12:02 Sabyr | |
SABYR
Goşgular
Eýýäm näçe asyr söweşýär olar. Ýagşylyk Ýamana berip gaýtawul, Asmanda Gün çykdy, sowyldy dowul. Şöweşler pidasyz bolmaýar ýöne. Mertlik ýaralanyp ugrady pana. Esgerler jem bolup etdi maslahat: -Ili-güni ençe ýyllap har eden, Uly duşman ýok edildi aradan. Emma, tapylýandyr mydama betpäl, Halkymz ýagydan bütünleý dep däl. Serkerde söweşde bolupdy wepat. Maslahat etdiler: -Berilmän a:la, Baştutany saýlap düşneli ýola. Goragsyz galandyr bu wagt mähelle Eglenmek bolmaýar bize sähel-de. Serkerde diýilip bellendi Sabyr. Her egin üç esger baryn deň kylyp, Dillendi Sabyr han sözün jem kylyp: -Başga meseläni goýmaly. Diňe, baryp goramaly gowşyp il-güne. Olar ýola çykdy maksady aýan. Çaltdan gadam urup ýördüler kemsiz, Saklanmak bolanok, sürdüler demsiz. Öňem ýeňilensoň islegi paşman. Peýledi olary azalan duşman. Söweşse ýeňiljek, ejizdi olar. Agtaryp tapmaly ýarag ýa hile. Şeýdip, şa bolmaly elmydam ile. Çözgüdi tapyldy, ýeňledi gerden. Olary tutmaly diňe bir-birden. Mem-menlik baş bolup tutdular Erki, Ol güýçli, gaýraty daglary deşen. Emma, ýeke boldy, saldylar kişen. Kömek beriljekdi. Baştutan kejir. Eglenmek bolnaýar! dillendi Sabyr. Hasrat Gaýgy bilen Şatlygy tutup, Gollaryn daňdy-da, geýdirdi nogta. Akýan gan mysaly döndi ol lagta. Hem-de suw mysaly gaýnaýar lagyr. Kynçylyk taplaýar! dillendi Sabyr. Rysgal ýesir düşdi Bähbit eline, Indi şol adyl sud, indi ol kazy, Artanyn iberýär adamlar sary. Özününe paý alyp tonnadan agyr. Hemmesi düzeler! dillendi Sabyr. Söýgini güýlediler tutup mal kimin, Ýigrenç çakdy depesinde şänigi. Ýasamalyk tutdy beýik şalygy. Ol sedasyz çekip ýatanda ejir. Mert boluň, gam çekmäň! dillendi Sabyr. Bagty tutmak kyn bolmady Betbagta. Onsuzam kuwwatdan gaçypdy halys. Indi ony ýatlap beriljekmiş ys. Sebäp garzylypdyr bireýýäm gabyr. Umytly bolaly. dillendi Sabyr. Umyt bolsa şol wagt ýykyldy ýere, Demini sanaýar, ak ýüzi tutuk. Duşmanlar begenýär goşmaça utuk. Ýöne ol janlydy, urýardy bagyr. Hak diýip bir özi ýöredi Sabyr. Gelip ýekelikde gowuşdy halka. Emma, hemme kişiň ýüzleri soluk, Bagdaky bägüller gury ýa ýoluk. Ýollary bitekiz takyr-da-tukur. Saraldy, inçeldi, ýykyldy Sabyr. Ynha, ýowuz güýçler heşelle kakýar. Adamlaň başlary egilýär gepden. Gaýgy-gam sag aýak, Bagtsyzlek çepden aslyşýar. Ýesire gazylýar gabyr. Olar başyn ýaýkap, -diýýärler: -Sabyr... Degre-daşa ynananok göz aýlap. Kellesi dumanlap köpeldi wagyr, Okünç al asmandan ýagýardy şybyr: -Wah, özüň günäkär, söweşdiň ne bir, Ne-de agzybir sen, ehh, Sabyr, Sabyr... Ahmet ARAZOW | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||
| |||||