21:46

Rus habar beriş serişdeleri Prigožiniñ ölendigi öñe sürülen awiaheläkçilige nähili garady?

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 519 | Добавил: Gökböri | Теги: Maýis Alizade | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 kungfuu  
1292
Коммерсантъ.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Aý, ýok-la, bu ýerde anglosaksonlaryň eli bardyr. Şolaryň poçerkine meñzeýär

0
5 sylapberdimuhamov  
1428
Putin üçin bu gaty primitiw görünýär. Ol köne çekist, etjegini bilmezmi? Dogry çaklaýañyz. Ol Putine-de gerek dâldi, Günbatara hem. Расходный материал.

0
3 Injener  
1
Beýdip öleninden, Moskwany almaga synanşan bolsa gowy bolardy. Şu Putin ölüp bilse bolany, ruslaryň telewidenýasy yzyny üzmän diňe Putini ýamanlar. Onsoň biziň ýurdumyzda Putine çokunyp ýörenler hem şol bada pikirni çalşarlar, sebäbi? Sebäbi telewizor şeýle diýdi...

0
6 kungfuu  
1292
Putine çokunylanok. Putiniň alyp barýan syýasatynyň ýerliklidigine göz ýetirip, şony goldaýanlar bar biziň ýurtda.
Rus halky göre-göre gelýär. Putini "gidiresleri" gelenog-a. Şolaram demokratik döwlet, prezident saýlawlarynda näme üçin diňe Putin ýeňýär? Sebäbi halk şony saýlaýa, halk döwleti şondan başga adama "ynananok", köp bölegi.
Adamlaň köpüsi türküň, iňlisleň, amerikanlaň syýasy programmalaryna tomaşa edýäler, şolarda-da Putini ýamanlaýalar. Şondan öwrenibem Putini günäkärleýäler...
Ýa bolmasa, özüm üns berýän-dä, syn edip otursam, rus dilini, rus medeniýetini we ş.m. bilmeýän käbir adamlar, umuman, orslary halanoklar, şol sanda Putinem.
Akylly-başly, sagdyn pikir ýöredip bilýän adam bolup, критический взгляд bilen Putine baha berýän az-az.
Fanatizm hem ýok däl bizde.
@Iňžener, "kişiň ölümini diländen, başyň saglygyny dile" diýýän eken türkmen.

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Rus dilini, rus medeniýetini we, umuman "rus dünýäsini" kämilligiň çür depesi hasap edýän bolsaňyz, onda häzirki ýagdaýdan gapyl galmaň: putinçiler Russiýany ýewropa ýurdy däl-de, aziýa ýurdy diýip yglan etdiler, Hytaýy, Eýrany, D/g Koreýany beýik döwletler hasaplap, olardan kömek soraýarlar (Pyotr, Ýekaterina, Aleksandr patyşalar gabyrlarynda üç agdarylýarlar), Russiýanyň harby güýji Eýranyňkydan, ykdysadyýeti Meksikanyňkydan uly däl. Öňki Russiýa bilen häzirki Putin Russiýasynyň tapawudyny gowy bilýäris. Putin Russiýasy häzir diňe yadro ýaragy bar diýäýmeseň, super deržawa däl-de, regional bir aziýa döwleti. Ilkinji ýigrimlige-de girenok. Ine, Putiniň edeni. General Iwashew ýaly Putine garşy çykýan millitini söýýän tejribeli adamlar senden-menden gowy bilýändir öz ýurdunyň bähbidini. Özümizi-hä şu gidişat juda kanagatlandyrýar. Meniň pikirimçe, dogrudanam, ruslara kiçiräjik, döwrebap, öz raýatlary barada alada edýän normalnyja döwlet gerek.

0
12 kungfuu  
1292
Näme, Aziýa döwleti diýip ykrar edilmek, zapodlomy?
Hahaý, ykdysadyýetini Meksikaňka deňän bolýaňyzmy?! Gaty ýalňyşýaňyz...

0
8 sylapberdimuhamov  
1428
Günbatary aklajak bolamok. Emma faktlara ýüzlenseñ hâzir gaty kän adam "içinden gargap otyr". Günbatar Putini 100%100 garalap bilmez, emma käbir hakykatlar bar. Olar hakda diñe boýun alyp dymmak galýar.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
"Beýdip ölenden Moskwany almaga synanyşan bolsa gowy bolardy" - meniňem kelläme gelen pikir şol boldy. Emma bu ýerde gürrüňiň onuň diňe öz jany hakda gitmeýänliginiň-de pitnäniniň ýatyrylmagynda rol oýnan bolmagy mümkin: aýal-çagalary beýleki tarapyň elinde zamundy, Prigožin bolsa maşgalasyna janserek adammyş. Ýöne ýarym-ýalpy bolsa-da, pitne turzup, Moskwa howp salyp, resmi döwlet dönügi adyny alyp, ýene soň Moskwadan Pitere, Piterden Moskwa uçup ýörerin öýtdüpdir-ow. Çerdak giden bolmaly.

0
9 sylapberdimuhamov  
1428
Hâzir orslaryñ brend bolan oranjewyý-gara lentalary bardyr-a. Gokdepäniñ basylyp alynmagy mynasybetli 1881-de çykarylan medallarynyñ lentajygydyr şol.

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
Türkmenistandaky ruslar geçen ýylam, şu ýylam 9-njy maýda şony dakyndylar. Diňe olar däl, türkmenlerem dakynyp, instragrammda kän göründiler. Ýogsam onuň 41-45 urşuna hiç hili dahyly ýokdy, ak patyşanyň nyşanydy, RIA nowosti diýen milletçi toparyň teklibi bilen dolanyşyga girizildi

0
11 kungfuu  
1292
Hemme zadyňam gelip çykyşy, taryhy bolmal-a, dogry dälmi? Ak patyşadan galan bolsa-da, şol lenta, belki, özboluşly manyny berýändir, ýeňişiň alamatydyr, meniň pikirimçe. Şondanam dakynýan bolmaklary mümkin. Целый Putin dakynýar, halk dagy näme?!
Beý diýseň, häzirki rus döwleti öňki rus imperiýasyndan başga-da köp zatlary alyp galandyr. Oňa näme diýjek?!
Meselem, köp şäherleriň ady XVII-XIX asyrlardaky atlaryny ýitirmedi. Muňa-da: "Pylan şäheriň adyny, rus imperiýasy döwründe pylan patyşa goýupdyr" diňseňemä gelşiksiz?!

Rus dilini, rus medeniýetini kämilligiň çür depesi diýip hasap etmesegem, bagyşlaň gödegräk bolsa, bize "gürlemäni" öwredeniň orslardygyny ýatdan çykarmalyň. Girim-çykym diýjekmi, medeniýet diýjekmi, hat-sowat diýjekmi...
Biziň topragymyza ruslar däl-de, iňlisler gelen bolsa näderdik?!
Ruslaryň edil hemme eden işlerim däl-de, Sylapberdi agaň ýazyşy ýaly, 100%100 ruslaryň alyp baran abaý-syýasatyny goldaýan diýip biljek däl, ýöne köp bitiren işlerini kanagatlanma bilen ýatlasak ýalňyş bolmaz.

...Gürrüňi nirlerik alyp bardym...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]