23:02 Gülüstan / 1-nji babyň dowamy | |
Hekaýat
Meniň gowy gatnaşýan birnäçe dostum bardy. Daş görnüşlerinden gowy adamlardy. Öz ýagdaýlary bilen gümradylar we gowy adamlara meňzeýärdiler. Emeldarlaryň biri bular bilen gowy aragatnaşyk saklaýardy. Hatda olara az-owlak aýlyk haky hem berýärdi. Günlerde bir gün bularyň biri derwüşlige gelişmejek bir işi etdi. Muny eşiden ol emeldar hem olara berýän aýlyk hakyny kesdi. Olar hem uly kynçylyga sezewar boldular. Men hem ol emeldar bilen salamlaşmak hem-de olaryň kesilen aýlyklaryny täzeden dikeltmek üçin onuň ýanyna gitdim. Ýöne gapydaky garawul meni içeri salmady we meni yzyma gaýtardy. Bu ýerde garawulyň günäsi ýokdy. Sebäbi bu barada şeýle diýipdirler: Sebäbi bolmasa barmagyn begiň, Gapysynda hökümdaryň, weziriň. It bilen garawul duşsalar ýada, Topular üstüňe, ýapyşar bada. Az wagt geçensoň ol emeldaryň ýakynlaryndan bolan birnäçe adam meniň gelendigimi we içeri salynmandygymy bildiler. Ylgap gelip, meni emeldaryň ýanyna eltdiler. Emeldar maňa oturmak üçin ýokarrakda bir ýer görkezdi. Ýöne men pespällik bilen aşakda, bir ýerde oturdym we şeýle diýdim: Şu ýer besdir, bir kemine bende men, Hyzmatkärleň hatarynda çökeýin. Diýdi: «Alla, Alla, bu ne söz boldy, Oturmasaň bolmaz saňa ne boldy» * * * Baş üstünde otursaň hem hakyň bar, Sebäbi sen laýyk, at-abraýyň bar. Gepiň gysgasy, şol ýerde oturdym, dürli meseleden söz açdyk. Soň men dostlarymyň çekýän kynçylyklaryny düşündirdim we eden ýagşylyklary barada aýdyp, şeýle diýdim: Näme günä gördükä bu jomart asylzada, Bendelerin har tutýar, galmawer ýaman ada. Sahawatly Ýaradan bendede görse, günä, Çöregini kesmeýär, rysgalyny kemmeýär. Meniň bu sözüm emeldara ýarady. Dostlarymyň kesilen aýlyklarynyň täzeden dikeldilmegine buýruk berdi. Men oňa minnetdarlyk bilen özümiň sylag-hormatymy bildirdim. Onuň wagtyny alandygym üçin ötünç sorap, daşary çykyp barýarkam, şu sözleri aýtdym: Käbe bolany üçin dileg-hajat kyblasy, Uzak illerden gelýär zyýarata köpüsi. Biz kibi bendelere, çydamasaň hiç bolmaz, Sebäp miwesiz baga hiç kişi kesek zyňmaz. Hekaýat Bir şazada kakasyndan hazyna miras galypdyr. Şazada örän jomart ýigit eken. Ol hazynany şol durşuna esgerlerine we raýatlaryna paýlapdyr. Ud gabynda goýsaň kokun bermez hiç, Anbar ys isleseň ot üstüne seç. Ululyk isleseň sahawatly bol, Däne sependen soň hasylyňy al. Onuň akmak, düşünjesiz we tejribesiz bir weziri oňa akyl beren bolup: — Senden öňki patyşalar bu hazynany işläp gazandylar. Olar muny ýagşy zatlar üçin ýygnadylar. Sen hem bu jomartlygyňy taşla. Öňümizde hadysalar, yzymyzda duşmanlar bar. Ertirki gün mätäç bolsaň näme etjek? Ejiz düşersiň — diýipdir. Patyşa öz halkyna paýlasa, gazna-genji, Adam başyna ýeter ýekeje däne künji. Eger olaň hersinden alsaň bir arpa kümüş, Her gün doly tapardyň täze hazyna-genji. Tagta täze çykan şazadanyň bu söze gahary geldi. Gaşlaryny çytdy. Sebäbi bu onuň ruhubelentligine we belent ahlagyna ters gelýän sözdi. Şazada ony jezalandyryp, oňa: — Allatagala iýdirmegim we haýyr-yhsan etmegim üçin meni bu ülkäniň patyşasy etdi. Men hazynany garawullar ýaly garawul däl, saklar ýaly amanatçy däl — diýipdir. Kyrk jaý gaznasy bolan Karun munda galmady, Ýagşy ady goýansoň, Anuşirwan ölmedi. Hekaýat Rowaýat etmeklerine görä, bir gezek Nowşirwan awa çykanda, işdäsi aw kebabyny isläpdir. Onuň emri bilen kebaby taýýarlapdyrlar, ýöne duz ýok eken. Hyzmatkärleriň birini duz getirmek üçin oba iberipdirler. Nowşirwan oňa: — Duzy pul bilen al. Pulsuz almak däp bolmasyn. Soň adata öwrülmesin we oba bu sebäpli harap bolmasyn — diýip, tabşyrypdyr. Onda oňa: — Az-owlak duzdan näme bolar. Mugt alynsa hem zyýany bolmaz — diýipdirler. Nowşirwan hem olara garap: — Irki döwürlerde zulum örän az eken. Soň her gelen onuň üstüne sähelçe zat goýupdyr. Şu mahal bolsa, ol şeýle derejä ýetdi welin, ahyrky derejesine çykdy — diýipdir. Bil, raýatyň bagyndan patyşa bir alma iýse, Gulamlary gopararlar daragtyň düýbünden, eýse. Eger, soltan rowa görse, bäş ýumurtgalyk sütemi, Esgerleri müň towugy çişe düzer, bilgin muny. Zalym hökümdaryň ady dünýäde hiç baky galmaz, Nälet bilen ýatlanarlar, oňa haýyr, doga gelmez. Hekaýat Eşidişime görä, bir şäheriň häkimi patyşanyň hazynasy has hem köpelsin diýip raýatyň ellerindäki mal-mülklerini zor bilen alyp, ojaklaryny söndürip, öýlerini ýykar eken. Ol häkim megerem danalaryň: «Kimdir biri patyşany hoşnut etmek üçin raýatyň öýüni ýyksa, Allanyň gazabyna duçar bolar. Allatagala ol raýaty onuň başyna musallat eder, ony ýok eder» diýip aýdan sözlerini eşiden däl bolsa gerek. Ýakyjy ot ýüzärlige eger ursa-da eli, Ýakyp bilmez dertmentleriň gursak alowy ýaly. * * * Aýtmaklaryna görä, ähli haýwanlaryň şasy ýolbarsdyr, iň ejizi bolsa eşekdir. Akylly adamlar üçin ýük göterýän eşek adamy para-para edýän şirden has peýdalydyr. * * * Misgin eşek eger-de bolmasa-da hiç tämiz, Çekýändigi üçin ýük, görülýändir ol eziz. Zähmet çekýän eşekler, zähmet çekýän sygyrlar, Ynsana azar berýän adama on degerler. Ýene-de wezirli hekaýata dolanalyň: Hökümdar bir gün ol häkimiň edýän zulumlaryny eşidipdir. Oňa dürli ejir-azaplar berip, soňundan hem ony dara çekdiripdir. Soltan senden bolmaz asla razy, Bendeleň göwnüni bilmeseň awlap. Taňry bendelerne ýagşylyk eýle, Bagyşlamagyny isleseň Allaň. Ol häkimiň zulumyna sezewar bolanlaryň biri onuň jesediniň ýanyndan geçip barýarka, şeýle diýipdir: Gol güýjüňe, wezipäňe daýanyp, Gorkgun gezmeklikden iýip-bezenip. Iri süňk ähtimal damakdan geçer, Ýöne göbege çen, garyny ýyrtar. * * * Zalym zulmy bilen ýere duwlandy, Olaryň üstüne näletler ýagdy. Hekaýat Bolup geçen şeýle bir wakany gürrüň berýärler. Ynsanlara jebir-jepa berip, olary ynjytmakdan lezzet alýan bir zalym adam bar eken. Ýaňky zalym bir gün dürs, mömin, öz gara başyna gaý bolup ýören bir derwüşiň kellesine daş bilen urupdyr. Kellesine urlan derwüşiň ondan ar alar ýaly güýji-de, ýagdaýy-da ýok eken. Şonuň üçinem ol kellesine degen daşy alyp, saklap goýupdyr. Aradan ep-esli wagt geçensoň, bir saý-sebäp bilen ýurduň patyşasy ol zalyma gaharlanyp, ony bir gurruk guýa taşladypdyr. Hälki kellesine daş bilen urlan derwüş hem muny eşidip, guýynyň agzyna gelip, hälki daşy alyp, ol zalymyň kellesine urupdyr. Guýudaky zalym ondan: — Kim sen? Näme üçin daş bilen meniň kelläme urýarsyň? — diýip sorapdyr. Onda derwüş oňa: — Bu daş birmahallar seniň pylan ýerde pylan wagtda meniň kelläme uran daşyňdyr. Men hem kellesine daş bilen urlan adam — diýip, jogap beripdir. Guýudaky zalym: — Ýeri, sen şu wagta çenli niredediň? — diýip soranda, derwüş oňa şeýle diýip jogap beripdir: — Sen ol mahal wezipeli adamdyň. Senden gorkýardym. Şu wagt bolsa meniň üçin amatly pursat peýda boldy. Bu barada şeýle diýipdirler: Nälaýyga eger bolsa bagty ýar, Akyl eder dymmaklygy ygtyýar. Eger dyrnak, penjäň bolmasa ýiti, Sen wagşylar bilen jeň etme gaty. Garşylaşsaň polat çiginli bilen, Ejir görüp, synar ejiz bilegiň. Saklan gollaryny daňýança pelek, Soň beýnisin çogdur, urup heläk et. Hekaýat Bir ýurduň patyşasy erbet hassalapdyr. Ol keseliň adyny kän gaýtalamak hem gowy däldir. Birnäçe ýunan hekimleri ýygnanyşyp oňa: — Seniň bu derdiňe hiç hili däri-derman ýok. Diňe şeýle-şeýle häsiýetlere eýe bolan adamyň ödi seniň bu derdiňe derman bolup biler — diýip, maslahat beripdirler. Patyşanyň buýrugy bilen şol häsiýetli adamy gözläp başlapdyrlar. Gözläp-gözläp ahyry bir obaly çagany alyp gelipdirler. Patyşa çaganyň ene-atasyny we kazyny ýanyna çagyrypdyr. Kazy patyşanyň saglygy üçin çaganyň öldürilmegine pitwa beripdir. Patyşa çaganyň ene-atasyna köp möçberde altyn-kümüş, mal-mülk berip, perzentleriniň öldürilmegi üçin olaryň razylygyny alypdyr. Soň bolsa jellady getirdipdir. JJellat çaganyň kellesini kesmek üçin gylyjyny ýokary galdyranda, çaga gülüpdir we ýüzüni asmana tutup, öz-özüne bir zatlar diýipdir. Muny gören patyşa, çagadan: — Men şeýle keselli ýagdaýdakam, seniň ýadyňa gülki düşýärmi? Näme samyrdadyň we näme üçin kelläňi ýokary galdyrdyň? — diýip sorapdyr. Onda çaga patyşa garap: — Kyblaýy älem! Çaganyň näzini diňe ene-atasy çeker. Haýsydyr bir dawa ýüze çyksa, kazynyň ýanyna gidiler, patyşadan bolsa, adalat talap ediler. Emma enem-atam dünýe maly üçin meniň öldürilmegime razy boldular, kazy hem meniň ganymyň nähak ýere dökülmegine pitwa berdi. Siz hem özüňiziň jan-saglygyňyzyň dermanyny meniň zulum bilem öldürilmegimde görýärsiňiz. Bu ýagdaýda meniň Alladan başga arkam ýok. Oňa ýalbardym. Sebäbi Allatagala adalatly we merhemetlidir. Muny bilýändigim we ondan kömek umyt edýändigim üçin hem begenjimden güldüm — diýip, jogap beripdir. Seň öňüňde seň eliňden eger bolmasa adalat, Seň zulmuňdan Hakdan gaýry kime ederin men perýat. Çaganyň bu sözleri patyşany gaýga batyrypdyr. Gözleri ýaşarypdyr we çaga garap: — Bu çaganyň nähak ýere ganynyň döküleninden meniň ölmegim ýegdir — diýip, çaganyň kellesini sypalapdyr, onuň ýüz-gözünden ogşapdyr. Oňa köp mukdarda mal-mülk, altyn-kümüş berip goýberipdir. Bu hekaýaty gürrüň berenler şol hepdäniň içinde patyşanyň keselinden sagalandygyny aýtdylar. Nil suwunyň boýunda pilbanyň aýdan şygry, Hemişe meň oýumda, hemişe meň ýadymda. «Bilseň aýak astynda niçik garynjaň haly, Seň halyň hem şonçadyr galsaň piliň astynda». Hekaýat Bir gezek Amr ibn Leýsiň gullarynyň biri gaçypdyr. Ony tutup getiripdirler. Wezir ol guly halamaz eken we oňa duşmançylyk eder eken, şonuň üçinem ol emire: — Beýleki gullaryň hem gözleri gorkar ýaly muny öldürmek gerek — diýipdir. Onda ýaňky gul dyza çöküp, başyny ýere goýup: Başyma näme gelse, sen isleseň rowadyr, Bendede nä söz bolar şahym hökmürowandyr. — Kyblaýy älem! Bu aýdylan karary eger siz makullaýan bolsaňyz meniň muňa hiç hili garşylygym ýok. Guluň nähili sözi bolup biler? Höküm siziňkidir, ýöne men siziň halal duz-çöregiňiz bilen önüp-ösdüm. Siziň nygmatyňyz bilen kemala geldim. Men kyýamat güni meniň dökülen ganym sebäpli siziň soraga çekilmezligiňizi isleýärin. Şonuň üçinem eger meni öldürtjek bolsaň, onda şerigata laýyk görnüşde öldür — diýipdir. Emir ondan: — Ol nähili bolýar, men näme edeýin? — diýip soranda, gul oňa: — Maňa rugsat ber. Men seniň şu weziriňi öldüreýin. Ony öldürenimden soň hem men ganhor bolaryn. Sen hem kasas üçin meniň öldürilmegime buýruk ber — diýipdir. Emir bu söze ýylgyrypdyr we wezirine garap: — Sen bu işe näme diýersiň? Garaýşyňy aýt? — diýip sorapdyr. Onda wezir emire şeýle diýip, jogap beripdir: — Kyblaýy älem! Hudaýyň hakyna kakaň mazarynyň hormatyna bu guly azat et. Meniň hem başymy derde sokmasyn. Günä mendedir. Men akyldarlaryň aýdan şu sözlerine aň ýetirmändirin: Sapan atýan bilen edäýseň söweş, Öz başyň öz eliň bilen ýararsyň, Duşmanyňa garşy ok atýan bolsaň, Heder et özüňem nyşan bolarsyň. Hekaýat Bir patyşanyň köşkdir diwan emeldarlarynyň biri atly-abraýly we ýagşy ahlakly adam eken. Hemmeler oňa hormat-sylag goýar eken, ol hem hiç kimiň gybatyny etmez eken, tersine hemişe hemmeleri öwer eken. Şonuň üçinem ony hemmeler söer eken. Günlerde bir gün ýaňky emeldaryň eden bir işi patyşa ýaramandyr. Patyşa ony zyndana taşlap, oňa jeza bermeklerine emr beripdir. Onuň ähli mal-mülküni hem döwletiň haýryna geçiripdir. Emma emirlerdir emeldarlar hem-de zyndanyň sakçylary we garawullary onuň gowy adamdygy bilýändikleri üçin oňa degmändirler. Isleseň duşman bilen ylalaşyk, amanlyk, Ýok wagtyň seni döwse, sen gaşynda öwgüle. Dilden çykan ajy söz başa bela getirer, Islemeseň ajy söz sen agzyny şirinle. Goňşy ülkeleriň hökümdarlarynyň biri ýaňky emeldaryň zyndana salnandygyny eşidip, oňa gizlin bir habary ýollap: «Seniň hökümdaryň sen ýaly atly-abraýly adamyň gadyr-gymmatyny bilmedi. Saňa adalatsyzlyk etdi. Eger sen biziň ýanymyza gelseň, bizden uly hormat-sylag görersiň. Meniň ýurdumyň wezir-wekilleri seni görmekden we seniň bilen tanyşmakdan buýsanarlar. Hatyň jogabyna garaşýaryn» diýip ýazypdyr. Ýaňky emeldar hem haty okap, howp edipdir we kagyzyň arka tarapyna gysgaça bir zatlar ýazyp, yzyna iberipdir. Patyşanyň ýakyn adamlarynyň biri bu habary eşidip, ýagdaýy patyşa habar berip: — Siziň zyndana salan emeldaryňyz goňşy ýurduň hökümdary bilen gatnaşykda —diýipdir. Patyşa hem bu ýagdaýy eşidip, gaty gaharlanypdyr. Haty alyp barýan adamy tutupdyrlar we haty okap görüpdirler. Emeldaryň ýazan hatynda şeýle setirler bar eken: „”Hökümdaryň men baradaky ýagşy oý-pikirleri meniň at-abraýyndan has ýokardadyr. Sen meni çagyrmak bilen meni gowy garşylajakdygyňy aýdýarsyň. Sen meni ötünçli hasapla. Men seniň ýanyňa gelip bilmerin. Sebäbi men bu neberäniň duzy we nygmaty bilen önüp-ösdüm. Nygmat berijim sähel gaharlandy diýip, oňa biwepalyk etmek akyldarlaryň işi däl. Bu barada şeýle diýipdirler: Biri etse saňa sahawat, kerem, Sen bagyşla soňra eýlese sütem. Onuň bu wepadarlygy patyşanyň göwnüne ýarapdyr. Ony zyndandan boşadyp, sowgat-serpaý beripdir. Özüniň ýalňyşy sebäpli, ondan ötünç sorap: «Seni nähak ýere ynjytdym» diýipdir. Onda ýaňky emeldar hökümdara: — Kyblaýy älem! Bu Allatagalanyň meniň maňlaýyma ýazan ýazgydy. Bu işiň siziň eliňiz bilen amala aşmagy örän oňat boldy. Sebäbi meniň siziň öňüňizde uly borjum bardy. Men siziň nygmatlaryňyzy we haýyr-sahawatlaryňyzy alypdym — diýipdir. Eger bir zyýan ýetse, halk elinden, ynjama, Ýa rahat, ýa zähmet gelmez elinden halkyň. Dost-duşmanyň ters bolsa, bilgin ony Hudadan, Sebäp olaň ýüregi bolar elinde Hakyň. Eger peýkam kemandan sypyp, [deşse kükregi], Akyl görer atandan, günäsi däl peýkamyň. Hekaýat Bir arap hökümdary bir gezek wezirleriniň birine: — Pylan adamyň aýlygyny iki esse artdyryň. Sebäbi ol köşge tertip-düzgünli gelýär we emr-buýruklary doly ýerine ýetirýär. Beýlekiler bolsa, oýun-güýmenje bilen gümra bolup, ýaltalyk edýärler we işlerini haýal-ýagal ýerine ýetirýärler — diýipdir. Aryplaryň biri hem muny eşidip, wejde gelip : — Allanyň dergähinde hem gullaryň belentlik derejesi şunuň ýalydyr — diýipdir. Iki gün gelse kişi şa gaşyna hyzmata, Üçünji gün mähremlik eder patyşa oňa. Namut bolup dolanmaz dergähinden Hudaýyň, Umyt edip, yhlasly sygynanlar Hudaýa. * * * Terki perman mahrumlykdan nyşandyr, Ululykdyr kabul etmek permany. Dogruçyllyk keşbi bolsa her kişiň, Goýar hyzmat dergähinde başyny. Hekaýat Bir zalym adam garyplardan örän arzan bahadan odun alyp, baýlara hem gymmatbaha satar eken. Danalaryň biri muny eşidip, oňa şeýle diýipdir: Sen göreniň çakýan zäherli marsyň , Ýa baýguş sen mydam haraba ýarsyň. * * * Güýjüň eger ýetýän bolsa-da bize, Ýetmez güýjüň syry bilýän Alla. Ýer ýüzüniň ilatyna zulm etme, Dogalary ýetäýmesin asmana. Ýaňky zalym özüne aýdylýan bu sözleri piňine hem almandyr. Gaýtam, olary äsgermän, özüni gopbam tutup başlapdyr. Günlerde bir gün ýaňky zalymyň öýüniň aşhanasyndan bir uçgun odun ammaryna syçrap, tutuş öýi goşlary bilen ýanyp, kül bolupdyr. Zalym adam ýumşak düşekden gaçyp, gyzgyn goruň üstüne gaçypdyr. Ol daş töweregine üýşen dostlaryna: — Bu ot meniň öýüme nireden we nädip düşdi, hiç düşünip bilemok? — diýip geňirgenipdir. Bu sözi eşiden we öň oňa duýduryş beren aryp bolsa oňa: — Garyplaryň ýüreklerinde ýakan oduňdan düşdi — diýip seslenipdir. Heder et odundan ýaraly kalbyň, Ahyry ol ýara göterer başyn. Başarsaň hiç haçan ynjytma kalby, Ýogsa, ýakar onuň ahy jahany. * * * Eşidişime görä, Keý Hysrowyň täjine şu şygyr ýazylgy eken: Ençeme ömürler, ençeme ýyllar Zeminde başymyz depelär ilat. Elden-ele geçip, gelişi ýaly, Bir gün özgä geçer bu mülki-soltanat. Hekaýat Gadymy döwürlerde dabarasy dag aşan bir pälwan bar eken. Pälwanlykda üç ýüz altmyş sany emel bilýär eken. Her gün bularyň birini ulanyp, özüniň sungatyny we ussatlygyny görkezer eken. Onuň birnäçe şägirdi hem bolupdyr. Ol bu şägirtleriniň içinden iň ukyply birine bu üç ýüz altmyş emeliň üç ýüz elli dokuzysyny sanysyny öwredipdir. Şägirdi ondan iň soňky emeli hem öwretmegini haýyş edip, köp ýalbarypdyr. Emma ol: «Bolýar, bu gün, ertir» diýip, başdan sowar eken. Ýaňky şägirdi hem belli pälwanlaryň biri bolup ýetişipdir. Hemmeleri ýeňip, hiç kimden ýeňilmez eken. Hiç kimem onuň garşysyna çykyp bilmez eken. Günlerde bir gün ýaňky şägirt pälwan ýurduň hökümdarynyň ýanynda ussady barada: — Ol meniň ussadymdyr. Onuň menden artyklygy diňe ululygy hem-de maňa tälim berenligi üçindir. Bolmasa, men güýç taýdan ondan güýçli bolmasam, pes däl. Ussatlykda hem onuň bilen deňdirin — diýipdir. Onuň bu biýedeplik edip aýdan sözi hökümdaryň göwnüne ýaramandyr. Hökümdar ussat pälwan bilen şägirt pälwanyň ikisiniň göreşmegine buýruk beripdir. Göreşiň güni, ýeri we sagady bellenipdir. Bellenilen ýeri giň açyk meýdan eken. Göreşe hökümdar wezir-wekilleri bilen gelipdir. Göreş wagty hem gelip ýetipdir. Şägirt pälwan serhoş pil ýaly bolup, arlap meýdana çykypdyr, göýä garşysynda demirden dag bolsa hem, ýerinden gozgajak eken. Ussat pälwan özüniň ýetişdiren şägirdiniň özünden birnäçe esse güýçlüdigini görüpdir. Şonuň üçinem, oňa özüniň öwretmedik iň soňky emeli bilen ýykmak üçin tutluşypdyr. Şägirt bu emeli bilmeýändigi üçin özüni gorap bilmändir. Baş pälwan ony iki eli bilen howa galdyryp, ýere pylçap urupdyr. Baş pälwanyň bu emeli ulanyp, ony ýykmagy bilen halkyň goh-galmagaly daş-töweregi lerzana getiripdir. Hökümdar baş pälwana halat-serpaý ýapypdyr. Şägirt pälwana bolsa: — Sen özüňi ýetişdiren ussadyňa bigadyrlyk etdiň. Ony ýykaryn diýdiň, ýöne başarmadyň — diýip ýazgarypdyr. Onda şägirt pälwan: — Kyblaýy älem! Ussadym meni güýç bilen ýeňmedi. Ol maňa öwretmedik ýekeje emeli bilen ýeňdi — diýipdir. Baş pälwan bolsa oňa: — Men özümiň iň soňky emelimi şeýle gün üçin sakladym. Seret, akyldarlar näme diýipdirler: «Dostuňy beýle güýçlendirme, eger bir gün saňa duşman bolaýsa, soň ony ýeňip bilmersiň» — diýipdir. Öz ýetişdiren şägirdiňden jebir-jepa gören adamyň aýdan şu sözlerini heniz eşitmediňmi: Ýa özünde älemiň wepa diýilýän zat ýok, Ýa bu zamana hiç kim wepadarlyk edenok. Atyş ylmyn özümden öwrenmedik ýat kişi, Meni ahyr ömürde oka nyşan edenok. Hekaýat Günlerde bir gün bir derwüşiň ýeke özi çölde oturanmyş. Şol mahal ýurduň hökümdarynyň ýoly onuň üstünden düşüpdir. Derwüş kanagat äleminde dünýä bilen hiç hili söwdasy bolmadyk adam bolansoň, kellesini galdyryp, hökümdaryň ýüzüne hem seretmändir. Hökümdar muňa gaharlanyp: — Bu derwüşler haýwan ýaly zat. Bularda ynsançylyk alamatlaryndan hiç hili nam-nyşan ýok. Olar ynsan diýilmegine laýyk hem däl — diýipdir. Hökümdaryň ýanyndaky weziri derwüşe ýüzlenip: — Seniň öňüňden zamanaň patyşasy geçdi. Sen bolsa, başyňy galdyryp, oňa hormat hem goýmadyň, edep şertlerini-de berjaý etmediň. Näme üçin beýle etdiň? — diýip sorapdyr. Onda derwüş oňa ýüzlenip: — Sen hökümdaryň ýanyna bar-da: «Eý, hökümdar! Beýle zatlary sen diňe özüňden haýyr-peşgeşe garaşýanlardan sora» diýip aýt. Şeýle hem, bilip goý, hökümdarlar raýatlaryň özlerine tagat etmegi üçin däl-de, raýaty gorap saklamak üçin hökümdar bolýandyrlar — diýipdir. Patyşa ýoksullaň goragçysydyr, Döwlet saýasynda tapsa-da nygmat. Çopan üçin däldir bilseň goýunlar, Belki çopan oňa edýändir hyzmat. * * * Biri horramlykda gezer hökmürowan, Ýene biri bolsa gara bagry gan. Birnäçe gün garaş, iýer – seret, bak, Hyýalbent başynyň maňzyny toprak. Şalyk, bendeligiň hiç bolmaz parhy, Takdyryň ýazgydy ýazylan wagty. Açsalar ölenleň gabryn-topragyn, Hiç tanap bilmezler baýyn, garybyn. Hökümdar, derwüşiň dogry aýdýandygyna, hakykaty sözleýändigine göz ýetirip, derwüşe garap: — Menden näme-de bolsa, bir zat haýyş et — diýipdir. Onda derwüş oňa: — Senden ýekeje haýyşym bar, indi meni biynjalyk etme — diýipdir. Hökümdar oňa: — Onda maňa bir öwüt ber — diýipdir. Derwüş hem oňa öwüt berip, şeýle diýipdir: Bu nygmatyň elde barka haýyr et, Elden-ele geçer mülk bilen nygmat. Hekaýat Bir wezir Zunnun Müsri bilen duşuşmaga gidipdir. Söhbet mahaly wezir oňa: — Men gije-gündiz soltanyň hyzmatynda, onuň işlerini ýerine ýetirýärin. Şeýdip, onuň haýyr-yhsanyndan umyt, gahar-gazabyndan bolsa gorky edýärin. Siz maňa hümmet edip, doga-dileg etseňiz — diýip, haýyş edipdir. Zunnun hem onuň bu sözlerine aglap: — Eger seniň hökümdardan gorkuşyň ýaly derejede men hem Alladan gorkýan we oňa sygynýan bolsadym, bu gün Allatagalanyň sadyk gullarynyň biri bolardym — diýip, jogap beripdir. Rahatlyk, mähnetden etmese umyt, gorky, Derwüşler aýaklaryn pelek üste atardy. Ol wezir hem Hudaýdan gorksa, şadan gorkan deý, Perişdeleň menzilin, mertebesin tapardy. Hekaýat Bir gezek bir ýurduň patyşasy hiç hili günäsiz bir bigünä adamyň öldürilmegine buýruk beripdir. Ýaňky adam bolsa patyşa: — Eý, hökümdar! Maňa bolan gahar-gazabyň sebäpli öz-özüňe zulum etme — diýip ýüzlenipdir. Onda patyşa: — Ol nähili öz-özüme zulum etdigim bolýar? — diýip sorapdyr. Ýaňky biçäre hem patyşa garap: — Meniň ölümim göz-açyp ýumasy salym içinde amala aşar. Ýöne sen munuň günäsini ebedi çekersiň — diýip, jogap beripdir. Pany döwran sähra ýeli dek geçer, Ajy, süýji, erbet, gözellik geçer. Zalym oýlar: „”Jepa berdim sizlere”, Öz boýnunda galar bizlerden geçer. Patyşa onuň bu nesihatyny ýerlikli hasaplap, ölüm jezasyny ýatyrypdyr. Hekaýat Bir gezek Nowşirwanyň wezirleri ýygnanyşyp, ýurt bähbitli işleriň biri barada pikir alşyp oturan ekenler. Her kim öz pikirini orta atypdyr. Nowşirwan hem özüniň garaýşyny beýan edipdir. Baş wezir Buzurgmehr hem hökümdaryň garaýşyny kabul edip, oňa goşulýandygyny aýdypdyr. Ýygnakdan soň, wezirler daşarda Buzurgmehriň ýanyna baryp: — Sen hökümdaryň garaýşynda näme aýratyn pikir gördüň? Sen näme üçin munça akylly-başly, köpi gören, hormatlanýan, tejribeli we alym kişileriň pikirlerini bir tarapa sürdüň we hökümdaryňkyny kabul etdiň? — diýip sorapdyrlar. Onda Buzurgmehr olara: — Işiň haçan we nirä baryp ýetjekdigi belli däl. Netijesini diňe Alla biler. Hemmeleriň pikiri Allanyň eradasy bilendir. Kimiňkiň dogrudygyny, kimiňkiniň bolsa ýalňyşdygy, diňe işiň netijesinde belli bolar. Şonuň üçinem hökümdaryň pikirine tabyn bolmak iň dogrusydyr. Eger ýalňyş bolup, ters netije çyksa, biz hem onuň ýaly pikirlenýändigimiz üçin onuň gahar-gazabyna duçar bolmarys — diýip, jogap beripdir. Soltanyň pikrinden ters pikir kylsaň, Öz ganyňa eliň ýuwdugyň bilseň. Eger gündiz diýse: ”Şu mahal gije”, Diý: ”Ine Aý, Ülker durlar bileje”. Hekaýat Alawylar ýaly saçlaryny örüp goýberýän, sakgallak bir hilegär adam bolupdyr. Ýaňky adam bir gezek: — Men alawy we Hyjazdan gaýdan kerwen bilen Mekgeden hajy bolup geldim — diýipdir. Üstesine-de, hökümdara bir kasyda hödürläp: «Muny men ýazdym» — diýipdir. Şol ýyl hökümdaryň syýahatdan gaýdyp gelen dostlarynyň biri ýaňky alawy adam barada hökümdara: — Men gurban baýramynda bu adamy Basrada gördüm. Ol nähili hajy bolup bilýär? — diýipdir. Hökümdaryň başga bir dosty hem ol adam barada: — Onuň kakasy malatýaly bir nasranydy, ol nähili alawy bolup bilýär? — diýipdir. Soň görüp otursalar, onuň ýazdym diýýän kasydasy hem meşhur şahyr Enweriniň diwanyndan alnan eken. Muňa gahary gelen hökümdar ýaňky alawyny ýanyna çagyrdyp: — Sen näme ýalan sözlediň. Muny mazalyja ýenjiň, soň bolsa ýurtdan çykaryp kowup goýberiň — diýip, buýruk beripdir. Muny eşiden ýaňky adam: — Şahym, meniň bir aýtjak zadym bar. Eger aýdanym ýalan bolsa, maňa näme etseňiz edäýiň. Men nähili jeza çekmeli bolsa-da razy — diýip ýüzlenipdir. Onda hökümdar oňa: — Bolýar, hany aýt, bakaly —diýipdir. Ýaňky adam bolsa şulary aýdypdyr: Bir keseki saňa getirse gatyk, Iki essesi suwdur, bir esse aýran. Bagyşla sen meniň bu ýalan sözüm, Jahankeşde mydam sözlär köp ýalan. Hökümdar hem onuň bu sözlerine gülüp: – Sen bütin ömrüňde mundan has dogry söz aýdan dälsiň, onuň hajatlaryny bitiriň, goý, bu ýerden hoş bolup gitsin – diýip, emr beripdir. Hekaýat Öz hyzmatkärlerine rehimdar we olara ýagşylyk edýän bir wezir bolupdyr. Günlerde bir gün hökümdar bir iş bilen gaharlanyp, weziri zyndana salypdyr. Ýaňky weziriň dost-ýarlary onuň halas bolmagy üçin tagalla baryny edipdirler. Oňa ezýet bermäge bellenenler hem oňa jeza berenlerinde mähribanlarça seredipdirler. Beýleki wezir-wekiller hem ony hökümdaryň ýanynda köp öwüpdirler. Ahyry hökümdar onyň günäsini geçipdir. Akyldarlaryň biri muny eşidip, şeýle diýipdir: Dostlaryň kalbyny awlamak üçin, Ataň bag-u mülkün satan ýagşydyr. Ýagşylara gazan gaýnatmak üçin, Öý-goşuň baryny ýakan ýagşydyr. Ýaman pälli kişä-de ýagşylyk et, It agzyn et bilen ýapan ýagşydyr. Hekaýat Harun Reşidiň ogullarynyň biri bir gün gaharly ýagdaýda kakasynyň ýanyna baryp: — Pylan ýasawulyň ogly meniň ejeme paýyş sözler aýtdy — diýip, arz-şikaýat edipdir. Harun Reşit hem wezir-wekillerini ýygnap, ýagdaýy aýdyp: — Oňa nähili jeza bermeli? — diýip, olara sala salypdyr. Onda wezirleriň biri «öldürmeli», biri «dilini kesmeli», ýene biri «emlägini talap, özüni sürgün etmeli» diýipdir. Harun Reşit bolsa, ogluna garap: — Eý, oglum! Sen iň gowusy onuň günäsini bagyşla. Eger bagyşlamajak bolsaň, ol saňa nähili sögen bolsa, sen hem onuň ejesine şonça paýyş sözler aýt. Ýöne ar almakda aşa gitme, ar çäkden çykmaly däldir, ýagny biz tarapdan nähak iş amala aşmasyn we zulum derejesine barmasyn. Ýogsam, onuňky dogry bolar we dawada ol ýeňer — diýipdir. Akylly adamlaň gaşynda mertlik, Esreýän pil bilen söweşmek däldir. Gahary gelende gazabyn ýuwdup, Ýaman söz diýmeýän hakyky ärdir. * * * Ahlaksyz bir kişi sögdi birine, Jogap berip diýdi ol hem özüne: «Aýdan sözüňden hem juda erbet men, Aýbymy özüm deý bilmeýäň-ä sen». Hekaýat Biz birtopar adam bolup, gämili barýardyk. Ýolda barýarkak bir gaýygyň agdarylandygyny gördük. Gaýykda iki sany dogan bar eken. Ýanymyzda bolan emirleriň biri gämiçä: — Bularyň ikisini hem halas etseň, saňa ýüz dinar bereýin — diýdi. Gämiçi olaryň birini halas edip ýetişdi, beýlekisi bolsa, gark boldy. Men gämiçä: — Görgüliniň ömri gysga eken. Ajaly ýetensoň, sen ony halas edip bilmediň — diýdim. Gämiçi meniň bu sözüme ýylgyryp: — Seniň aýdanyň dogry. Ýöne men öňürti muny halas etmek isledim. Sebäbi men bir gezek çölde azaşypdym. Şonda bu adam hem meni düýä mündürip ýola salypdy. Gark bolan adam bolsa, çagakam meni gamçylapdy — diýdi. Men hem bu wakany görüp: — Allatagala: «Kim ýagşylyk etse, diňe özüne ýagşylyk etdigidir, kim ýamanlyk etse, özüne ýamanlyk etdigidir» diýip, örän dogry aýdypdyr — diýdim. Başarsaň, hiç kimiň göwnüne degme, Sebäbi, bu ýolda tikenler bardyr. Mätäç garyplaryň dilegin bitir, Saňa hem bu ýolda kyn işler bardyr. Hekaýat Iki sany dogan bar eken. Biri hökümdaryň hyzmatyny eder eken, beýlekisi hem çöregini öz gara zähmeti bilen iýer eken. Hökümdaryň hyzmatynda işleýän gurply bolup, beýlekisi derwüşsypat garybrak eken. Günlerde bir gün hökümdaryň hyzmatynda işleýän beýleki doganyna ýüzlenip: — Näme üçin sen hem meniň ýaly köşkde işlemeýärsiň? Zähmet çekmekden dynarsyň. Näme üçin özüňe muşakgat döredýärsiň? — diýip sorapdyr. Onda dogany oňa: — Sen näme üçin hyzmat etmek we biliňi bükmek harlygyndan halas bolar ýaly halal zähmet çekmeýärsiň? Seret, akyldarlar bu barada näme diýipdirler: «Az eklenç bilen kanagatlanmak, biliňe altyndan kemer guşanyp aýak üstünde we emiriň öňünde dim-dik bolup, eliňi gowşuryp durmakdan has oňatdyr» — diýipdir. Ýaman emir öňünde goluň gowşuryp durmak, Oňat ondan ot-demri eliň bilen ýugurmak. * * * Gymmatbaha ömrümiz geçdi iki zat bilen: „”Ýazda näme iýerkäm, gyşda näme geýerkäm”. Doýmaz-dolmaz eý, garyn, tötege razy bol, Hyzmat bilen biliňi eplem-büklem etmänkäň. Hekaýat Günlerde bir gün bir adam Nowşirwan Adyla: – Allatagala seniň pylan ganym duşmanyňy öldürdi — diýip, buşlapdyr. Nowşirwan hem oňa: – Onuň meni baky goýjakdygyny eşiden-ä dälsiň?! — diýip, jogap beripdir. Duşmanyň ölümi şatlyk ýeri däl, Biziň ömrümiz hem baky diri däl. Hekaýat Bir gezek Nowşirwanyň mejlisinde danalar bir mesele barada pikir alşyp oturan ekenler. Baş wezir Buzurgmehr bolsa, sesini çykarman oturypdyr. Ondan: – Sen näme dymýarsyň, näme üçin öz garaýşyňy aýtmaýarsyň? — diýip sorapdyrlar. Onda ol: – Wezirler lukmanlar ýalydyr. Lukman dermany diňe hassa bolana berer. Men siziň garaýyşlaryňyzy dogry hasaplaýaryn. Şonuň üçinem meniň söz sözlemäge hajatym ýok — diýip, jogap beripdir. Goşulmanymda hem ger bitse bir iş, Oňa goşulmagym bil, bolar ýalňyş. Bir körüň öňünde bir çukur görsem, Günä bolar şonda men dymyp dursam. Hekaýat Müsür ülkesi hem apbasly halypalygynyň mülklerine goşulansoň, halypa Harun Reşit: — Pyrgaun Müsür ülkesinde tekepbirlenip, hudaýlyk dawasyny edipdi. Ony peseltmek üçin ol ýere Hasyp atly iň bir akmak we bahyl garaýagyz gullarymyň birini häkim edip iberjek — diýip, ol guluny Müsüre iberipdir. Bu gul diýseň samsyk we akmak adam eken. Bir gün müsürli daýhanlar onuň ýanyna gelip: — Biz Nil derýasynyň kenarynda pagta ekdik. Ýöne ýagyş ýagyp, hasylymyz zaýalandy — diýip zeýrenipdirler. Onda ýaňky gul olara: – Siz bilmänsiňiz, ol ýere ýüň ekmeli ekeniňiz — diýipdir. Bu wakany eşiden akyldarlaryň biri şeýle diýipdir: Eger bilim dok ýaşaýşa nep bolsa, Geň bolmazdy nadanlar açdan ölse. Pelek nadanlara şeýle nep berýär, Danalar ol işden haýranda galýar. * * * Döwlet-u bagt bagly däldir paýhasa, Olar bagly bolýar bilseň asmana. Jahanda duş gelýär tekrarma tekrar, Akylsyz hormatda akyl bolsa har. Kimýagär gussadan ölüp gidendir, Hazyna akmaga nesip edendir. Hekaýat Bir patyşa hytaý gyrnagyny sowgat edipdirler. Patyşa serhoş mahaly oňa ýanaşmak isläpdir. Gyz hem muňa garşylyk görkezipdir. Muňa gaharlanan patyşa ony garaýagyz gullarynyň birine beripdir. Garaýagyz arap gulunyň bir dodagy ýerde, biri asmanda, şeýle bir bedroý eken welin, Süleýman pygamberiň möhürini ogurlan jyn hem ony görse gorkjak eken. Onuň goltuklary garaýag ýaly porsy eken. Tä kyýamata çenli Ýusup nusgasy görküň, Emma bu Zeňňi bolsa, nusgasy bedroý durkuň. * * * Şeýle bir bedroý ýüzli aýtmaga söz tapylmaz, Erbet hem hyýrsyzlygyn asla ýaňzydyp bolmaz. Eý, Allam, özüň gora, goltugnyň erbet ysy, Murdat aýynda günde ýatan läşdenem porsy. Garaýagyz gul saklanyp bilmändir we jynsy islegi artyp, gyrnagyň gyzlyk möhrüni göteripdir. Ertesi irden hökümdar gyrnagyň nirededigini sorapdyr. Oňa agşamky bolan wakany bolşy ýaly gürrüň beripdirler. Hökümdar muňa has hem gaharlanyp, garaýagyz arap gul bilen gyrnagyň ellerini we aýaklarynyň biri-birine daňyp, galadan aşak taşlamaklaryna buýruk beripdir. Patyşanyň bir akylly weziri bar eken. Ol wezir hökümdardan rehim-şepagat isläp: — Kyblaýy älem! Garýagyz arabyň bu işde günäsi ýok. Beýleki gullaryňyz we hyzmatkärleriňiz siziň peşgeşleriňize öwrenişipdirler — diýipdir. Onda hökümdar: — Ýekeje gije sabyr edip bilmedimi? Men oňa keniziň gymmatyndan artyk serpaý ederdim. — diýende, wezir oňa şeýle diýipdir: — Kyblaýy älem, siz akyldarlaryň aýdan şu sözlerini eşitmediňizmi: Suwsan teşne çeşmäň başyna ýetse, Heder etmez eger ýolun pil tutsa. Açyk supra gabat gelse aç dinsiz, Orazaň hormatyn tutmaz gümansyz. Bu söz hökümdaryň göwnüne ýarapdyr. Ol wezire garap: — Bolýar, garaýagyz araby saňa bagyş edýärin, gyzy näme edýäň? — diýip sorapdyr. Wezir hem oňa; — Gyzy hem ol garaýagyz arap gula bagyş et, ol onuň agzyndan galan aşdyr, ol oňa mynasypdyr — diýip, jogap beripdir. Ters ýollara düşen adamy hiç kim, Dost tutmaga özün laýyk bilmez hiç. Agzy kepän zülal suwun tapsa-da, Agzy porsyň galyndysyn içmez hiç. * * * Nirä ýeter indi soltanyň eli, Çün tezege gaçdy turunjy-baly. Teşnäniň ýüregi hiç islemez suw, Küýzede galdyrsa agzy porsy, suw. Hekaýat Isgender Zülkarneýnden: — Magryby we Maşrygy nädip basyp aldyň? Senden öňki hökümdarlaryň hazynalary, mal-mülki, goşuny seniňkiden has köp bolsa-da, olar näme üçin beýle ýeňişleri gazanyp bilmediler? — diýip sorapdyrlar. Onda Isgender olara: – Men Allanyň ýardamy bilen basyp alan ýerlerimiň halkyna degmedim. Öňki hökümdarlaryň atlaryny diňe ýagşylykda ýatladym — diýip, jogap beripdir. Akyllar agzamaz "uly” diýp adyn, Ululary erbetlikde ýatlanyň. * * * Bagt, tagt,mal-mülk, bary hiç zatdyr, Barysy wagtlaýyn ötegçi zatdyr. Ýagşylykda ýatla öňküleň adyn, Şonda baky ýaşar adyň, şöhratyň. __________________________________ Gurhanyň «Äli Ymran» süresiniň 133-134-nji aýatlary. Soltan Söbüktegin Mahmyt Gaznaly – Gaznaly türkmen döwletini esaslandyryjy. Şerigat kadalaryna görä piliň eti iýilmeýär. Allanyň Musa alaýhyssalama görkezen dagy. Seret: Gurhanyň «Nisa» (aýallar) süresiniň 164-nji aýaty. Bu ýerde ýatak doly eşek göz öňünde tutulýar. Ýunus pygamberi ýunus balygy (delfin) ýuwudýar we Allatagalanyň gudraty bilen kyrk günden soň balygyň garnyndan sag-salamat çykýar. Lut pygamberiň ýaşan şäheriniň üstüne bela inip, daş ýagýar. Lut pygamber özüne ynananlar bilen şäheri terk edýär. Lut pygamberiň aýaly onuň yzyna düşmeýär we erbetler bilen gatnaşýandygy üçin onuň sözlerine gulak asmaýar. Eshaby kähf – gowak ýaranlary. Allanyň birligine ynanýan ýedi sany mömin Dakýanus atly zalym patyşanyň elinden gaçyp, bir dagyň gowagynda gizlenýärler. Ýolda olara Kytmyr atly bir it hem goşulýar. Olar şol gowakda uzak wagtlap uklap ýatýarlar we 309 ýyldan soň oýanýarlar. Ýöne soň uzak ýaşaman, hemmesi hem wepat bolýar. Ogulmyş – XIII asyrda Ildeňizli atabegliginiň soltanlarynyň biri. Agraf – jennet bilen jähennemiň arasyndaky aralyk bir ýer. Bu ýerde kyýamat güni göz öňünde tutulýar. Gurbal – iri gözli elek. Tirýak – zähere garşy derman. Öňler käbir ülkelerde Mekgä giden hajylar gaýdyp gelensoňlar, bendileri azat eder ekenler. Ud agajy – ýakymly ysly tütedilýän ösümlik, aloýe. Arpa – iň ýeňil baha deň bolan agyrlyk we gymmatlyk ölçeg birligi. Pitwa bermek – kazynyň ýa müftiniň dini bir meselede karar çykarmagy. Amr ibn Leýs – saffarylar soltanlygynyň hökümdary. Ol 878-nji ýylda halypa tarapyndan Horasanyň, Sistanyň we Parsyň häkimi diýlip yglan edilýär. 899-njy ýylda samanlylar tarapyndan ýesir alynýar we Bagdatda zyndanda ýogalýar. Kasas – ölüme ölüm bilen jeza bermek, ar almak. Aryp – Allany doly tanaýan, weli, dana, akyldar. Wejde gelmek – şatlyga, begenje dolmak, Allany has hem söýmek. Mar – ýylan. Alawy – şaýy akymyndan bolan adam, hezreti Alynyň tarapdary. Malatýa – Türkiýede bir şäheriň ady. Nasrany – hristian, isaýy dininden bolan adam. Pyrgaun – özüni hudaý diýip yglan eden gadymy Müsür hökümdary. Murdat (mordat) – Eýran gün hasabynyň bäşinji aýy. Ol Gorkut we Alp Arslan aýlaryna gabat gelýär. Zülal – arassa, tämiz, süýji suw. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |