21:22

Sagdy Şirazydan hikmetli sözler

Sözler
Категория: Sözler | Просмотров: 218 | Добавил: Moderator | Теги: Sagdy Şirazy | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Garadag  
128
Sagdy hakykatdanam Gündogaryň beýik danasy. Ýöne ýerden şeýle beýik adamyň goşgy setirleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň girelgesinde 170 dile terjime edilipdir diýip, Kerim aga pahyr özüniň "Güýz ýazgylarynda" ýazypdy. Ýöne bu fakt gynansagam feýk bolup çykdy.
Feýk şol wagtlaram bar eken.

0
2 Moderator  
1471
Çuñrak sorap-ideseñ näder? Belkäm, soñ aýrylandyr, kim bilýär?
Birwagt "Edebiýat we sungat" gazetiniñ baş redaktory Annamyrat Poladow hem şuña meñzeş gürrüñi, ýagny Hajy Bekdaş Weliniñ goşgy setirleriniñ BMG-nyñ Ştab kwartirasynyñ girelgesine ýazylandygyny aýdypdy. (Aýdyşlaryndan, BMG-nyñ girelgesinde Gündogar şahyrlarynyñ setirlerinden ýaña aýak basmaga ýer ýok bolarly). Ýa-da iş tapmasañ, derñäp gör, belkäm çyndyr, belki bulam feýk bolup çykar? :)
Dogrusy, biziñ özümiz-ä wagt ýitirip derñäniñe nämynasyp şular ýaly ýapa degmez pikirler orta atylan ýerinde ýylgyrýas-da oñaýýas, ýatdan çykarýarys. Çynmy, ýalanmy... soñ şony sorap-idemelidirem öýdemzok. Ýöne käbir zatlar welin okyjylary göz-görtele aldaýandygy we adamlaryñ pikirini garjaşdyrýandygy üçin soralmaga, hökmany suratda ýalana çykarmaga degişli bolup durýar. Şu boýunça diñe meniñ özümiñ anyklan zatlarymy orta atsamam çaklañrak kitap bolsa gerek. Sözüm gury bolmaz ýaly, iki sanysyny mysal getireýin: Osman Ödäýew makalalarynyñ birinde Çingiz Aýtmatowyñ "Asyrdanam uzaga çeken gün" romanyndaky mankurt temasynyñ öñem bir gyrgyz ýazyjysy, hatda türkmen ýazyjysy tarapyndanam işlenendigini aýdýar. Muny idäp gördüm welin, ne gyrgyz, ne türkmen ýazyjylarynyñ arasynda bu temany işlän ýok eken. Emma mankurt temasyndan gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýewiñ powesti welin bar. Bu powest esasynda bizde Kerim Annanowyñ diplom işi hökmünde surata düşürilen gysga metražly kinofilm hem bar.
Şeýle-de, Tirkiş Jumageldiýewiñ taryhçy K.Muhammetberdiýew bilen gürrüñdeşligi esasynda taýýarlanan kitabyny okanlar Gaýgysyz Atabaýewe otrisatel baha berilýändigi üçin awtorlaryñ ikisi tarapyndanam "Gala" spektaklyny döredijilere "huw-hak" diýip gargalýandygyna, ýagny ýazgarýandyklaryna gabat gelendirler. Bu boýunça spektaklda oýnanlaryñ käbirleri bilenem gürrüñdeş bolup gördüm, spektaklyñ disk görnüşindäki wersiýasyna-da tomaşa etdim. G.Atabaýewiñ adynyñ ýalandan-çyndan agzalýan ýeri ýok. Iñ ýaman ýerem, bütin bularyñ barsyna okan zadyny derñemäge, dürli çeşmeleri deñeşdirip netijä gelmäge wagty we mümkinçiligi ýok ýönekeý okyjylaram çyndyr öýdýär...
Umuman alanda, soñy feýk bolup çykýan şular ýaly maglumatlary iki topara bölmek mümkin: atdanlykda goýberilýän ýalñyşlyklar, göz-görtele sözlenýän ýalanlar. Men Kerim aganyñ beýle zady atdanlykda goýberen ýalñyşlygydygyna ynanýaryn. Megerem ol muny köpçülikde dagy agzyboşuñ birinden eşden bolmaly.

* * *

Bir zat aýdaýynmy, öññin Bally Hajynyñ heniz aýatda dirikä dinini üýtgedendigi barada aýdypdyñ.
Muny şol Bally Hajy bilen salam-helik edişen birinden soradym welin, ýalan bolup çykdy. Ýöne şeýle myş-myş ýaýran eken, şonda aýdymçydan sorag-ideg edenlerinde "Oglanlar, men bir-ä ilimi çalyşmaryn, birem dinimi!" diýip jogap beripdir. (Oña derek hakykatdanam şol wagtlar Mary sebitlerinde pul üçin diniñi üýtgetmek ýoñ bolupdyr. Şolaryñ arasynda tanalýan ýek-tük ýazyjy-şahyrlaryñam bardygy ýaşyryn syr däl).
Umuman, her eşden ýa-da okan zadymyza ynanybam ýörmeli däl, käte biz ynanmakdan geçen, şeýle zat bar eken diýip o taýda-bu taýda aýdybam goýberýäs. Soñ ideýäñ welin, ýalan bolup çykýar. Öñem biriniñ ýazyjylaryñ biriniñ "goñşusynyñ aýalyna göz gyzdyrandygy üçin urlup, reanimasiýa düşüpdir, agyr ýatanmyş" diýip, gep-gürrüñ ýaýradyşy we käbirlerimiziñem ol gepe ynanyp, onda-munda aýdyşy ýaly. Özüñ gördüñ-ä, bu düýbünden ýalan bolup çykdy. Käbir adamlaryñ ýalan gep-gürrüñleri ýaýratmakdan başga işi ýok ýaly. (Bähbitleri nämekä?)
Eserdeñ, oýlanyşykly bolanymyz kem däl.

0
3 Garadag  
128
Dünýäniň bar ýerinde feýkler feýerwerk ýaly bolup barýa, dogrusy )

0
4 Garadag  
128
Бани одам аъзои якдигаранд,
Ки дар офариниш зи як гавҳаранд.

Чу узве ба дард оварад рӯзгор,
Дигар узвҳоро намонад қарор.

Ту к-аз меҳнати дигарон бе ғамӣ,
Нашояд, ки номат ниҳанд одамӣ.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]