Sähra örküni baglan şahyr
Gowy şahyrlaryñ ykbalynda meñzeşlik bar. Men tanymal rus şahyry Nikolaý Rubsowyñ täleýi bilen aramyzdan biwagt giden Çary Ýegenmyradowyñ terjimehalynda hem, goşgularynda hem çalymdaşlygyñ bardygyna göz ýetirýärin. Nikolaý Rubsow hem, Çary hem örän çepiksi, öz içki dünýäsine diñ salyp ýören, özüniñ bardygyny, goşgy ýazýandygyny nygtap ýörmeýän, salyhatly ýigitler bolupdyr. Olaryñ ikisi hem goşun gullugynda bolup, Watan öñündäki gulluk borjuny bitiripdirler. Nikolaý Rubsow Moskwanyñ A.M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlaman, öz dogduk mekanyna gidip, Russiýanyñ Wologda oblastynyñ Nikolsk diýen çola künjeginde ýaşapdyr, goşgularynyñ köpüsini şol ýerde ýazypdyr. Çary Ýegenmyradow hem Magtymguly adyndaky TDU-nyñ türkmen filologiýasy bölüminde okap, okuwyny tamamlaman, öz dogduk mekany Ýerbende gidip, şol ýerde mekdepde işläp, goşgularyny hem Garagum sährasynyñ ümsüm künjeginde döredipdir. Iki şahyryñ poeziýa eserleri-de badyhowalykdan daşda bolup, tebigat gözelligini wasp edýär hem öz içki duýgularyny setirlerine siñdirýär. Indi Çary Ýegenmyradowyñ terjimehalyna gysgaça ser salyp göreliñ. Ol 1966-njy ýylyñ baharynda, 10-njy martda Ahal welaýatynyñ häzirki Derweze etrabynyñ gum içindäki Diñli obasynda dünýä inýär. Şahyr özüniñ "Bahar - ýüregimiñ aramy" diýen goşgusynda şeýle ýazýar: Bahar, bahar - ýüregimiñ aramy, Ýadadym men, uçursyz kän garaşyp. Sen geldiñ-de, kalba kanagat berdiñ, Ýalañaç baglaram tapdy ýaraşyk. Ykbalymyz meñzeş ýazylan ýaly, Meñ bijäme düşüpsiñ sen kartda. Meniñem göbegim kesilen eken, Çärýek asyr ozal, onunjy martda. Islendik gowy şahyryñ goşgularynda onuñ ykbalyna, ýaşaýşyna degişli maglumatlary tapmak bolýar. Sebäbi "Alma öz agajyndan daş düşmez" diýlişi ýaly, şahyryñ ömri, şatlygy, gam-gussasy, söýgüsi onuñ goşgularyna galam eýesinden biygtyýar siñip gidýär. Bu babatda beýik rus şahyry Sergeý Ýesenin öz terjimehalyny gysgaça ýazyp, iñ soñunda bolsa: "Terjimehalyma degişli galan maglumatlar goşgularymdadyr" diýýär. Çarynyñ şygyrlarynda hem şeýle maglumatlara duşmak bolýar. Galyberse-de, şahyr öz topragyna, obadaşlaryna, özüni gurşap alan tebigata, janly-jandarlara söýgüsini, garaýyşlaryny öz ýüreginiñ üstünden geçirip, goşga salýar. Ýüregiñ üstünden geçmedik, kalbyñ çuñundan syzlyp çykmadyk goşy setirlerinde mähir, söýgi, ýylylyk bolmaýar. Sowuk goşgular, mähir siñmedik ýalaxy pikirler hiç haçan okyjyny imrindirmeýär, ýatda galmaýar. Şahyr öz Watanyny ~ önüp-ösen ýerini, onuñ peýzažyny söz bilen çekende, ol ene topraga, Watana söýgiñi güýçlendirýär. Ine, bu aýdanlarymyza mysal: Ýerbent agşamynyñ altyn şapagy Meni durkum bilen çirkizdi oda. Heniz başlanmadyk ýaly ýaşaýyş, Janly-jandar ýok ýaly bu obada. Ümür basan çyplak sährañ üstünden Gögerçinler çapak çalyp geçdiler. Halk aýdymy ýaly ganatlañ sesi Derwezeden añyrda-da eşdiler. Şu mahal köñülde kanagat duýýan Hem çäksiz ynjalyk duýýan bedende. Men gaty razy, şu günki ýaly Elwan şapaklaryñ nesip edenne. Dogrusy, bilemok otuz bir ýaşda Ýitirenim känmi, tapanym känmi? Ömrümiñ ýyllary bişen miwe deý Gözüme kaklyşyp, şahadan tändi... Diýmek, gamlanmaga esas ýok känbir, Meniñ ýitirenim ~ özgäñ tapany. Bu dünýäde üýtgemejek ýeke-täk Ýerbent agşamynyñ altyn şapagy. Çarynyñ goşgularynda synçylyk örän güýçli. Ol tebigatyñ her bir ülşüni, her bir suratyny özüçe görýär we ony öz ykbaly bilen baglanyşdyrýar. Şahyr özüni tebigatyñ, Garagum sährasynyñ bir bölegi saýýar, ony öz ömri bilen bitewi bir zat hasaplaýar. Şonuñ netijesinde şahyryñ oýlanmalary ynandyryjy bolup çykýar. Ýürekden, kalbyñ teýinden dömüp çykmadyk goşgular iliñ ýüregine ýetmeýär, okyjyny mähir bilen çoýmaýar. Çarynyñ şygyrlary şu dertden halas. Çary Ýegenmyradow orta mekdebi öz dogduk obasynda tamamlap, 1983-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetune okuwa girýär we okap ýörkä, goşun gullugyna çagyrylýar. Ol gullukdan gelip, okuwyny dowam etse-de, ony tamamlaman, oba gidýär. Ol gum içindäki Çürçüri diýen obada mugallym bolup işleýär. Geçen asyryñ segseninji ýyllarynyñ aýaklarynda, togsanynjy ýyllarynyñ başlarynda ol ýurdumyzyñ gazet-žurnallarynda zähmet çekýär. Ýöne şahyryñ ýüregi mydama dogduk mekany ~ Garagum çölüni küýsäp, sähra taýa atygsaýar. Şonun ücin ol ýene-de çöl içindäki Gyzyltakyr, Kükürt zawody obalarynda okuwçylara bilim berýär. Çary Ýegenmyradow heniz talyp ýyllarynda ilkinji goşgularyny gazet-žurnallarda çap etdirýär. Onuñ ýürekleri gozgaýan, çeper obrazlara, synçylyga baý goşgulary Atajan Annaberdiýew ýaly şahyrlaryñ ünsüni çekýär. Çünki Çarynyñ goşgulary Rehmet Seýidow, Halyl Kulyýew, Atajan Annaberdiýew ýaly şahyrlaryñ gös-göni dowamy diýsek, ýalñyş bolmaz. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, uly şahyrlaryñ diñe bir eserlerinde däl, eýsem, olaryñ ykballarynda hem meñzeşlik bar. Gurbannazar Ezizow: "Belki, martda sallançakda ýatyrkam, gökden iki damja gözleriñe gaçandyr" diýip, "Baharyñ işi" diýen goşgusynda bellese, Çary hem ýokarda agzalan goşgusynda baharyñ başynda ~ martda doglandygyny nygtaýar. Halyl Kulyýew hem baharda doglup, martda dünýäden ötýär. Adamyñ zemindäki ýaşaýşy tebigat tarapyndan önünden kesgitlenendir diýen bir pikir bar. Hut şonuñ üçin-de olar az ömürde köp iş edip ýetişmeli. Wagt olary gyssaýar. Şu pikiriñ jany bardygyna Sergeý Ýeseniniñ, Nikolaý Rubsowyñ, Gurbannazar Ezizowyñ, Ahmet Bekmyradowyñ ömürleri we az ömürde köp iş bitirip, adygyp, öz ýazan ajaýyp eserleri bilen halkyñ, okyjylaryñ añyna girip gitmesi şaýatlyk edýär. Çary öz goşgularynda mähriban Watany, onuñ tebigatyny, giñ sährasyny, şol sähranyñ göwnaçyk, sada adamlaryny wasp etdi. Öz ykbalyny Watanyñ, ýurduñ ykbalyndan aýra göz öñüne getirmeýän şahyrlaryñ eserleri hiç haçan könelmeýär, gaýta gün-günden öwüşgin atýar. Täze-täze nesiller üçin görelde mekdebine öwrülýär. 1990-njy ýylda Türkmenistan Ýazyjylar birleşigi Sarahs etrabynda ýaş ýazyjy-şahyrlaryñ seminaryny geçirdi. Oña ýurdumyzyñ çar künjünden geljegine ynam bildirilýän ýaş ýazyjylaryñ otuza golaýy gatnaşdy. Ine, şonda men Çaryny has ýakyndan tanadym. Onuñ özboluşly goşgulary diñe meniñ däl, seminara ýolbaşçylyk eden uly şahyrlaryñ-da, Çarynyñ deñ-duş galamdaşlarynyñ-da ünsüni çekdi. Onuñ özi dymmarak, ýuwaş oglan ýaly bolup görünse-de, onuñ kalbynda şahyrana harasat gopýandygyny duýmak bolýardy. Ýaş şahyrlar Bathyz goraghanasyna syýahat edip, ol ýerdäki gözellikleri synlanlarynda, Çarynyñ tebigata, Watan topragyna aýratyn üns berýändigini, her ösümlige, her janly-jandara onuñ şahyr gözi bilen seredýändigini duýmak bolýardy. Öz dogduk ýerlerindäki ösümliklerden, haýwanat dünýäsinden tapawutlylykda, Bathyzyñ özboluşly tebigaty onda aýratyn täsir galdyrdy. Ol kän geplemsek bolmasa-da, bu zatlar barada öz deñ-duşlary bilen söhbet açdy. Men şonda her bir gowy şahyryñ Watan tebigaty bilen bitewi bir zatdygyna, tebigatyñ gözelligine öz nazary bilen seredip, öz şahyr gözi bilen synlap bilýän şahslaryñ gowy eserler döredip bilýändigine göz ýetirdim. Tebigatda owadan gülleriñ hem ömrüniñ gysga bolýandygy bize mälim. Edil şonuñ ýaly, gowy şahyryñ hem ömri gysga boldy. Ol 2010-njy ýylyñ 26-njy ýanwarynsa öz söýen topragyny goýup gitdi, ol diñe öz topragyny, ýaşaýyş barlygyny goýup giden-de bolsa, öz iline, Watanyna, okyjylaryna ajaýyp goşgulary goýup gitdi. Ine, şu ýerden hem şahyryñ ikinji ömri başlanýar. Hakyky şahyrlaryñ ikinji ömri onuñ zeminiñ üstünde gezen, ýaşan, döreden günlerinden has uzak bolup, ol geljege gidýär, halkyñ, okyjynyñ ýüregini joşdurýar. Megerem, Çary Ýegenmyradow ýaly şahyrlaryñ bagty şunda bolsa gerek.
Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Edebi tankyt