23:12 Gülüstan / 2-nji bap | |
IKINJI BAP
DERWÜŞLERIŇ DURMUŞY HAKDA Hekaýat Emirleriň biri bir ýagşyzadadan: — Pylan dindar barada käbir zatlar aýdylýar. Sen ol barada näme pikir edýärsiň? — diýip sorapdyr. Onda ýagşyzada oňa: — Daş görnüşinden-ä hiç hili kemçiligi ýok. Içki dünýäsi hakda bolsa, görünmeýän zady men-ä bilmeýärin — diýip, jogap beripdir. Kimi eger kanagatly sopy lybasynda görseň, Içki dünýäsinden onuň sen asla bihabar bolsaň. Ony sopy, kanagatly, terkidünýä diýp hasapla, Oňa erbet zatlar ýöňkäp bet pikir-güman ýöretme. Köçede düzgün-tertibe seredýän kiçi emiriň, Öýüň içinde bolaýýan zatda ne işi bar onuň? Hekaýat Bir gezek Käbede gezip ýörkäm, bir derwüşiň başyny Käbäniň işigine goýup, ýüzüni ýere berip, zar-zar aglap: «Eý, Gafur we Rahym Allam! Sen bilýärsiň, örän zalym we nadan bolan bende özüniň saňa bolan gullugyny doly derejede ýerine ýetirip bilmez» diýýändigini eşitdim. Öt günämi çünki az edýän hyzmat, Ýok mende tagata sabyr-kanagat. Asylar ýazygna toba edýärler, Aryplar ýalkawy dileg edýärler. Ybadat edýänler eden ybadatlarynyň öwezini, täjirler hem harytlarynyň puluny talap ederler. Seniň guluň bolan men saňa diňe umyt getirdim, emma ybadat getirmedim. Söwda üçin däl, dilegçilige geldim. Sen maňa laýyk bolan zady däl, özüňe gelişýän zady et. Öldürseňem, ýalkasaňam ýüz-gözüm dergähiňdedir, Bendede hiç perman bolmaz, perman Seniň özüňdedir. * * * Käbe işiginde gördüm bir saýyl, Hem aglap diýýärdi bolansoň kaýyl: ”Diýmeýärin tagatymy kabul et, Ýalkaw galam bilen günäm üstün ört”. Hekaýat Men bir gezek Abdylkadyr Gilany hezretlerini Käbäniň içinde gördüm. Ol ýüzüni çagyl daşlarynyň üstünde goýup, yzyny üzmän: «Ylahym! Meni bagyşla. Eger men azaba laýyk bolsam, meni kyýamat güni kör edip direlt. Ýagşylaryň ýanynda utanmaz ýaly, meni mazarymdan gözleri kör edip çykar» diýýärdi. Her säherler saba ýeli ýeňilje öwsen mahaly, Başym harlyk topragyna goýup aýdýan şu namany. Hergiz seni unutmaýan, unutmaýan seni hergiz, Sen bendäňi ýatlaýaňmy, ýatlaýaňmy ony heniz. Hekaýat Bir abydyň öýüne ogry giripdir. Ogry öýüň içini dörüp, ogurlar ýaly hiç zat tapmansoň, keýpi gaçypdyr. Abyt onuň bu ýagdaýyny görüp, eli boş gitmesin we näumyt bolmasyn diýip aşagyndaky ýazynyp ýatan kilimini ogrynyň ýoluna taşlapdyr. Hak ýoluna düşen gerçek erenler, Duşmany hem bolsa göwne degmezler. Bu mertebe haçan ýeterkä saňa, Sen dostlaň bilenem edýärsiň dawa. Kalby päkleriň dostlugy seniň bar mahalyňam, ýok mahalyňam üýtgemez. Olar sen ýok mahalyň yzyňdan gybatyňy edip, seni gören mahallary hem göýä seniň guluň ýaly bolmazlar. Ýüzbe-ýüz gelende goýun deý ýuwaş, Yzyňdan böri deý, adamhor, bibaş. * * * Her kim seniň gaşyňda aýtsa özgeleň aýbyn, Bigüman aýdar seniň özgäň ýanynda aýbyň. Hekaýat Bir gezek birnäçe adam topar bolup syýahata çykypdyrlar. Olar biri-birleri bilen jan-tenden dostdular. Men hem olara goşuljak boldum. Ýöne olar razy bolmadylar. Men olara: – Ejiz ynsanlaryň dostlugyndan ýüz öwürmek we olary bähbitlerinden mahrum etmek derwüşleriň ahlak-sypatlaryna gelişmeýän zatdyr. Men hemralarym üçin diňe bähbitli ýoldaş bolaryn. Olara ýük bolmaryn we köňülleriniň ynjamaklaryna sebäpkär bolmaryn. Şulary başarjakdygym üçin size dostlugymy teklip etdim — diýdim. Ýola çyksam, ata münmesemem men, Atlylaryň eýerlerin göterýän. Onda olaryň biri şeýle gürrüň berdi: — Sen biziň bu sözümizi göwnüňe alma. Bu döwürde derwüş sypatly birtopar ogrular döräpdir. Bularyň biri bize goşuldy. Derwüş sypatyndady, ýöne derwüş ahlagynda däldi. Ol biziň aramyza goşuldy. Kişini tanap bolmaz geýen lybasy bilen, Namada ne baryny diňe kätibi biler. Derwüşleriň öz ýagdaýlaryna görä ýaşaýandyklary we hiç kime zyýansyzdyklary sebäpli, biz artyk şübhelenmän