 2. Ýylçyr daşy ýalap ýeller geçende Daglaryň depesini bürände duman, Ýolda-yzda galan bolsaň, ezizim, Öz öýüňe sag-aman bar, sag-aman! Sary tomsuň ak ýalnyna çydaman Salgym atýan çagy Çöl atly umman, Uzak ýola düşen bolsaň, ezizim Öz obaňa sag-aman bar, sag-aman. Agzy ak köpükli goja Hazaryň Al-asmana atylşyna garaman, Hallan atýan bolsaň gomlar içinde Kenaryna dolanyp bar sag-aman. Bulutlary böwsüp barýan uçaryň Çal ümüre çümen bolsa bu zaman, Men çagyrýan, senem çagyr Hudaýy, Uçar guşuň ýere gonsun sag-aman. Men dünýä bakýaryn howatyr bilen, Kalbymda howsala, göwnümde güman. Eý ezizim, çarkandakly ýollaryň Synagyndan sag-aman geç, sag-aman. Eger-de köşegim, seniň kastyňa Çenelse keseden şar-gara keman, Özümi oklaýyn onuň öňüne, Sen yzymda galsaň bolýar sag-aman. | |
|
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |