* * *
Kolhozçy görgüliler dekabrda gowaçalaryň garyny kakyp pagta ýygsalaram bolmady, brigadanyň plany zordan segsenden geçdi. Şonuň üçin ertir kontorda ýygnak boljak habary eşidende, Muhynyň ýumşak ýerine tiken çümen ýaly, ziňkildäp gitdi. Gyssanjyna habar getiren ýigitden dalda gözläp, onuň ýüzüne naýynjar bakdy:
— Sluşiý, haýsy meselä garaljakdygyn-a bilýän dälsiň?!
— Men näbileýin-aý. Häli işim çykyp kantura barsam, agranom «Ýol ugruňa Muhynyň ýanyna degip geç, hökman gelsin ertir» diýdi.
Onuň bu sözleri Muhynyň kalbynda gozgalaň turuzyp, ýyldyrym çakdyrdy: «Aýyrjakdyrlar, süňňüm syzyp dur-a, hökman pyzarlar». Ol habar getiren ýigidiň gideninem, Rejebiň gelip gapdalynda çökeninem aňşyrmady.
— Birgat, gaty aladaly görünýäň-le, saglykmy özi?
Rejebiň bu sözleri Muhyny juda oýa batyrdy: «Duýgudaşlyk bildirip aýdýamyka «birgat» sözüni? Ýa-da eýýäm meniň işden aýryljak habarymy bir ýerden eşidip, heşelle kakyp durşumyka köpeý oglunyň?». Ol alasarmyk ýagdaýda galdy. Kellesine gelen pikirleri ony otdan alyp suwa oklady, suwdan alyp oda. Herniçik, ahyr kömekçisiniň sowalyny jogapsyz galdyrmazlygy makul bildi:
— Jan-a sag welin, şu gün iň soňky gezek «birgat» diýşiň bolaýmasa, Rejep.
— Hä, o näme üçin?
— Ertir ýygnak boljakmyş, kanturda.
Rejep gülüp goýberdi-de, başyny ýaýkady:
— Ýak-eý, bolanda näme, hemişe-de bolýar-a ol.
— Göwnüme bolmasa, şu sapar üýtgeşik bolaýjak ýaly bolup dur. Häliden çep gözüm çekip günüme goýanok welin, şakyrdyk daksalar gerek. — Birdenem ol kömekçisiniň göreçlerine çiňerildi: — Sluşiý, sen nähili pikir edýäň?
Rejep birsalym oýurganyp durdy-da:
— Äý, işiňden aýryp duraslary ýok-la, ýöne bir käýinç beräýmeseler... — diýdi.
...Muhynyň pikiri dogry çykdy. Prawleniýäniň ýygnagynyň bir meselesi ýörite onuň iş alyp barşyna bagyşlanan eken. Çykyp geplänleriňem ählisi dil düwşen ýaly, bir hörpden gopdular:
— Besdir, «Üçden soň puç» diýipdirler, üç ýyl garaşdyk.
Ana, şeýdip, sähel salymda Muhyly meseläni çöp döwen ýaly etdiler oturyberdiler. Ýerine-de «Işlejek oglan» diýşip, Rejebi bellemegi karar etdiler.
Bu habary eşidenlerinde kolhozçylaram garşy bolup durmadylar. Annagül anten-ä edip duran işinem taşlap, «Ilkinji bolup gutlaýyn-la täze birgady» diýdi-de, «etek alty, ýeň ýedi» bolup eňdi Rejebiň ýanyna. Gele-gelmäne-de bijesi çykan ýaly ýyrşardy:
— A-ýu, Rejep, wezipäň gutly bolsun-uw. — Ol Rejebiň bir zat diýerine-de garaşyp durman, mydama «ýaglagly pulemýotynyň» mäşesini gysdy: — Asyl oňaraýypdyrlar. Kim näme diýse-de, partiýa-hökümetimiz işleýän adamy-ha tanaýa iň soňunda. Ahyr ornunam tapyp berýä, şuň ýaly. Wah, şü Girrik dagyny-ha geçen ýyl aýyrmalydy-la işden. Öňden şeýden bolsalar, iki dolardyk planymyzy...
Rejep biraz taryna kakyp göresi gelip, onuň sözüni böldi:
— Geçen ýyl men gullukdadym-a?!
— Ah-heý, gulluga gitjek bolsa, köwşüniň apgyrdyny basyp, zordan süýegini süýreşip ýörenler gyt däl-ä. Ýöne özüň ýaly iş oňarjaklar sanalgyjadyr, görseň. Wah, şü höküwmediňem kelte gaýdýan ýerleri bar-da. Ýogsam, seniň ýaly işbaşarjaň oglanlary ibermelem däl-ä şoňa...
— Men gidipdirin-ä. Ýeri, geçen ýyl bolanlygynda kimi saýlardyňyz onsoň?
Annagül birbada aljyrajak ýaly etdi-de, basym özüni ele aldy:
— Wa-ýeý, muňa sered-ä, elbetde, seni saýlardyk. Biz nä seniň işbaşarjaň oglandygyňy bilmeýändir öýdýämiň? Bibini alyp gaçaňda-da «Tüweleme, oňaraýypdyr. Etjegini bilýän, ot ýaly ýigitdir-le biziň birgadymyz, wiý, pombirgadymyz» diýişdik...
— Dur entek, Annagül. Ýogsa-da gullukdakam nähili edip meni birgat bellejekdigiňizi düşündirmediň-ä?
— Düşündirip-düşündirmez ýaly nämesi barmyş onuň? Partiýa-höküwmede arz ederdik: «Rejep Amanowy gullukdan boşadyň, birgat saýlajak» diýip, wessalam.
Rejep onuň bu sözlerine gülmän saklanyp bilmedi. Gülküsiniň arasynda-da:
— Sag bol, Annagül — diýdi.
Şol gün agşamlyk «Rejep birgat bolupdyr» diýen habar öýme-öý girip çykdy.
* * *
Bibi Rejebiň brigadir bellenenini ilkinji oguljygy bolup, kolhozyň merkezindäki bäbekhanada ýatyrka eşitdi. Ony, bir hepdä golaý wagtyň dowamynda ýekeje gezegem gara bermedik Annagül, edil ýap-ýaňyja, adamsy gelmeziniň öňinçäsi buşlap gitdi. Şonuň üçinem ol keselhananyň howlusynda Rejep görnenden, mör-möjek girmezligi üçin hasa tutulan aýnanyň öňüne ýeňillik bilen gopup geldi-de, onuň kiçijik gözjagazyny açdy. Içerik dekabryň çigreklije howasy kürsäp urdy.
— Çynmy-ýalanmy, Anteniň gepi öz-ä, birgat bolanmyşyň diýip eşitdim, düşümlisi bolsun!
Rejep haýran galyjylyk bilen başyny ýaýkady:
— Eýýäm bu ýerigem ýetişäýdimi ol?
— Ilki seniň ýanyňa ylgadym begenjimden diýýä, öz-ä.
— Aý, Annagülçilikdir...
— Näme, meni aldap gidäýipmi o saçy kesilen?
— Ýok. Çynlygyna-ha çyn welin, ýetişiklidigine haýran galýan. Şu ýerik gelýänçä öý bökmän girip çykan borly, duşan elimi gysýa: «Ýaňyja Annagülden eşitdik» diýip.
— Aldamadyk bolsa bolýa-la, gyrnak. Ýogsa-da, Muhy nädýä?
— Äý, näm etsin, boljak iş bolansoň.
— Adamçylykdyr, baryp gaýdaýmaly ekeniň öýüne.
— Şolardan gelşim-dä. «Işläbereýinmi?» diýsem, «Işläber, sen bolmasaňam, başga birini bellärdiler. Näme-de bolsa, öz kadrym-a goýdular. Şolam bir gowy» diýdi.
Şondan soň Bibi häliden ynjalyk bermän duran zadynam sorady:
— Rejep, birgat bolanyň-a gowy welin, okuwly meseläň nähili bolarka?
— Onuň işi haýyr-la, gaýybana giräýmeli bor.
— Indi gitjek okuwyňam üýtgetmeli bormuka, Muhynyňky ýaly ugra?
— Äý, Bibi, öňi-soňy guma bulaşyp ýörmeli bolsa, beýle okuwy nädeýin-ä. Şol öňkime — rus diline girerin-dä.
Täzelikleri gutardym edensoňlar, Bibi oglunyň daýawjadygyny, Rejebiň agynjak özüdigini aýtdy. Rejebem Bibi bäbekhana düşeli gününden bäri ýat beklän şol bir sözlerini, ylla diýersiň, ilkinji gezek eşidýän ýaly, ýyrş-ýyrş edip diňledi-de:
— Hany, bir hepdeden dagy goýbererler diýädiler-ä. Hiç zat aýdanoklarmy, lukmanlar? — diýdi.
Häliden bir zat aýdaryn diýip, onam ýadyna salyp bilmän duran Bibiniň ýüzi açylyp gitdi:
— Wiý, huşum gursun, ana, men şony aýdaýyn diýip durdum-a, asyl. Ertir, ertir goýberjek diýdiler...
* * *
— «Oguldyr döwletiň başy» diýipdim-ä men, şujagaş bolanda. — Ýaňy bäbekhanadan gelen eltisiniň çagajygynyň arlyklaryny çalşyrmaga kömekleşip duran Gymmat bir gapdalda tirsekläp çaý içip ýatan Rejebe seredip şelaýynsyrady: — Asyl döwlet guşy depäňe geli-ip gonaýandyr görseň. Enşalla, indi mellegiňiziňem nobaty ýetäýse-hä, dokuzyňyz düzeläýjek onsoň.
Onuň mellekli meseläni ýatlamagy Rejebe ýaramady. Soňky wagtlar özlerini sygyrmajak bolup, gelnejesiniň iňirdisiniň artyp ugrandygy ýadyna düşdi. Her näme-de bolsa, bu begençli günde keýpini bozasy gelmän, Gymmatyň ugrundan gopdy:
— Mellegem-ä tiz paýlajakmyşlar, gelneje.
Gymmat çaganyň arlygyny çalşyp duranynam unudyp, ýüwürjisiniň ýüzüne begençli bakdy:
— Şeýle bolsun-da hernä. Nirden paýlajakmyşlar?
— Gaýraky kanalyň goltugyndaky atyzdan.
— Wa-ýeý, gaty ýakynyndan beri almajak bolaweri. Hä diýmän bujagaşa aýak biter. Ana, onsoň mydama çopan ýaly bolup ýörmelidir yzynda. Toba, toba, «Ot belasyndan, suw belasyndan» diýipdirler.
— Maňlaýdakyny görübermeli bor, gelneje. — Rejep boşan käsesini saçagyň bir gapdalyna pyrlandyryp goýberdi: — Men-ä gitdim onda.
Adamsynyň nahar-şor datman turubermesini birhili gören Bibi bir-ä eltisiniň, birem Rejebiň ýüzüne seretdi:
— Wiý, o nä birden howlugaýdyň?
Rejep bosagada köwşüni geýip durşuna, gelnine syr bildirmediksirän boldy:
— Iş kän, garaşýandyrlar maňa.
— Dogry aýdýa, Rejep. Baş bolmasa, kolhozçy diýeniň bir süri goýun ýalydyr. Garaşy-yp oturandyrlar görseň, näme etjeklerini bilmän. — Gymmat eýýäm köçä ýetip barýan ýüwürjisiniň yzyndan seredip durşuna köp manyly gürledi: — Ýüwürjim baryp çaltrak etmeli işlerini görkezip, hersiniň paýjagaşlaryny bölüp berse gowy bolar.
Adamsynyň naharlanman turup gidibermegine hernäçe gyýylsa-da, Bibi eltisiniň ýüzüne gelip bilmedi. Uludan bir demini alyp, aşak bakaýdy.
* * *
Rejebiň brigadir bolup işe başlanyna üç ýyl dagy geçäýipdir. Gelnejesi Gymmatyň aýdyşy ýaly, onuň depesine gonan «bagt guşunyňam» düşegi ýumşaýdy öýdýän, asyl edeni oňuna bolup barýa-da. Geçen ýyllaryň içinde mellek alyp, allanäme özbaşyna tünekli boldy. Ýokary okuw jaýyna gaýybana okuwa girdi, ýene-de bir oguljygy dünýä indi. Özüni brigadirlige ýalňyşyp bellemändiklerinem subut etdi. Muhy girrik ýaly gep ýassygy bolup ýörmän, bassyr iki ýylam pagta planyny bitirdi.
Noýabr aýaklap barýan bolsa-da, bu ýylam planyny doldurjagyna Rejebiň gözi ýetik. Bary-ýogy iki prosentjik galyp durka nämäni alada etsin diýsene! Şonuň üçinem ol brigada berkidilen ýük maşynynyň kabinasyndan kellesini çykaryp, güýzüň salkynjak şemalyna ýüzüni tutup gelşine, pagtalaryny ganarlaryna gapgaryp duran gyzlar bilen keýpihon salamlaşdy.
Maşyn badyny peseltmän barşyna biraz aňyrrakda, ýygymyň öň ýany buldozer bilen tekizlenen harman meýdançasynyň gapdalynda saklandy. Rejep maşyndan düşüp bir gerindi-de, gymmatbaha çiliminden birini alyp ernine gysdyrdy.
Onuň bu hereketleri synçylykda özüni tanadan Seýit aganyň nazaryndan sypmady. Ol düýnki ýagan ýagşa biraz çyg çeken pagtany çarşagy bilen ýaýradyşdyryp durşuna, gapdalynda işläp duran ýigdekçä söz gatdy:
— Hydyrguly, soňky günlerde brigadyň bolup ýörşüni neneň görýäň?
Hydyrguly Seýit aganyň näme diýjek bolýanyna oňly düşünmän, egnini gysdy.
— Menem-ä ýeňsesinden biriniň gürrüňini etmegi halap baramok welin, käte aýdaýýaň-da göwnüňe gelen zady.
Hydyrguly Seýit aganyň bir zat diýjek bolýanyny aňyp, çalaja ýylgyrdy:
— Haýsydyr bir häsiýeti-hä size ýaramandyr öýdýän, birgadyň?
— Gep maňa ýarap-ýaramanlygynda-da däl-le, inim. Asyl-ha, Rejebiň göwnüme degen ýeri-de ýok entek. Şonda-da täzelikden bäri şunuň özüni alyp barşyna pisindim oturmany goýup barýar.