dostluga kabul etdik. Hyrka bolar daş sypaty derwüşleň, Şuň özem bes halka, ynanar bilseň. Amalda yhlas et, islän zadyň geý, Eliňe baýdak al, başyňa täç geý. Takwalyk jul geýmek däl ahyr bilseň, Çyn derwüş bol, atlaz geý soň, isleseň. Derwüşlik, terk etmek dünýä höwesin, Däldir ol üýtgetmek daşky lybasyn. Jöwşen içinde-de mert bolmak gerek, Muhannese ýarag bolar biderek. Biz irden tä agşama çenli gün uzyn ýol ýöredik. Gije düşensoň, bir galanyň diňiniň düýbünde ýatdyk. Derwüş diýip bizi aldan ogry hajathana gidýärin diýip, biriniň kündügini aldy. Emma ol ogurlyk üçin giden eken. Seretgin bu derwüşe, egne hyrka geýipdir, Emma Käbäň örtügin eşegne jul edipdir. Ýaňky kündügi alyp gidensoň, gözden ýitdi. Ol gidip, gala diňleriniň birine girip, bir guty göwher ogurlapdyr. Gün dogýança ol gara ýürekli bihepbe ep-esli ýol geçipdir. Biz bolsa hiç zatdan bihabar ýatyrdyk. Daň atansoň, ogurlyk äşgär boldy. Galadakylar ogurlygy bizden görüp, hemmämizi zyndana saldylar. Ine, şol günden we ol hadysadan bäri ýanymyza dost almazlyga we öz-özümiz bolup ýaşamaga söz berdik. Sebäbi sag-salamatlyk ýalňyzlykdadyr. Bir kowumdan biri etse erbet iş, Uly-kiçi barysy hormatdan daş. Ekinlige girse bir sygyr meger, Obaň ähli sygyrlaryny bular. Men olardan bu wakany eşidenimden soň, Allatagala ýüzde müň şükür etdim. Sebäbi ol derwüşleriň söhbetleriniň nurundan mahrum bolmadym. Olar bilen ýoldaş bolmasam hem, olardan bu gürrüňi eşidip, özüme ybrat aldym. Bu nesihat bütin ömrüme peýdaly bolar. Mejlisde akmagyň nälaýyk sözi, Danalaň kalbyna sepýändir duzy. Bir howza dolduryp guýsaň-da gülap, Bir it gaçsa bolar barysy harap. Hekaýat Bir gezek ikiýüzli bir zahyt bir patyşanyňka myhman bolupdyr. Desterhan başyna geçensoňlar, ýaňky zahyt özüni dindar hasaplasynlar diýip, göwün isleginden az iýipdir. Namaza duransoňlar hem namazyny öňküsinden has uzyn okapdyr. Gorkýan, Käbä ýetmersiň, eýa nadan bäri dur, Seniň bu barýan ýoluň Türküstana sarydyr. Ýaňky zahyt öýüne gelip-gelmän: «Maňa saçak ýazyň we nahar getiriň» diýipdir. Onuň örän akylly bir ogly bar eken. Ol kakasyndan: — Kaka, sen patyşanyňka myhman bolduň ahyry, ol ýerde nahar iýmediňmi? — diýip sorapdyr. Onda kakasy ogluna: — Olaryň ýanynda gerk-gäbe nahar iýip bilmedim — diýip, jogap beripdir. Kakasynyň bu sözüne ogly: — Onuň ýaly bolsa namazyňy hem gaýtadan oka. Sen ol ýerde derekli namaz hem okap bilen dälsiň — diýipdir. Hünärlerin görkezip, aýasynda mazamlap, Aýyplaryny örtýär goltuk astynda toplap. Gomparmagyn eý, gompy agyr günde galarsyň, Onsoň bu galp puluňa näme satyn alarsyň? Hekaýat Örän gowy ýadyma düşýär. Ýaşlygymda ybadata höweslidim. Gijeler turup, ybadat ederdim. Bir gije kakam bilen bile ybadat etdik. Daň atýança gözümi ýumman çykdym. Gujagymda Gurhany Kerim bardy. Öýdäkileriň hemmesi ukudady. Men kakama: – Kaka, şularyň hiç bolmanda biri turup, Alla ýolunda iki rekat namaz kylsa, nähili oňat bolardy, öli ýaly ýatyrlar — diýdim. Onda bu sözüme kakam: – Oglum! Käşgä sen hem uklasadyň we olary ýazgaryp, gybatyny etmesediň — diýip jogap berdi. Özünden özgäni görmez gopbam, ulumsy adam, Sebäp gözünde bardyr „”menlik” perdesi mydam. Oňa bagyş etseler Haky görjek didäni, Özünden ejiz diýip bilmezdi hiç kimsäni. Hekaýat Döwlet emeldarlarynyň birini bir oturlyşykda çendenaşa öwüpdirler. Onda ol adam ýerinden turup: «Men özümi gowy tanaýaryn we özümiň nähili adamdygymy örän ýagşy bilýärin» diýipdir. Daşymdan aşa öwüp, arşa çykarmaň meni, Içimde ne nogsan bar, anyk bilýärin ony. * * * Men hemmeleň gözüne diýseň gowy görünýän, Ýöne içki bolşumdan utanyp ýere girýän. Tawusy gözel diýip, öwýär ähli adamlar, Tawus bolsa gelşiksiz aýagyndan utanýar. Hekaýat Lubnan dagynda dabarasy dag aşan, ady we keramatlary arap ülkelerinde dillere dessan bolan bir weli bolupdyr. Ýaňky adam bir gün Şama gelipdir. Şamyň metjitleriniň birinde howzuň kenarynda täret kylyp durka, aýagy taýyp, howza ýykylypdyr. Ol uly muşakgat we kynçylyk bilen zordan suwdan çykypdyr. Jemagat namazy gutaransoň, dostlarynyň biri ýaňky adamyň ýanyna gelip: – Men kyn bir ýagdaýa düşdüm. Maňa kömek et — diýipdir. Onda weli ondan: – Ol nähili ýagdaý? — diýip sorapdyr. Dosty ondan: – Sen Günbatar deňziniň üstünde ýörediň, hatda aýagyň hem öl bolmady. Bu gün bolsa adam boýy suwda tas gark bolupdyň? Bu ýerde näme hikmet bar? — diýip sorapdyr. Onda weli başyny aşak salyp, oýa batypdyr, soňra bolsa kellesini galdyryp: – Sen älemleriň serweri Muhammet Mustapa sallallahy alaýhy wesellemiň: «Meniň Alla bilen aramyzda ýörite bir wagtym bar. Ol wagtda ne mukarrap perişdeler , ne-de pygamberler hiç kim aramyzda bolmaz» diýipdir. Ýöne ol men hemme wagt şol ýagdaýda bolýaryn diýmändir. Şol aýratyn wagtynda Jebraýyl we Mikaýyl perişdeler hem onuň ýanyna gelmez eken. Emma başga mahal, aýallary Hafsa we Zeýnep bilen gürleşer, we duşuşar eken. Welileriň halatlary nur hem perde arasyndadyr, ýagny görkezýär we ýapýar — diýip, jogap beripdir. Didaryň görkezip, ýene gizleýäň, Ataş-u odumyz barha tizleýäň. Seň yşkyňda ýanyp, külümiz çykýar, Seniň has-da gadyr-gymmatyň artýar. * * * Men magşugym hiç hili araçysyz görýärin, Käte bolsa azaşyp, ýolumy ýitirýärin, Ol odumy ölçerýär, soň öçürýär suw bilen, Şeýdip otda ýanýaryn, hem yzyndan gark bolýan. Hekaýat Perzendi ýitende Ýakuba biri, Diýdi: ”Eý, nurly kalp, danalaň piri. Müsürden köýnegniň ysyny aldyň, Kenganda çaýdaka neçün bilmediň?” Diýdi: ”Ahwalymyz ýyldyrym deýin, Bir pursat görüner, soň gider keýin. Oturýan arşy aglada käteler, Kä aýak astyny görmez dideler”. Eger derwüş saklasady şol halyn, Tiz çekerdi iki älemden elin. Hekaýat Men Balbek metjidinde wagyz edip durdum. Öňümde kalplary öli, doňup galan, dünýä işleri bilen meşgul, ruhy älemden gapyl jemagat bardy. Men özümiň edýän wagzymyň olara täsir etmeýändigini, gyzgyn odumyň olaryň gury odunlaryny ýakmaýandygyny gördüm. Gynandym. Öz-özüme: «Men göýä haýwanlara wagyz edýän we körleriň mähellesinde aýna satýan ýaly» diýdim. Many gapysy heniz açykdy we sözüň zynjyry uzyndy. Men Gurhandaky: «Biz ynsana onuň ýeňse damaryndan hem has ýakyndyrys» diýen aýaty düşündirýärdim. Gürledigimçe ummanlara çümýärdim, şeýle diýýärdim: Dost meniň özümden maňa has ýakyn, Emma men ondan daş, düşünmeklik kyn. Men näme diýeýin, näme edeýin, Ol ýanymda, men hijranda, nädeýin. Men joşup, göýä sözüň şeraby bilen mest bolupdym. Bulguryň goýy ýeri, ýagny sözlerimiň şirini entek dilimdedi. Şol mahal biri gelip ýetdi. Bulguryň goýy ýeri oňa täsir etdi. Ol şeýle bir gygyrdy welin, beýlekiler hem muňa joşdular. Wagyzym oňa güýçli täsir edipdir. Ondan hem beýlekilere geçipdi. Hemmesi hem dady-perýat etdiler. Beýlekiler hem joşdular. Men öz-özüme: «Eý, Allam! Geň galaýmaly. Uzakdaky aryplar bu ýerde jemlenipdirler. Bu ýerdäki körler hem has uzaklara gidipdir» diýdim. Düşünmese diňleýji aýdylýan gürrüňlere, Sözleýjide tapylmaz güýç-kuwwatyň joşguny. Isleg meýdançasyny başardygyňça giňelt, Batly ursun sözleýji suhangöýlük topuny. Hekaýat Bir gezek Mekgä tarap barýarka, ýolda ukysyzlykdan ýaňa, ýöräre mejalym galmady. Men ýanymdaky düeli barýana: – Sen gidiber. Menden el çek — diýdim. Bu misgin aýaklar näçe wagt ýörer, Ejizlän ýolunda daýaw ineriň. Kuwwatly göwreler horlanyp gider, Takga jany çykar munda ejiziň. Onda düeli maňa: – Dogan, Mekgeýi Harem öňde, garakçy-haram yzda. Eger ýöreseň, halas bolarsyň, ýatyp galsaň, ölersiň — diýdi. Göç ýolunda kölgede uklamak ýagşy weli, Ýöne kerwen gidäýse dirilikden ýuw eli. Hekaýat Men bir deňziň gyrasynda özüni Allanyň ýoluna beren bir adamy gördüm. Ony gaplaň ýaralapdyr. Edilen emler hem peýda bermändir. Ep-esli wagt bäri bu dertden ejir çekýän eken. Emma ondada ol yzyny üzmän Allatagala şükür edýärdi. Ondan: ”Nämä şükür edýärsiň” diýip, soranlarynda: ”Bela duçar bolsam-da günä duçar bolmadym, şoňa "Alla şükür edýärin” diýipdir. Dostum eger öldürmäge berse jellat eline, Diýme maňa: ”Gyýylar ol öz janyna bir salym”. Diýerin men: ”Men bendeden näme günä çykdyka, Nädip kalbyn ynjytdymkam” şu bolar meniň gamym. Hekaýat Bir garyp kyn ýagdaýa düşüpdir we dostunyň öýünden bir kilim ogurlapdyr. Kazyýetde kazy onuň eliniň kesilmegi barada höküm çykarypdyr. Kilimiň eýesi oňa rehim-şepagat edip: — Men onuň ogurlan kilimini oňa halal etdim — diýipdir. Onda kazy: — Sen halal etseň-de, men şerigata görä berlen hökümi ýerine ýetirmeli — diýipdir. Kilimiň eýesi: — Siziň aýdanyňyz dogry. Ýöne ol kimdir biriniň däl-de, wakfyň zadyny ogurlady. Wakfa bagyş edilen zady ogurlanyň hem eli kesilmez — diýipdir. Kazy ondan: — Sen wakf meselesini nireden tapdyň. Bu kilim seniňki dälmi? — diýip soransoň, kilimiň eýesi oňa: – Men bir derwüş. Derwüş adamyň hiç hili zadam bolmaz, özi hem hiç kimiňki däl. Derwüşleriň elinde näme bar bolsa wakfdyr, mätäçleriň zadydyr — diýip, jogap beripdir. Mundan soň kazy kilimi ogurlana ýüzlenip: — Näme, dünýä saňa dar geldimi, öz dostuň öýünden zat ogurladyň? Ogurlar ýaly başga ýer tapmadyňmy? — diýip sorapdyr. Onda kilimi ogurlan garyp kaza: — Sen näme: «Dostlaryň öýlerini süpür-syr, ýöne duşmanlaryň gapysyny kakma» diýendiklerini eşitmediňmi? — diýip, jogap beripdir. Kynçylyga düşeňde müzzerme, aglama, goý, Duşmanyň derisini, dostuň hem possunyn soý. Hekaýat Bir patyşa bir abytdan: – Biz ýekeje gezek hem bolsa ýadyňyza düşdümmi? — diýip sorapdyr. Onda abyt oňa: – Hawa, Allatagalany unudan mahalym, siz ýadyma düşýärdiňiz — diýip, jogap beripdir. Öz gaşyndan kowanyn ylgadar çar tarapa, Dergähine çagyrlan, ylgamaz özge gapa. Hekaýat Ýagşyzadalaryň biri bir dindar bilen bir patyşany düýşünde görüpdir. Patyşa jennetde, dindar bolsa dowzahda eken. Ol muňa geň galyp bir weliden: – Bu nämäniň hikmetikä? Patyşa jennetde gezip ýör, dindar bolsa jähennemde. Biz beýle pikir etmeýärdik — diýip sorapdyr. Onda weli oňa: – Patyşa derwüşlere goýan hormaty sebäpli jennete, dindar bolsa patyşalara ýakynlaşandygy üçin dowzaha duçar boldy — diýip, jogap beripdir. Tesbi hem hyrka bilen bolmaz işiň bitirip, Özüň bet amallardan çekgin, gyra iterip, Guzynyň dersinden başgap geýmek hajat däl, Çyn derwüş hem bolup bor tatar telpegin geýip. Hekaýat Başy-aýagy ýalaňaç bir pyýada Hyjaz kerweni bilen Kufeden çykyp, bize goşuldy. Oňa nazar saldym, asla aňmady. Ol yrgyldap ýöräp barşyna şeýle diýýärdi: Men ne ulag üstünde men, ne ulag ýük astynda men, Ne patyşaň gulamy men, ne şa – halkyň üstünde men. Ne baýlygyň gamyn çekýän, ne ýoklugyň gussasyny, Ömrüň asuda dem bilen geçirýärin hossasyny. Kerwendäki düeli ýolagçylaryň biri oňa: — Eý, derwüş! Pyýada nirä barýarsyň, yzyňa dön. Ýogsam, kynçylyga döz gelmän ölersiň — diýdi. Derwüş onuň sözlerine gulak hem asman beýewanlyga tarap gadam urdy. Ýolda Nahlaýy Mahmyt diýlen bir ýere gelenimizde, hälki düýä münüp gelýän baýyň ajaly ýetip ýogaldy. Derwüş hem onuň başujuna gelip: – Biz kynçylyk içinde bolsak hem ölmedik, emma sen ineriň üstünde bolsaňam öldüň — diýipdir. Hassaň gaşynda biri uzyn gije aglady, Daň atanda ol öldi, syrkaw bolsa, sagaldy. Hekaýat Bir gezek bir patyşa bir sopyny myhmançylyga çagyrypdyr. Ýaňky sopy öz-özüne: «Men horlanar ýaly derman içeýin. Patyşa hem men barada has oňat pikir etsin» diýipdir. Emma onuň içeni öldüriji däri eken. Ony içen badyna hem jan beripdir. Içi doly maňyzly pisse diýen kişilem, Hem sogan ýaly ajy, gat-gat eken daşy hem. Halk gözüne sopulyk edýän kişi bilseňiz, Namazyn okap biler kybla öwrüp ýeňsesin. * * * Hudaýyny çagyrsa bende, edip mynajat, Özgeleri unudar, oňa özge ne hajat. Hekaýat Gadym zamanlarda ýunan topragynda garakçylar bir kerweniň ýoluny kesip, täjirleriň harytlaryny we altyn-kümüşlerini talapdyrlar. Täjirler hem aglaşyp, eňreşip olara: «Allanyň we pygamberiň hatyrasyna rehim ediň» diýip ýalbarypdyrlar. Emma olaryň bu ýalbaryp-ýakaryşlary hiç hili peýda we netije bermändir. Gara ýürek garakçy üstün bolaýsa, belki, Onuň näme gamy bar, aglasa kerwen halky. Ol kerweniň içinde Lukman hekim hem bar eken. Täjirleriň içinden biri Lukman Hekime: — Sen bulara bir zatlar aýdyp, öwüt-ündew, pent bersene. Hiç bolmasa zatlarymyzyň ýarysyny goýsunlar. Zatlarymyzyň hemmesini alsalar, haýp halymyz harap bolar – diýipdir. Onda Lukman Hekim oňa: – Bulara hikmetli söz aýtmagyň özi haýpdyr — diýipdir. Bir poslan demiri sürtüp, sypalap, Gözgi deý nur çaýyp bakyp bolmaz hiç. Köňli garalara öwüt kär etmez, Daşa demir myhy kakyp bolmaz hiç. * * * Şat günleriň gamgynlaryň köňlün al, Kalp ynjydan belalara duş bolar. Bir saýyl zar edip, bir zat dilese, Bermeseň, bir zalym eliňden alar. Hekaýat Beýik alym Abylfereç Abdyrahman ibn Jöwzi maňa aýdym-saz diňlemekden daş durmagymy we bir burçda ýalňyz oturmagymy maslahat bererdi. Emma ýaşlygyň we juwanlygyň joşguny menden üstün çykyp onuň aýdanlaryny ýerine ýetirip bilmeýärdim. Men arzuw-hyýalyma tabyn bolup, ol ussadyň nesihatynyň we garaýşynyň garşysyna çykýardym. Aýdym-saz diňläp, ondan lezzet alýardym. Ussadymyň nesihaty ýadyma düşende bolsa şeýle diýerdim: Kazy otursa biz bilen, elimizi gysardy, Muhtesep ger meý içse, mesiň günäsin geçerdi. Günlerde bir gezek bir oturlyşyga gitdim. Ol ýerde bir sazanda bardy. Onuň sesi şeýle bir erbetdi welin, göýä: «Sesleriň iň erbedi eşek sesidir» aýaty şunuň üçin inen ýalydy. Saz guralyna kakanda ýeňse damaryňy üzüp gidýärdi. Aýdym aýdanda hem «kakaň öldi» diýýän ýaly erbet we ýakymsyz ses çykarýardy. Jan damaryn üzýän deýin çalýardy näsaz sazy, ”Öldi ataň” owazyndan beterdi oň owazy. Oturanlar onuň sesini eşitmejek bolup, käte elleri bilen gulaklaryny ýapýardylar, käte hem oňa «Goý how» diýip gygyrýardylar. * * * Hoş owaz aýdyjynyň aýdymlary lezzetli, Sen neneňsi bagşy sen, her bir sözüň ezýetli. * * * Seniň aýdymyňda görünmez hoşluk, Sen gitseň dolardy bu uly boşluk. * * * Ol aýdyp başlady, hem çaldy sazyn, Diýdim: ”Huda üçin eýa hojaýyn: Gulagma gurşun guý eşitmäýin men, Ýa-da gideýin men, gapyny açgyn”. Elgaraz, dostlarymyň hatyrasy üçin ol ýerde oturdym. Tä, ertire çenli ezýet baryny çekdim. Gijeden näçe wagt geçenin bilmän, Azançy bimahal gygyrdy azan. Gijäň uzaklygyn kirpiklemden sor, Hiç uky gelmedi göze bir zaman. Daň atansoň, peşgeş hökmünde kellämdäki sellämi we altynlarymy çykaryp, sazandanyň öňünde goýdum. Özüni hem gujakladym we minnetdarlyk bildirdim. Dostlarym meniň beýle ederime garaşmansoňlar, meniň bu hereketlerimi geň gördüler. Meni samsykdyr öýtdüler we içleriňden meniň üstümden güldüler. Hatda olaryň biri has hem aşa gidip, meni ýazgaryp: «Seniň bu eden işiň akylly adamyň etjek işi däl. Pirlere mahsus bolan selläňi we hyrkaňy oňa berdiň. Ol sazandaň owujyna ýa-da depine ömründe ýekeje gezegem altyn-a däl, ýekeje ýasama teňňe hem giren däldir» diýdi. – Munuň dek sazandalar bu öýden gitse ýagşy, Ikilenç görünmesin gadamlarynyň „”nagşy”. Uly agzyny açyp, gygyryp başlady soý, Tiken deý dim-dik boldy bedendäki her bir tüý. Gorkunjyndan pytrady howluda towuk-horaz, Beýnimizi çaýkady kekirdek ýyrtan owaz. Men özüme garşy çykana: — Uzyn diliňi sakla, sesiň çykmasyn. Men onda keramat gördüm — diýdim. Onda ol: — O nämäniň keramaty? Onuň ýaly bolsa bize hem gürrüň ber. Seni ýazgarandygymyz üçin senden ötünç soraly — diýdi. Men hem oňa: – Hezreti şyh Abylfereç Abdyrahman ibn Jöwzi maňa ençeme gezek «Biderek aýdym-saz diňlemegi taşla, onuň ýaly ýerlere gitme» diýip öwüt berdi. Emma men ony diňlemedim. Bu gije bolsa ykbalym meni bu ýere getirdi. Bu adamy görüp, ýaramaz kişiniň bolar-bolmaz aýdym-sazyny diňländigim üçin toba etdim. Indiden beýläk beýle ýerlere gitmerin. Indi hiç haçan aýdym-saz diňlemerin — diýdim. Gözel agyz, şirin bogaz, bal lebden çykan owaz, Heň aýtsa hem, aýtmasa hem köňül awlar, bolar saz. Emma erbet aýdymçynyň bokurdagyn bezemez, Köp ajaýyp mukamlar: ”Uşşak”, ”Horasan”, Hyjaz”. Hekaýat Lukman Hekimden: — Edep-terbiýäni kimden öwrendiň? — diýip sorapdyrlar. Onda ol: — Edepsizlerden we terbiýesizlerden. Men olaryň maňa ýaramaýan zatlaryndan daşda durdum — diýip, jogap beripdir. Akyllylar aýdylan ýönekeý henek, sözden, Çykarar bir netije sapak alar özüne. Nadanlaryň öňünde oka ýüz müň hikmeti, Oýun diýp, geçirerler gulaklarnyň yzyna. Hekaýat Aýtmaklaryna görä, bir dindar adam bolupdyr. Ol bir gijede on man nahar iýer eken we ertire çenli ýatman Gurhany hatym eder eken. Akyldarlaryň biri hem muny eşidip: «Ýarty çörek iýip uklap ýatmagy, onuň bu hereketinden has bähbitlidir» diýipdir. Ger görmekçi bolsaň magrypet nurun, Içiňi boş sakla lukma-tagamdan. Kalbyň boş hikmetden, paýhas, akyldan, Sebäp burnuňa çen doly nahardan. Hekaýat Hakyň ýolundan uzaklaşan we ters ýola düşen günäkär bir adam bar eken. Allatagala lutfy-keremi bilen oňa özüniň dogry ýoluny görkezipdir. Ýaňky adam toba edip, hak derwüşleriniň toparyna goşulypdyr. Olar bilen dostlaşandygy sebäpli hem-de olaryň sadyk nepesleriniň täsiri arkaly onuň öňki erbet gylyk-häsiýetleri ýagşy gylyk-häsiýetlere öwrülipdir. Nebsiniň arzuw-hyýallaryny taşlapdyr, erbet ahlagy ýagşy ahlaga öwrülipdir. Gybatkeşler özleriniň pis gylyklaryna eýerip, ähli işleri diňe gybatkeşlik bolansoň, ýaňky biçäräniň üstünden düşüp, onuň gybatyny edip başlapdyrlar. Hatda ol barada: «Ol öňküsi ýaly erbet adam. Siz onuň bu bolup ýörşüne seredip aldanmaň, oňa ynanmaň» diýipdirler. Toba edip sypsa bor Taňrynyň gazabyndan, Emma sypyp bilmersiň ynsanlaň zybanyndan. Ýaňky biçäre özi barada aýdylan sözlere çydam edip bilmän, özüniň piriniň ýanyna baryp, oňa derdini gürrüň beripdir. Piri aglap, oňa: «Sen bu nygmatyň şükürini neneňsi ödärsiň? Sen olaryň pikir edýänlerinden has oňat adamsyň» diýipdir. Gaýgy etme: «Bahyllar menden gözleýär aýyp, Men barada erbet zat pikir edýärler» diýip. ”Käte meniň ganymy dökmäge galkýar” diýme, ”Käte duşmanym bilen ümleşýär” diýp, gam iýme. Ýagşy bolsaňam özüň diýseler erbet sözi, Ýaman bolup, öwlenden ýagşydyr munuň özi. Mysal üçin, maňa seret, meni görýäň dälmi? Hemmeler men barada ýagşy pikirler edýärler. Emma men durkum bilen nogsan. Eger aýdýan zadymy özüm etsedim berjaý, Ýagşy ahlakly bolan zahyda bolardym taý. * * * Goňşulamdan özümi gizläp bilerin mydam, Emma gizläp bilmerin özümi Ýaradandan. * * * ”Aýplarymyz örtülsin bilinmesin hiç” diýip, Gapyny halk ýüzüne mäkäm ýapýas, gulp urup. Ýapylan gapylardan näme haýyr, peýda bar, Çünki gizlin, äşgäri bilip duran Alla bar. Hekaýat Men bir pire özümiň derdimi aýdyp, şeýle diýdim: — Pylan adam maňa: «Ol erbet adamdyr» diýip güwälik beripdir — diýdim. Onda pir maňa: — Sen ýagşylygyň bilen ony utandyr — diýdi. Özüň ýagşy bolgun ýöriş-duruşda, Şonda aýyp tapmaz nadan, gep urup, Barbutyň düz heňi ýerinde bolsa, Sazanda durmazdy gulagyn burup. Hekaýat Bir şamly pirden: — Tasawwufyň esasy näme? — diýip soranlarynda, ol pir: — Birmahallar dünýäniň ýüzünde birnäçe adam bolupdyr. Olaryň daşky görnüşleri meňzeş bolmasa-da, içki dünýäleri birmeňzeş we ruhubelent kämil kişiler bolupdyrlar. Indi bolsa adamlaryň daşky görnüşleri meňzeş we kämil, emma içki dünýäleri pytraňňy. Ine, tasawwuf diýilýän zat, bu günki adamlaryň ýagdaýlary däl-de, şol gadymy adamlaryň ýagdaýlarydyr.— diýip, jogap beripdir. Her demde üýtgäp dursa göwün guşuň, hyýalyň, Ýekelikden tapmarsyň köňlüň içre sapany. Maly-mülküň mertebäň, bar bolsa-da bar zadyň, Köňlüň Haka baglasaň borsuň hylwatyň hany. Hekaýat Ýadyma gowy düşýär. Bir gezek kerwen bilen barýardyk. Gije ýatman ertire çenli ýöredik. Daňdan, bir jeňňeliň çetinde düşledik. Biraz dynç aldyk. Aramyzda gije-gündiz Allatagala ybadat edýän, bir terkidünýä sopy bardy. Ýaňky sopy säher bilen çöle tarap gitdi we nagra çekdi. Ýekeje salym hem dynç almady. Howa gowy ýagtylansoň, men ondan: — Seniň bu ahwalyň nämedir? Beýan et — diýip soradym. Onda ol: — Men daş-töweregime gulak saldym, görsem bilbiller agaçda, käkilikler dagda saýraşýarlar, gurbagalar suwda gurruldaýarlar, janly-jandarlar tokaýda ses edýärler. Oturyp pikirlendim. Olar şeýdip Allany ýatlap durkalar, meniň gaflatda ýatmagym we dymmagym ynsapsyzlyk bolýar. Şonuň üçinem men ýatmadym, gidip Allany zikir etdim — diýip jogap berdi. Geçen gije birje guş sähere deň nalady, Akyl-huşum ýitirdim, sabyr-takatym aldy. Ýürekdeş dostlarymyň biri ýanyma geldi, Meger meniň owazym onuň gulagna ildi. Gelip aýtdy: ”Ynanman seniň bolşuňa eý, boş, Birje guşuň owazy edermi şeýle bihuş”. Diýdim oňa: ”Eý, dostum, bu adamlyk şerti däl, Guşlar aýtsa tesbihi bizem dymyp dursak lal”. Hekaýat Bir gezek Hyjaza barýarkak, birtopar ýaş sopy ýigitler bize ýoldaş boldular. Olar kämahal öz aralarynda manyly şygyrlary okaýardylar. Biziň aramyzda heniz sözüň doly manysynda kämillige ýetmedik, derwüşleriň içki dünýäsinden bihabar, olaryň köňül ýaralaryny aňmaýan bir sopy bardy. Ol kämillige ýeten ýaş sopy ýigitleriň ruhy ýagdaýlaryny has gowy bilmänsoň we göz ýetirmänsoň, olara känbir üns bermeýärdi. Biz araplaryň hilal ogullary taýpasynyň ýaşaýan obasyna geldik. Birdenkä, arap çadyrlarynyň birinden garaýagyz bir arap ýigit çykyp, belent ses we hoş owaz bilen nagra çekmäge başlady. Onuň bu sesine guşlar uçmaz, akar suwlar akmaz boldy, asmandaky guşlar ýere gaçdy. Hälki sopynyň düesi hem aýlanyp, towsup başlady. Üstündäki sopyny ýere zyňyp, çöle tarap gitdi. Men ol adama: — Dogan! Ýakymly ses düýä täsir etdi, emma saňa täsir etmedi — diýdim. Bilýäňmi daň çagynda ne diýdi maňa bilbil, ”Sen niçiksi adam sen, yşkdan bihabar, zelil. Arabyň şygryn eşden düe joşdy bada-bat, Sende yşkdan eser ýok, misli haýwan tebigat. Eşit hatda düede joşgundan nyşan bardyr, Yşkdan joşa gelmedik kişi eşege ýardyr. Daň ýeli össe bagda leýlisaçlar ülpüldäp, Çakyr daş gymyldamaz, baky galandyr gatap. Dykgat bilen bakyp gör barça närse zikr eder, Muny diň salyp biler manydan tapan habar. Eşit bilbil diňe bir güle tesbihçi däldir, Gülüň her bir tikeni tesbihine bir dildir. Hekaýat Bir patyşa ölüminiň ýakynlaşýandygy aňypdyr. Ýerine geçer ýaly mirasdüşeri hem ýok eken. Ýaňky patyşa ölüminiň öň ýanynda wezir-wekillerine: — Ertir irden şäheriň gapysyndan ilkinji bolup giren adamyň başyna patyşalyk täjini geýdiriň. Ýurdy oňa ynanyň, goý, ýurdy ol dolandyrsyn — diýip, wesýet edipdir we jan beripdir. Ertesi gün irden şäheriň gapysyndan ilkinji bolup bir dilegçi gedaý giripdir. Ol gün-güzeranyny dilegçilik bilen geçirer eken, eşikleri hem ýama-ýama bolup giden eken. Wezir-wekiller, emir-begler patyşanyň wesýetini ýerine ýetirip, galalaryň we hazynalaryň açarlaryny oňa berip, ony patyşa saýlapdyrlar. Ol birnäçe wagtlap ýurtda patyşalyk edipdir. Aradan ep-esli wagt geçensoň, ýurduň emirleri oňa garşy gozgalaň turzupdyrlar. Goňşy ülkeleriň hökümdarlary hem goşun sürüp ýurdy talamaga başlapdyr. Goşun bilen raýatlaryň arasynda hem näsazlyk döräpdir. Täze patyşa hem bu ýagdaýa gaty gynanyp, näme ederini bilmändir. Günlerde bir gün patyşanyň derwüş döwründäki köne tanyşlaryndan bir derwüş sapardan gelipdir. Ol syýahat edip ýören eken. Derwüş ony beýle belent derejede görüp: — Sen Alla şükür et. Ykbalyň saňa ýar bolupdyr. Seniň tikenleriňden gül çykypdyr, tikeniň aýagyndan çykypdyr, uly derejä ýetipsiň. «Her kynçylykdan soň hökman bir ýeňillik, şatlyk bardyr» diýip ýöne aýtmandyrlar — diýip, ony gutlapdyr. Güller käte açylar, kä hazana duş bolar, Daragt hem kä ýalaňaç, kä ýaşyla çolanar. Patyşa hem bu köne dostuna: — Dogan! Sen meni gutlama, maňa gynanç bildir. Bu mahal gutlag wagty däl. Alladan güýç-kuwwat dileg etmegiň wagty. Seniň gören wagtyň men diňe çörek derdindedim, indi bolsa dünýäň derdinde — diýip jogap gaýtarypdyr. Bolmasa dünýäligmiz gaýgysy ýürek daglar, Eger bolaýsa weli, mähri aýagmyz baglar. Bu jahanyň teşwüşi duş eder agyr bela, Bolsa-da, bolmasa-da eder derde mübtela. * * * Eger sen isleseň baýlykdyr döwlet, Iň uly baýlykdyr bilseň kanagat. Etegiň doldursa bir baý berip zer, Sogabyna onuň etmegin nazar. Çünki ululardan eşitdim muny, ”Derwüşleriň sabry baýlykdan gowy”. * * * Eger Bähram getirse gulan etinden kebap, [Guwanmagyn sen oňa däldir onuň öz maly]. Bolmaz asla hiç haçan zähmetkeş garynjanyň, Çekirtgäniň aýagyn getirip berşi ýaly . Hekaýat Bir adamyň patyşanyň diwanynda işleýän bir dosty bar eken. Ol ony köp wagtdan bäri görmändir. Bir gezek başga bir dosty ondan: — Sen ep-esli wagt bäri ol dostuň ýanyna barmaýarsyň? — diýip sorapdyr. Onda ol adam: — Men ony görmek islemeýärin — diýipdir. Diwanda işleýän adamyň bir dosty hem bularyň ýanynda eken. Ol: — Onuň näme kemçiligi bar, saňa näme ýamanlyk etdi, näme üçin onuň ýanyna barmak islemeýärsiň? — diýip sorapdyr. Onda ýaňky adam: — Hiç hili kemçiligi we ýamanlygy ýok, ýöne ynsan patyşanyň hyzmatynda ýören dostuny iş bilen meşgul mahaly däl-de, diňe wezipeden boşan mahaly görmelidir. Onuň wagtyny almak islemeýärin. Onuň wagtyny alyp, biynjalyk etmek meni hem biynjalyk edýär. Men öz rahatym üçin dostumyň peläkete duçar bolmagyny islemeýärin — diýip, jogap beripdir. Mertebä galansoň köpelip işi, Dostuny tanamaz gözün basyp ýag. Dostlarnyň ýanyna hasratly barar, Işinden kowulyp, ejiz galan çag. Hekaýat Abu Hureýra her gün Pygamberimiziň ýanyna baryp, onuň bilen görşüp durar eken. Pygamberimiz bir gün oňa: — Meni hasam gowy göreriň ýaly, meniň ýanyma her gün däl-de, günaşa gel — diýip, maslahat beripdir. * * * Bir arypdan: — Güneş şeýle gerekli bolsa-da, ony söýýäni görmedigem, eşitmedigim. Sebäbi nämäkä? — diýip sorapdyrlar. Onda aryp: – Sebäbi Güneş her gün görünýär. Emma gyş aýlary buludyň aňyrsynda gizlenip, kämahal görünen mahaly, ony nähili arzuw edýärler — diýip, jogap beripdir. Ynsanlary görmäge gitmeklik däldir aýyp, Emma aşa köp gidip, ýürege düşmek haýyp. Eger öňden özüňe etseň sen melamaty, Özgeden eşitmersiň ýaman sözi, haýbaty. Hekaýat Emirleriň biriniň içi ýellenipdir. Ol özüni saklap bilmän, biygtyýar içiniň ýelini goýberipdir. Ol ötünç sorap: ”Eý, dostlar, men muny biygtyýar etdim. Muny aýyp hasaplamaň we meni ýazgarmaň. Günä etmedim, gaýtam rahatlandym. Şonuň üçin özüňiziň lutpy keremiňiz bilen meniň ötünjimi kabul ediň» diýipdir. Diňle eý, akyl adam garyn zyndandyr ýele, Akyly ýerindäki ýeli hiç ”salmaz ele”. Ýel içiňde aýlansa çykargyn ony derrew, Çünki içiňdäki ýel ýük bolýandyr ýürege. * * * Ýüzi çytyk bir oňşuksyz pis adam, Gitjek bolsa saklama, ursun gadam. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |