04:36 Sadaka | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ SADAKA Kim çagakam adym tutup enaýy Birdem öz egninde göteren bolsa, Ýa-da üwräp ýatan sallançagymy Täsin bir erteki otaran bolsa Alla ýalkasyn! Dümewlän çaglarym ejem pakyryň Hoş sözbilen göwnün awlan bendäni, Eger ejem pakyr süýtsiz galanda Kim maňa uzadan bolsa emmäni- Alla ýalkasyn! Aýagyma tiken çümüp aglamda Kim başymy sypap diňdiren bolsa, Kişä kesek atmak günädir diýip Kim çaga beýnime siňdiren bolsa- Alla ýalkasyn! Zalym 37 ýetim goýanda, Kim meniň halyma gynanan bolsa, Töhmetiň pidasy kakam pakyry Kim halas etmäge synanan bolsa- Alla ýalkasyn! Bir jady duýgumy oýnap duransoň Öňünde baş egip, epemde dyzy, Ak gül ýaly näzik elleri bilen Şarpyk çalyp, soňam näz eden gyzy Alla ýalkasyn! ...Ondan bäri diňe Zamana däl-de, Seretseň, adamam üýtgän ekeni. Hawa, maýmyn bolup gaşymda oýnap, Soň ýanyndan ýylan bolup çakany Alla ýalkasyn! Sebäbi, ol meniň gözümi açdy. Men aldanyp adamlary tanadym. Şeýdip kem-kem bu ýalança düşündim, Şeýdip kem-kem kämilleşdi senedim. Gowular gutarsa-dünýä gutarar, Dirikäler saklaň olaň sarpasyn. Durmuşyň tagamny gaçyrman gelýän Ajap adamlary Alla ýalkasyn! * * * Eý-how, bu ýalançyň oýny näteňet, Geçen ömrüň göýä düýş bolup galdy. Ataly-eneli bolandygyňa Ynanmagyň özem iş bolup galdy. Bu niçik ahwalat, bu niçik oýun- Düşünýärsiň, ýöne bolaňok boýun Ýap-ýaňy ýatakda mäleýän goýun Gör ahyr, gapyda läş bolup galdy. Akyl ýetir, geçme beýle çig bolup, Ýaşa, adam, bäş gün keýpi çag bolup. Edil ýaňja gün gogupdy çog bolup, Seret oňa, eýýäm çäş bolup galdy. Şol bir alada bar başynda hemmäň: Gün-güzeran diýip atýarys hallan. Sen näneňsi närse, Sen näme heňňam? Alty dogan bardy bäş bolup galdy. Hany maýsa bolup çogýan ýylaklar... Hany mele suwdan püre-pür kaklar. Towşanyňka döndi arslan ýürekler, Ak çägeler gara daş bolup galdy. Heý, serhetiň-çägiň bolmazmy sabyr, Rysgal çäkli boldy rysgallar agyr. Görülen görgüdir çekilen jebir Bakyň, bagrymyzda baş bolup galdy. Ötdi bahar paslym, jahyllyk ýetdi, Ýitdi, gumda goýan yzlarym ýitdi. Takdyr diýlen närse kejine tutdy, Perişde peslere duş bolup galdy. Gün aýlara, aý ýyllara ulaşdy. Guýular gömüldi, obalar göçdi. Kerwen-kerwen bolup nesiller geçdi Düýnki syrlar bu gün paş bolup galdy. Söýýän men, elbetde durmuşy söýýän. Arman, görüp durus, garrady eýýam. Bizem düýn çagadyk, gojaldyk eýýäm, Diňe ak säherler ýaş bolup galdy. ▶ KESELHANADA EDILEN ÝAZGY Ejizi göremde elinden çekdim, Gözýaşlyny görsem durup bilmedim. Günleriň bir güni özüm ýykyldym, Ýykyldym-erimden turup bilmedim. Sebäbini biljek bolup nädeýin - Bu dünýniň nämesi kän - derdi kän, - Edýäniň ýagşylyk, Eýsem nämüçin Alla saňa bu emgegi berdikän? Gara çyny bilen şeý diýýär biri, Bar güýjümi jemläp ýylgyrýan çala. Men mydama lezzet alýan otursam Ýöntemräk pikirli adamlar bile. Ertesi gün başujymda oturyp Bir ýaşuly adam göwünlik berdi: - - Şeýle, inim - biler bolsaň Biribar Halan bendesine berýändir derdi. Her gelen ýeňletjek bolýar ýüküňi, Men bu ýerde gyşyk gürlän görmedim. Jepasy kän bu ýalançyň ýüzünde Ýyly sözden güýçli derman görmedim. * * * Dünýä, seni söýýärin men, Ýaşap ýörün ine-gana. Ýöne seniň oýnuň deň däl, Sen bir ýana, men bir ýana. Hanha iki adam gelýär, Biri nadan, biri dana. Dana kişä ýüz bereňok Nadana-da diýýäň "jana". Menem muny ýokuş görýän - Aň düşünjäm diýseň köne. A sen bolsa öňe gitdiň, Sen bir ýana, men bir ýana. Belki, mamla däldirin men, Ynjykdyryn çenden aşa. Dogry gepli boljak bolup, Ýetdim ine ýetmiş ýaşa. Gara görsem gara diýýän, Agy görsem ak diýýärin. Bar zada-ha bar diýýärin, Ýok zada-da ýok diýýärin. Sen başyňy ýaýkaýarsyň, Bu bolşumy alman sana. Ine şeýdip gidip barýas, Sen bir ýana, men bir ýana. Jedelleşsek sen ýeňersiň, Seň ýanyňda men kimmişim? Özüm ýeke, ömrüm çäkli, Amanat bu ýalňyz başym. Gujagynda ýaşap ýörün, Ne öýke bar, ne-de kine. Diňe görüp durşuň ýaly Sen bir ýana, men bir ýana. | |
|
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |