23:14 Gülüstan / 2-nji babyň dowamy | |
Hekaýat
Şamdaky ýaranlarymyň söhbetinden köňülde bir melal döräpdi. Onsoň Kudus sährasyna tarap gitdim we haýwanlar bilen ysnyşdym. Bu ýagdaý, tä, men haçparazlara ýesir düşýänçäm dowam etdi. Haçparazlar meni Trablusda ýehudylar bilen hendek gazmak we diwar gurmak işlerinde ulandylar. Halabyň emirleriniň biri meniň dostumdy. Bir gün ýaňky emir ol ýerden geçip barýarka, meni görüp: — Sen bu ýagdaýa nädip düşdüň? — diýip, haýran galyp sorady. Men hem oňa şeýle jogap berdim: Adamlardan gaçyp dag-düze gitdim, Hudadan özgäni belli unutdym. Özüň gör, deňeşdir bu sagat halym, Adam dälleň ýatagynda bolýaryn. * * * Ýatlar-bigäneler bilen bagyň içinde gezenden, Gowudyr dostlaryň gaşy, aýak gandally bolsa hem. Emir meniň bu halyma gaty gynandy, ýüregi awady. Meniň üçin on altyn töläp, halas etdi we Halaba alyp gaýtdy. Öz gyzyny ýüz altyn mehri muýejjel tölemek şerti bilen maňa durmuşa çykardy. Ol gyz bethüý, jenjelçi, boýun egmezek gyz eken. Aradan ep-esli wagt geçensoň, bu gyz maňa dil ýetirmäge we meniň bilen dawa-jenjel etmäge başlady, aýşy-eşretimi zähere öwürdi. Men bu ýagdaýdan gaty biynjalyk boldum. Ýagşy kişiň öýünde bolsa eger ýaman zen, Bolar oňa bu älem hem dowzah hem jähennem. Zynhar ýüz gezek zynhar, zynhar ýaman hatyndan, Taňrym özüň gorawer jähennemiň odundan. Ýaňky aýalym bir gün meni kemsidip: — Sen kakamyň haçparazlaryň elinden on altyna satyn alan kişisi dälmi näme — diýdi. Men hem içimiň ýangyjyna: — Dogry, ol meni haçparazlardan on altyna halas etdi, emma ýüz altyna saňa ýesir etdi — diýdim. Eşidipdim: bir goýuny bir çopan, Möjegiň elinden edipdir halas. Agşam bogazyna pyçak goýanda, Goýun dil açypdyr, zarynja nalap: ”Möjegiň elinden sypdyrsaň-da sen, Çyn gurt sen ekeniň” diýipdir mäläp. Hekaýat Bir patyşa bir abytdan: – Wagtyňy nähili geçirýärsiň? — diýip sorapdyr. Onda abyt: – Gijeleri ybadat, säherleri doga-dileg, gündizleri gün-güzeran bilen geçirýärin — diýip, jogap beripdir. Patyşa onuň bu jogabynyň düýp manysyna düşünipdir we onuň gün-güzeranynyň agyr ýüküni ýeňletmek üçin gerek-ýarak zatlary bilen üpjün edilmegine emr edipdir. Daňsa duzagna eger çaga, maşgala-aýal, Onsoň edip bilmersiň erkinligi sen hyýal. Perzentleriň gaýgysy: iýmit, lybasy, nany, Ýene-de ýere düşir aýlansaň-da asmany. Tutuş günläp göwnüňde besleýäniň şu niýet: ”Agşam Hak dergähine ederin men mynajat”. Emma ýassy namazyn okap bolansoň, has-da, ”Näme iýer perzentlem ertir?” diýp edýän hossa. Hekaýat Bir şamly dindar birnäçe ýyllap, bir jeňňelde tagat-ybadat bilen ýeke özi ýalňyz ýaşapdyr. Iýmiti hem tokaý agaçlarynyň ýapraklary eken. Günlerde bir gün ýurduň patyşasy onuň ýanyna zyýarata gelip: — Eger razy bolsaň, seniň üçin