— Çilim çekýäni üçinmi, Seýit aga?
— Aý, ýok, diňe çilim üçinem däl-le. Göwnüme bolmasa, gopbamlyk döräp başlaýýan ýaly şunda.
— Birgadir adamdyr...
— Wah, inim, sen ony ýaşlykdan tanaňok. Oglanyň ýuwaşydy bi. Kär, wezipe kime täsir etse-de, şu üýtgemez öýdýädim. Aý, näme, näçe synçy bolaňda-da adamyň içine girip bolaýanok-da. Ýogsam şu oglan arak öwrener, çilim çeker diýip ýatsam-tursam pikir edemokdym-da.
— Çilim çekip, arak içýänleriň arasynda-da gowy adamlar kän-ä.
— Oňa dawam ýok, inim. Ýöne ilden saýlanjak bolup gymmatbaha çilimden çekiberse, wezipeli kişileri öýüne çagyryp içişiberse, onda ol adamyň arabasynyň jygyldap ugradygydyr.
— Aý, ýog-a, Seýit aga, juda beýle-de däldir. Arada meniň bilenem içdi ahyry ol.
— Hä-ä, on günläp işe gelmedik günleriňe hak ýazdyrjak bolup öýüňe çagyranyňdamy? — Seýit aga köpmanyly ýylgyryp goýberdi: — Hawa-la, inim, onda içendir. Ýaglyja börek bilen arak içseň erbet däl-ä.
Hydyrguly hälki sözlerini agzyndan sypdyranyna ökündi. Ýüzi dagy çapady ýaly gyzardy:
— Äý, Seýit aga, goýaly-la biriniň gybatyny etmegi.
Seýit aga onuň bolşuna loh-loh gülüp:
— Birazajyk özüňi terbiýeleseň sen adam bolarsyň, Hydyrguly. Bir çüýşe aragyň ýany bilen utanjyňy-ha gidiräýmänsiň hernä — diýdi.
Seýit aga entek-entekler Hydyrgulynyň ýüzüni gyzartsa gyzardardam welin, Rejep gelip onuň sözüni böläýdi.
— Seýit aga, şu gün bilen erte-de gaýrat etseňiz-ä, soň ekişe çenli arkaýyn gülüşmäge-de maý dörejek.
Seýit aga brigadyň näme diýjek bolýanyny derrew aňdy:
— Aý, inim birgat, gürleşsegem, gülüşsegem işi bökdämizok. Anna peredogyň maşyny ýaly hem elimiz, hem dilimiz işleýär.
Rejep daşyna çykarmasa-da aýal-gyzlardan Annagülden, erkeklerdenem Seýit agadan çekinmän duranok. Annagül-ä bir habar eşitse görenine buşlap çykýar, Seýit aga-da brigadam bolsaň ýüzüňe basaýýar, kemçiligiňi görse. Üstesine-de onuň şerebelije dilini diýsene. Şonuň üçin Rejep olary maýyny tapsa ugruna kowanyny kem görenok. Bu gezegem ol Seýit aganyň sözlerini pitiwa etmedikden bolup, az salym durdy-da:
— Häli garaža baryp çöp orýan traktor gürleşip gaýtdym. Plany dolan günüm çöpden her kimiň ýetdik paýyny bölüp berjek — diýdi.
— Onyň-a gowy welin, inim Rejep, şu ýyl bir düzüwliräk ýerden bereweri bize-de. Geçen ýylky beren ýeriňden-ä zordan bir maşyn çykdy. Barjasam kükürt çöpi ýaly-da, gyldyraşyp.
Rejep onuň sözlerini degişmä sapyp gülen boldy:
— Bu ýyl gowy ýerden düşer, Seýit aga. Nädersiň her düýp gowaçanyň ýogynlygy Ajap ýeňňemiň bilegi ýaly bolaýsa, hah-hah-ha...
Ol «Mundan artyk durmaga wagtym ýok» diýen terzde sagadyna seretdi-de, maşynyna tarap ugrady.
* * *
Soňky döwürler her gün bir bahana tapyp kellesini sämedip gelýän Rejebiň bolşy Bibä ýarap baranokdy. Araky serhoş bolup gelen gezegi dagy näler ýalbardy: «Içme Rejep, şundan saňa abraý gelesi ýok» diýip. «Bolýar, indi gaýdyp agzyma-da alman» diýip sözem beripdi şonda. Ýöne nätjek-dä, üç günden soň ýene maşynly getirip gitdiler.
Çagalaryny ukladyp, tikin-çatyna güýmenip oturan Bibi, gijäniň bir çene baranlygyna garamazdan, bu günem ynjalyp bilenok. It-pişigiň şakyrdysyna-da tarsa ýerinden galyp, äpişgeden daşaryk äňedýär:
— Indi kimiňkä gitdikä, janlarym? Asyl beýdip birgat bolandan-a bolmadygy ýüz paý gowy eken. — Ol dürli oý-pikirlere gümra bolup oturşyna, iki-üç gezek dagy iňňäni barmagyna çümdürdi: — Wah, artyp, kelläň güwläp durka tikin edip bolýamy diýsene.
Bibi el işini bir çetde ýygşyryp, daş çykdy. Käte bir onda-munda «loh-loh» edip, itleriň öz peýwagtyna üýrýän sesleri eşidiläýmese, gije ümsümlikdi. Onuň şu wagt asmanda petreşýän ýyldyzlara bakyp, az salym geçen günlerini ýatlap oturasy geldi. Emma egnine zat almanlygy üçin gündogardan öwüsýän sörtük şemal derrew onuň süňňüne ornap, çalaja galpyldadyp başlady. Bibi öz eli bilen kesel satyn alaýmakdan ätiýäç etdi-de, derrew içeri girdi. Uluja oglunyň üstüni açanyny görüp, ýorgany bilen ýapdy-da, tikinini eline aldy. Şol wagtam eýwandan kimdir biriniň aýak sesi eşidildi. Bibi çaltlyk bilen ýerinden galyp, gapyny açdy.
— Rejep!.. — Ol penjeginiň bir gapdalyny gara palçyga bulan adamsyny görüp, doňup galdy.
Rejep bir elini diwara diräp durşuna keýpihon gürledi:
— Tanadyň, Bibim, tanadyň. Men-dä şo.
Bibi baryp adamsyny tapçanda oturdyp, egnindäki penjegini çykaryp durşuna:
— Heý, beýle-de içäýmek bormy, Rejep? Üst-başyňam-a adam görer ýaly etmänsiň — diýdi.
Rejep aýalynyň sözlerine, biri gyjyklaýan ýaly, hezil edip güldi:
— Şonuň üçinem hemmeler ýatansoň geldim-dä.
— Öz çakyňy biläýmeli ekeniň, Rejep. Birgat adama beýdip ýörmek gelşiksiz-ä.
— Gaýtam birgada gelişýä, şü. — Ol barmagyny çommaldyp aýalyna seretdi: — Onsoňam bilip goý, birgat bolmasam kim berýä maňa ýagly palaw bilen aragy.
— Ýagly palawyňy-ha günde bişirip bereýin, Rejep, arak içmeseň bolýa. Ýadyňa düşýämi, sözem beripdiň-ä şu zährimary goýmaga.
— Ýadyma düşýä, söz beripdim. Ýene söz berýän.
— Indi seniň sözüňe ynanasym gelenok-da, Rejep.
— Ynan, ynanaý, Bibim. Erkekler öz sözüniň eýesidir.
Rejebiň oýnundan bihabar Bibi begenjinden dylym-dylym etdi:
— Çynyňmy?..
Rejep onuň sözüni agzyndan kakyp aldy-da:
— Hawa, şonuň üçinem erkekler islän wagty ony yzyna gaýdybam alyp bilýä-de — diýip, hezil edip güldi.
Onuň bu sözlerine penjegiň palçygyny arassalap duran Bibi gaharlanjagynam bilmedi, güljeginem:
— Ah-heý, şeýlemi asyl. Men samsygam hil bir gürrüň eşitjek ýaly gulagymy üşerdip durun-da.
Rejep öz gürrüňine özi gülüp biraz hezil edensoň, yraň-daraň ýerinden galdy-da, gapa tarap ýöneldi. Adamsynyň içeri girip süýji ukuda ýatan çagalaryň üstüne ýykylaryndan ätiýaç eden Bibi arassalap bolan penjegini diwara kakylan çüýe ildirdi-de, baryp onuň goltugyna tekge berdi. Içeri giren Rejep eşiklerini zadynam çykarman, ýorgana özüni oklady.
Bibi adamsynyň iş geýimleridir jorabyny çykaryp durşuna:
— Bu gün kim eçildi beýle? — diýip sorady.
Rejep arkan düşüp ýatan ýerinden parhsyzlyk bilen gürledi:
— Aý, hol ilerki uçaskadaky Çary-laý.
— O näme, üýşmeleň zat edýämi?
— Ýok-laý, üýşmeleň nämişlesin. Çöp soraýa, bir maşyn.
— Wiý, ol seniň brigadaňda işlänogam-a?
— Işlemände-de bermeli bolýa-da indi. — Rejep bir zat ýadyna düşen ýaly bolup tirsegine galdy: — Hä, içigargalmyş, soňky çüýşäniň badyna «Geregiň çöp bolsun, bir däl iki maşyn bererin saňa» diýäýdim öýdýän.
Bibi janyýangynlyk bilen:
— Beýdip ýörseň-ä barja abraýyňy dökersiň sen. Içip-içip kolhozçylaryň çöpüni dagadyp ýörşüň Annagül anten ýaly biriniň gulagyna degäýse-hä, bar onsoň — diýdi.
Rejep ýatan ýerinden eýläk-beýläk öwrüldi-de, birdenem dikelip oturdy:
— Adyny tutmasana şonuň. — Ol saçlaryny penjeläp aşak bakyp oturşyna «Öwh-hh» edip uludan demini goýberip, Bibiniň ýüzüne seretdi: — Bar keýpi nola getirdiň. Bir käse çaý içmesek bolmaz indi.
Bibi:
— Wah, çaý bilen keýpiň düzelýän bolsa, iki käse iç — diýip, ýeňillik bilen ýerinden galdy.
Az salymdan Bibi kiçijik güllüje çäýnegi göterip içeri girdi. Ol çaýy agdaryşdyryp durşuna, göz astyndan adamsyny synlady. Henizem aşak bakyp oturan Rejebi üşetme tutýan ýaly, eginleri silkinip-silkinip gidýärdi. Bibi ony jaýyň salkynrakdygyndan gördi. Ol:
— Gowaçanyň çöpünem näçe ýakanyň bilen içeri ýylanokda, artyp. Senem biraz üşeýäň öýdýän? — diýdi.
Oturan ýerinde biraz irkilen Rejep äm-säm bolup başyny galdyrdy:
— Ä, bir zat diýdiňmi?
Bibi ukusy tutup, usurgap oturan adamsyny oýaranyna puşman etdi. Şeýle-de bolsa onuň sowalyny jogapsyz goýmagy uslyp bilmedi:
— Üşeýäňmi diýýän?
— Aý, ýok. — Rejep gözüni owkalaşdyryp, çaýly käsä elini ýetirdi: — Men-ä näm edýänimem bilemok şu wagt.
— Näbileýin galpyldap otursaň...
— Köpräk içilenden bolaýmasa.
Bibi häliden bäri içini byjykladyp duran gürrüňini adamsynyň içgili wagty hernäçe aýtmaýyn diýse-de bolmady, dil ýaranyny özem duýman galdy:
— Senem beýdip ýörmän bir maşyn kömür alaýmaly-da, Rejep. Daş-töweregiň hemmesi şony ýakýa, gübürdedip.
— Men üşämok diýdim-ä häli.
Böwet böwsülensoň ony ýeňillik bilen saklap bolaýýamy diýsene. Bibi-de barha bat aldy:
— Ah-heý, o zährimaryň seni içiňden gyzdyryp durandyr-la. Ýöne şü çagalara kyn. Ynha, hä diýmän ýere gar düşer. Şonda näderis bi çöp bilen?!
— Owf-ff, başladyň-ow, ýene.
— Wah, aňrujy bir oňuşarlyk bolsa başlajak däl-ä. Ýöne ilk-ä: «Planymy dolduraýyn, şo gün getirip dökerin bir maşyn kömri» diýdiň. Soňam: «Çöp paýlaryny bereýin kolhozçylaryň» diýdiň. Hemmesem-ä geçip gitdi, kömür gelenini görmedim. Iň berkisi birgat bolup birki maşyn tamdyr towyňam-a getiräýeňok şu wagta deňiç.
Rejep ýassyga tirsek urdy-da, bir käse çaý owurtlady. Soňam «Aýtjagyňy aýdyp bolduňmy?» diýen äheňde aýalynyň ýüzüne seredip, parhsyzlyk bilen gürledi:
— Geler, Bibi. Çöpem geler, kömürem.
— Dekabr başlanyp ýör, Rejep. Çagalarymyň öýkenlerini sowuga aldyramsoň-a gelmän geçsin. Onsoň ýaza çenli hökümediň keselhanasy bardyr, yzymdan gatnamaga ýaltanmasaň.
— Ýeri, beýle zatlary göwnüňe getiribermesene, Bibi.
— Neneň getirmejek, käşgä bir goltuk gowaça çöpünden başga gatyrak odunyň bolsa ýakar ýaly.
Rejep bir zat ýadyna düşen ýaly, çaltlyk bilen elindäki käsesini ýerde goýdy-da, dikelip oturdy:
— Ertiriň özünde tutuş gyşy bilen ýakar ýaly gaty odunyňy menden al.
Bibi onuň sözüne ynanjagyny-ynanmajagyny bilmedi:
— Nireden aljak ony?
Rejep keýpihon dillendi:
— «Miwesini iý-de, bagyny sorama» diýipdirler. Sen getirilen oduny ýakmany bil.
«Ilerki gumdan bir maşyn sazak getirdäýjekdir» diýen pikir bilen biraz ynjalan Bibi mundan artyk Rejebi gyssap durmady.
* * *
Säher bilen öýden çykan Rejep maşyna-da garaşyp durman, gaýralygyna ýöräp ugrady. Barşyna-da gamyş basan zeýkeşiň çeşmäniň suwy ýaly bolup şildiräpjik akýan ýerinden böküp geçdi-de, kanalyň belent raýyşyna dyrmaşdy. Köpden bäri pyýada ýöräp görmedigi üçinmi, nämemi, howanyň çigregine garamazdan, onuň maňlaýynda çyg göründi. Ol raýyşa çykan ýerinde «öwh-hh» edip dikeldi-de, penjeginiň ýeňi bilen çygjaran maňlaýyny süpürdi:
— Bä-ä, ho-ol gaýraky çöpi orulýan atyza çenli pyýadalap gitsem-ä, agşamky içenim inimden çykaýjak eken. — Şol wagt onuň nazary tüsse çykaryndan käte bir goýy tüsse goýberip, aldygyna pagtadan arassalanan kartanyň çöpüni ýatyryp ýören traktora kaklyşdy: — Allaberdi aga-ha bu gün has irläpdir öýdýän.
Rejep raýyşyň ugry bilen sag tarapdaky köprä garşy ýöräp ugrady. Sähel salymdan oňa ýetip, demir germewlerine ýaplandy-da, çilim otlandy: «Edil balyk tutaýmaly mahal-da şu wagt». Ol ähli ekinler eňňere bolansoň, kanalyň kesilen suwuna seredip durşuna içini gepletdi. Edil şol wagtam onuň sözüni tassyklaýan ýaly, guşaklygyňa zordan ýetýän suwda bir balyk ýokaryk bökdi-de, säheriň ümsümligini bozup, uly şapyrdy bilen ýene-de çümüp gitdi.
— Ertir Hydyrgula öýüňizdäki tory getir diýmeli boljag-ow. Soňuna galsaň elekden geçirler muny. — Rejep işdämenlik bilen çilimini sordy-da, öýkenine dolan tüssäni erniniň bir gapdalyndan süýükdirip goýberdi: — Bäş-on kile swežiý balyk ibersem, mugallyma-da kem ýaramasa gerek.
Ol özbaşyna gürläp durşuna, köçe bilen öýüniň gabadyna gelip saklanan maşyny gördi: «Äý, Bibi aýdar-la pyýada gaýdanymy».
Dogrudanam, maşyn kän eglenmedi. Sürüji ýigit öýlerine girişinden çykyşy tiz, ýene-de maşynyň kabinasyna gondy. Rejep oňa özüniň bärdedigini duýdurmak üçin şlýapasyny galdyranam şoldy, «gördüm» diýen manyda maşynyň signaly eşidildi. Rejep pyýada gitmäni goýbolsun edip, yzynda inçejik tozan galdyryp bäriligine gaýdan ulagyna garaşmagy müwessa bildi.
Köpriniň üstüne çykyp maşynyny saklap-saklaman, sürüji ýigit aýnadan kellesini çykaryp ýylgyrdy:
— Säher bilen bir hyýala-ha münüpsiň-ow, birgat?
Rejep häliden elinde pyrlandyryp oturan çöpjagazyny suwa oklap goýberdi-de, maşynyň öňünden aýlanyp kabina girdi:
— Hyýal nämişlesin. Ýöne arassa howada biraz ýöräýin diýdim.
Sürüji ýigit kabinada ornaşykly oturan Rejebe seredip bälçiredi:
— Gözleriňem-ä ýumruk ýaly çişip dur welin, gelnejemiz agşam uky bermändir öýdýän, birgat?
Rejep çalaja ýylgyrdy:
— Aý, agşam köpräk gidiläýipdir öýdýän.
— Hawa-la, möwsümi tamamlap köpräk gidäýmeseň, ýygym döwri-hä syrtyňy gaşara eliň degenok. Menem şu günler ýygym döwri gideren hakymam alýan. — Maşynyň tizligini barha batlandyrýan sürüjiniň böwregi böküp duran bolarly, hezil edip güldi: — «Ejemleriňkä ýatmaga gitjek» diýse-de goýberemok şu günler. «Ynha, hä diýmän ýene-de sürüm diýer, ekiş diýer ot-ýalynly möwsüm başlar, şonda gidersiň» diýýän.
Rejep orta mekdebi özünden bir ýyl soň tamamlan sürüjiniň gürrüňlerine hezil edip güldi:
— Häh, Bally, sende-de gürrüň köp-ow. — Ol gülküden ýaşaran gözlerini eliniň tersi bilen syldy-da: — Men-ä agşam arakdan köpräk içenimi aýdýan, sen bolsa... — diýip, loh-loh gülüp ýene gözlerine ýapyşdy.
Bally-da onuň gülküsine goşuldy:
— Ýak-eý, mun-a oňardyň, birgat. Heý-de häzirki boşdaňlyk döwrem içip geçirerlermi?
Traktoryň işläp ýören kartasyna nähili geleninem duýmadyk Rejep:
— Bor, Bally, indi seniň aýdyşyň ýaly ederin — diýdi. Diňe şondan soň brigadirligi ýadyna düşdümi, nätdimi, gülküsini kiparladyp, biraz agras keşbe girdi: — Hany, traktoryň ýanynda bir saklap geç.
Maşyn kartanyň aňry çetinden bärik öwrülen traktoryň deňinde saklandy. Rejep kabinadan düşmän, onuň gelerine garaşdy. Suw içim salymda Allaberdi aga traktoryny tarladyp ýetip geldi-de, Rejep bilen salamlaşdy. Rejep kabinanyň gapysyny açyp, Allaberdi aga bilen elleşip görüşensoň, ondan kartanyň çöpüni haçan orup gutarjagyny soraşdyrdy.
Allaberdi aga köne telpegini çykaryp, täzelikde saçy syrylan kellesini sypady:
— Aý, inim, şunuň orlan çöpi ýygnaýany döwüldi häli. Menem Meläniň «Altaýy» söbügimi sydyrdadyp gelensoň, şuňa güýmenip ýarym günümi gidermäýin-le diýip, şol basyp oturyşymdyr.
— Zeleli ýok, badyňy gowşatma, Allaberdi aga. — Rejep gyzyl-ýaýryt bolup ýatan gowaça çöplerine seretdi. Soňam keýpihon gülüp kabinanyň gapysyny ýapdy-da, aýnadan kellesini çykardy: — Çöp gerek adamlaryň özleri goşlar. Işsiz ýatmagam kyndyr olara.
Rejep Allaberdi aga bilen hoşlaşyp sürüjä seretdi:
— Meni goja tuduň ýanyna düşürip gaýt, Bally.
Bally maşynyň ugruny tuda tarap gönüledi. Rejep aýdan ýerine baryp saklanan maşyndan haýallyk bilen düşüp, kabinanyň açyk gapysyndan sürüjisine seretdi-de:
— Indi oglanlaram alyp günortana çenli gaýraky fermadan birki reýs ders getiräýiň — diýdi. Ol gapyny ýapyp tuda tarap ýöneljek ýaly etdi. Birdenem nämedir bir zat ýadyna düşüp, ugrajak bolup duran sürüjisine elini galgatdy: — Häý, Bally, barşyňa Meläniňem ýanyna degip geç, birgat tutly atyzda garaşyp otyr diý.
Bally «düşündim» diýen äheňde başyny atdy-da, gaza basdy.
Rejep gumak ýolda wazlap barýan maşynyň yzyndan dem salym seredip duransoň, tuda garşy öwrüldi. Şahalarynda galan birlän-ikilän sary ýapraklaryny demirgazykdan öwüsýän sowujak şemala galgadyp oturan daragta syn saldy. Tuduň bolşy Rejebe aýazda ýalaňaç galyp galpyldap oturan adamy ýatlatdy. Ol:
— Şu gün seni ähli horlukdan dyndyraryn, nesip bolsa — diýdi. Şol wagtam tuduň aşagynda Bibi bilen duşuşan günleri ýadyna düşdi: — Ýogsa-da Bibi näderkä muny öýe eltäýsem süýredip?! — Tutdan hiç hili ses-seda çykmansoň, öz sowalyna özi jogap berdi: — Çagalar buz ýaly jaýda galpyldaşyp otyrka, näderi bormy diýsene onuň. — Soňra ol jübüsinden çilimini çykardy-da, öz-özüne göwünlik beren boldy: — Äý, men ýykmanym bilenem ýene biri ýykar-da... Ýöne, häzir gyssanmaly däl ekenim. Agşam, biraz garaňky gatlyşansoň ýykdyraýsam gowy bordy.
Rejep soňky pikirini makul görüp ýola çykdy-da, kartanyň çetinde traktoryna güýmenip oturan Meläni nyşanalap ädimini gataltdy. Başyny ýerden galdyrman, giň ädimläp barşyna, ýoluň beýle gyrasyndaky kartadan gowaça çöpüni çöpläp ýören Annagülüň deňine ýeteninem duýmady. Şonuň üçin-de ol «Gyýw, birgat» diýen şaňňy sese tisginip gitdi. Görse, Annagül çöp çöpläp ýör, gelnejesiniň çagalaryny ýanyna alyp. Rejep az-kem badyny gowşatdy-da, onuň bilen salamlaşdy:
— Arma, Annagül. Nädýäňiz, azaldýaňyzmy paýyňyzy?
— Ah-heý, haýran, azalmaz ýaly çöpi barmy munuň. — Birdenkä ol jak-jaklap gülüp goýberdi: — Asyl meniň gowaça çöpündenem bagtym ýok eken-dä, Rejep. Bolmasa atyzyň gyrasynyň gyryk ýeri, gel-gel, maňa düşäýmelimi?!
— «Öňüm gelenden, soňum gelsin» diýipdirler-ä köneler. Belki...
— Haý, bilmedim-ow, birgat. Kyrk ýaşdan soň gelýän zat gelmän geçsin-le. Barybir, indiden soň näm bolaýanda-da säher bilen goja tuduň aşagyna baryp, bir wagtky duşuşyklarymy ýatlajak aladam ýok meniň.
Rejep onuň bu sözlerine hezil edip güldi-de, başyny ýaýkady:
— Sendenem oýun gutuljak däl-ow.
Annagül elindäki bir gysym çöpüni gapdalyndaky çugdamyň üstüne oklap goýberdi-de:
— Oýun näm işlesin, birgat. Säher bilen şo ýerde sadylla bolup durşuňy gözüm bilen göremsoň aýdýan — diýdi.
Rejebiň mundan artyk bu ýerde eglenesi gelmedi. Şonuň üçin ol:
— Ýeri, bolýa-da, Annagül. Men seni işiňden saklap durmaýyn — diýdi-de, ýöräp ugrady. Onuň gulagyna Annagülüň çakyr gülküsi bilen, «Haý birgat, biraz gybat edişäýjekdim welin, gyssandyň-da» diýen sözleri eşidildi. Bu zatlary eşitmedikden bolup, barha ädimini gataldýan Rejebiň Annagüle hem-ä igenesi geldi, hem-de nebsi agyrdy: «Şu ýaşdan soňam är küýseýär, görgüli. Haý, näbileýind-ä bu häsiýetiň bilen...».
* * *
Hersi bir ýanynda uklap galan çagalaryny ýerine geçirmek üçin ýorgan-düşeklerini ýazyşdyryp ýören Bibi uly ses bilen ýer sarsdyryp gelýän zynjyrly traktoryň öz gädiklerine öwrülmegini birhili geňledi. Ol hasyr-husur dünýäni unudyp ýatan oguljyklaryny düşeklerine geçirişdirdi-de, üstlerini ýorgan bilen ýapyşdyryp ýerinden galdy: «Meläniň traktoryna tirkeg dakyp gidäýdimikä oduna?». Ol şeýle içgepletme bilen gapyny açyp daşaryk seredende, gözlerine ynanmady. Bilegiň ýogynlygyndaky tros bilen «Altaýa» süýredilip getirilen läheň tudy görüp, «hiýh» edip bir içini çekdi-de, duran ýerinde doňup galdy. Birnäçe wagtdan ol Mele bilen trosy aýyrjak bolup, garabaşyna gaý adamsynyň «Bibi, çaý goý basym» diýen sesine özüne geldi:
— Hakyt şol goja tut-da. Wah, öz eli bilen sogurdaýypdyr, naýynsap.
Işini gutardym edip bärligine ýöräp ugran Rejep aýalynyň nämedir bir zat diýýänini eşitmese-de, aňdy. Şonuň üçinem eýwana girdi-de, biraz sesine bat berdi:
— Nä özbaşyňa gürläp dursuň? Çaý goý diýild-ä saňa.
Bibiniň bir dem gapylan gulaklary onuň sözlerini eşitmedi. Ol çalaja titreýän elini tuda tarap uzadyp:
— Bi, şol goja tutmy, Rejep? — diýdi.
Şlýapasyny tapçana oklap, eýýäm elýuwaryň ýanyna barýan Rejep yzyna gaňryldy:
— Haýsy bolanda saňa näme? Ertir Hydyrguly dagy gelip bölekläp berer, ýak hezil edip.
— Neneň edip o tudy ýykyp bildiň, Rejep?! — Aňyrdan dyňzap gelen gözýaşy Bibiniň ýaňaklaryndan syrygyp gaýtdy.
Rejep el-ýüzüni ýuwansoň, polotense bilen süpürinip gelşine biraz sesine bat berdi:
— Hany, ataň ölen ýaly gözüň ýaşyny sykyp durma-da, çaý goý basym. — Soňra ol traktoryny bir gyrada goýup, üst-başynyň çaňyny kakyşdyryp duran Melä gygyrdy: — Mele, ynha elýuwarda suw bar, ýuwun.
Bibi gaza çaý oturdyp, orta saçak ýazdy. Häliden birgadyň aýalyndan sagbolsun alaryn diýip göwün ýüwürdip gelýän Meläniň tamasy çykmady. Ol ýüzüni sortduryp ýören Bibini göz astyndan synlady-da, ahyr Rejebe habar gatdy:
— Ýüzi gaty salyk görünýä welin, näme, gelnejemiz ýarawsyzrakmy?
Rejep aşhanadaky aýalam eşider ýaly edip:
— Aý, Mele, bir wagtlar gelnejeňiň ilkinji posasyny alypdym şu tuduň aşagynda. Ana, şonuň üçin goja tudy ýykanymyz ýaramandyr oňa — diýdi.
Ol bu sözüni aýaly eşidip bir zatlar diýer öýdüp bilgeşländen gaty aýdanam bolsa, garaşany çykmady. Bibi sesini-üýnüni çykarman nahary getirip goýdy-da, içeri girip gitdi. Rejep onuň yzyndan seredip, başyny ýaýkady.
— Ine-de, gahar edip ýörşi şü.
Mele onuň sözüne samsyklaç kikirdedi:
— Hany, birgat, aýalyň gaçyp gitjek ýeri ýokdur, nahara tarap öwrülsene.
Rejep saçaga tarap öwrüldi-de:
— Bibi — diýip gygyrdy: — Hany, bi, ýüz gram berjek dälmi?
Bibi şkafdan bir çüýşe arak alyp çykdy.
Ony görüp Rejep dylym-dylym edip, ellerini owkalaşdyrdy:
— Ä-hä, ine munyň bolýar.
Az salymdan daşardan Rejepdir Meläniň biri-birini öwýän sözleri, çylkasyz gülküleri eşidilip ugrady. Bibi tikin edip oturan ýerinden olara igendi: — «Hil bir iş goparan ýaly hoň-hoňlaşyp, utananoklaram...».
...Gije bir çene baranda Meläni ýola salyp, Rejep içeri girdi tentiräp. Ol hemişe-de içip gelende edişi ýaly, bu gezegem pejiň gapdalyna özüni taşlady-da, gapdalda ýatan ýassyga elini ýetirdi. Az salym aşak bakyp içini hümledip oturansoň, aýalyna söz gatdy:
— Şu gün-ä seniň bolşuňy halamadym, heleý.
Ilkinji gezek «heleý» sözüni eşiden Bibi tikinini goýup, içini çekenini-de duýman galdy. Ol haýran galmak bilen adamsynyň ýüzüne seredip:
— «Heleý» diýäýdiňmi, Rejep? — diýdi.
— Işgärimiň ýanynda heleýläp otursaň dagy näme diýeýin?
— Rejep, sen bir düşün-ä!..
Rejep tirsekläp ýatan ýerinden elini daldalatdy:
— Düşünýän, düşünýän. Seniň näme diýjek bolýanyňam bilýän.
Bibi gözüne ýaş aýlady:
— Wah, düşünýän bolsaň beýtmezdiň, birgat bolup.
— Aý, maňa birgatlygam gerek däl. Bizar boldum şu işden. Haçana çenli guma bulaşyp ýöreýin, mekdepde okatmaga hakymyň barka.
— Men-ä bilmedim, bi içip ýörşüň bilen saňa mekdepden ýer tapylaýarmyka?
— Tapylar, tapylar. Onuň gabryny gazyp goýdum eýýäm. O gün şähere gidemde Rahman bilen maslahatlaşdym.
— Näme diýdi?
— «Gatnawyny kyn görmeseň-ä, şäherdäki mekdepleriň birine öz ugruňdan ýerleşdireýin» diýdi. Menem razylaşdym.
Bibi elindäki işini gapdalynda goýup, adamsynyň ýüzüne çiňerildi:
— Diýmek, tudy şähere işe geçýän diýip ýykypsyň-da?
— Goýsana-how, biderek dawaňy. Ynha, şu ýatan çagajyklaryň üşemezligi üçin ýykdym men ony.
— Şo tudy ýykanyňdan-a odunsyz oturanymyz ýüz paý gowy bolardy.
Içginiň humaryna meýmiräp ýatan Rejebiň ýeňse damary gatady:
— Bes et-how indi, heleý gürrüňleriňi. Agşam-a eý diýip gulagymy kamata getirdiň, bu günem beý diýip.
Bibi-de ondan kem galmady:
— Men nirden bileýin seniň edil şu tudy süýredip geläýjegiňi. Wah, ile çykara ýüzümiz-ä galmady, artyp...
Rejep dikelip oturdy-da, poly ýumruklady:
— Ýüzüň galmadyk bolsa, otur öýde gömlüp.
Bibi adamsynyň barha alarylyp barýan gözlerine howsala bilen seretdi:
— Rejep, bir zad-a bolýar saňa şu gün. Köpräk içäýipsiň öýdýän?
Gany gyzyp, ýetjek derejesine ýeten Rejep bokurdagyna bat berdi:
— Ejeňdir köp içen. Häý, seniň bir... Nerwimi oýnap-oýna-ap, soňundanam, «Saňa bir zad-a bolupdyr» diýen bolýar-a.
Ilkinji gezek Rejebiň şeýle gaharynyň gelenini görüp, biraz howalasy basylsa-da, ejesini diline alansoň, Bibem lal-jim bolup oturaýmady:
— Rejep, näme diýseň özüme diý, ejeme dil ýetirseň ylalaşman.
— O-ho, ine saňa täzelik. «Ylalaşman» diýdiňmi? — Rejep yraň-daraň ýerinden galyp, aýalynyň alkymyna dykylyp geldi-de, ýumruklaryny düwdi: — Ine, ylalaşmasaň.
— Waý...
Batly degen ýumrugyň zarbyna Bibi kellesini tutup aşak oturdy. Şol wagt jübüsini sermenip tapan çilimini ernine gysdyryp daşary çykyp barýan Rejebiň hüňürdisi onuň gulagyna ildi:
— Häý, seniň bir ejeňi...
Adamsyndan ilkinji gezek ýumruk iýen Bibini horluk basdy, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküldi. Eginleri silkinip-silkinip gitdi.
* * *
«Är-aýalyň urşy, ýaz gününiň ýagşy» diýleni, jaýdar degen ýumrugyň yzy çalaja gögerip duranam bolsa, saba bilen mallaryna ot döküşdirip ýören Bibi içinde kitüw saklamazlyga çalyşdy. Gaýtam, henizem awuşap duran ýaňagyny sypap öz-özüne igendi: «Belanyň körügi özümde-le. Içgili adam bilen agyz deňäp durman, ertir çaý başynda aýdaýmalydym-la».
Ol özbaşyna hümürdenip ýörşüne, buýr-bulaşyk saçlaryny barmaklary bilen daraklap daş çykan adamsyny görüp, gaza çaý oturdany ýadyna düşdi:
— Wah, huşum gursun, bir wagt gaýnap gidendir-ä. — Bibi goltugyndaky otuny goýunlaryň öňüne oklady-da, bir çetde duran süýtli bedresini alyp, orta çilden gaty-gaty ädimläp gaýtdy. Gelşine gol boýy ýüp bilen üzüm dalbaryndan asylan agaç gaňsaga bedresini ildirdi-de, aşhana girip gitdi.
Häliden aýalyny göz astyndan synlap jübülerini sermenip durşuna, Rejep agşamky bolan zatlary ýatlamaga çalyşdy. Hernäçe beýnisine agram berse-de, gum dykylan ýaly bolup duran kellesine idili zat gelmedi. Ol: «Äý!» diýip, elini silkip goýberdi-de, balagynyň artky jübüsinden mynjyrap giden otluçöpüni çykardy. Özüni bosaga goýberip, otlanan çiliminden iki-üç ýola işdämenlik bilen soransoň, käbir zatlar üzlem-saplam ýadyna düşüp ugrady. Şol wagt eli saçakdyr çäýnek-käseli aşhanadan çykan Bibi adamsynyň ukudan açylyp-açylman, köne güpbi ýaly tüsseläp oturşyny özüçe ýordy: «Beýle häsiýeti-hä ýokdy welin, ökünýär öýdýän». Şonuň üçin saçagy ýazyşdyryp durşuna, boldugyndan mylaýym gürlemäge çalyşdy:
— Çaý demledim, Rejep. Beýdip tüssä boglup oturman, geçsene saçak başyna.
Aýalyna nazary düşeli bäri: «Torsarylar, birki günläp öýkesini ýazmak iş bolar-ow» diýip pikir edip oturan Rejebiň garaşany çykmady. Bibiniň hiç zat bolmadyk ýaly söz gatmasy bir bada ony alasarmyk ýagdaýda goýdy. Derrewem özüçe netije çykardy: «Äý, hawa-da, adamlaram bilmän aýdan däldirler: «Däli bilen aýalyň piri taýak» diýip. Asyl ýaňy öýlenäýen günlerim Muhynyň «Sluşiý, aýala taýak edil witamin ýaly zerurdyr» diýşem ugrunda ýok däl eken-ow».
Onuň iç gepletmelerinden bihabar Bibi adamsyna gaýtadan söz gatdy:
— Şu içişiň bilen gulagyňam agralaýjak öýdýän seniň. Çaýyňy buza döndermejek bolsaň, ýuwun-da basym.
Rejep içine ary giren kädi ýaly güwläp duran kellesini galdyrdy-da:
— Häzir, şu çilimimi çekeýin — diýdi.
— Wah, şol artybam çaý-paý içeňsoň çekäýmeli-dä.
Bibi onuň ýorgandan çykan badyna çilim otlanmasyna nägileligini bildirse-de, gürlände igenç alamaty duýulmady: — Onsoňam, bosagada otursaň bergä batýamyşyň, Rejep.
Rejep göwünli-göwünsiz ýerinden galdy-da, çekip gutaraňkyrlan çilimini mellege tarap pitikläp goýberdi:
— Aý, o bir ömür bergiden çykyp bilmedik biriniň tapaýan gürrüňidir-le. — Ol maňlaýyny tutup elýuwara tarap ýöräp barşyna özbaşyna gürledi: — Kelläm ýarylyp barýa, içigargalmyş...
Bibi hernäçe dili gijese-de, onuň bu sözlerini eşitmedikden boldy.
Rejebiň ýuwunyp gelip saçak başyna geçenden soňam çaý-çörek bilen weji bolmady. Saçlaryny penjeläp oturdy-oturdy-da, ahyram Bibä ýüzlendi:
— Görýän welin, birazajyk pahmel etmesek boljak däl öýdýän?!
Bibi onuň sözlerine ör-gökden geldi:
— Ertiriň iri bilenmi? Rejep sen-ä...
Rejep onuň sözüni böldi:
— Hany, igäňi sürtübermesene. Maňlaýym ýere gaçýa bolmasa.
— Ige sürtmekden ellibizar-la, ýöne ýene içseň munyňdanam beter bolmazmy?
— Öz beren derdine özi dermandyr, düzeler gaýtyp. — Rejep gapdalynda ýatan ýassyga tirsek urdy-da, aýgytly gürledi: — Hany, agşamkydan zat galmadymy?
Onuň içmese goýmajagyny aňan Bibi ýerinden gobsundy:
— Bir käse ýaly-ha galypdyr, çüýşäň düýbünde.
Rejebiň gamaşyp duran ýüzi açylyşyp gitdi. Ol:
— Ä-hä, ed-dil norma-da şol, getir basym — diýdi.
Dogrudanam, bir käsäni pürepürläp gulkudansoň, onuň kellesi ýerine gelen ýaly bolaýdy. Saçakdaky zatlardan birazajyk garbanansoň-a, ýüzünde ýygyryşam peýda boldy:
— Öz-ä sen erbedem däl-aý, şu adam gelen wagty birazajyk nemediberýäň diýäýmeseň.
Bibi ýaňy çözülip ugran çigniň ýene düwüläýmeginden ätiýäç etse-de, diline gelen sözlerini aýdyp goýberenini bilmän galdy:
— Näçe adam getireňde-de ýüzümi çytan ýerim ýokdur, Rejep. Ýöne goja tudy göremsoň...
Rejep agzyna ýetirip barýan çaýly käsesini ýerde goýdy-da, aýalynyň sözüni kakyp aldy:
— Goý-how, şo tutly gürrüňi. Ýykypdyryn, getiripdirin, gaýta-gaýta diliňe çolap durma indi şony.
— Adam gelen wagty ýüzüňi çytýaň diýeňsoň aýdaýdym men-ä.
— Aýtma şonda-da. — Häli bosagada otyrka öz ýanyndan Muhynyň gürrüňlerini makul gören Rejep sesine biraz bat berdi: — Çytylan ýüz paýynam alýandyr.
Olaryň gürrüňini welosipedini köçäniň gyrasyndaky tuda söýäp, gädikden giren Kadyr şumçy böldi. Bibiniň-ä ony görende endamyna tiken çümen ýaly, ini dyglap gitdi. Ol hasyr-husur saçagyň bir birçunda ýatan çüýşäni alyp, tapçanyň aşagyna oklady.
Her adamyň bir zada ukyby bolmaly. Ýöne köpler şony bilmän kösenýär. Bu meselede Kadyr aga-ha kösenip ýörmeli bolmady. Derrew il bildi onda üýtgeşik bir başarnygynyň bardygyny. Şeýdibem toý bolsun, ýas bolsun, tapawudy ýok, ile habar ýetirmek şonuň boýnuna düşäýdi. Olam höwesek işi-dä, öý bökmän girip çykar. Ana, onsoň bir üýşmeleň dagy edäýseň, çagyrmansyň diýjek ýokdur. Asyl senem olaryň öňünde kiçelmeli bolmarsyň: «Wah, çakylykçym Azym poçtalýondy, ýadyndan çykaraýdymyka?» diýip.
Kadyr şumçynyň ýene bir üýtgeşik ýeri bar. Sen oňa duşup nähili üýşmeleň edýänini aýtsaň bolany, kime aýtmaly, kime aýtmaly däl, o zatlary özüňden gowy bilýändir. Oňa bäbek gutlukmy ýa sünnet toýy, gelinalmamy ýa gyz toýy, hudaýýolumy ýa akgoýun toý — çalarak syzdyrsaň bolany, kimler bilen nähili üýşmeleňde gatnaşýanyňy özi bilipjik durandyr.
Ýöne soňky döwürler altmyşyň onundan ep-eslini gäden Kadyr aga artykmaç ýük bolmajak bolýarlarmy, nämemi, garaz, ulurak bir toý bolaýmasa, oňa kän bir azar beribem duranoklar. Birki sany burny sümüklini tapakgetdin: «Hany, heriňiz bir köçä aýlanyp çykyň» diýäýýäler. Ýas meselesi ýüze çykanda welin, uly bolsun, kiçi bolsun, parhy ýok, ile habar bermek onuň boýnunadyr. Şeýle bolansoň, dili siňňilli biri onuň adynyň yzyna «şumçy» lakamyny ýelmedi welin, ony ilki duýman gezse-de, mazaly il içine ýaýran gürrüň ahyr öz gulagyna-da degdi. Şonda:
— Şu günden beýläk ýas habaryny ýetiren ýok menden — diýip, nägileligini bildiripdi.
Lakamyňy hernäçe ýokuş görseňem zandyň halal bolanlygynda, agyr günde ýüz tutsalar, ýok diýip bolýamy diýsene. Ana, şeýdip Kadyr aga «şumçy» lakamyna-da öwrenişdi ötägitdi.
(dowamy bar)...
Powestler