şäherde bir öý gurup bereýin, gün-güzeranyňy hem üpjün edeýin. Ol ýerde has köp we arkaýyn ybadat edersiň. Beýlekiler hem sizi görmäge gelerler, siziň mübärek demleriňiziň bereketinden peýdalanyp, siziň hereketleriňize uýarlar — diýipdir. Ýöne dindar muny kabul etmändir. Wezir-wekiller hem oňa: — Patyşanyň göwni üçin birnäçe günlük şähere geliň. Ýagdaýa görä boluň. Eger halamasaňyz, ygtyýar siziňki. Näme diýseňiz, şol bolar — diýip, haýyş edipdirler. Ýaňky dindar hem muňa razy bolup, şähere gelipdir. Patyşanyň ýörite bir bag-bakjasyny oňa beripdirler. Ol ýer göwün açyjy, ruhuňa hoş ýakýan mesgen eken. Gyzyl gülli gözelleriň ýüzüdir, Sünbülleri hut zülpüniň özüdir. Seretseň bagdaky gül açan narlar, Asylgy nurlary ýadyňa salýar. * * * Hökümdar ýaňky dindaryň hyzmatyna owadan bir gyrnak iberipdir. Aý jemaly owsun atýardy sopa, Perişde ýüz, görki meňzär tawusa. Göräýseler gül ýüzüniň jemalyn, Takwa sopular hem aldyr kararyn. Ol owadan gyrnagyň yzyndan görmegeý bir gul hem iberdi. Ol şeýle bir görkli guldy welin, heniz görlüp-eşidilmedik owadandy. Onuň gözelligine sopularam takwalyk penjesini gowşatjakdy. Pyrlanýardy hemme onuň daşynda, Göýä teşnelikden ölýän mysaly. Göz ony görmekden hiç doýmaýardy, Istiskaň Fyratdan ganmaýşy ýaly. Dindar ol ýerde lezzetli naharlar iýmäge, owadan eşikler geýmäge, datly ir-iýmişlerden, miwelerden iýip, guly bilen gyrnagynyň gözelligine guwanyp, aýşy-eşretden lezzet almaga başlapdyr. Şonda ol: ”Danalar: «Gözelleriň saçy akylyň aýagyny duşaýan zynjyr we akylly guşy duzaga düşürýän duzakdyr” diýipdir. Köňlüm, dinim, bar bilimim seniň ýoluňda ýok etdim, Hakykat akylly guş men, sen duzak sen meni tutduň. Elgaraz, dindar dindarlygyny we ruhy dünýäsini ýitiripdir. Bu adaty bolaýmaly ýagdaýdyr. Sebäbi bu barada şeýle diýipdirler: Pirmi ýa müritmi ýa-da alymmy, Ýa-da demi düşgür keramatlymy, Bu pes dünýä inip gelensoň, seret, Siňek deý, aýagy bolar bala bent. Bir gün patyşa ony görmek isläpdir. Gelip görse, dindar öňküsi ýaly däl, düýbünden üýtgäpdir. Hatda tanar ýaly dälmiş. Ýüzi-gözi durlanypdyr, semräpdir. Özi hem ýüpek ýassyga ýassanyp ýatyrmyş, başujunda hem peri ýüzli gyrnak tawus ýeleklerinden ýasalan ýelpewaç bilen onuň ýüzüni ýelpäp otyrmyş. Patyşa dindaryň keýpiniň kökdügini, işiniň oňyndygyny görüp şatlanypdyr. Onuň bilen salam-helik alyşyp, ondan-mundan sözleşenlerinden soň, oňa: — Men şu dünýäde iki zady söýýärin. Biri alymlar, biri hem zahytlar — diýipdir. Patyşanyň akylly we köpi gören bir weziri bar eken. Ol söze goşulyp: — Kyblaýy älem! Söýmegiň hem şertleri bardyr. Siziň ýaňky aýdan iki toparyňyza hem ýagşylyk we hemaýat etmeli. Alymlara olaryň ylymlary has hem artsyn, has köp okap öwrensinler diýip altyn-kümüş peşgeş berip, kömek etmeli. Zahytlara bolsa, ybadatlaryny has köpräk eder ýaly hiç zat bermeli däl — diýipdir. Gözel ýüzli sahypjemal perizat görklülere, Asla göwher gaşly ýüzük, bezeg, zynat gerekmez. Ýagşy gylyk-häsiýetli, mübärek pälli derwüş, Hanakanyň lukmasyna, diläp nana seretmez. * * * Zadym barka islesem ikinjini, Zahyt diýip, atlandyrmazlar meni. Hekaýat Bir patyşanyň möhüm bir işi ýüze çykypdyr. Ol öz-özüne: «Eger meniň bu işim amala aşsa, zahytlara köp altyn-kümüş paýlajak. Men özüme söz berýärin» diýipdir. Patyşanyň bu işi amala aşypdyr. Ol hem beren sözünde durmak üçin, hyzmatkärleriniň birine bir halta altyn berip: — Bulary al-da, şäherdäki zahytlara paýla — diýip tabşyrypdyr. Ol gul örän akylly ekeni. Uzynly gün şähere aýlanyp, gün ýaşanda köşge gelipdir. Elinde hem altynly halta bar eken. Ol haltany patyşanyň öňünde goýup: — Siziň aýdýan adamlaryňyzy tapmadym — diýipdir. Onda patyşa: — Ol nähili bolýar? Meniň özüm bu şäherde dört ýüz sany zahydy tanaýaryn — diýipdir. Akylly gul bolsa, onuň bu sözlerine: – Kyblaýy älem! Hakyky zahyt altyn-kümüş almaz, alan hem zahyt däldir — diýipdir. Onuň bu sözlerine patyşa ýylgyryp: – Men terkidünýä, Alla ybadat edýän, zahytlary näderejede söýýän bolsam, meniň bu işýakmaz we şadyýan gulum hem olara şol dereje duşmandyr. Ýöne onuň aýdýan zatlary dogrudyr we hakykydyr — diýipdir. Zahyda gerekmez dünýäniň maly, Eger zer alýarmy? Gözle başgany. Hekaýat Ylmyň aňrybaşyna çykan alymlaryň birinden: – Siz wakfyň çöregi barada näme aýdyp biljek? Ol halalmy ýa-da ýok? — diýip sorapdyrlar. Onda ol: – Eger köňülleri rahatlandyryp, ybadat etmek üçin alýan bolsalar halaldyr. Eger „”getirip bersinler, biz hem iýeliň” diýip, üýşýän bolsalar haramdyr — diýip, jogap beripdir. Ybadat etmek üçin künçde, alarlar nany, Ybadat etmez sopy tapmak üçin lukmany. Hekaýat Bir derwüş biriniň öýüne myhman bolupdyr. Öý eýesi örän jomart adam eken. Oturlyşykda başga-da birnäçe suhangöý we çeper dilli adamlar hem bar eken. Ol ýerde her hili manyly we gyzykly gürrüňler edilipdir. Derwüş bolsa, örän uzak ýoly, çöli-dagy söküp, ýadaw halda gelipdir. Ol heniz agzyna ýekeje dogramça hem atyp-atmanka, oturanlaryň biri ondan: — Sen hem bize bir zatlar barada gürrüň bersene — diýip, haýyş edýär. Derwüş hem: – Men siz ýaly suhangöý we alym adam däl. Hiç zat okamadym. Gyzykly gürrüňler edip bilmeýärin, ýöne men bir beýt okap bereýin, şonuň bilen kanagat ediň — diýip, bir beýt okapdyr: Çörek doly saçagyň başynda duryn men aç, Zenanlaryň hammamyna garap duran deý sallah. Bu beýt hemmeleriň göwnüne ýarap, bary birden güldüler hem-de derwüşiň öňüne saçak ýazdylar. Öý eýesi derwüşe: — Dostum! Sabyr et, häzir hyzmatkärler üwelen et gowurýarlar, kebap häzirleýärler — diýipdir. Onda derwüş kellesini galdyryp, şeýle diýipdir: Saçagymyň başynda bolmasa bolmasyn et, Ýoldan ýadap gelene gury nan hem kebap dek. Hekaýat Sopularyň biri pirinden: — Meniň öýüme köp myhman zyýarata gelýär. Men biynjalyk bolýaryn, wagtym biderek geçýär. Näme edeýin, maňa ýol görkez? — diýip, haýyş edipdir. Onda piri oňa: — Gelýänler garyp bolsa, olara pul karz bergin, eger baý bolsalar, olardan karz pul sora. Şeýtseň, karz berenleriňem, karz alanlaryňam seniň gapyňa asla gelmez. Sen hem arkaýyn bolarsyň — diýip, maslahat beripdir. Eger bolaýsa bir gedaý yslam leşgeriniň başy, Dileg eder öýdüp gorkup, kapyr gider Çine garşy. Hekaýat Bir talyp kakasyna: — Bu wagyzçylaryň aýdýan zatlary maňa hiç täsir etmeýär. Sebäbi olaryň amallary aýdýan zatlaryna laýyk gelmeýär – diýipdir. Halka terkidünýäligi öwreder, Özi ýygar altyn, kümüş, galla zer. Eger alym aýdanyn özi etmez, Her näçe söz diýse bir kişi tutmaz. Alym oldur – özi erbet iş etmez, Özüniň etmedigin halka aýtmaz. * * * Allatagala Gurhany Kerimde: «Halky ýagşylyga ýollap, özüňizi unutjakmy?» diýýär. Lezzet-sapada ýaşap, alym öz keýpini söýse, Niçik özgä baş bolar, özi ýitipdir eýse. Onda kakasy ogluna: — Oglum, sen ýalňyş pikir edýärsiň. Öwüt-ündew edýänlerden ýüz öwürmek, ýalta bolmak, alymlary ýoldan azaşanlar bilen deň tutmak, kemçiliksiz alym tapjak diýip ylmyň peýdalaryndan mahrum bolmak, bilýärmiň, nämä meňzeýär? Diňle men saňa kiçijik bir Hekaýat gürrüň bereýin we mysal getireýin: «Bir kör bir gije palçyga ýykylyp: «Eý, musulmanlar, meniň ýoluma çyra tutuň» diýip, gygyrmaga başlapdyr hem-de halky kömege çagyrypdyr. Muny eşiden bir henekçi aýal hem oňa: «Sen çyrany görüp bilmeýärsiň ahyry, çyra bilen nämäni görjek?» diýipdir. – Oglum! Wagyz mejlisi mata dükanyna meňzär. Pul bermeseň, ol ýerden hiç zat alyp bilmersiň. Wagyz islegli we yhlasly, teşne bolup gelmeseň, ol ýerden hiç zat alyp bilmersiň we köňlüňde hatyrjemlik tapmarsyň — diýipdir. Alymlaň aýdanyna jan gulagyn tut mäkäm, Eden işi sözüne mynasyp bolmasa hem. Biderekdir, batyldyr dawaçylaň aýdany, ”Uklan kişi turuzyp bilmez, uklap ýatany”. Akyl kişi almaly gulagynyň töründen, Öwüt ýazylan bolsa diwaryň hem ýüzünden. Hekaýat Hanakada sopy bolup ýören bir sopy, ol ýerdäki dostlaryny taşlap medresä geldi. Men ondan: — Ylym bilen meşgullanmaýan bilen dindar sopynyň arasynda nähili tapawut bar? Näme üçin tagat-ybadat bilen meşgul bolmagy goýbolsun edip, ylym talyplarynyň hataryna goşuldyň? — diýip soradym. Onda ol: — Sopular we diňe ybadata meşgul kişiler „”gämisini halas eden serkerde” diýlişi ýaly, tolkunlaryň arasyndan diňe özlerini halas etmäge tagalla edip, diňe özleri barada pikirlenýärler. Beýlekiler, ýagny ylym eýeleri bolsa, deňze gaçyp gark boljaklary halas etmäge çalyşýarlar —diýip jogap berdi. Hanakadan medresä geldi bir sopy kişi, Taşlady sopulary, zahyda bagly işi. Soradym: „”Alym bilen abydyň ne parhy bar? Neçün sen ony däl-de muny etdiň ygtyýar?” Diýdi: „”Abyt tupandan „”kilimini” çykarýar, Alymlar gark bolany çykarmaga çalyşýar”. Hekaýat Bir ýaş ýigit ýoluň gyrasynda serhoş bolup ýykylyp, uklap galypdyr. Bir abyt hem oňa hykaratly göz bilen seredip, onuň ýanyndan geçip gidipdir. Ýaňky serhoş ýigit başyny galdyryp, dindara seredip, Gurhany Kerimden: «Olar (ýagny Taňrynyň sadyk bendeleri) ýalan güwälik bermezler we ýaramaz (zadyň) ýanyndan öten wagtlarynda alyjenaplyk bilen (ondan ýüz öwrüp) öterler» diýen aýaty aýdypdyr. Etsem bir ýazykly iş görmedik bol, ýumşak bol, Men bet iş edýän bolsam, sen nä ýagşy bolmaýaň?! * * * Ýazyklydan ýüz öwürme eý, takwa, Sen oňa şepagat nazaryňy seç. Men etmişim bilen ”Ynsan bolmasam”, Sen meniň ýanymdan ynsan bolup geç. Hekaýat Birnäçe serhoş ýigit üýşüp, bir derwüşi ýazgaryp, oňa erbet sözler aýdypdyrlar. Ol hem bu sözlerden ynjap, piriniň ýanyna baryp, şikaýat edipdir. Onda piri oňa: — Eý, perzent! Derwüşlik hyrkasy razyçylyk lybasydyr. Her kim bu hyrkanyň içinde isleg-myradyna ýetmedigi üçin sabyr-takat edip bilmese, ol ýalan derwüşdir we bu hyrkany geýmek oňa haramdyr — diýipdir. Bir daş atsaň ummana tolkun atmaz, bulanmaz, Ynjaýan bolsa abyt – ýalpak suwdur, durlanmaz. * * * Saňa zyýan berseler sabyr et, eýle takat, Bagyşlap bilseň eger borsuň günäden azat. Eý, byradar, akybet, gara toprakdyr bilseň, Şoň üçin gum bolmankaň gowudyr toprak bolsaň. Hekaýat Diňle bir hekaýat, bir çak Bagdatda, Baýdak perde bilen edipdir dawa. Baýdak ýol çaňyndan, sapar ejrinden, Perdä bakyp aýtdy käýinç ýüzünden: ”Ikimiz bir eýäň dergähinde biz, Bende biz, soltanyň bargähinde biz. Men hyzmatda birje dem dynç almadym, Wagt-u biwagt saparlardan ýadadym. Sen ne ezýet gördüň, ne-de galany, Ne sähra, ne ýeli, ne çaň-tozany. Tagalladan gadamym öňde meniň, Ýöne neçün hormatyň uly seniň? Sen gaşynda bolýaň aý ýüzlüleriň, Atyr ysly owadan kenizleriň. Men bolsam göreniň elinde haýran, Sapara baglanan, başym sergerdan”. Perde aýtdy: ”Men baş goýýan bosaga, Sen deý başym galdyrmaýan asmana. Her kişi bihuda baş galdyrsa, bak, Öz başyny özi taşlandyr aşak. Hekaýat Bir pir bir daýaw pälwany görüpdir. Pälwanyň agzy köpürjikläp, reňki gyzaryp, gahar-gazaby dolup duran eken. Pir bir kişiden: — Muňa näme boldy? — diýip sorapdyr. Onda ol adam: — Pylan kişi oňa paýyş sözler aýdypdyr — diýip, jogap beripdir. Onda pir: — Bu samsyk müň manlyk daşy göterýär-de, bir sözi göterip bilenokmy? — diýipdir. Güýjüm zor diýp lap urma, etme mertlik dawasyn, Özüne erk etmedik ne mertdir ne aýaldyr. Eger eliňden gelse, şirin et özge agzy, Agza ýumruk urmaklyk, bilseň erkeklik däldir. * * * Eger güýç bilen piliň maňlaýyny owsa-da, Adam däldir, bil, onda adamçylyk ýok bolsa. Döredilendir bilseň adam ogly toprakdan, Ol adam ynsan däldir eger toprak bolmasa. Hekaýat Pirleriň birinden sopy doganlarynyň (sopularyň) ahlak-sypatlary barada soradym. Onda ol: — Olaryň iň pesi dostlarynyň arzuw-isleglerini öz arzuw-isleglerinden has ýokary tutýandyr — diýip, jogap berdi. Bu meselede akyldarlar: «Diňe öz aladasy bilen daňlyp galan dogan – doganam däldir, garyndaşam» diýipdirler. Hemraň eger gyssap dursa, ýoldaşym diýp, oýlama, Sende köňli ýok kişige sen-de köňül baglama. Garyndaşyň eger bolsa, diýanatsyz, biýedep, Sen hem ondan garyndaşlyk ýüpün kesseň ýagşy gep. Ýadyma düşýär, biri meniň bu sözüme garşy çykyp: — Allatagala Gurhany Kerimde dogan-garyndaş bilen dostlugy we aragatnaşygy kesmegi gadagan edipdir hem-de ýakynlaryň bilen dostlaşmagy emr edipdir. Seniň bu sözüň Allanyň kelamyna ters gelýär — diýdi. Men hem oňa: — Ýok, tersine, sen ýalňyşýarsyň. Sebäbi Allatagala: «Eger olar öz bilmeýän zatlaryny (ýagny ýasama ýalan hudaýlary) Maňa şärik etjek bolup, hem seniň boýnuňa dakjak bolup, saňa zor salsalar, sen olara tabyn bolmagyn» diýipdir — diýdim. Taňryny tanamaýan müň sany dogan-gardaş, Ony bilýän bir ýada pida bolsun, eý, syrdaş! Hekaýat Bagdatda sypaýy bir goja bardy, Gyzyny bir köwüş tikýäne berdi. Ärsumak, daşýürek şeýle bir çakdy, Gyzyň dodagyndan gyrmyz gan akdy. Daňdanlar, kakasy gören dessine, Eňip geldi giýewiniň üstüne. Diýdi: ”Näkes seret eden işiňe, Dodak gaty gaýyş däldir dişiňe”. Gülki diýp, aýtmadym muny, gulak sal, Henegin taşla-da manysyny al. Siňse häsiýete bir ýaman gylyk, Zandyndan aýrylmaz dynmasa ölüp. Hekaýat Bir alymyň örän betnyşan bir gyzy bar eken. Gyz ýetişipdir. Onuň mal-mülki köp bolsa-da, hiç kim oňa gudaçylyga gelmeýärmiş. Aşa betnyşandyr ýüpek daraýy, Betnyşan geliniň egninde daýy. Ahyry kakasy ony bir köre durmuşa çykarypdyr. Günlerde bir gün Serendip adasyndan körleri sagaldýan, gözlerini açýan bir tebip gelipdir. Gyzyň kakasyndan: — Sen näme üçin giýewiňi bu tebibe görkezmeýärsiň? — diýip sorapdyrlar. Onda ol: — Gözleri açylsa, gyzymyň talagyny berer öýdüp gorkýaryn — diýip, jogap beripdir. * * * Görmeksiz, bedroý aýalyň äriniň kör bolmagy has oňatdyr. Hekaýat Bir patyşa derwüşleri hiç halamaz eken we olara kemsidiji göz bilen sereder eken. Günlerde bir gün derwüşleriň biri hökümdaryň ýanyna gelip: — Eý, hökümdar! Biz pany dünýäde leşger taýdan seniňkiden örän az, emma ýaşaýşymyz kanagat taýdan seniňkiden has oňat. Ölüm meselesinde hemmämiz deň. Kyýamatda bolsa, senden has ýokardadyrys — diýipdir. Eger bolsaň, ülkeleri alan şa, Ýa-da nana mätäç derwüş, ýa geda. Bu dünýäden giden wagtyň ýumup göz, Kependen başga zat almarsyň bilseň. Eger bu ülkeden göçmekçi bolsaň, Gowudyr şalykdan gedaýlyk bilseň. * * * Derwüşleriň daş görnüşleri ýamaly lybas bilen syrylan saçdyr, Hakykatlary bolsa – öli nebis bilen diri köňüldir. * * * Derwüş däldir dawa işigne çykan, Garşylaşsaň dawa etmez hiç haçan. Eger dagdan togalansa uly daş, Aryp bolmaz onuň öňünden gaçan. Derwüşlik ýoly on sanydyr. Olar şulardyr: zikr, şükür, hyzmat, tagat-ybadat, pespällik, kanagat, towhyt (Allany hemmetaraplaýyn bir bilmek), töwekgellik (Alla bil baglamak), razyçylyk we sabyr. Bu ahlak-sypatlar kimde jemlense, ol derwüş hasaplanar. Bular ýüpekden don geýseler hem derwüşdirler. Emma käbir ýaňralar, bihepbeler, binamyslar bardyr, olar ne ybadat ederler, ne doga-dileg ederler, özleriniň haý-u höwesine tabyn bolup, gündizleri keýpi-sapa çekýän, gijelerini gaflat ukusy bilen geçirýän, agzy-burny dek durmaýan, agzyna näme gelse samrap ýörenler derwüş abasyny geýselerem derwüş däldirler. Eýa içi takwalykdan boş adam, Daşdan geýýäň mynapyklyk lybasyn. Asmagyn gapyňdan ýedi dür perde, Sebäp öýde borýada oturýarsyň. Hekaýat Gupba ýaly beýigräk bir ýerde daşy ot bilen daňylan bir çemeni gördüm. Içimden öz-özüme: «Ol nähili bolýar, ýönekeý ot gülleriň arasynda näme işleýär?» diýdim. Onda ot aglady we dil açyp, maňa: — Ýuwaş! Heý, keremli ynsanlar dostlaryny ýatdan çykararlarmy? Men owadan däl, reňkim we ýakymly ysym ýok. Ýöne men gülleriň ýetişen bakjasynda ýetişdim — diýdi. Menem Kerim bolan Allatagalanyň bir guly. Onuň nygmaty bilen önüp-ösüp kemala geldim, ulaldym. Meniň haýsydyr bir hünärim bolsa-da, bolmasa-da, Alladan umydym onuň lutpy keremidir. Başga zat islemeýärin. Umyt üçin hiç hili baýlygym, tagat-ybadatym, hiç hili sebäbim bolmasa hem Allatagala guly üçin hökman bir çäre tapar we ony halas eder. Belli bolşy ýaly, gul azat edýänler, öňürti garry gullary azat edýändirler. Ot üstünde gördüm bir desse ter gül, Ot sapagy bilen baglanypdyr ol. Diýdim: ”Ýönekeýje bu ot-ösümlik, Gülüň hatarynda urup dur deňlik”. Ot aglady, diýdi: ”Sözleme, dym, goý, Keremli dostuny unudarmy heý?! Bolmasa-da gözel görküm, hoş ysym, Şol bir bagda ösdüm, eşitgil sesim”. Sahawatly Taňryň bendesi menem, Gadymy nygmatyn işdämen iýen. Eger bihünär men, eger hünärli, Ýalkaw umydym bar, Taňry keremli. Ýogsa, ýokdur hiç bir zadym – harydym, Tagat-ybadatym – sermaýam-gorum. Ol edýär çäresin bende işiniň, Bolmasa-da serişdesi kişiniň. Gul azat edýäne gadymdan adat, Ilki edip başlar gojany azat. Eý, älem düzleýji Taňrytagala, Öz garry bendäňi ýalka, bagyşla. Sagdy, sen yrzalyk Käbesine bar, Eý, Huda bendesi Hak ýoluna gir. Hekaýat Bir akyldardan: — Jomartlyk gowumy ýa batyrlyk? — diýip sorapdyrlar. Onda ol: — Jomart bolanyň asla batyrlyga mätäçligi ýokdur — diýip, jogap beripdir. Gulan tutan Bähram Guruň kuwwaty ýokdur onça, Çekirtgäniň aýagyny süýreklän garynjaça. * * * Galmady Hatam Taý, emma ebedi, Meşhur sahy ady galdy dünýäde. Zekat ber, üzümiň artyk pudagyn, Çapsa daýhan, miwe bolar zyýada. * * * Gabrynda bitilmiş Bähramy Guruň, Kerem eli ýegdir golundan zoruň. ________________________________ Gafur – bagyşlaýjy, günä geçiji, Allatagalanyň bir ady. Rahym – rehim ediji, merhemetli, Allatagalanyň bir ady. Lubnan – Liwanda bir dag. Mukarrap – ýakyn durmak, mukarrep perişde – Jebraýyl perişde. Mekgeýi Harem – Mukaddes Käbe. Wakf – garap-gasarlaryň ýetmezçilikleri üçin döredilen jemgyýet, gurama, gazna. Muhtesep – şerigat düzgünleriniň bozulmazlygyna gözegçilik edýän adam; ýasawulbaşy. Man – agyrlyk ölçegi. Hatym etmek – başyndan soňuna çenli okap çykmak. Magrypet – ruhy älem bilen baglanyşykly ylym-bilim, hakykat. Tassawwuf – sopuçylyk. Bu ýerde halk arasynda meşhur bolan rowaýat göz öňünde tutulýar. Garynja Süleýman pygamberiň öňünden çykanda uly sylag hökmünde çekirtgäniň aýagyny peşgeş beripdir. ”Garynjanyň sowgady çekirtgäniň aýagydyr” diýen nakyl hem bar. Abu Hureýra – Muhammet alaýhyssalamyň egindeşi, sahaba. Abu Hureýra Abdyrahman ibn Sahr Dusy - sahaba. Abu Hureýra – pişijekleriň atasy diýmek. Ol bu künýäni (lakamy) kiçijik pişijekleri gowy görensoň alypdyr. Ol elmydama ýanynda pişijek göterip gezer eken. Jahylyýet döwründe dünýä inipdir. Soň Medinä gelipdir we sekiz ýaşynda musulman bolupdyr. Pygamberimizden bäş müň üç ýüz ýetmiş dört hadys rowaýat edipdir. 59-njy hijri ýylynda wepat bolupdyr. Mehri muýejjel – talak berlen ýagdaýynda gyza ýa-da gyzyň ene-atasyna tölenmeli bolan töleg. Istiska - güýçli suwsamak bilen näçe suw içseň-de suwsuzlygyňy gandyryp bolmaýan kesel. Fyrat – Yrakda bir derýa, Ýewfrat. Gurhany Kerimiň 2-nji (Bakara) süresiniň 44-nji aýaty. Abytlar, ýagny sopular öz-özleri bilen gümra bolup, diňe Allatagalanyň gözleginde tagat-ybadata meşgul bolýarlar. Içki dünýäsini, kalbyny gözelleşdirmek we baýlaşdyrmak üçin daşky gözellikden el çekýärler hem-de diňe hyrka we kilim, ýagny gödeksi, gaty don geýýärler. Alymlar bolsa zähmet çekip, ylym agtaryp, özgelere öwüt-ündewli we parasatly hikmetler ýazyp, özgeleriň dogry we hak ýola düşmegine ýardam berýärler. Bu ýerde şol ýaňzydylýar. Gurhany Kerimiň 25-nji (Furkan) süresiniň 72-nji aýaty. Gurhany Kerimiň 29-njy (Möý) süresiniň 8-nji aýaty. Aba – derwüşleriň geýýän ýakasyz dony. Halap – Siriýada bir şäher. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |